Статьи

Sanly ulgam –inowasion tehnologiýalara badalga


Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Innowassion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirýär.
“Döwlet ylmy-tehniki syýasatay hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Elektron resminama hakynda”, “ Türkmenistanda internet torunyň ösdürilişini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Ylmy intelektual eýeçilik hakynda”, “ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy” hem-de “Türkmenisdanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasy” durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli peýdalanylmagynyň uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, döwletiň gülläp ösmegi üçin binýady üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy bolup durýandygyny nygtaýar. Şonuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi ählumumy durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň oňyn, netijeli we ösüşe ýardam berjek işleri durmuşa geçirýändigini aýdyň görkezýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek köp möçberde maýa goýumlarynyň çekilmegini hem talap edýänligini bellemek gerek. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda” maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hem beýan edilýär. Hususan hem býujet we býujetden daşary serişdeleri, çekilen we hemaýatkärleriň serişdeleri grantlaryň serişdeleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler Konsepsiýany amala aşyrmagyň maliýa taýdan üpjünçiligini emele getirýär. Türkmenistanyň geoykdysady we geosyýasy nukdaýnazardan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi we durnukly syýasy ýagdaýy, tebigy baýlyklarynyň uly gorlarynyň bolmagy, döwrebap kanunçylyk binýadynyň we kepillikleriň döredilmegi ýaly amatly şertler dünýäniň ünsüni çekýär.
Dünýä ösüşiniň hazynasyna şöhratly ata-babalarymyzyň örän baý medeni mirasyna daýanmak we milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak bilen, dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm derejede bolmagydyr. Şonuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňde baryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek we ony ösüşiň dünýä derjesine çykarmak möhüm wezipedir.
Bilim edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim bermegiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary giňden ulanmak maksadynda bilim bermegiň sanly ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda işjeňleşdirýär.
Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmegi bilen ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, hünärmenleriň taýýarlanmagyna mümkinçilik döreder. Şeýle hem täze iş orunlaryň döredilmegine we halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, maglumat ulgamlaryny kämilleşdirmäge, durmuş pudaklarynda we maliýa ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.
Şeýlelikde, Türmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi halkymyz üçin we biz talyp ýaşlar üçin hem ajaýyp mümkinçilikleri döretdi. Biziň uniwersitetimizde sanly ulgamy ornaşdyrmak barada köp işler amala aşyrylýar. Muňa mysal edip uniwersitetimiziň sanly bilim portalyny aýtmak bolar. Bu alnyp barylýan işler Hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň aýdyň mysalydyr.
Aýnur Paýzullaýewa
Weterinar lukmançylygy
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby


dowamy

Türkmeniň aňyýet beýannamasy


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

“Bu ötülen ha külpetli, ha-da lezzetli menzilleriň milli-ruhy ýagdaýyny okap bolýan ýeke täk eser-ol hem türkmeniň halysydyr”

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hem Halyçylyk sungatydyr. Türkmen halky nesilme-nesil eneden gyza geçirilip gelinýän bu gadymy sungat bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony iň ýokary ruhy gymmatlyga deňeýär. Sebäbi türkmen halysy asyrlaryň jümmüşinden geçip, öz nagyşlarynda we göllerinde halkyň taryhy durmuşyny we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýär.
Türkmen halysynyň nepisligi we onda türkmen halkynyň durmuş ýörelegelerini suratlandyrýan nagyşlaryň we gölleriň kämillik bilen ýerleşdirilişi barada dünýä meşhur şahsyýetleriň eserlerinde hem bellenip geçilýär. Onuň owadanlygy barada dünýäniň bir entek ýerlerine syýahat edip, geň-enaýy zatlary gören, XIII asyrda ýaşan Wenesiýaly syýahatçy Marko Polonyň ýazgylarynda “Bu ýerde dünýädäki iň nepis we ajaýyp halylar dokalýar” diýilip bellenip geçilipdir. G.Pugaçenkowa türkmen gelin-gyzlarynyň halyda nagyşlaryň we gölleriň ýerleşdirişlerini şu görnüşde beýan edipdir: “Öz öýjükleriniň geometriki takyklygyny öz duýgurlygyna bil baglap, ol dokaljak halynyň çyzgysy bolmasa-da dürli görnüşdäki göni şekilleri umumy meýdanyň ýa-da gyradaky nagyşlaryň çygryndan çykman, adaty nagyşlaryň toplumlaryny ýerleşdirmek arkaly, belli bir derejede kesgitlenen görnüşler bilen birlikde, şol görnüşleriň hem-de şekilleriň täzeçe sazlaşygyna egsilmez hyjuwly fantaziýanyň goşulmagyny gazanýar”. Mundan başga-da Türkmen halylarynda ýerleşdirilen nagyşlaryň we gölleriň şekillerini ýewropaly ussat suratkeşleriň eserlerinde hem görmek bolýar. Lippo Memmi tarapyndan çekilen “Madonna”, atly surat, Nikolo di Buankorso tarapyndan döredilen “Mariýanyň nikalanyşy” atly eseri muňa mysaldyr.
Halyçylyk sungaty Türkmenistan döwletiniň ähli sebitlerinde halynyň dokalyşy, çitiminiň beýikligi, sykylygy hem-de reňklemek üçin ulanylýan önümleri bilen tapawutlanyp öz aýratynlyklaryna baglylykda ösdürilipdir. Adaty türkmen halylary dürli görnüşde bolup, olar biri-birinden reňkleriniň utgaşygy, nagyşlary we gölleri bilen tapawutlandyrylýar. Göller türkmen tireleriniň tebigy aýratynlyklaryny we tiräniň taryhyny şöhlelendirmek bilen tugra öwürlipdirler. Sebitde dokalýan halylaryň merkezi bölegine her tiräniň özüne mahsus bolan göllerini ýerleşdiripdirler. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň döwlet baýdagynda ýerleşdirilen ýurduň bäş welaýatyny aňladýan Teke (Ahal welaýaty), Ýomut (Balkan welaýaty), Saryk (Mary welaýaty), Çowdur (Daşoguz welaýaty) we Ärsary (Lebap welaýaty) göllerini görenimizde hem has aýdyň göz ýetirýäris.
Bulardan başga-da Türkmenistanyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginde ýaşan Teke türkmenleri halynyň merkezi bölegine “Guşly göl”, “Garly göl” we “Salyr göl” göllerini hem salyp dokapdyrlar. Ahal welaýatynyň Sarahs hem-de Mary welaýatynyň Tagtabazar etraplarynda bolsa halynyň merkezi bölegine “Garçyn göl”, “Pendi göl” ýa-da “Aýna göl”, “Çakmak göl”, “Gyýma göl” gölleri ýerleşdirilen pendi halylary dokalypdyr. Halynyň Merkezi bölegine “Gabsa göl”, “Dyrnak göl”, “Japarbaý göl”, “Pyşbaga göl” gölleri salnyp dokalýan ýomut halylaryna türkmen topragynyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynda duş gelýäris. Lebap topraklarynda mesgen tutan Ärsary türkmenlari halynyň merkezi bölegine “Gülli göl”, “Derweze göl”, “Küňreli göl”, “Bäş aý beşir”, “Harran beşir” ýaly gölleri salyp dokapdyrlar. Daşoguz welaýatynda halynyň merkezi bölegine “Gülli göl”, “Wazzyk göl”, “Towuk göl” gölleri hem salnyp dokalýar.
Türkmen halysy-türkmeniň tebigata bolan badaşygynyň nusgasydyr. Türkmen halylarynda ýerleşdirilen gölleriň we nagyşlaryň nämäni aňladýandygy bellenip geçilmedik hem bolsa, olaryň aglabasynyň tebigaty şöhlelendirýändigini görmek bolýar. Biziň şu günki günümize gelip ýeten türkmen halylarynda Gün, Aý, ýyldyzlar, güller, guşuň aýak yzlary, deňiz pyşbagasy, goýun we geçi şahlary hem-de beýleki romb we atanak ýaly şekiller köp duş gelýär. Reňklerden bolsa esasan gyzyl, ýaşyl, ak, gara, goýy gyzyl, goňur, mawy we sary reňklere köp gabat gelýäris. Halynyň ýüzüne çitilýän gölleriň we nagyşlaryň gizlin diline hünärmeniň gözi bilen seretseň, düşünmek mümkin, ýöne islendik adam hem türkmen halysyna ünsli seretse, onuň ýüzündäki nagyşlaryň näme-de bolsa bir sazdy aňladyp, janlanýandygyny görüp biler. Ýagny, ýomut halylaryna tolkun şekilli gök we ýaşyl reňkli nagyşlar mahsusdyr. Bu bolsa ýomut türkmenleriniň Hazar deňziniň boýunda mesgen tutandygyny görkezýär. Ahalteke halylarynda gyzyl we narynç reňkler agdyklyk edýär. Saryk halylarynda bolsa düýe ýüňüniň reňkine çalymdaş goňur reňkler bilen doldurylýar.
Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe hem Milli halyçylyk ýurduň durmuş-ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanyň ilatynyň medeni özboluşlylygynyň aýratyn görkezijisi hökmünde orun eýeleýär. Ussat halyçylarymyz, çeper elli enelerimiz bize miras galan halyçylygyň gadymy nusgalaryny kämilleşdirip, nagyşlaryň we gölleriň döwrebap görnüşleri bilen baýlaşdyrýarlar. Bu nagyşlaryň döwrebap nusgalary bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň suratlandyrmasydyr.
Şöhrat Päliwanow
Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy


dowamy

Atlaryň duýuş synalary


At özüniň döreýşiniň, kemala gelşiniň we özgerşiniň başynda güýçlülik, hereketleriň çalasynlygy we çydamlylyk ýaly häsiýetileri özünde jemledi. Şu häsiýetler hem, gadymy adamlarynyň ünsüni oňa çekdi. Şol döwürlerden başlap, şu günlere çenli adam aty näçe içgin öwrenip gelse-de, onuň gylyk-häsiýetlerini, duýuş (görüş, eşidiş, syzyş, ys alyş we tagam biliş) synalarynyň ukybyny doly özleşdirip, anyk göz ýetirip bilmeýär. Emma at bilen meşgullanýanlar, olaryň şu aýratynlyklaryny özleşdirdigiňçe bu janawerlere has içgin düşünip, olar bilen sözsüz gürleşip bolýandygynyň barha göz ýetirýänlikleri synlamak bolýar.
Görüş. Atlaryň gözi hem duýuş synalarynyň biri bolup, ýer togalagynda ýaşaýan ähli süýdemdirijileriň gözünden ulydyr. Atlaryň ýabany görnüşleri uzakdan görmäge ukyply bolup, eldekileşdirilen atlar 500 mertden daş aralygy gowy saýgaryp bilmeýärler, emma ýakyn aralykda bolan zatlary bolsa, diýseň gowy görýärler. Atlaryň sarçlygynyň birinji alamaty hem ýakyn aralykda ähli zady gowy görýänligindedir. Atyň gözüniň kellesiniň gapdalynda ýerleşmegi we onuň öňe çykyp durmagy, gowy hereketli bolmagy tutuş töweregini görmäge has oňaýlydyr. Atyň gözüniň şular ýaly ýerleşişi oňa 3600 töweregi görmäge mümkinçilik berýär. Atyň bir gözi adamyň iki gözüniň görýän meýdanyny görmäge ukyplydyr. Atyň gözüniň binokulýar zolagy 650, monokulýar zolagy bolsa 285-2900. Atlar diňe dik maňlaýyny (ýokarsyny), äňiniň, eňeginiň aşagyny we göni yzyny görüp bilmeýär. Başga ähli ýerini görmäge diýseň ukyply.
Eşidiş. Atyň gulagy hem duýgy organynyň biri bolup, töwerekde emele gelýän hereketi eşitmäge ukyplydyr. Atyň görüşi gijesine pişikden pes bolsa-da, olaryň umumy hereketiň sesini saýgaryşy, eşedişi gowy ösendir. Atlaryň eşdişi adamyňkydan hem gowydyr. Atlar çalaja eşdilýän sesleri hem aýyl-saýyl etmäge ukyplydyr. Hat-da ultra ses tolkunlaryny hem eşdip, duýup bilýär. Mysal üçin, niredendir bir ýerden geçip barýan uçarlaryň sesini, dagdan gaýdan siliň sesini we ş.m. Atyň gulagy elmydama hereketde bolup, töwerege diň salyp, eşidip gezýär. Atyň gulagynyň hereketi köp zady aňladýar. Eger-de atyň lakamyny (adyny) çalaja özgerdip, üýtgedip tutsaň, ol baş galdyrmaýar. Sebäbi eýesiniň sesini eşidip, öz adynyň doly tutulmandygyny duýup, arkaýynlyga salýar. Töweregiň asudalygyny aňýar. Seýsi sähelçe sesini gataltsa, atyň ýürek urşy çaltlaşýanlygy hasaba alyndy.
Ys alyş. Atyň ys alşy diýseň gowy ösen. Olaryň ys alşy itiňkiden ýitidir. Ot-iýmleriň ysyny örän gowy saýgarýarlar. Eýesiniň eşiginiň ysyny, bedräniň we beýleki zatlaryň ysyny gowy tapawutlandyrýar. Ýabany atlar ýeliň garşysyna otlap gezýärler. Sebäbi ýeliň kömegi bilen ýyrtyjylaryň ysyny örän uzakdan alyp, olardan ägä bolup gezýärler. Aýgyrlar baýtallary ysgap, olaryň höwürde ýa-da däldigini anyk saýgaryp bilýärler. Baýtallar öz taýynyň ysyny, taý bolsa, enesiniň ysy boýunça tapyşyp bilýärler.
Tagam biliş. Atyň tagam bilşi duýuş agzalarynyň biridir. Ol atyň diliniň üstünde we ýokarky äňiniň iç ýüzünde ýerleşen nerw süýümleriniň uçlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Atlaryň tagam bilşi, olaryň ys alşy bilen jebis baglanyşykda bolup, beýleki oba hojalyk mallarynyňka garanyňda gowy ösendir. Atlar otlaryň tagamyndan we ysyndan gerekli-gerek dälini saýgaryp gowy iýmäge ukyplydyrlar.
Syzyş. Atyň derisi onuň syzyş ukybyny amala aşyrýar. Şeýle-de gorag funksiýasyny ýerine ýetirýär. Atyň derisi gara malyňkydan ýabyňkydan ýuka bolup, goýunyňkydan galyňdyr. Atyň derisiniň ýuka bolmagy, emele gelen artykmaç ýylylygyň bölünip çykmagyny ýeňilleşdirýär. Atlaryň tutuş derisiniň üsti bilem emele gelen artykmaç ýylylygyň takmynan 82-85% bölünip çykýar. Atlaryň derisiniň aşagynda bolan köp sanly, ýukajyk gan damarlarynyň ýokary işjeňlik ýagdaýynda gandan dolup, tor şekili emele getirmegi we olaryň şeýle ýerleşişi atyň bedeniniň ýylylygynyň sazlaşygyna aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr.
Maksat Garýagdyýew
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy


dowamy

JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmu-şynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler mähriban Ar-kadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Döwlet adam üçindir!» di-ýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Pre-zidentimiziň çuňňur pähim-parasdyndan kemal tapýan başlangyçlar, pikirler bu günki gün mähriban halkymyzyň we bütin adamzat kowmunyň parahat, abadan durmuşda ýaşamaklygyna gönükdirilen.
Çünki Gahryman Arkadagymyz her bir çykyşlarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy berkarar etmek, halkymyzyň şöhratly ta-ryhy, medeni-ruhy mirasy, däp-dessurlaryna hormat goýmak, ýaşlarymyzyň watanymyzda alnyp barylýan işlere guwanmak we buýsanmak duýgularyny ösdürmek, Watana bolan söýgüniň iň ýokary derejedäki mertebedigini aýytmak bilen özüniň halkymyza yzygider peşgeş berýän eserlerinde hem görkezýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ak arzuwlar, ýagşy umytlar bilen başlady. Ine bu gün biziň baýry ýokary okuw jaýymyzda hem Hor-matly Prezidentimiziň täze ýyl agşamy türkmen halkyna sowgat beren “Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusy bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Kämil eserler ynsan kalby üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk. Çünki şeýle eserler suwsan beden suwdan ganyp heýjana gelşi ýaly ruhy kanagatlanma, lezzet berýär.
Milli Liderimiziň halkymyza yzygider peşgeş berýän eserlerinde halkymyzyň şöhratly geçmişi, dünýä jemgyýetçiligine beren gymmatlyklary, türkmeniň bedewi, alabaý iti, nepis halylary, Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherleri, watan garaşsyzlygy, watan mukaddesligi, bereketli topragynda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, berkarar döwletimiziň, halkymyzyň dünýä ösüşlerine goşan we goşýan goşantlary barada baý maglumatlary berilýär. Bu eserler halk hojalygynyň islendik pudagynda zähmet çekýän adamlar üçin, okap bilim alýan ýaşlar üçin gymmatly hazyna –maglumat çeşmesidir.
Dabarada halypa mugallymlarymyz we ýürekleri buýsanyçdan doly talyplarymyz çykyş etdiler. Halypa mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň her bir eserinde bolşy “Jan Watanym Türkmenistan” goşgysynda hem eziz topraga bolan tagzym, söýgi, ogul-gyzlara buýsanç, agzybir-asuda durmuşyň waspçysy bolan çagajyklaryň gülki sesleri, gözelligiň nusgasyna deňeläýän Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň gözelligi barada ajaýyp sazlaşykly setirlerdigini belläp geçdiler.
Talyp ýaşlarymyz bolsa döredip beren şeýle ajaýyp döwüründe ýaşaýandyklaryna, okaýandyklaryna buýsanyp ýürek joşgunlary bilen çykyş etdiler, goşgular okadylar.
Halkymyzyň bol-elin abadan durmuşyň hözürini görüp ýaşamaklary üçin aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bosun, işleri hemişe rowaçlyklara beslensin, galamynyň ujy ýiti bolsun.
Aýsona Durdyýewa
Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi


dowamy

Garagum - hazynaly hum.


Gadymy Jeýhunyň sag we çep kenaryna ýanaşyk ýerleşýän Garagum we Gyzylgum çölleri türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjydyr. Çöller özboluşly tebigaty, özüne mahsus ösümlik we haýwanat dünýäsi, gurak, yssy howa şerleri bilen beýleki ulgamlardan tapawutlanýar.
Garagum! Gözel Garagum! Sen türkmeniň göz guwanjy, humly hazynasysyň. Seniň güneşli ülkämiziň territorýasynyň 80 göterimini tutup ýatan, aňyrsyna – bärsine göz ýetmeýän meýdanyň oňurgaly haýwanlaryň ýüzlerçesiniň, dürli mör – möjekleriň 5 müňe golaýynyň öýüdir. Seniň göwsüňde ýatan kükürtli, nebitli, gazly, ýerasty suwly ýataklar bolsa halkymyzyň baýlygydyr, genji – hazynasydyr. Bu barada bary-ha, geçen asyrda, 1925-nji ýylda türkmen halkymyzda “Çöl gämisi” hasaplanylýan düýe bilen syýahata çykan belli çöl öwreniji alym, akademik A.E. Fersman hem “Garagum zähmet adamsynyň kär edip bilmejek yns – jynssyz çöllügi däldir. Ýok, ol türkmen tebigatynyň entek açylmadyk baýlygydyr” diýip, belläpdi. Seniň görküne görk goşup oturan sazakdyr selin, sözendir gandym, çerkezdir çogan, ýylakdyr ýepelek, siňrendir borjak ýaly ösümlikleriň bolsa goýnuňda aglap – dönüp ýören süri – süri dowarlar, düýeler üçin hörekdir.
Gözel Garagum! Sen dünýäniň iň uly çölleriniň birisiň! Sen ençeme asyrlary başyňdan geçirip, ençeme taryhy wakalaryň, açylmadyk syrlaryň şaýadysyň. Halkymyzyň şöhratly müňýyllyklara uzap gidýän taryhy, durmuşy siziň bilen baglanyşyklydyr. Biziň ata – babalarymyzyň ýagyş suwy bilen bag – bakja ösdürmegiň hötdesinden gelip,dürli ösümliklerden boýag, ýelim we zyýanly mör – möjeklere garşy derman ýasamagy-da başarypdyrlar. Derman ösümliklerinden peýdalanyp, dürli melhemleri-de ýasapdyrlar. Şor, duzly suw guýularyň suwuny süýji suwa öwürmegiň, bulanyk kak suwlaryny durlamagyň usullaryny-da tapypdyrlar. Gum içinde oturmaly çarwa adamlarynyň goýundyr geçi süýdüniyrýa etmän adam saglygy üçin diýseň peýdaly iýmitler, çarwa tagamlary bolan akgurt, garagurt, sargan, saryýag, turşuja, peýnir ... taýýarlaryşlary-da täsin, öwrenäýmeli mekdep. Olar bu işlerde hemişe pedelerimiziň “ Aşyny aýan, aşa ýeter” diýen ajaýyp pähiminden ugur alýarlar. Hakyky çarwa, çöl adamsy şeýle-de bolmaly. Şonuň üçinde çölüň goýnunda ýaşaýan çarwalarymyzyň “Garagum- meniň öýüm” diýip, söýüp, söýgüleýärler. Olar Garagum çölüne, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine hem eýegözün seredýärler.
Garagum ösümlik dünýäsi öri meýdanlarynyň bezegi bolan mal oty hökmünde ulanylýan ýylak, gyrtyç, çogan, çerkez, borjak, ýowşan, gandym, aşygaty, arpagan, epelek... ýaly ösümliklere baý. Şol ösümlikler çölde bakylýan garaköli goýunlaryň we ajaýyp saryja tohumly goýunlarymyzyň esasy iýmit hazynasydyr. Olaryň önümliligi gös – göni şol ösümliklerine baglydyr. Çöl ösümlikleriniň arasynda, esasan-da ýaz otlary has-da gymmatlydyr. Çölde mal oty üçin ulanylýan ösümlikler paslyň üýtgemegi bilen üýtgäp durýarlar. Ýylak, çogan, çerkez, borjak ýaly ösümlikler bolsa, ýylyň bütin dowamynda mallara iýmit, hörek bolup bilýär. Ojar, sazak, gandym ýaly çöl daragtlary bolsa, tomus we güýz, gyş pasyllarynda ot-iým üçin has köp ulanylýar.
Häzirki wagtda Garagumuň goýnunda ýerleşýän çarwa obalaryny görmäne göz gerek. Indi çarwa obalary hem keşbini üýtgedip, täze döwrebap keşbe eýe bolýar. Garagum barada gürrüň etmek hemişede ýykymly. Onuň müň bir derdiň dermany bolan çöl ösümlikleri buýsançly gürrüňlere, söhbetlere mynasyp. Şonuň üçin hem bagtyýar ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna hazanaly humumyz bolan Garagum çölümize seýran etmegi, onuň täsinliklerini synlamagy maslahat berýärin.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çölleriň ösümlik dünýäsini gorap saklamak, ösdürmek, tebigatymyzy baýlaşdyrmak, olary rejeli peýdalanmak baradaky ýurdymyzda alnyp barylýan ekologiya syýasatyny durmuşa geçirmäge, işjeň gatnaşmak ählimiziň borjumyzdyr.
MÄMMEDOWA Enegül.
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň mugallymy


dowamy

“Halkyň Arkadagly zamanasy” – buýsançly ýürekleriň senasynda


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler mähriban Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty öz aýdyň beýanyny tapýar. Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl ”Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şygarynyň syýasy jemgyýetçilik ähmiýetini we many-mazmunyny wagz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň içinde we halkara derejede geçirilen köp sanly çäreler, Hormatly Prezidentimiziň ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy berkarar etmek ugrunda iri halkara forumlarda öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjülikli içeri we daşary syýasaty, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp öz netijelerini görkezdi.
Ata Watanymyz Türkmenistan bu täsin döwür ýurdumyzyň asuda durmuşynyň,eşretli hem bolelin ýaşaýşynyň, parahat hem bagtyýar ykbalynyň nyşanyna öwrüldi. Çünki, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap ýurdumyzyň günsaýyn gülläp ösüp, kuwwatly döwlete öwrülmegi, halkymyzyň Gahryman Arkadagly zamanasyna bolan söýgüsini aýan etdi. Bu belent söýgi Beýik Arkadagly zamanamyzyň kalbymyzda bagtyýarlyk mukamy bolup ýaňlanýan belent ruhuny alamatlandyrýar. Hut şu nugdaýnazardan-da, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgiýetçilik guramalarynyň merkezinde bolup geçen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň parahatçylyk söýüjikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahatda ildeşlerimiz tarapyndan 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemeklik boýunça öňe süren tekliplerleriň we ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde indiki ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrmak hakyndaky teklip biragyzdan makullandy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanan üstünlikleri, halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni-ruhy mirasy, däp-dessurlary bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň halkara derejede ykrar edilen häzirki zamanyň ýolbaşçysyna mahsus bolan egsilmez döredijilik mümkinçiliklerini bütin dünýä aýdyň açyp görkezdi we Türkmenistanyň dünýä giňişlikdäki abraýly ornuny has-da berkitdi.
Milli Liderimiz başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň 14-nji dekabrynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerilip, ýurdumyz tarapyndan Owganystanyň halkyna nebitgaz, senagat, oba hojalyk hem-de beýleki zerur bolan önümlerden ybarat ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi arkadagymyzyň agyl syýasatynyň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmelerinde bilim ulgamynyň uly ornunyň bardygy ykrar edilendir, çünki döwletimiziň ykdysadyýetinde, medeniýetinde, syýasatynda gazanylýan üstünlikler bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr.Watanymyzyň mundan beýläkde kuwwatlanmagynda şu günki ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Muny Beýik arkadagymyzyň uly guwanç bilen: “Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerimizden düýbünden tapawutlanýar. Watançylygy,ynsaýperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar.Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak,tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris” diýip bellemegi, ýurdumyzyň ýaş neslini dünýäniň ösen döwlertleriniň derejesinde bilimli-terbiýeli edip ýetişdirmek wezipesiniň üstünlikli çözülýändigine, ýaşlara jemgiýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga,onuň ösüşine şahsy goşandyny goşup biljek derejede bilim-terbiýäniň berilýandigine şaýatlyk edýär.
Täze 2022-nji ýylyň öň ýanyndaky günlerde Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň Täze ýyly üstünlikli garşylamagy mynasybetli uly buýsançdyr arzuwlar bilen geçirilýän dabaralar dowam edýär. Ýurdumyzyň köçeleri, seýilgähleri, şäherleridir-obalary, paýtagtymyzyň meýdançalaryň öwüşgünleri ýetip gelen Täze ýylyň belent ruhuna gurşalandyr. Ähli ýerlerde arçalary bezäp duran dürli reňkdäki çyralaryň şöhleleri jadyly dünýäni ýadyňa salyp,baýramçylyk bezegleri ruhyňy göterýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlarynyň netijelerini barha rowaçlandyrýan işlerini ýeňişli günlerini, Türkmenistanlylaryň buýsançlaryny bu gün dünýä jemgyýetçiligi görýär. Bu beýik işler ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň, ýetilýän belent sepgitleriň,ösüşiň täze belentlikleriniň sebit we halkara ykrarnamasyna öwrülýär.
Goý,Türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogan – eziz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň,umumyadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.Täze 2022-nji ”Halkyň Arkadagly zamanasy” atly ýyly saglykly, bereketli we beýik ösüşlere beslenýän ýyllaryň biri bolsun!
Täze ýylyňyz gutly düşümli bolsun!
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy
o.h.y.k.Maýagül Kömekowa


dowamy

Dünýäde Täze ýyl nähili garşylanýar?


Ine ýene bir ýyl ahyrlap barýar. Täze ýyl baýramçylygy golaýlaýar. Bu baýramçylyk bütin dünýäde uly şowhun, şatlyk bilen bellenilip geçilýär. Bedew bady bilen öňe sary ilerleýän güneşli diýarymyzda hem Täze ýyl baýramçylygy uludan baýram edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli dürli medeni çäreler geçirilýär.
Dünýäniň dürli ýurtlary Täze ýyl baýramçylygyny öz gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä garşylaýar. Gadymyýetden bäri halklaryň arasynda “Täze ýyly nähili garşylasaň, bütin ýyly şeýle geçirersiň” diýen ynanç bar. Şonuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynda bu baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler geçirilýär.
Angliýada gadymy däbe görä sagat 00:00-da öýüň arka gapysyny açýarlar. Şeýdip köne ýyly geçirip göýberýärler. Öňki gapyny açyp bolsa Täze ýyly garşylaýarlar.
Wengriýada Täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda adamlar çaga tüýdüklerini we dürli jürlewükleri çalýarlar. Wenger halky şeýtmek bilen öýdäki erbet ruhlary kowup, bagt we abadançylygy çagyrýandygyna ynanýarlar. Şeýle hem wengerler Täze ýyl naharlarynyň jadyly güýjüne ynanýarlar. Nohutdyr noýbanyň adam bedenindäki güýji saklaýandygyna, almanyň owadanlygy, söýgini, hozuň erbetliklerden goraýandygyna, balyň bolsa durmuşy süýjedýändigine ynanýarlar.
Germaniýada dürli ýaşdaky adamlar ýarygijede stoldyr oturgyja münüp, olaryň üstünden böküp düşýärler. Oba ýerlerinde bolsa gadymdan gelýän däp-dessurlar saklanyp galypdyr.
Rumyniýada durmuşa çykmadyk gyzlar guýynyň ýanyna gelip, şol ýerde şem ýakýarlar we guýynyň düýbüne seredýärler.
Gresiýada Täze ýyl keramatly Wasiliniň güni hasaplanýar. Ol juda mähirliligi bilen tanalypdyr. Şol gün çagalar öz köwüşlerini pejiň gapdalynda goýýarlar. Keramatlynyň ony sowgatlar bilen doldurjakdygyna ynanýarlar.
Italiýada köne ýylyň soňky minutlarynda jaýlaryň aýnalaryndan döwlen gap-çanaklar, köne eşikler hat-da mebeller hem zyňylýar. Olaryň yz ýanyndan bolsa dürli partladyjylar atylýar, şemler ýakylýar. Täze ýyl gijesi köne zatlaryňy zyňan ýagdaýyňda täze ýylda täze haryt satyn alynýandygyna ynanýarlar. Çagalar bolsa şol gije jadygöý Befanu öz sübsesi bilen jaýa girip, çaga köwüşlerini oýunjakdyr sowgatlardan doldurar diýip garaşýarlar.
Ispaniýada Täze ýyl gijesi üzüm iýmek däbi bar. Sagat 00:00-a çenli 12 üzüm dänesini iýmeli. 12 üzüm dänesi 12 aýy alamatlandyrýar.
Şotlandiýada Täze ýyl özboluşly çäreler bilen garşylanýar. Şotlandlar garaýag çeleklerini ýakyp, olary köçelerde tigirleýärler. Şeýdip, şotlandlar köne ýyly ýakyp Täze ýyly şöhlelendirýärler.
Skandinawlar Täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda stoluň başyna jemlenip gygyrýarlar. Olar şeýtmek bilen maşgaladan şowsuzlygy kowýandyr öýdýärler.
Hytaýda Täze ýyl baýramçylygy çyralaryň baýramy hasaplanýar. Täze ýyl gijesi köçelerde we meýdançalarda kiçijik çyralar asylýar. Şol çyralaryň şöhleleri erbet ruhlary kowýar.
Wýetnamda Täze ýyl baýramçylygy “tet” diýlip atlandyrylýar. Bu maşgala baýramçylygy hasaplanýar. Şol gün maşgala agzalarynyň arasyndaky öýke-kine ýatdan çykarylýar. Wýetnamlylar öýlerini dürli bezegler bilen bezeýärler.
Mongoliýada Täze ýylyň birinji güni ählihalk gezelençleri guralýar. 1-nji ýanwar – Täze ýyl baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Şol gün Aý-Gün senenamasyna görä, “Sagana sar” diýlip atlandyrylýar. Ýurduň däp-dessuryna görä, her maşgala köne ýyly dabaraly ugradýarlar. Şol gün jedelleşmek, gaharlanmak, käýişmek we kimdir birini aldamak gadagandyr we uly günä hasaplanýar.
Ýaponiýada Täze ýyl iň bir uly baýramçylyklaryň biri hasaplanýar. Ýapon çagalary Täze ýyly täze egin-eşikler bilen garşylaýar. Şeýle hem olar şol gije ýassygynyň aşagyna öz arzuwlary suratlandyrylyp çekilen suraty goýup ýatýarlar. Täze ýylyň ilkinji güni ýaponlar biri-birini Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, sowgat berýärler. Täze ýyl gijesi 108 gezek jaň kakylýar.
Kubada Täze ýylyň öň ýanynda öýdäki gap-çanaklary suw bilen doldurýarlar. Şol günüň ýarygijesinde bolsa aýnadan gap-çanaklardaky suwy döküp başlaýarlar. Şeýtmek bilen Kubanyň ýaşaýjylary Täze ýylda suw ýaly arassa we dury ýol arzuw edýärler.
Wenesuelada hem Täze ýyly gutlamagyň özboluşly däpleri bar. Ähli dogan-garyndaşlar bir ýere üýşüp, “la hallaka” tagamyny taýýarlaýarlar. Ol örän lezzetli tagam. Ony Täze ýyl gijesi işdämenlik bilen iýýärler, biri-birini baýramçylyk bilen gutlaýarlar, öz aralarynda bar bolan öýke-kinäni unudýarlar.
Braziliýada Täze ýyl baýramçylygy “lemenje” diýlip atlandyrylýar. Deňiz kenarlary adamdan dolýar. Olar şol ýerde aýdym aýdyp şatlanýarlar.
Nepalda Täze ýyly günüň dogmagy bilen garşylaýarlar. Täze ýyl gijesi bolsa nepallylar uly ot ýakyp, şol ýere gerek däl zatlaryny zyňýarlar. Ertesi gün bolsa boýag baýramçylygy başlanýar. Adamlar ýüzüni, elini reňkleýärler. Soňra aýdym aýdyp, tans edip başlaýarlar.
Russiýa Federasiýasynda Täze ýyl baýramçylygy uly şatlyk we şagalaň bilen bellenilýär. Ýurduň ähli ýerinde arça agaçlary bezelýär, feýerwerkler atylýar, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.
Karaýewa Güljehre
Dokma önümçiligi fakultetiniň mugallymy


dowamy

BERKARAR DIÝARA TÄZE ÝYL GELÝÄR


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2021-nji ýyl umumadamzat bähbitli beýik işleriň amala aşyrylan ýyly boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda guwandyryjy üstünlikleri gazandy.
Häzirki döwürde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýan eziz Watanymyz bedew bady bilen ösüşlere barýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli işler Diýarymyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwürdi. Türkmenistan ýaňy-ýakynda Halkara Bitaraplyk gününi uly dabara bilen belläp geçdi. Indi bolsa ak arzuwlara beslenip gelýän täze 2022-nji ýyly garşy almaga taýýarlanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça gazanylýan durnukly ösüşler ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki mertebesini barha belende galdyrýar. Ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, ýurduň ylmy kuwwatyny artdyrmaga ünsüň güýçlenmegi döwletimiziň dünýä bazaryndaky ornuny giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika senagatynyň ösüş depginleri batlanýar. Şonuň bilen birlikde, ulag ulgamy dünýäniň syýasy giňişligine çykmaga zerur şertleri döredýär. Oba hojalyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen, daýhanlara döwlet tarapyndan yzygiderli goldawyň berilmegi bu pudagyň has-da girdejili bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalyk önümleri, ir-iýmişler toý saçagymyzy bezeýär. Şeýle üstünlikler bilen ruhlanan türkmen halky täze 2022-nji − “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny garşylaýar.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze başlangyçlaryň başyny başlap, toplumlaýyn özgertmelere badalga bermegi halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny kepillendirýär. Üstümizdäki 2021-njy ýylyň buýsandyryjy wakalary Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna, dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyny giňden goldaýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň köp öwüşginli yşyklary körpeleriň belent ruha beslenen Täze ýyla bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze ýylyň barha ýakynlap gelýändigini buşlaýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bezelen dürli öwüşginli arçalary synlanyňda, Täze ýyl baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini aýdyň görmek bolýar. Ähli obalarda, etraplarda we şäherlerde bu baýramyň ruhubelentliginiň alamaty hökmünde oturdylan bezemen arçalar göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar. Ilatly ýerlerde, edara-kärhanalaryň binalarynyň öňündäki Täze ýyl arçalary uzaklardan öwşün atýar. Agşam çagynyň asuda asmanynda öwşün atýan “Älem” medeni-dynç alyş merkezinden paýtagtymyzyň iň bir gözel tebigatly künjeginiň ajaýyp görnüşleri açylýar. Bir ýandan Köpetdagyň garly gerişleri bilen ümmülmez meýdany tutup duran tokaý agaçlary, beýleki tarapdan täsin öwüşginlere beslenen, paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bolan belent desgalary we kaşaň binalar göwünleri galkyndyrýar.
Günsaýyn gözelleşýän Aşgabadyň kaşaň bezegi, binagärlik aýratynlyklary tebigatyň keşbi bilen täsin sazlaşygy emele getirýär. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda gurlup, ulanylmaga berlen täze binalar we desgalar baş şäherimiziň özboluşly gözelligine görk goşýar. Suw çüwdürimleriniň mukamyna hem-de gül-gunçalara, ak mermere beslenen söýgi we ýaşlyk şäheri baýramçylyk lybasynda has hem gözel görünýär. Müňlerçe gök öwsüp oturan arçalar hem-de dürli şekilleriň sazlaşygy, dürli reňkde öwşün atýan täze ýyl bezegleri paýtagtymyzyň şaýollaryna we meýdançalaryna baýramçylyk öwüşgini çaýýar.
Şatlyk-şowhuna, şan-şöhrata beslenip gelýän täze 2022-nji ýylyňyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklar ýoly bilen täze sepgitlere barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän il-ýurt bähbitli zähmetiňizde üstünlikler hemra bolsun! Goý, bütin türkmen halkynyň her bir ojagynda saglyk, abadançylyk, ýurdumyzda parahatçylyk höküm sürüp, täze 2022-nji ýyl rysgally, bereketli ýyllaryň biri bolsun!
Garlyýewa Tyllagözel
Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby


dowamy

IŇLIS DILI: GEÇMIŞDEN ŞU GÜNE


Iňlis dili (English, the English language): Angliýanyň we Beýik Britaniýanyň resmi dili, ABŞ-yň otuz bir ştatynyň resmi dili, Irlandiýanyň, Kanadanyň we Maltanyň resmi iki diliniň biri, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň resmi dili. Ol Aziýanyň käbir döwletlerinde (Hindistan, Päkistan we beýlekiler) resmi dil hökmünde ulanylýar.
Hindi-ýewropa diller maşgalasynyň german diline degişli. Ene dili hökmünde ulanyjylaryň sany 410 milliona golaý, ikinji dili hökmünde gürleýänler hem 1 milliard töweregi. BMG-niň alty resmi we iş dilleriniň biri.
Şu diliň leksikasynyň 70 göterimi alynma sözlerdendir. Ýazuwy latyn elipbiýiniň esasynda VII asyrdan bäri dowam edip gelýär. Dürs ýazuwynda däbe öwrülen ýazuw esasy orun eýeleýär.
Dürs ýazuwy
Iňlis diliniň dürs ýazuwyny hindi-ýewropa diller maşgalasynyň arasynda öwrenmesi iň kyny hasaplanýar. Ol irki Galkynyş döwrüniň iňlis dilini şöhlelendirip, häzirki britaniýalylaryň, amerikalylaryň, awstraliýalylaryň we beýleki dili ulanyjylaryň gepleşik diline bütinleý gabat gelmeýär. Sözleriň hemmesi diýen ýaly başgaça ýazylyp, okalanda aýdylmaýar. Şunuň ýaly “okamagyň düzgüni” kadany bozmagyň ýokary göterimi bilen çäklendirilen bolup, nähili hem bolsa hakyky manysyna täsir ýetirýär. Bu dili öwrenýänleriň her biri täze sözüň ýazylyşyny we okalyşyny öwrenmeli bolýarlar. Şonuň üçin sözlüklerde her bir sözüň ýazylyşynyň usulyny görkezmek düzgüne giripdir.
Taryhy
Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar,sakslar we ýutlar bolup,V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler.Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde,beýleki german dillerinden arasyny açypdyr.Gadymy iňlis dili bolan,anglo-sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişlere sezewar bolupdyr.Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylýan dilleriň biri.Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty,esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam edipdir.Ikinji Jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy.Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler,telewideniýe,kino,radio,kitaphana fondlary,iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine,möçberine we mazmunyna görä deňsiz taýsyz.Inlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy-tehniki edebiýatlar ýazylan.Tehniki,tehnologik,patent resminamalary,ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp,soňra beýleki dillere terjime edilipdir.Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň möhüm serişdesine öwürýär.
Gadymy iňlis dili
Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar, sakslar we ýutlar bolup, V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler. Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde, beýleki german dillerinden arasyny açypdyr. Gadymy iňlis dili bolan, anglo–sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişe sezewar bolupdyr.
Angl-sakslar Beýik Britaniýa göçüp gelip, ýerli ýaşaýjylar – keltlere garşy göreş alyp barypdyrlar. Keltler bilen bu baglanyşyk gadymy iňlis diliniň gurluşyna we onuň sözlerine täsir etmändir diýen ýalydyr. Keltleriň gadymy iňlis diline şeýle gowşak täsirini, anglo-sakslar bilen deňeşdireniňde, kelt medeniýetiniň gowşak bolanlygy bilen teswirlenýär. Britaniýada rimlileriň täsiri gaty uly bolupdyr. Latyn sözleri gadymy iňlis diline birnäçe tapgyrlarda giripdir. Birinjiden, latyn dilinden alnan sözleriň bir bölegini Ýewropanyň demirgazyk sebitleriniň german dilli ilaty olaryň heniz Britan adalaryna göçüp barmazyndan ozal, kabul edipdirler. Latyn sözleriniň ýene-de bir bölegi hristianlygyň Britaniýa aralaşan döwrüne degişlidir.
Orta asyr iňlis dili
Iňlis diliniň indiki ösüş tapgyry 1066 ýyldan 1485-nji ýyllara çenli aralygy öz içine alýar. 1066-njy ýylda gadymy norman – fransuz şiwesinde gürleýän normanlaryň gelmegi bilen iňlis dili täze leksika gatlagyna eýe bolupdyr. Uzak wagtlap norman-fransuz dili Angliýada buthana we ýokary synpyň dolandyryş dili bolmagynda galýar.
Norman – fransuz dili 1385-nji ýylda ýatyrylyp, iňlis dili ulanyşa girizilýär. 1483-nji ýylda parlament kanunlary iňlis dilinde neşir edilmäge başlaýar. Iňlis diliniň esasy german dili bolsa-da ol öz düzümine gadymy fransuz dilininiň ägirt yly möçberdäki sözlerini girizipdir we bu ýagdaý dil garyşyklygyna alyp barypdyr. Gadymy fransuz sözleriniň aralaşma prosesi takmynan 1200-nji ýyldan tä orta asyr iňlis dili döwrüniň ahyryna çenli dowam edipdir. Bu ýagdaý 1250-1400 ýyllar aralygynda ýokary derejä baryp ýetýär.
Täze iňlis dili döwri
Häzirki zaman Angliýanyň iňlis diliniň ösüş döwri XV asyryň ahyrlaryndan başlaýar. Kitap neşir etmegiň ösmegi we kitaplaryň giňden ýaýradylmagy bilen kitap diliniň kadalarynda durnuklaşma bolup geçýär we fonetika we gepleşik dili özgerip başlaýar.
Iňlis dilinde köp sanly şiweler bar. Beýik Britaniýada olaryň görnüşleri Amereka garanyňda, has köp bolup, XX asyryň ortalaryna çenli orta atlantik (Mid-Atlantic) şiwesi esasy edebiýat kadasy bolupdyr.
Iňlis dilini we beýleki giňden ýaýran dilleri ulanyjylaryň takyk sanyny kesgitlemek ýeňil däl. Dürli çeşmeler iňlis dilini ulanýanlaryň sanyny dünýäde ikinji we dördünji ýere çenli aralykda goýýarlar. Birinji ýeri iki esse arany açyp, hytaý dili eýeleýär. Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dilini bilýänleriň sany hakdaky maglumatlar aýdyňlaşdyrylýar. Bu barada 600 milliondan tä 1,2 milliarda çenli aralykdaky sanlar agzalýar.
Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylan dilleriň biri. Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty, esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam beripdir.
Ikinji jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy. Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler, telewideniýa, kino, radio, kitaphana fondlary, iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine, möçberine we mazmunyna görä, deňsiz – taýsyzdyr. Iňlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy – tehniki edebiýatlar ýazylan. Tehniki, tehnologik, patent resminamalary, ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp, soňra beýleki dillere terjime edilipdir. Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň mühüm serişdesine öwürýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Azymberdi Begenjow
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby


dowamy

НОВЫЙ 2022 ГОД-ЭТО ЭПОХА МОГУЩЕСТВА И СЧАСТЬЯ!


Новый год - один из главных праздников на планете и всеми любимый в Туркменистане. Совсем скоро Новый 2022 год войдёт в наши дома, окружая сказачной атмосферой чуда и питая лучшие надежды на исполнения самых заветных желаний.
По восточному календарю 2022 год - это год водяного Тигра. Тигр - независимое, беспокойное, сильное животное. Среди ценностей, Водяной Тигр выделяет честность и справедливость. Зверь несёт сильную энергию года.
В Ашхабаде и в велаятах страны ведётся большая работа по подготовке к встрече Нового года и организации на высоком уровне праздничных торжеств.
В преддверии новогоднего праздника Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов подчеркнул важность новогодних торжеств, заострив внимание на том, чтобы праздник прошёл в присущей щедрому туркменскому празднику (тою) атмосфере и подарил всем, и в первую очередь детям много радости, веселья и незабываемых впечатлений.
Сегодня туркменскую столицу украшают новогодние ёлки со сверкающими красивыми шарами, горящими в ночное время гирляндами, различными украшениями, придавая нашему любимому беломраморному городу сказочную красоту.
О приходе любимого и долгожданного волшебного и загадочного, весёлого и доброго новогоднего праздника говорит главная ёлка страны. Красивая зелёная ёлка, украшенная восьмиугольником и надписью «2022», была установлена на площади перед Культурно-развлекательным центром «Älem», которая уже зажгла свои огни. Высота Зеленой красавицы составляет 38,5 м, а её диаметр 16 м.
Вслед за столичной зелёной красавицей огоньками засверкали все новогодние ёлки, установленные в велаятах на празднично-декорированных площадях перед зданием «Türkmeniñ ak öyi», а также в центрах городов и сёл страны.
И как уже заведено, туркменистанцев ждут различные новогодние мероприятия, концерты в концертных залах столицы, в Госцирке состоятся праздничные выступления цирковых артистов. А также пройдут массовые гуляния вокруг наряженной ёлки в обязательном сопровождении Аяз Баба (Дедушка мороз) и Гарпамык (Снегурочка).
В этот год нужно стремиться, познавать новое, самосовершенствоваться и осваивать новые для себя занятия и навыки.

Желаем всем в Новом 2022 году здоровья, счастья, удачи, оптимизма, воплощения в жизнь интересных планов и идей!

Аннаярова Гульнар,
студентка 2-го курса
специальности Ветеринария


dowamy

Täze ýyl baýarmaçylygynyň garşylanylyşy hakynda


Ýurdumyzy belent ösüşlere ýetirýän hormatly prezidentimiziň saýasynda türkmen halky Täze, 2022-nji ýyla gadam basýar. Dekabr aýynyň dowamynda tutuş ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýylyň şatlyk şowhuny belende galýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde Täze ýyl arçalary oturdyldy, şäherdir obalarymyz baýramçylyk lybasyna bürendi. 2022-nji ýylyň gündogar senenamasy boýunça bars ýyly hasaplanylýar we ol üstünlige hem-de badançylygy beslener. Köp müňýyllyklaryň dowamynda bäri türkmen halky asylly däbe görä, Täze baýramçylygyny uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramy her bir adam, her bir maşgala bu ajaýyp baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşar. Täze ýyly naz-nygmatlardan doly saçak bilen garşylamak däbe öwrülendir. Hut täze ýyl agşamynda saçagyň sahylyk bilen bezelişine, onda goýulýan tagamlara geljek ýylyň bereketli bagly hasaplanylýar. Hatda halkyň arasynda “ täze ýyly nädip garşylasaň, ony şonuň ýaly hem geçirersiňiz” diýen ýörgünli pikir hem bardyr. Elbetde, Täze ýyly gowy garşy almak ajaýyp däpdir. Täze ýyl baýramçylygyny baý naz-nygmatly saçaksyz göz öňüne getirmek asla mümkin hem däldir. Dekabr aýynyň 31-i gijesi, düzgün bolşy ýaly, her birimiziň saçagymyz dürli-dümen önümleridir, naharlara baý bolup, olary göreňde, gözüň dokunýar. Türkmen saçagyny bezeýän palaw, manty we çişlik ýaly naharlaryň türki halklarynyň mill tagamlary hasaplanylýandygyny edebi çeşmelerden hem-de türki halklarynyň taryhyna degişli edebiýatlaryndan görmek bolýar. Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi Täze ýyl ähli ynsanlaryň kalpalaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär.
Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde baýram edilýär.Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Öz senennamalaryny millileşdirip ulanýann medeniýtleriň köpüsinde, Täze ýyl baýramçylygy bellemek, örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde milady senenamasy ulanylýar. Senenamalara görä, käbir ýurtlarda Täze ýyl dürlüçe bellenilip geçilýär. Efiopiýa döwletinde täze ýyl baýramçylygy “Enkutataş” diýip atlandyrylýar we ol her ýylyň sentýabr aýynyň 11-ne baýram edilýär. Efiýopiýa özüniň Ýuliý senenemasy esasynda düzülen gadymy milli senenamasyny ulanýar. Efiopiýalylar Täze ýyl baýamçylygyna ýagynly tomus möwsüminiň soňy diýip düşünýärler we bu senäni baýram edýärler. “Wetnam Täze ýyly” baýramçylygy özüniň gysgaça “Tet” ady bilen has hem belli bolup, ýurduň iň bir möhüm we meşhur baýramçylyk festiwalydyr. “Wetnam Täze ýyly”, adatça, 20-nji ýanwardan 20-nji fewral aralykda baýram edilýär. Hytaý senenamasyna esaslanyp, bu baýramçylyk ýaz paslynyň gelmegi mynasybetli bellenilýär. “Koreý Täze ýyly” Aý senenamasynyň ilkinji günidir. Koreýalylar bu baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda belläp geçýär. Täze ýyl milli baýram bolmak bilen, koreý ilaty azyndan 3 gün dynç güni diýilip hasap edilýär.
Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ähli baýramçyluklarymyz bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylygy hem giňden toýlanýar. Öz mynasyp zähmet üstünlikleri bilen gelýän edermen türkmen halkymyz milli Liderimiziň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy şatlyk-şowhun, uly ruhybelentlik bilen baýram edýärler.
Goý, Täze 2022-nji ýyl hem mähriban halkymyza, döwletimize, Gahryman arkadagymyza rowaçlyklar, üstünlikler getirsin! Täae ýylyňyz gutly bolsun!
Aýnur Paýzullaýewa
Weterinar lukmançylygy
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby


dowamy

GUJURLY ÝAŞLAR WE DÖWREBAP YLYM


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym we tehnologiýa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasy binýadyny emele getirýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny berkitmek, ylym ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar.
2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşynda: “Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär.” diýip nygtamagy ýurdumyzda ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan döwrebap bilimli, ylymly bolmagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli durmuş-ykdysady şertleriň döredilýändigini, ýaşlara uly ynam bildirilýändigini şöhlelendirýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýändigi, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy hakynda kada öz beýanyny tapýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň milli kanunçylygynda ylmy-tehnikanyň ösüşini üpjün edýän “Bilim hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi möhüm ädim boldy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ylym, tehnika we innowasion ösüş babatda ýakyn ýedi üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenip, olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýär.
2013-nji ýylda kabul edilen “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlarymyzyň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňyn mümkinçilikler döredilen. Kanunyň 26-njy maddasyna laýyklykda, ylym we innowasiýalar çygrynda ýaşlara döwlet goldawy birnäçe ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Olardan ylym, tehnika we tehnologiýalar babatda zehinli ýaşlary goldamak we höweslendirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaş alymlar üçin döwlet grantlaryny bermek, geljegi uly bolan ylmy barlaglary alyp barýan ýaş alymlar üçin ýeňillikli maliýe we maddy şertleri döretmek şeýle hem, ýaş alymlaryň innowasiýa işi üçin döwletiň eýeçiliginde durýan maddy serişdeleri şertnamalaýyn esasda peýdalanmak ýaly mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, milli ruhda terbiýelenmegine, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmegine, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagyna, ylym bilen meşgullanmak mümkinçiligini ösdürmäge uly üns berýär. Döwletimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasaty möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Her ýylyň iýun aýynda Ylymlar gününe gabatlanyp ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, bu ylmy bäsleşigiň ýeňijileriniň gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandyrylmagy zehinli ýaşlary ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirýär.
Şunuň bilen, 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşlar maslahatynda sözlän sözünde: “Ylym adamyň dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oňa täsir edýän hakyky baýlykdyr. Häzirki zaman dünýäsiniň, her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, ylmy açyşlar, innowasion tejribe, ylmy-inženerçilik pikirleri, ýaş alymlaryň senagat-innowasion hem-de maglumat-tehnologik ylmy barlaglary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak üçin örän möhümdir.” diýip nygtamak bilen ýaş alymlardan häzirkizaman dünýäsiniň umumy ösüşine düýpli täsir edýän örän möhüm ugurlar boýunça netijeli ylmy barlaglary alyp barmagyna garaşylýandygyny aýratyn belledi. Alym Arkadagymyzyň bu maslahatda öňe süren başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi. Şeýle-de ýurdumyzyň ylmy edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň geňeşi hereket edýär. Munuň özi, ýaş ylmy işgärleriň we hünärmenleriň, mugallymlaryň, aspirantlaryň, talyplaryň we beýleki ylma höwesli ýaşlaryň ylmy-tehniki döredijiligini ösdürmäge, tejribe-synag işlerine we oýlap tapyşlara bolan höweslerini artdyrmaga oňaýly şertleri döredýär.
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasyna” laýyklykda, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy ugurlarynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar, ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamakda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribelerini öwrenmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça birnäçe ylmy işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimiziň düzüminde birnäçe ylmy-önümçilik merkezler hereket edip, ol merkezlerde talyplarymyz tejribe okuwlaryny geçip nazaryýetde alan bilimlerini has-da kämilleşdirýärler. Mundan başga-da ýokary okuw mekdebimiz dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edip ylym-bilim babatda netijeli işleri yzygiderli alyp barýarlar. Talyplarymyz ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary bilen içgin tanşyp dürli ugurlarda ylmy barlag işlerini alyp barýarlar.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli döwlet syýasaty, kanunçylyk taýdan üpjün edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýetiň kemala getirilmegine, ýaş nesliň berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli terbiýeläp ýetişdirilmegi we olaryň ukyplarynyň ýüze çykarylmagy babatda ähli şertler döredilýär.
Azymberdi Garryýew
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallym-öwrenjisi
Mälikdurdy Saparmyradow
Atçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby


dowamy

Ylymly ýaşlar geljegmize dowamat


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, bilim, ylym we oba hojalyk ulgamlarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara berilýän bilimi Halkara derejesine ýetirmek üçin milli Liderimiz ýokary okuw jaýlarda kärine ökde, ussat hünärmenleri taýýarlamaklyga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ýokary okuw mekdeplerine hem sanly innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň öz kärine ökde ýaşlar bolmagy üçin okamaga, öwrenmäge, daşary ýurt dillerini şeýle hem kompýuter tehnologiýalaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde talyplara berilýän nazary bilimleri tejribe sapaklary bilen berkitmegiň ähmiýeti örän ulydyr. Biz hem halypa mugallymlarymyz bilen Hormatly Prezidentimiziň gurduryp ulanmaga beren, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, Änew şäherinde ýerleşýän weterinar bejerişhanasyna talyplarymyz bilen tejribe okuw sapagyny geçmäge ýygy-ýygydan gidýäris. Biz talyplarymyzy bejerişhananyň ähli bölümleriniň enjamlaryny we olaryň ähli mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdyryp, hünär endiklerini kämilleşdirip durýarys.
Geljekde Weterinar lukmanlary öz hünärine ussat bolmagy üçin, alýan bilimlerini weterinariýa, biologiýa ylymlary we kliniki, hirurgiki dersleri bilen utgaşykly alnyp barylmagy üçin weterinar lukmançylygy fakultetinde “Ýaş weterinar lukmany” atly ylmy gurnagy hereket edýär. “Ýaş weterinar lukmany” gurnagynyň esasy maksady weterinar lukmançylygy hünärinde bilim alýan talyplaryň hirurgiki operasiýalarda mallaryň berkidilişini, operasiýalarda ulanylýan gurallaryň zyýansyzlandyrlyşyny, dürli görnüşli mallaryň hirurgiýa operasiýalara taýýarlanylyşyny we dokumalaryň birleşdirilişini, plastika operasiýalaryň elementlerini, daňylaryň, dikinleriň goýluşyny we beýleki işleri düýpli öwretmek bolup durýar. Şeýle-de beden agzalarynda, ýagny kelle, boýun, döş, garyn bölüminde, içegelerde, öň we yz aýaklarda geçirilýän operasiýalaryň tilsimlerini, dürli görnüşli mallaryň biçilişi we biçmeden soňky döreýän beterleşmeler hem-de ingi operasiýalarynyň geçirilişini talyplara görkezilip öwredilýär.
“Ýaş weterinar lukmany” gurnagynda talyplara diňe bir öý haýwanlarynda geçirilýän operasiýalary öwretmek bilen çäklenilmän, eýsem öý haýwanlarynda we oba hojalyk haýwanlarynda duş gelýän dürli keselleriň bejerilişini we öňüni alnyşyny, talyplara içgin öwredilip, bilelikde geçirilýär.
Uniwersitetimizde şeýle hünär gurnaklarynyň birnäçesi hereket edýär. Ýagny Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetinde “Sanly tehnologiýalar”, Agronomçylyk fakultetinde “Ussat agronom”, Agroekologiýa fakultetinde “Ýaş agrohimik”, “Ýaş agroekolog”, Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetinde “Innowasion inžener tehnology”, Dokma önümçiligi fakultetinde “Çeper eller”, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetinde “Gelejegiň inženerleri”, Gidromeliorasiýa fakultetinde “Altyn damja” atly ylmy gurnaklar hereket edýär. Ol gurnaklaryň hem maksady talyplaryň saýlap alan hünärleri boýunça ussat bolup ýetişmeklerini gazanmak bolup durýar. Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp hünär gurnaklarynyň arasynda diwar gazetini döretmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň netijesinde “Gelejegiň inženerleri” ylmy gurnagy baýrakly I orna, “Innowasion inžener tehnology” we “Ýaş agrohimik” ylmy gurnaklary II orna, “Ýaş weterinar lukmany” we “Sanly tehnologiýalar” ylmy gurnaklary III orna mynasyp boldular.
Mundan başga-da ýokary okuw mekdebimizde Hormatly Prezidentimiziň ähli pudaklary ylmy esasda ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp professor mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda, ýaş mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde ylmy işler alynyp barylýar. Men hem “Türkmen alabaý güjükleriniň wirusly içgeçme keselleriniň bejeriliş we öňüni alnyş aýratynlyklary” atly temadan yly işi ýerine ýetirýärin. Bu ylmy işiň baş maksady Alabaý güjükleriniň parwowirusly içgeçme keseline sezewar bolmazlygyny gazanmak, kollostral immunitetiň alabaý güjüklerde dowamlylyk aýratynlygyny öwrenip, öňüni alyş sanjymlarynyň aýratyn çyzgydyny taýýarlamak, kesele duçar bolan güjükleriň bejergisinde derman serişdeleriň, ýagny giperimmun syworotkalaryň, antibiotikleriň, witaminleriň, gusma garşy serişdeleriň, deintoksikasiýa serişdeleriniň alabaý güjüklerindäki täsir ediş aýratynlygyny öwrenip, has-da netijeli bejergi usullaryny işläp düzmek bolup durýar. Häzirki wagtda ylmy işimiz özüniň oňyn netijelerini berýär.
Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, işlemäge döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Hormatly Alym Arkadagymyza sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Alym Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundanam rowaçlyklara beslensin.

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
Ýazguly ŞÜKÜROW.


dowamy

Durmuşymyzy ýeňilleşdirýän enjamlar


Häzirki döwürde ylmyň tehnikanyň ösmegi bilen adamzadyň durmuşy barha ýeňilleşýär. Gündelik durmuşumyzda ulanylýan enjamlaryň ýerine ýetirýän işleriniň, hiliniň ýokarlanmagy olaryň biziň durmuşumyzyň aýrylmaz bölegi bolmagyna getirdi. Biz şeýle enjamlary dürli maksatlar üçin, esasan saglyk maksatlar üçin ulanýarys.
LARQ suw arassalaýjy gap - bu gap özünden adam üçin zyýansyz UV – C LED şöhlesini goýbermek bilen içindäki suwy arassalaýar, suwuň içindäki görünýän we görünmeýän bakteriýalary, mikroplary öldürýär. Gap iki gat izolirlenen bolup, salynan suwuň sowuklygyny, gyzgynlygyny saklamaga ukyply.
UV Smart Sterelizator – bakteriýalaryň köp ýaýran şu günki günlerinde olardan goranmak möhüm bolup durýar. Bakteriýalar esasan adamlaryň üns bermeýän zatlary bolan açarlarda, el telefonlarynda, dürli şaý-seplerde we beýleki gündelik durmuşda ulanýan enjamlarda köp bolýar we ol enjamlar hem bakteriýalary ýaýradyjylar hasaplanýar. Bu СV Smart sterelizatoryň kömegi bilen biz öz ulanýan enjamlarymyzy 99% arassalap, olary zyýansyzlandyryp bilýäris. Enjam bary- ýogy 3 minudyň dowamynda ultramelewşe şöhlesi arkaly içindäki gurallary zyýansyzlandyryp berýär we sterelizatory biz islendik ýerde ulanyp bilýäris.
Blue Pure 411+ howa arassalaýjy-bu howa arassalaýjy adamlara öýlerinde arassa howadan dem almaklaryna mümkinçilik berýär. Onuň içinde 3 sany wentelýator ýerleşip, bu enjamyň dürli ululykdaky otaglarda işläp bilmegini üpjün edýär. Blue Pure 411+ otagy islendik zyýanly gazlardan ýagny, tozanlardan, çilimiň tüssesinden we beýleki göze görünýän we görünmeýän bakteriýalardan arassalaýar.
Her bir öýde birinji orunda onuñ arassaçylygy we rahatlygy durýar. Bu iş bolsa öýbikeleriniñ paýyna düşýär we bu olaryñ köp wagtyny alyp bilýär. Emma tehnologiýanyñ ösen döwründe olqryñ işi bütinleý ýeñilleşdi. Akylly tozan sorujysy bolan öýbikesine indi diñe oña buýruk beräýmek galýar. Ýagny, akylly tozan sorujylaryny öý eýesi özüniñ el telefonynyñ üsti bilen dolandyryp: arassalamaly ýerlerini , işlemli wagtyny sazlap bilýär. Bu akylly tozan sorujylar pollardaky hapalary almak bilen çäklenmän eýsem, özünden adam üçin zyýansyz ultramelewşe şöhlesini goýbermek arkaly poldaky mikroplary ýok edip bilýär.
Deepmag - simsiz elektrik kabul ediji çyralar - bu howada durýan elektromagnetik enjamlaryny dörediji kompaniýa tarapyndan döredilen çyra bolup, onuñ esasy 2 aýratynlygy bar. 1 - njisi- bu çyra özüne gerek bolan elektrik toguny simsiz kabul edip bilýär, 2 - njisi ol howada başaşaklygyna durýar. Onuñ esasy daýanç bölegi agaçdan bolup, bezegçilikde taýdan hem ýokary derejededir.
Pocketalk dil terjimeçisi- bu enjamyñ kömegi bilen islendik adam daşary ýurt dili bilen bagly meselesini çözüp biler. Pocketalk özünde 74 sany dili saklaýar. Enjamdaky mikrofon ulanyjynyñ sesini kabul edip alýar ony derñeýär we haýsy dile degişli bolsa şol bada terjimesini çykaryp berýär. Munuñ üçin ulanyjynyñ bary ýogy sözi aýdyp duran wagtynda düwmäni basyp durmagy ýeterlikdir. Şeýlelikde biz şular ýaly enjamlaryň kömegi bilen özümizi has rahat duýup bileris.
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
3 -nji ýyl talyby Aşyrowa Aýsoltan.


dowamy

Dost-doganlyk binýadynyň täze sahypasy


Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň yurtlarynyň abraýly bilim edaralary bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirilýär. Dünýäde ýokary tehnologiýalary, önümçiligi dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny, bilim we ylym ulgamlarynda innowasiýalary özünde jemleýän Koreýa Respublikasy bilen hem bilim-ylym, oba hojalygy ugurlarynda gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Koreýa Respublikasynyň abraýly Koreý uniwersiteti bilen sanly ulgam arkaly onlaýn tanyşlyk maslahaty guramaçylykly geçirildi. Bu çäre “Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşmak” diýlip atlandyryldy. Maslahatda Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Koreý uniwersitetiniň arasynda geljekde bilim, ylym, innowasiýalar we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de onuň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
1905-nji ýylda esaslandyrylan Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi hasaplanýan Koreý uniwersiteti özüniň işjeň halkara tejribesi bilen tapawutlanyp, häzirki wagtda W100 Reputation Network halkara toparynyň agzasy hökmünde dünýä ykdysadyýetiniň we marketinginiň meseleleriniň üstünde işleýär. Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde ýerleşýän bu uniwersitet ýurduň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji üçlügine girýär. Häzirki wagtda bu uniwersitetiniň düzüminde 37 müňden gowrak talyp ylym-bilim alyp, 5 müňden gowrak professor-mugallymlar zähmet çekýärler. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine onlarça milli we halkara ylmy-barlag we ylmy-gözleg institutlary girýär.
Sanly ulgam arkaly geçirilen onlaýn maslahatynyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary tarapyndan Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň oba hojalygynda we ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler hem-de onuň geljegi we agrosenagat toplumy üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalardan birkemsiz baş çykarýan döwrebap hünärmenleri we ýaş alymlary taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen giňişleýin tanyşdyrdyryldy. Çykyşlarda Koreý uniwersitetiniň professor-mugallymlary ylmy-barlag merkeziniň BK21 FOUR R&E Daşky gurşaw we ekologik inženeriýa ylymlary bölüminiň işi, ösümlikleriň biotehnologiýa bölümi, tokaý hojalygy babatda Koreýa bilen Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy, Akylly oba hojalyk bilen daşky gurşawy dolandyrmak - Akylly oba hojalygyna ädimler hem-de Aral deňziniň suwunyň şorlaşmagynyň öňüni almakda alnyp barylýan ylmy-gözleg işleri bilen tanyşdyrdylar.
Şular bilen bir hatarda, maslahatda uniwersitetimiziň professor-mugallymlary öz çykyşlarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmyň we tehnologiýalaryň, halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny alnyp barylýan okuw we ylym işlerine ornaşdyrlyşyny beýan edip, oba hojalygynyň hem-de daşky gurşawy we ekologiyany gorap saklamagyň möhüm ugurlary boýunça bilelikde ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek barada netijeli söhbetdeşlik geçirildi. Ikitaraplaýyn geçirilen bu täsirli maslahat Koreý uniwersiteti bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda geljekdäki hyzmatdaşlyk barada özara pikir alyşmalar bilen utgaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň ýaş neslimiziň halkara derejeli döwrebap ylymly, bilimli bolmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary we döredýän giň mümkinçilikleri üçin öz çuňňur minnetdarlygyny beýan etdiler hem-de Garaşsyz ýurdumyzda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, eziz Diýarymyzyň röwşen geljeginiň gözbaşynda duran Milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Jeren Akummedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň
4-nji ýyl talyby


dowamy

Sanly ykdysadyýet- ösüşlere badalga


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Munuň özeninde Hormatly Prezidentimiziň öňdengörjülikli içeri we daşary syýasaty, ýurtda alnyp barylýan oňyn özgertmeleri durýar. Beýle özgertmeleri amala aşyrmakda ýurduň kanunçylygy, şol sanda bank we ykdysady ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylygy döwrebaplaşdyrmaga uly orun degişlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, soňky ýyllarda döwrüň talaplaryny hem-de bu ulgamdaky hereket edýän halkara ülňüleri hasaba almak bilen, kanunçylyk-hukuk resminamalarynyň birnäçesi işlenip düzüldi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”,”Karz edaralary we bank işi hakynda”, ”Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirmek hakynda”, ”Karz pul birleşikleri hakynda”, ”Walýutanyň kadalaşdyrylyşy we daşary ykdysady gatnaşyklarynda walýuta gözegçiligi hakynda”, ”Şahsy adamlaryň goýumlarynyň hökmany kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Türkmenistanyň ykdysady gazananlary mundan beýläk wirtual diwarlyklaryň hem-de elýeterli elektron serişdeleriň kömegi arkaly internet ulgamynda görkezilýär. Bu bolsa uzak aralykda ýerleşýän ulanyjylara gije-gündiziň dowamynda öz diwarlyklaryny täzelemäge hem-de goşmaça maglumatlary girizmäge,täze şertnamalary baglaşmaga,bazar meýillerine baha bermäge,özüniň bu bazardaky ýagdaýyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2018-nji ýylyň noýabr aýynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu bolsa dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerini we milli ykdysadyýetimiziň ösüş meýillerini nazara alyp, milli ykdysadyýetimiziň hil derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ädilen taryhy ädim boldy. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar döwletleriň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny kesgitleýän şert bolup durýar. Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak wezipesiniň ykdysady syýasatyň esasy ugry hökmünde kesgitlenendigini bellemek zerurdyr.
Dünýä möçberinde sanlylaşdyrmak hadysasyna çaltlandyrlan ösüşi üpjün edýän möhüm çeşme hökmünde garalmagynyň aňyrsynda uly many ýatyr. Sebäbi ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy ösüşleriň iteriji güýji hasaplanýan bäsdeşligi artdyrýar. Bäsdeşlik bar ýerinde bolsa ösüş bar.
Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassylamak hakynda” gol çeken Karary ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda ylma daýanmak bilen sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin mümkinçilikleri açdy.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy we milli ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek meselelerini öz içine alýar.
Häzirki döwürde adam zähmetiniň häsiýeti we tehnologik mazmuny döredijilik, ukyp-başarnyk, edep-ekram ýaly düzüm birlikleriniň umumylaşdyrylmagynyň hasabyna baýlaşýar. Akyl zähmeti bilen fiziki zähmetiň arabaglanyşygy pugtalanýar. Elektron-kompýuter tehnologiýalarynyň döwrebap görnüşleriniň önümçilige çekilmegi işgärleriň umumy we ýörite biliminiň,medeniýetiniň ösmegi bilen utgaşýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklary we beýleki ulgamlary üçin bilim we amaly taýdan kämil hünärmenleri taýýarlamaga, şahsyýetiň bilimini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamaga, goramaga we baýlaşdyrmaga ähli şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyz türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarmagyň, şeýle hem, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtaýar. Bu bolsa türkmen alymlarynyň öňünde mundan beýläk-de milli ylmymyzy döwrebap guramak, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň işlerini ilerletmegi ylmy esasda alyp barmak,şeýle hem, ähli pudaklarda täze öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýerine ýetirilýän ylmy işleriň netijeliligini artdyrmak, ylmy işgärleri höweslendirmek babatynda uly wezipeleri goýýar.
Türkmenistan döwletimizi dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda ägirt uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!
Weterinar lukmancylygy
fakultetniň Maldarçylyk
kafedrasynyň mugallym-
öwrenijisi: Annaorazow
Şameret.


dowamy

Emlägi kärendä bermegiň aýratynlyklary


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň, Mähriban hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýörelgesi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejeleri günsaýyn ýokarlanýar.
Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşler bilen birlikde emlägi kärendesine bermek we ony netijeli peýdalanmak boýunça gatnaşyklar has-da ýokary derejede ösdürilýär. Önümçilik gatnaşyklarynyň has-da ýokary derejede ösýän döwründe emlägi kärendä beriji bilen kärendesine alýan taraplaryň arasynda baglaşylan şertnama esasynda kärende gatnaşyklary has-da berkidilýär.
Emlägi wagtlaýyn eýelik etmäge bermek boýunça şertnamalar bazar ykdysadyýeti şertlerinde giňden ýaýran şertnamalardyr. Umumy görnüş hökmünde bu şertnamalar emlägi kireýine bermek diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň Raýat kodeksinde emlägi kireýine bermek aýratyn bapda, 555-598-nji maddalarda, lizing bolsa 599-603-nji maddalarda, kärende bolsa 604-628-nji maddalarda düzgünleşdirilen.
Ýurdumyzyň kärende gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan esasy kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we 2017-nji ýylyň 14-nji fewralynda kabul edilen “Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
“Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, kärende diýlip, emlägiň eýesi ýa-da onuň ygtyýarlyk beren şahsy tarapyndan fiziki we ýuridik şahsa kesgitli emlägiň ýa-da onuň böleginiň kärende şertnamasy esasynda muzdly, wagtlaýyn peýdalanmagy, hojalyk ýa-da gaýry işi özbaşdak amala aşyrmagy üçin berilmegine düşünilýär.
Kärendäniň predmetiniň wagtlaýyn peýdalanmaga berlen emläk bolup durýandygy sebäpli, taraplaryň kesgitlän kärende möhletiniň dolan we taraplaryň biriniň degişli arzasy bolan ýagdaýynda şertnama ýatyrylýar.
Kärende gatnaşyklary muzdly häsiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem kärende emlägi wagtlaýyn peýdalanmaga berilmegini göz öňünde tutýar.
Oba hojalyk pudagynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da ýokary derejeler bilen ösýän döwründe bu ýerde kärende gatnaşyklarynyň guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylmagy uly ähmiýete eýe bolup durýar.
2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 25-ne geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ilkinji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň netijesinde oba hojalyk pudagynda döwlet tabşyrygy boýunça ösdürilip ýetişdirilýän ekinler üçin ýörite ýer gaznasyny döretmeklik we şol şol gaznany paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridiki şahslara we raýatlara – önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyllyk peýdalanmak maksady bilen bermek önüm öndürijiniň has-da netijeli işlemegine we yhlasly zähmet çekmegine ruhlandyrdy.
Ýer böleklerini kärendesine bermekde esasy düşünjeleriň biri ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegidir. Bu tölegi almagyň esasy maksady eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berilýän ýerleriň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyny gazanmak, tebigy gurşawy abat saklamak we gowulandyrmak, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, ýerde hojalygy ýöretmegiň dürli görnüşlerini ulanmak, Türkmenistanyň çäklerinde erkin telekeçiligi höweslendirmek üçin şertleri döretmek, welaýatlary, etraplary, şäherleri we beýleki ilatly ýerleri ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmäge ýardam etmekden ybarat bolup durýar.
Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi sebitleriň bölünişine görä Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen tölegleriň ýyllyk möçberlerinde alynýar.
Ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini milli pulda tölemek üçin ýörite hasaplar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerli býujetlerinde açylýar.
“Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 55-nji maddasynda ýer üçin tölegiň möçberleri, ony hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
Şahsy adamlaryň we edara görnüşindäki taraplaryň ýer üçin tölegini we kärende tölegini tölemek boýunça ýeňillikler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň mugallym-öwrenijisi
Bekgylyç Agaýew


dowamy

Dil baýlygy- il baýlygy!


Ümzügi öňe sary bedew bady bilen günsaýyn özgerýän ýurdumyzyň halkara abraýy milli Liderimiziň tagallasy bilen barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasatlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginde özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen “ Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hakyndaky kararlar hormatly Prezidentimiziň ähli bilim işgärlerine , biz ýaşlara bildirýän uly ynamyndan nyşandyr. Gadymýetden bäri türkmen halkymyz goňşy ýurtlary bilen dostana gatnaşykda bolup, olaryň medeniýetine, däp-dessuryna, dinine, diline uly sarpa goýupdyr. Daşary döwletlerden myhman kabul edenlerinde olara hezzet-hormat edip, biynjalyk döretmezlik üçin şol myhmanyň dilinde gürlemeklige çalşypdyrlar. Şeýle ýokary myhmansöýerligiň netijesinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýupdyrlar. Häzirki wagtda hem hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda amala aşyrylýan halkara giň möçberli işler sanardan köp. Şonuň üçinem, şu nukdaýnazardan çen tutsak döwletiň ösmeginde daşary ýurt dillerini kämilleşdirmegiň wajypdygyny bellemek gerek.
Mälim bolşy ýaly dünýäde 200-den gowrak döwlet bolup, şolaryň hersiniň özboluşly dilleri bar. Emma ýurtlaryň aralarynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin halkara guramalar tarapyndan kabul edilen iňlis, rus, nemes, ispan ýaly diller giňden peýdalanylýar. Şolaryň arasynda iňlis dili wajyplygy boýunça öňdäki orny eýeleýär. Iňlis dili Britan imperiýasynyň XIX asyrdaky täsiri hem-de ABŞ-nyň XX-XXI ykdysady täsirleriniň netijesinde dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýraýar. Dil hökmünde orta asyrlarda ýüze çykyp, ilki ondan Britaniýa göçüp baran nemes koloniýalary peýdalanypdyrlar diýlip çaklanylýar. Soňra bu dil ýurduň ähli ýerine ýaýrap, wagtyň geçmegi netijesinde ýerli halkyň ene diline öwrülip gidýär. Britan imperiýasynyň çäkleriniň ulalyp, kuwwatynyň artmagy netijesinde Britan dili, medeniýeti Aziýa, Afrika, demirgazyk Amerika, Awstraliýa ýaýraýar. Wagtyň geçmegi netijesinde Britan koloniýalygyndaky döwletler öz garaşsyzlygyna eýe bolanlaryndan soň, iňlis dili ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Täze Zelandiýa ýaly ýurtlaryň ene diline öwrülse, Hindistan, Nigeriýa ýaly ýurtlarda bolsa döwletiň resmi dilleriniň biri hökmünde ulanylýar. Belläp geçmeli zat, şol döwletlerde iňlis diliniň gurluşy we sözleýişi bir-birinden tapawutlanýandyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täzeden täze gurulýan binalar, ondaky döredilýän mümkinçilikler, okatmagyň multimedia, interaktiw usullary biz ýaşlara dili çuňňur öwrenmekde, onuň aýratynlyklaryny, inçe syrlaryny ele almakda uly ýardam bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýaş hünärmenleriň daşary ýurtlara ugradylýan okuw-iş saparlary bolsa öwrenen daşary ýurt dillerini tejribede peýdalanmaklaryna mümkinçilik berýär.
Biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem Şanly Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna bagyşlanyp uniwersitetimiziň talyp ýaşlarynyň arasynda daşary ýurt dillerini öwrenmegi kämilleşdirmek maksady bilen dürli bäsleşikler geçirildi. Gyzykly geçen bäsleşiklerde talyp deň-duşlarmyz öz aralarynda iňlis dilinde krossword düzmek hem-de iňlis we rus dillerinde makala ýazmak boýunça bäsleşdiler. Talyp ýaşlar bäsleşige gatnaşyjylaryň iňlis dilinde düzen krosswordlaryny çözmäge uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli işlerini, hemişelik Bitaraplygmyzy wasp edýän makalalar bolsa hakyky baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aşyrowa Aýsoltan, 2-nji ýyl talyby Döwletowa Aýnur we 1-nji ýyl talyby Bäşimow Röwşen dagylar baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan talyplar hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Mundan başga-da Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlarmyz eziz watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatyny, ösüşler ýurdunyň kämil ýaşlaryny wasp edýän suratlary bäsleşige hödürlediler. Ýokary derejede geçen bäsleşikde uniwersitetimiziň weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýşa Baýramowa hormatly 3-nji orna mynasyp boldy. Bu bolsa elbetde talyplarmyzyň okuwlaryndan daşary döredijilik işlerine işjeň gatnaşýandyklarynyň netijesidir. Şular ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp zamanyna laýyk, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmegmizde ähmiýeti örän uludyr.
Aýnabat Durdyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby


dowamy

TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ SYÝASATY


Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen netijeli gural hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň adamzadyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän tagallalary BMG-niň dünýäde parahatçylyga hem-de döwletleriň durnukly ösüşine gönükdirilen maksatlary bilen doly sazlaşýar. 2020-nji ýylda − “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylan guwandyryjy üstünlikler, ýetilen belent sepgitler häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň çuňňur we toplumlaýyn esasda seljerilmeginde türkmen Bitaraplygynyň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam berdi.
Dünýädäki wakalaryň çalt we çylşyrymly özgerýän häzirki şertlerinde ýurdumyz özüniň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli pugtalandyryp gelýär. Türkmеnistаnyň halkara giňişliginde durmuşa geçiren ägirt uly işleri netijesinde toplan bitaraplygyň çärýek asyrlyk baý tejribesi dаşаry syýasаtyň özеni bоlаn hеmişеlik bitаrаplyk derejesiniň dünýä bileleşiginiň belent ynamyna mynasyp bolandygyny subut etdi. Üstünlikli amala aşyrylýan döwletimiziň daşary syýasy strategiýasy dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmäge, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz daşary syýasatda özüniň bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň köpýyllyk taryhynda ýeke-täk tejribe bolan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýalarynda ähli agza döwletleriň biragyzdan ýurdumyzyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy berkidilen. Şeýle ýokary derejedäki çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýän we hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde täsirli orny eýeleýändigini tassyklaýar.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnuklylygyň, ykdysady özgertmeleriň we durnukly ösüşiň kepili hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Merkeziň paýtagtymyzda açylmagy Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklap, Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň subutnamasyna öwrüldi. Sebit merkeziniň döredilmegi bilen sebitara meselelerini bilelikde çözmekde täze çemeleşme emele geldi.
Öňüni alyş işine ýöriteleşdirilen ilkinji sebit düzümi geçen döwrüň dowamynda sebitde durnukly ýagdaýyň saklanmagynda hem-de tebigy serişdeleriň bilelikde dolandyrylmagy we ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak ugrunda döwletleriň özara ynamyny, hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmekde netijeli işleriň giň toplumyny amala aşyrdy.
2017-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegini dünýä bileleşiginiň ählumumy tagallalaryny goldamak babatda Merkeziň alyp barýan wajyp işlerine berlen ýokary baha hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Bu resminama Bitarap döwletimiziň döredijilikli daşary syýasatynyň Milletler Bileleşiginiň derejesinde ykrar edilýändigini ýene-de bir ýola tassyklady. Ýurdumyz bu halkara resminamasyna esaslanmak bilen BMG-niň 75-nji mejlisiniň gün tertibine “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň eýeleýän orny” atly täze Rezolýusiýanyň taslamasyny hödürledi.
Şeýle hem 2019-njy ýylyň sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýany kabul etmegi Eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny görkezýär. Şunuň bilen, Türkmenistan Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda özüniň işjeň ýörelgesini hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmesini nobatdaky gezek görkezdi.
Umuman, Türkmenistanyň bitaraplygy döwletimiziň sarsmaz sütüni, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň berk esasy bolup durýar. Bu bolsa milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýäniň islendik döwleti we halkara guramasy üçin ygtybarly we durnukly hyzmatdaşa öwrülmegini şertlendirýär.
Tyllagözel Garlyýewa
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň dokma fakultetiniň 4-nji ýyl talyby


dowamy

TALYPLARA DÖWREBAP BILIM BERMEKDE “HAÝWANAT DÜNÝÄSI” MUZEÝINIŇ ÄHMIÝETI


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasatlary bilen Eziz Watanymyzda bilim-ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ýaş nesliň döwrebap kämil hünärmenler bolup ýetişmegine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Bilim ojaklarynda okatmaklygyň, bilim bermekligiň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylýar. Ýaşlara berilýän nazary okuwlar iň öňde baryjy kärhanalarda okuw we önümçilik tejribelikleriň üsti bilen sazlaşykly utgaşdyryp alnyp barylýar.
Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz-tagallalary bilen 2017-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda “Muzeýler we muzeý işi” hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanun X – bapdan, 44-maddadan ybarat bolup, muzeýler we muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, Türkmenistanda muzeýleriň döredilişi, muzeýleriň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk we beýleki gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem muzeýe gelýän adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
Ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň – ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, tebigatsöýüjilik, Watana, halka, ene-ata, Gahryman Arkadagymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemekde wajyp ähmiýeti bardyr. Muzeý – sungat eserleriniň taryha, ylma, durmuşa, senagata, oba hojalygyna, Beýik şahsyýetleriň durmuşyna, mahlasy ähli ugra degişli gymmatlyklaryň halk köpçüligine görkezilýän we ylmy taýdan öwrenmek üçin ýörite ugur boýunça ýygnalýan hem saklanylýan ýer diýlip düşündirilýär. Muzeý sözi “museion” grek sözünden bolup, terjime edilende “muzalaryň ybadathanasy” diýen manyny berýär. Muzeýleriň taryh, ülkäni öwreniş, şekillendiriş, sungat, edebiýat, teatr we saz, ýadygärlik, pudaklaýyn – oba hojalyk, goraghanalar, jemgyýetçilik, mekdep, öý hem-de beýlekileri bolýar.
Ýurdumyzda baýry ýokary okuw mekdepleriň biri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem okap bilim alýan talyp ýaşlaryň döwrebap, öz hünärlerine ökde kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Uniwersitetiň kitap çeşmelerine baý hazynasy bolan kitaphanasynda okyjylara medeniýetli hyzmat etmeklik ýokary derejede ýola goýlandyr. Kitaphananyň gyşyna ýylyjak, tomsuna salkyn, ýagty okalgasynyň iň gözel ýerini Gahryman Arkadagymyzyň halk köpçüligine yzygiderli gowuşýan şa kitaplary bezeýär. Talyp ýaşlara uniwersitetiň elektron kitaphanasyndan kitaplaryň elektron görnüşinden, internet otaglaryndan peýdalanmak üçin hem giň mümkinçilikler bar.
Talyp ýaşlara döwrebap, kämil, çuňňur bilim bermekde we berlen nazary bilimlerini olaryň aňynda berkitmekde uniwersitetimiziň “Haýwanat dünýäsi” muzeýiniň örän uly ähmiýeti bar. Muzeýiň baý muzeý gymmatlyklary bolup, özüniň taryhyny geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan alyp gaýdýar. Muzeýde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklaryň içinde geçen asyryň başlaryna senelenýänleriň onlarçasynyň bolmagy ylmy tarapdan ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Muzeýde diňe bir ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň görnüşleriniň gäpleri bolman, dünýäniň beýleki ýurtlarynda duş gelýän görnüşleriň bolmagy we olaryň türkmençe, latynça, rusça atlarynyň bilelikde berilmegi muzeýiň amaly hem-de ylmy gymmatlygyny has-da ýokarlandyrýar.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň “Haýwanat dünýäsi” muzeýiniň Baş bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen tebigaty bilen baglanyşykly düşen fotosuratlary, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki eserleri ýerleşdirilendir. Türkmen tebigatynyň goraglylygyny hemişe üns merkezinde saklaýan Mähriban Arkadagymyzyň “Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak kämil jemgyýete tarap alyp barýan esasy ýollaryň biridir” diýip belläp geçen ajaýyp jümläniň türkmençe, iňlisçe, rusça görnüşlerinde ýerleşdirilmegi muzeýiň her bir daşary ýurtly myhmanlarynda, talyp ýaşlarynda, mekdep okuwçylarynda ýakymly täsirler galdyrýar. Muzeý gymmatlyklarynyň ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini oýarmakda hem ähmiýeti uludyr. Muzeýiň myhmanlarynyň ilkinji tanyşlygynyň başlanýan bu bölüminde Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ýalpak suwly kenarlarynda duş gelýän, iň täsin görnüşleriniň biri we goraghananyň nyşany gyzylgaz – phoenicopterus roseus hem-de türkmen tebigatynyň owadan jandary bolan keýik – gazella subgutturosa muzeýiň her bir myhmanynda ýakymly duýgulary oýarýar.
Muzeýiň Gemrijiler, Goşatoýnaklylar, Ýer gazyjylar bölüminde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklarynyň ýer gazyjylary bolan wyhyhol we krotdan galan görnüşleriň ählisi ýurdumyzyň çäginde duş gelýär.
Uniwersitetimiziň “Haýwanat dünýäsi” muzeýiniň Guşlar bölüminde ýurdumyzda hasaba alnan we daşary döwletlerde duş gelýän uly, orta we kiçi göwrümli suw, suw-batgalyk, tokaý we açyk giňişlikleriň 100-den gowrak guşlarynyň gäpleri ýerleşdirilendir.
Muzeyiň ortasynda ýerleşdirilen mör-möjekler we leňňeçşekilliler klaslarynyň dersi iňňeliler tipiniň birnäçe görnüşleri, guşlaryň serçeşekilliler otrýadynyň 90-dan gowrak görnüşiniň, gökgarlakşekilliler otrýadyna degişli gökgargalar, towukşekilliler otrýadynyň 30-dan gowrak, gazşekilliler otrýadynyň gazlar we derýa ördekleri maşgalalarynyň 10-dan gowrak, laçynşekilliler otrýadynyň 10-dan gowrak, ýyrtyjylar otrýadynyň samyrlar maşgalasynyň wekili alajagözen, gemrijiler otrýadynyň 10-a golaý görnüşleriniň gäpleri ýerleşdirilendir.
Muzeýde mezozoý erasynyň meloweý döwrüne degişli gadrozawryň, trias döwrüne degişli pareýzawryň, ýura döwrüne degişli diplodokyň, stegozawryň, ihtiozawryň, dewon döwrüne degişli, balyklaryň gadymy kowumdaşy – asterolepisiň, kaýnozoý erasynyň aşaky pliosen döwrüne degişli pitekantropyň, üstki pliosen döwrüne degişli neandertalesiň, pliosen döwrünine degişli gylyçdişli gaplaňyň, miosent döwrüne degişli mostodontyň, pleýstosen döwrünine degişli mamontyň ýelimden ýasalan gäplerine hem synlamaga mümkinçilik bar.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy, atçylyk, maldarçylyk, ýüpekçilik hünärleriniň talyplary “zoologiýa” dersini, tokaý we seýil bag hojalygy hünäriniň talyplary “tokaý haýwanlaryň we guşlaryň biologiýasy, awçylygyň esaslary” dersini, uniwersitetiň galan beýleki hünärlerinde okap bilim alýan talyplary “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersiniň biologiki baýlyklary bölümini öwrenenden soňra muzeýde bolup, haýwanat dünýäsiniň dürli wekilleriniň daşky gurluşy, tüý örtüginiň reňki, boýy, dyrnaklary, suw guşlaryna, suw-batgalyk guşlaryna, tokaý guşlaryna, açyk meýdanyň guşlaryna mahsus bolan ýelekleniş we reňkleri, çüňkleri, aýaklary, barmaklary, söbükleri bilen içgin tanşyp, alan nazary bilimlerinde aňynda berkidýärler.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk kafedrasynyň müdiri
SAPARMYRAT Annamuhammedow,
Şol kaferdranyň mugallymy
GELDIMYRAT Myradow


dowamy

Arkadagly zamananyň bagtly ýaşlary


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Watanmyzy gülledip ösdürmek ugrunda Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny ösürmek, ýaşlara berilýän bilimiň dünýä ülňülerine laýyk derejede bolmagy ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösmegi, şol döwletiň halkara derejesinde has kuwwatly döwlete öwrülmeginde uly ähmiýeti bardyr. Çünki ylymly-bilimli, watançy, ýokary ahlakly, ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwletiň mundan beýläk-de has-da rowaçlanmagy üçin möhüm wezipe bolup durýar.
Bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýan türkmen halkymyz gadymdan bäri nesil terbiýesine, geljek nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmegine has uly üns beripdir. Ýaşlarmyzyň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde, Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda beýik özgermetler yzygiderli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleri beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýram edip bellenilýän gününde Mähriban Arkadagymyz talyp ýaşlar bilen taryhy pkuw sapagyny geçirmegi we gymmatly öwüt nesihatlaryny berip, “ Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanmyzyň ösüşlerine bagyş etmelidirler” diýip bellemegi, bagtyýar ýaşlaryň watançylyk duýgularyny has-da joşdurdy.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli tagallasy we başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary hem Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, özleriniň saýlap alan hünäriniň hak eýesi bolmaklary ugrunda nazaryýetde alan bilimlerini tejribede kämilleşdirip, ýokary derejede bilim alýarlar. Uniwersitetimizde bilim alýan talyplar ýurdumyzyň çäginde geçirilýän dürli ylmy we döredijilik bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy işleriniň bäsleşigine biziň ýokary okuw mekdebimiziň ýaş mugallymlary hem-de talyp ýaşlary yzygiderli gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Mundan başga-da ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerine, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen makala ýazmak, goşgy ýazmak we beýleki döredijilik bäsleşiklerine has uly gyzyklanma bilen gatnaşýarlar.
Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan yglan edilen “Türkmen obasy-bagtyýarlyk mekany” atly döredijilik bäsleşigine biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda alnyp barylýan oba özgertmelerini, oba durmuşyny, döredilýän täze döwrebap obalaryň nurana keşbini çeper beýan etmek, şeýle hem olarda oba gözelliklerine bolan çuňňur söýgini has-da artdyrmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik 3 ugur boýunça ýagny:
- Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan oba özgertmelerini, oba durmuşyny giňişleýin beýan edýän makala ýazmak;
- Oba durmuşy, oba gözellikleri bilen baglanşykly goşgulary döretmek;
- Oba durmuşy, oba ilaty üçin döredilýän mümkinçilikler barada hekaýa ýazmak.
ugurlary boýunça geçirildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça iň manyly, gyzykly we çeper ýazylan işler göz öňünde tutulyp ýeňijiler yglan edildi. Ýeňijileriň arasynda biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Bäsleşigiň netijeleri boýunça biziň ýokary okuw mekdebimizden:
Makala ýazmak boýunça:
-Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Atçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Jennet Babamyradowa III oruna;
Goşgy ýazmak boýunça:
- Dokma önümçiligi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aýlar Mämmedowa II oruna;
Hekaýa ýazmak boýunça:
- Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Myrat Guwanjow baş baýraga şeýle hem Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Nury Sakçyýew II oruna mynasyp boldular.
Biz hem öz gezegimizde talyplarymyzyň gazanan üstünliklerini tüýs ýürekden gutlaýarys. Bize okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Eziz Kulyýew
Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby


dowamy

Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri we aýratynlyklary


Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde türkmen halkynyň özboluşly taryhy aýratynlygyny beýan edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen goňşy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýandygy, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleri, şu günki gün türkmen halkynyň dünýäde Bitaraplyk syýasatyny alyp barmagynda hem öz mynasyp ornuny tutýandygyna göz ýetirmek bolýar. Bitaraplyk syýasaty öz gözbaşyny biziň milletimiziň taryhyndan we ruhy köklerinden alyp gaýdýar.
Türkmen halkyna mahsus bolan parahatçylyk söýüjilikli häsiýet hiç haçan durmuşdan üzňe bolmandyr. Taryhy maglumatlara ser salaňda jeň dawalarda, söweşlerde görkezilen edermenlikler diňe Watany goramak bilen baglydyr, sebäbi bitaraplygyň kökleri türkmen halkynyň müňýyllyk taryhynyň geçmişinden galan mirasdyr.
Oguzlaryň-türkmenleriň dünýä taryhyndaky aýratyn orny ägirt uly döwleti döredenliginden ybaratdyr, ol döwlet synandan soňra, onlarça türkmen döwletleri onuň mirasdüşeri hökmünde döredi. Muňa mysal edip, Türkmen-Seljuk döwletini, Osmanly türkmenleriň döwletini we başga-da birnäçe döwletleri görkezmek bolar. Şu döwletleriň ählisinde hem parahatsöýüjilikli, hoşniýetli bitaraplyk syýasatlary alnyp barlypdyr.
Nesilbaşymyz Oguz han goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Gorkut ata ,,Keçäňi satsaňam goňşyňa sat, üstünde özüň oturarsyň” diýipdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly: ,,Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär, gylygyň bet bolsa işiň jeň bolar”, Mollanepes şahyr bolsa: ,,Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, ol birine gep berip, ol birine al berme” diýipdir. Şükür bagşy bolsa, ýesirlikdäki agasyny, altyn-kümüş bilen ýa uruş bilen däl-de, aýdym-saz bilen halas edipdir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren ,,Paýhas çeşmesi” kitabyndaky ata-babalarymyzyň parasatly pähimlerinden ugur alyp ,,Daş bilen urany, aş bilen ur”, ,,Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak”, ,,Dek gezen - dok gezer” ýaly pähimlerden ugur alynýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanmagyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyndaky eden teklibiniň, 2021-nji ýyl Halkara parahatçylygyň we ynanyşygyň ýyly diýip eden teklibiniň biragyzdan gollanmagy, Türkmenistanyň abraýyny dünýäň öňünde ýene bir gez beýgeltdi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça ösüşler bedew bady bilen öňe barýar. Esasan hem, 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly tükmen halkyna uly üstünlikleri getiren ýyllaryň biri bolup, ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaşy bolan Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär, şeýle-de, dünýäniň ykrar eden ylalaşdyryjy merkezleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan” atly kitabynda belleýşi ýaly: “Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi biziň halkara hukugynyň ýörelgelerine pugta laýyklykda alyp barýan syýasatymyzyň aýdyňlygynyň kepilnamasydyr”.
Türkmenistany degişli milli geňeşleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alynmagy, Hormatly Prezidentimiziň täze döwrüň görnükli syýasatçysy hökmünde ykrar edilmegi, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we sammitlerinde çykyş etmek üçin ilkinjileriň hatarynda söz berilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Türkmenistan halkara arenasynda öz daşary syýasat başlangyçlaryny sebitleýin ösüş we hyzmatdaşlyk babatdaky wajyp meselelerini, sebit we global möçberdäki geosyýasy ýagdaýlary hasaba almak bilen amala aşyrmaga çalyşýar. Şeýle çemeleşme biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň durmuşyna işeňňir gatnaşmagyna, türkmen döwletiniň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýetini hil taýdan ýokary derejä ýetirmeklige gönükdirilen geosyýasy strategiýanyň düýp mazmuny bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet bu biziň ata Watanymyz, eziz Türkmenistandyr. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň müňýyllygyň maksatnamasyndan gelip çykýan esasy ugurlaryny durmuşa geçirmekde Bitarap döwlet bolup, sebitde we dünýäde ýokary işjeňlik görkezýär. Ýurdumyz dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrundaky tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlarynyň ýokary derejede wajyplygyny kesgitleýän esasy ölçeg, olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagydyr. Tutuş adamzadyň ösüş maksatlarynyň umumylygyna düşünmek, häzirki zaman wehimlerine we howplara bilelikde garşy durmagyň zerurlygyna göz ýetirmek, şu ugur boýunça anyk ädimleri ätmäge taýýar bolmak, halkara aragatnaşygynyň ähli ulgamynyň durnuklylygynyň esasy şerti bolup durýar.
Syýasatda oňyn bitaraplyk we ykdysadyýetde açyklyk ýörelgelerine meýillilik hakynda resmi beýannama ilkinji gezek 1992-nji ýylda Helsinkide, Ýewropada hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk boýunça Maslahatda, maslahata gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň duşuşygynda beýan edildi. 1995-nji ýylyň 14-nji martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygynda Yslamabatda türkmen tarapy Türkmenistanyň öz üstüne hemişelik bitarap döwletiň borçnamalaryny kanuny taýdan alýandygy we bu derejäni goldamaklygy haýyş edýändigi nygtalýan beýannama bilen çykyş etdi. Yslamabat Jarnamasynda agza döwletler bu beýannamany makulladylar we Türkmenistanyň bu meýlini goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
1995-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmenistanyň hemişelik oňyn bitaraplyk syýasatyny tassyklamak hakynda” Karar kabul etdi. Şol ýylyň 19-njy oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 11-nji duşuşygynda Türkmenistan bu Hereketiň agzasy boldy we öz hemişelik bitaraplyk derejesiniň goldanylmagyny haýyş edip ýüz tutdy. Maslahata gatnaşyjylar Kartahena Rezolýusiýasyna Hereketiň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini goldaýandygy hakyndaky maddany goşdular.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň konseptual esaslary ýurduň Baştutanynyň 1995-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde eden çykyşynda beýan edildi. Şol ýylyň 8-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birinji komitetinde “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” rezolýusiýasynyň taslamasy hödürlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Türkmenistanyň Hökümetiniň dünýä bileleşiginiň ýokary toplumy bolan BMG tarapyndan ýurduň bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine uly üns berýändigini beýan etdi. Şol ýylyň 15-nji noýabrda rezolýusiýanyň taslamasy tassyklanyldy we Birinji komitetde kabul edildi. Bu ýurdumyzyň Hökümetiniň we diplomatik ulgamynyň çylşyrymly syýasy-diplomatik işi doly üstünlik gazandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halky üçin taryhy waka bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50/80 A belgili “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasy kabul edildi, şol döwrde BMG-niň 25 agza-döwleti onuň awtordaşlary bolup çykyş edipdiler. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramsy tarapyndan ilkinji ykrar edilen dowlet bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Ýurdumyz häzirki wagtda BMG-niň belent ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esasda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek bir agyzdan kabul edilendigi bolsa, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, Birleşen Milletler Guramsynyň biziň parahatçylyk söýüji syýasatymyzy ykrar edýändigine ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.
Umuman, hemişelik bitaraplyk derejesi häzirki wagtda ine şeýle häsiýetlendirilýär. Hemişelik bitaraplyk-munuň özi umumylykda ykrar edilen hukuk derejesi bolup, ol döwletiň özüni ýaragly çozuşdan goramakdan başga halatlarda islendik uruşlardan saklanmak hem-de şol döwleti harby dawa çekip bilýän harby bileleşiklere ýa-da beýleki ylalaşyklara goşulmazlyk borjuny aňladýar. Bitaraplyk syýasaty nähilidir bir ahyrky maksat däldir, ol döwletiň howpsuzlygyny ýurdy harby hereketlere goşulmakdan saklamak arkaly üpjün etmegiň usulydyr.
Türkmenistan öz bitaraplygyny dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige, taraplara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirýär.
Türkmen bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilendir. Görnüşi boýunça hemişelik, wagt ölçeginde çäklendirilmedikdir. Şonuň üçün ol uruş we parahatçylyk döwürlerinde-de hereket edýär, bu bolsa ýurduň daşary syýasatyna düşnükli, durnukly, yzygiderlilik häsiýetini berýär. Içki mazmuny boýunça oňyn häsiýetli bolup, ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy aňladýan Bitaraplyk ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýän ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýardam berýär. Bu ýagdaý Bitaraplygyň ylalaşyk we dünýä bileleşigine goşulyşmagynyň maksady we şol bir wagtda serişdesi bolup durýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen bitaraplygy hili boýunça esasly bolup, ol dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny tutanýerlilik bilen maksadalaýyk ýerine ýetirýär. Türkmenistan özüniň bitaraplygynyň halkara ykrarnamasyny ýokary ynam we hormat hökmünde hem, uly jogapkärçilik hökmünde hem kabul edýär.
Türkmenistan öz hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara düşünişmek, sabyrlylyk ýaly binýatlyk ölçeglerine turuwbaşdan ygrarly bolup gelýär.
Türkmen halkyny dünýä tanadan, belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan öňdengörjülikli we parasatly syýasaty elmydama rowaçlyklara beslensin!
Hemra Kakajanow
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary


dowamy

Bitaraplygymyzyň milli ýörelgesini şöhlelendirýän kitap


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan ýurdumyz Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup, tutuş dünýäde uly abraý gazanýar. Ata Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgesini saýlap almaklygy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň milli häsiýet aýratynlyklaryndan we ruhy gymmatlyklaryndan gelip çykýandyr. Biziň ata-babalarymyz tutuş taryhynyň dowamynda kemala getiren, aýap saklan we nesillere ýetiren Bitaraplyk ýoly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň taýsyz tagalasy netijesinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Bitaraplyk syýasatymyzyň özenini düzýän, ony ähli hakykaty bilen dünýä jar edýän milli gylyk-häsiýet aýratynlyklarymyz Arkadag Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda açyk-aýdyň beýan edilipdir. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli aňyýeti, medeniýeti, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky gymmatlyklary barada özüniň ylmy-nazary garaýyşlaryny ýokary ýazyjylyk ussatlygy bilen çeper teswirläpdir.
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserde her bir gozgalýan mesele, her bir aýdylýan parasatly garaýyş doly we töwerekleýin açylyp görkezilipdir we delillendirilipdir. Alym Arkadagymyz türkmeniň häzirki eýýamda Bitaraplyk ýörelgesini gyşarnyksyz dowam etdirmegi bilen eždatlarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklaryň özara baglanyşygyny we sazlaşygyny şeýle açyp görkezýär: “Halkymyzyň taryhyň dowamynda il-uluslar, dünýäniň halklary bilen diňe ösüşiň we parahatçylygyň bähbitlerine gatnaşyk etmek meýillerine hem laýyk gelýär. Bu taglymat halkymyzyň taryhy ykbalynda uly orun eýeledi, durmuş mekdebini özleşdirmegiň ýollarynda oňa uly güýç berdi”. Görnüşi ýaly, Milli Liderimiz Bitaraplyk diýen düşünjäniň parahatçylyk, ynsanperwerlik, doganlyk-dostluk gatnaşyklary ýaly ynsan gymmatlyklary özünde jemleýändigini belläp geçýär.
Bitaraplyk taglymatyň özüne gabsap alýan türkmeniň esasy milli gylyk-häsiýet aýratynlyklary “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseriň her bir babynda ýekeme-ýeke teswirlenip, olar hakynda düýpli we töwerekleýin gürrüň edilýändigi bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz parahatçylyk, asudalyk adamzat jemgyýetiniň ösüşini we edebi ýaşaýyşyň girewidigini nygtamak bilen, bu ýörelge Oguz han atamyzdan nesilme-nesil dowam edip gelendigini, asuda durmuş bolsa, ynsanyň pahim-paýhasynyň önümi bolup tebigatdaky deň-agramlygy hem sazlaşygy emele getirýändigini halky parasatlaryň üsti arkaly açyp görkezipdir. Alym Arkadagymyz ençeme atalar sözleriň, nakyllaryň, il içindäki aýtgylaryň ynsan bilen tebigatyň sazlaşynda dörändigini ozaldan näbelli maglumatlary getirip, olaryň taryhy köklerini doly yzarlapdyr.
Alym Arkadagymyzyň eserinde goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly orun berilip, ol halkymyzyň asylly milli ýörelgeleriniň biridigi nygtalýar. Goňşy bilen hemişe ysnyşykly we ylalaşykly gatnaşyk saklamagyň zerurdygy atalar sözüdir tymsallar, rowaýatdyr “goňşokara” ýaly milli däpleriň üsti arkaly çeper beýan edilipdir. Kitapda türkmen üçin goňşy ýöne bir adaty ynsan däldigi, ynsanyň abraý-mertebesi, döwletliligi goňşa baglydygy: “Ýaňy-ýaňylar hem obalarda bir tamdyra ot goýberilip, şoňa beýleki goňşular hem üýşerdiler. Munuň tamdyr towuny tygşytlamak, wagty tygşytlamak üçinem amatly boljagy görnüp dur. Ýa-da goňşular üýşüp, bir ojagyň başynda nahar bişirerdiler. Şeýle öý bolsa hemişe toý märekesini ýadyňa salýar” ýaly anyk durmuşy wakalar bilen suratlandyrylypdyr. Hormatly Prezidentimiz häzirki günde biziň ýurdumyzda doganlyk-dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklar döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri hasaplanyp, Ata Watanymyzyň Bitaraplyk binýadyny berkitmekde, Türkmenistanyň halkara arenasynda abraýynyň has hem artmagynda uly ähmiýete eýedigini nygtaýar.
Arkadag Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndaky bölümleriň biri türkmen halkynyň myhmanparazlygyna bagyşlanypdyr. Eserde ata-babalarymyzdan arkama-arka dowam edip gelen myhmansöýerlik tutuş taryhymyzyň dowamynda halkymyz tarapyndan gyşarnyksyz ýöredilendigi açyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz türkmeniň bu asylly däbiniň gymmatyny we ähmiýeti: “Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir. Bu ýerde ýakynlyk öz bähbidiň däl-de, il-uluslaryň bähbidi babatda umumy wezipeleri seljermäge synanyşyk edilmegindedir. Myhmançylykda özara gyzykly meseleleri anyklamak üçin mümkinçilik döreýär” diýen sözler bilen beýan edýär. Türkmeniň myhmana bolan gatnaşygy hakynda halk döredijiligimiziň dürli žanrlaryna siňen parasatlardan, şeýle-de Magtymguly atamyzyň şygyrlaryndan ajaýyp setirlerinden nusgalaryň getirilmegi we olaryň teswirlenmegi bir tarapdan, halkymyzyň myhmansöýerlik ýörelgesiniň taryhy köklerine aralaşmaga hem düşünmäge mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, eseriň umumy mazmunyň baý we täsir edijiligini üpjün edýär. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan “Açyk gapylar syýasaty” ata-babalarymyzyň myhmansöýerlik milli ýol-ýörelgesi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan Bitaraplyk syýasatymyzyň özara sazlaşygynyň esasyndaky taglymatdyr.
Ýurt Baştutanymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde Bitaraplyk düşünjesine siňdirilen ýokarda agzalan milli gylyk- häsiýetlerimizden başga-da ynsanperwerlik, agzybirlik, ylym-bilim ýaly ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeler hakynda durlup geçilýär. Kitapda asylly milli ýörelgelerimiziň asyrlaryň dowamynda dowamat tapyp, hormatly Arkadagymyzyň bimöçber tagalalary bilen häzirki günlerimizde döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup durmagynyň düýp sebäbi, şeýle-de onuň jemgyýetçilik-didaktiki gymmaty biziň pikirimizçe, Mähriban Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi” atly bölümindäki: “Watanymyzyň bagtyýarlygy biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar. Häzirki ösüşli döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny eýelemegi üçin, öňümizde goýýan belent maksatlarymyz hem şunuň aýdyň subutnamasydyr” diýen dürdäne jümlelerde jemlenendir. Durmuş hakykatyny dolulygyna açyp görkezýän çuňňur pähim-parasata ýugrulan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri” ýaly eseriň halk köpçüligi tarapyndan söýlüp okalýandygy we hakydalarda mäkäm orun tutjakdygy ikuçsyzdyr.
Sapargözel Atajanowa
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultyetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy


dowamy

Towşançylygy ösdürmegiň ykdysady netijeliligi


Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025–nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” maldarçylyk pudagynyň öňünde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, maldarçylygyň beýleki ugurlaryny hem ösdürmek wezipe edilip goýuldy.
Bagtyýarlyk döwrümizde ak bazarlarymyzda, azyk dükanlarymyzda ilata ekologiýa taýdan arassa, elýeterli nyrhlardan, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ynsanyň beden saglygy üçin gündelik zerur bolan, mallardan alynýan önümler bolan et, süýt, ýumurtga we guş etiniñ owadan, ykjam gaplara gaplanan dürli görnüşleri ilata ýetirilýär. Ýurdumyzda mundan beýläk-de azyk bolçulygyny döretmekligi üpjün etmekde oba hojalyk hünärmenleriniñ we maldarlaryñ öňünde birnäçe wezipeler durýar. Bazar bolçulygyny döredip, ilatyñ isleglerini kanagatlandyrmakda, olary dürli görnüşli mal eti bilen üpjün etmekde, gaýtadan işlemek üçin gymmat bahaly çig mal hasaplanylýan sütükli derileri bolan towşanlaryň we beýleki sütükli derili haýwanlaryñ öwrenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşi hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň ykdysadyýetini ylmy esasda dünýäniň iň ösen döwletleriniň kämilleşen tehnikalaryny satyn alyp bermegi bilen innowasion täzelikleri önümçilige ornaşdyrmak baradaky aladalarynyň netijesinde ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzümindäki ylmy barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag derňewler geçirilýär. Her ýylda ýokary okuw mekdeplerinde işleýän ýaş hünärmenler ylmy-barlag işlerini alyp barmak bilen yzygiderli meşgullanýarlar.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalygyna hem uly üns berilýär. Onuň ähli pudaklary ylmyň gazananlarynyň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen innowasion ösüşe eýe bolýar.
Towşançylyk maldarçylygyñ iň girdejili, az zähmet talap edýän, ösüp barýan ugurlarynyň biridir. Towşanlaryň arassa tohumyny köpeltmek, tohumçylyk we hojalyk gymmatly alamatlaryny saklamak hem-de tohumçylygynyň hilini kämilleşdirmek, baş sanyny artdyrmak esasy maksat bolup durýar. Et-deri ugurly towşan tohumlaryndan sütükli dersinden başga-da siňijiligi ýokary bolan, berhizlik et alynýar. Innowasion tehnologiýalar ösen döwründe towşanlary ylmy esasda talaba laýyk saklamagyň we idetmegiň ykdysady taýdan netijeliligi ýokary bolýar. Towşançylyk işini alyp barmaklyk gaty köp möçberde maýa goýumy talap etmeýär hem-de işiň alnyp barylyşy ýönekeý bolup, ol aýratyn harajat talap etmeýär. Towşanlar tiz köpelýänligi bilen tapawutlanyp, ýylyň dowamynda 7-8 gezek çebşekleýär.
Towşanlaryň önümliliginiň 20-30%-ti saklanyş şertine, 25%-ti towşanlaryň tohumyna we 55 %-ti olaryň iýmitlendirilişine bagly bolup durýar. Ilki bilen olaryň saklanjak ýerleriniň temperaturasyny sazlamaly. Çalt üýtgeýän mikroklimat olaryň köpelmegine hem-de çebşekleriň ulalmagyna ýaramaz täsir edip bilýär.
Kiçi towşançylyk fermalaryny döredip işe goýmak üçin birnäçe zerur şertleri göz öňüne tutmaly: towşanlary soýup olaryň derisini gaýtadan işlemek, olaryň etlerini arassalamak we gaplamak üçin amatly iş şertini döretmeli. Towşanlary iýmitlendirmek maksady bilen ot-iýmleri ýetişdirmegi göz öňünde tutulmaly. Ammarlaryň içinde ot-iýmleriň gowy saklanmagyny hem-de howasynyň wagtly-wagtynda täzelenip durulmagyny gazanmaly. Çebşeklikden saýlanan towşanlary baka goýmagy göz öňünde tutyp, agramy ýeten towşanlary ýörite ýasalan kapasalarda saklamaly. Olar agaçdan ýasalan bolup, gapylary gözenek görnüşde, tehnologiýasyna baglylykda, kapasalaryň ýylylygy sazlaýan hem-de suw, iýmit goýberip bolýan turbalar bilen üpjün edilen bolmaly. Kapasalarda hökmany suratda suw hem-de mineral daş bolmaly. Bu olaryň sagdynlygy üçin zerur hasap edilýär. Mineral daşy towşanlar dişini çalmak üçin ulanýar.
Towşan etiniň iýmitlik gymmatynyň ýokarydygy hem-de saglyga örän peýdalydygy hemmelere mälimdir. Önümçiligini bolsa, galyndysyz diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi, towşanyň eti iýmit üçin peýdalanylýan bolsa, onuň sütükli derisini gön önümçiliginde peýdalanyp bolýar. Etini ýerlemekde söwda nokatlaryny, dynç alyş merkezlerini, çagalar baglaryny, restoranlary, bazarlary göz öňüne tutyp, alyjylar bilen şertnama baglaşmak esasynda aňsatlyk bilen ýerlemek mümkinçiligi bar. Sütükli derisini bolsa, derini gaýtadan işleýän zawodlar bilen ylalaşyk baglaşylsa, önüm galyndysyz gaýtadan işlener.
Telekeçilik işine döwlet goldawynyň – ýeňillikli karz serişdeleriniň yzygiderli goýberilmegi esasynda, bu pudakda gazanyljak netijeler ýylsaýyn artar. Bu üstünlikler adamlaryň hal-ýagdaýynyň, durmuş üpjünçiliginiň gowulanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde aýdyň görünýär. Telekeçilerimize degişli kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümler, hojalyk harytlary ýurdumyzda uly isleg bildirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan desgalar diýarymyza aýratyn bezeg berýär. Ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek, bazarlarymyzy azyk we senagat önümleri bilen üpjün etmek ugrunda telekeçilerimiz jan aýaman zähmet çekýärler.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bahra kuwwatlanmagynda telekeçilik işiniň ähmiýetiniň uly boljakdygy olaryň alyp barýan yhlasly işlerinden aýdyň görünýär. Bu bolsa biziň üçin guwandyryjy wakadyr. Çünki Gahryman Arkadagymyz “Döwlet adam üçindir!” diýip belläp geçýär.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Eziz Watanymyz Türkmenistan dünýäniň jennet mekany, parahatçylyk nyşany, asudalygyň alamaty hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda gadymy türkmen topragy galkynyp, uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli pudaklar diwersifikasiýa ýoly bilen, sanly ykdysadyýetiň täze ugurlary boýunça ösdürilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, röwşen geljegimiziň gözbaşy bolan ýaş nesillerimizi häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede ylymly, bilimli we ösen sanly tehnologiýalardan üstünlikli baş alyp çykýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda, alnyp barylýan beýik işler döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Oba hojalygynyň ileri tutulýan pudaklary boýunça uniwersitetimizde hem ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy giňden ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli çözgüdi esasynda Ylmy-önümçilik merkezlerinde alymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, ylmyň we önümçiligiň utgaşdyrylmagyny kämilleşdirmäge, ýokary hünär taýýarlykly ylmy işgärleri we ýaş alymlary taýýarlamaga hem-de ýaşlary ylmy döredijilige çekmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Biz hem şu ajaýyp ýörelgeden ugur alyp Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga, şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!


Şöhrat Wekilow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy


dowamy

Dowardarçylyk we süriniň alabaýlarynyň terbiýelenişi


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr.

Türkmenistanyň ýerleşýän ýeriniň köp böleginiň relýefi we klimaty biziň ata- babalarymyza çarwaçylyk bilen meşgullanmaga amatly bolupdyr. Olar asyrlaryň dowamynda dowardarçylygyň ýazylmadyk çylşyrymly ýollaryny döredipdirler. Ýagny süri, sürüniň düzümini we agzalaryny (çopan, çoluk, alabaý it, düýe, eşek) düzüpdirler, olaryň her biriniň dowardarçylykdaky ornuny kesgitläpdirler. Dowarlary bakmakda olardan önüm almakda, olary keselerden goramakda öri meýdanlarynyň ähmiýetine, höwür möwsümlerini (goç teke kompaniýasy), gurnamagyň hiline, dowarlary gyşlatmagyň aýratynlyklaryna, owlak-guzy almak möwsümini geçirmegiň düzgünlerine, dowarlary suwa ýakmagyň tertibine, ýaz we güýz gyrkymlaryny geçirmegiň möhletine, sürüniň aýrylmaz agzalary bolan alabaýlary sürä wepaly edip terbiýelemegiň düzgünlerine uly üns beripdirler we dowardarçylygyň durmuşyna ornaşdyryp bize miras galdyrypdyrlar.
Dowardarçylykda ýylyň her bir paslynynyň ähmiýetini wajyp hasaplaýarlar, şol sebäli-de sürä berlen öri meýdany mallaryň bähbidi üçin ýerli ýagdaýlara baglylykda çopanyň we hünärmenleriň pikri boýunça (gyşky, ýazky, tomusky we güýzki öri meýdan) dört bölege bölýärler. Bu öri meýdanlar çopan we süri üçin wagtlaýyn hasaplanmaýar, şol sebäpli-de çopan ol ýerleri ýylyň dowamynda özüne degişli däl mallardan gorap saklaýar. Şeýlede her pasyl tamamlanandan soň indiki örä geçilmezinden öň bu ýeri talabalaýyk arassalaýarlar, ol ýerde ýönekeýjeler gyşlamaz ýaly dersi doly aýyrýarlar we topragy iýiji natriniň ergini bilen dezinfeksiýa etdiýärler.
Türkmen halkynda bir nakyl bar “Ýer ala, ýurt ala” diýilişi ýaly sürä niýetlenen öri meýdanda şertli ýagdaýda ýyly oýlar hem bolýar, şol ýyly oýy sürüniň gyşky örüsi diýip belleýärler. Şol ýerde sürä niýetlenip taýýarlanan gyş otuny basýarlar, onuň daşyna ini 5-6 m ätiýaçlyk gorag aralygyny çekýärler we gyş ýatagyny gurýarlar. Ol ýerde gandym, çerkez, ojar ýaly daragt agaçlarynyň köp bolmagyny üns merkeze alýarlar. Gyş aýlary ýere gar düşende-de dowarlary öri meýdana çykarýarlar, olar doýmasalarda şol agaçlaryň pürleri (ýapraklary) bilen tamşanýarlar, ýöräp aýaklaryny ýazýarlar we ýyly ganly mallara mahsus bolan häsiýete eýerip daşky howa şertlerine baglylykda bedeniň temperaturasyny sazlaýarlar. Gyş aýlary her hepde-de bir gezek, bolmasa-da iki hepdeden bir gezek mallary guýynyň ýyly suwundan suwa ýakýarlar. Guýudan suwy entek mallar ol ýerik barmazyndan 10-20 min öň çekdirilýär. Bu bolsa gyşyň dowamynda gury ot bilen iýmitlendirilýän mallaryň bedeninde suw çalşygynyň kadada saklanmagyna ýardam edýär. Gyş aýlary ol hökmany gerek bolan tejribe hasaplanylýar. Sebabi her bir çopanyň maksady dowarlary horlaman, sowuklatman gyşdan çykarmak bolýar. Bu meselede çopanlaryň we olara berlen kömekçi çopanlaryň (işgärleriň) tutanýerli, maljanly zähmedi “Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysyda gylyksyz” diýen nakyldan ugur alyp hüşgärligi elden bermejek bolup ýerine ýetirýän işleridir. Olar mümkin boldugyça dowarlaryň endamyny we durýan ýeriniň topragyny gury saklajak bolup çalyşýarlar, gerek bolan ýagdaýlarda hünärmenlerden haýyş edip dowarlaryň durýan ýeriniň palçygyny traktor bilen aýyrdýarlar. Şeýdip olar mallary gyşdan sag aman çykarmagyň aladasyny edýärler. Bu döwürde, ýagny, ygally günlerde bedeniň konweksion (gorag ) goragyny bozdurmajak bolup döwarlary bakmaga ýatakdan uzak aralyga äkitmeýärler.
Gyş aýlary sürüniň (sürüde terbiýelenen) alabaýynyň saklanylyşy we iýmitlendirilişi üns merkezden düşürilmeýär. Olara agylyň girelgesiniň sag tararpynda tagtadan ýörite basdyrmajyk gurýarlar, ony agylyň girelgesiniň gapdalynda goýýarlar, basdyrmada diwarlar we gapy bolmaýar. Ýöne basdymanyň düşegine köne keçe düşeýärler. Çopan her gün özi naharlanmazdan öň alabaýy iýmitlendirýär. Süri örä çykarylanda alabaý sürüniň öňüni çekýar.
Ýazky öri meýdana gandym, çerkez, ojar ýaly daragt agaçlary az bolan çüm (toýunsöw) ýeri saýlaýarlar. Bu ýerde dowarlardan owlak guzy almak möwsümini meýilleşdirýärler. Şol sebäpli-de möwsüm başlamazda 1-2 hepde öň ýerli çig mallardan taýýarlanan agyllary ( bogaz goýunlar, körpe guzuly goýunlar we uly guzuly goýunlar üçin niýetlenen agyllary ) arassalaýarlar we dezinfeksiýa edýärler. Weterinariýa sanitariýa işleri doly geçirilenden soň, goýunlaryň guzlamagy başlamazdan 5-7 gün öň dowarlary ýazky öri meýdana getirýärler. Bu döwürde hojalygyň hünärmenleri tarapyndan sürä kömekçi işgärler bellenilýär.
Ýerli çig mallardan dikilen agyllar gulaklaryna belgi (birka) dakylan ene goýunlar we guzular üçin howply bolmaýar. Gözenekli simdan (tordan) dikilen agyllaryň toruna goýunlaryň we guzularyň gulaklaryndaky birkalar ilişýär we mallaryň gulaklaryny ýyrtyp şikesleýär. Bu şikeslere siňekleriň gurçuklaryň ýumurtgalaryny getirmegi netijesinde ol ýerde ýumurtgalaryň ösüş hadysasy başlanýar. Şunuň ýaly hadysalaryň öňüni almak üçin agyllary ýerli çig mallardan dikmegi ýerlikli hasaplaýarlar. Ýaş guzuly goýunlara niýetlenen agylyň golaýynda uzynlygy 1m, ini 0,5m, çuňlugy 1m bolan körpeçe (öz guzusyny almaýan işşek goýunlar üçin) taýýarlaýarlar. Körpeje guzusyny almaýan goýuny guzusy bilen bile salýarlar, guzynyň endamyna duzly şerebe çalýarlar, haçan-da goýun guzyny ysganda şerebäniň ysyny alyp guzyny ýalap başlaýar, şol wagt guzuda enesini emmäge mümkinçilik bolýar.
Dowarlardan owlak- guzy almak möwsümi başlananda sürä kömekçi işgärler bellenilýär, olar gijelerine bogaz goýunlaryň saklanylýan agylyna 1-2 gezek gözegçilik edýärler, eger guzlan goýun bar bolsa onuň guzusynyň agzynyň we burnunyň şirelerini weterinariýa –sanitariýa çärelerini berjaý edip aýrýarlar we guzulary enesine emdirýärler. Soňra olary körpe guzuly goýunlaryň agylyna geçirýarler.
Her gün irden körpe guzuly goýunlary agyldan bakmaga çykaranlarynda agylyň agzynda guzulary eneleri bilen tapyşdyrýarlar (muňa seltemek diýilýär). Şu işi (seltemegi) kömekçi çopan goýunlary örüde bakyp ýörkä-de bir ýa-da iki gezek gaýtalap geçirýär. Sebebi kä halatlarda körpe guzular otuň içinde uklap galýarlar, enelerini emip bilmeýärler we aç galýarlar. Ýöne sürüniň alabaýy uklap galan guzynyň ýanyndan aýrylmaýar, ony (guzyny) ýokarda aýlanyp ýören bürgütlerden goraýar. Mundan başga-da bu wagtlar alabaý hem derman otlaryny saýlaýar, olary çeýnäp ýene-de daşa çykarýar. Bu häsiýet olarda tebigy ýagdaýda özleriniň saglygyny berkitmäge ýardam edýär.
Körpe guzuly goýunlary agyla golaý ýerde bakýarlar, ýagyş güýçli ýagan ýagdaýlarda “Ýaz ýapynjaňy ýanyňdan goýma, galanynam özüň bil” diýen nakyla eýerip agyla getirýärler. Her günki guzlan goýunlary guzulary bilen bile körpe guzuly goýulara goşýarlae. Şeýlelikde körpe guzuly goýunlaryň topary döreýär we ol gün-günden köpelýär.
Ýaz aýlary howa durnukly bolmaýar, bir gün güneşli, ertesi ýagynly, soňra ýukajyk gar ýagýar, bir gün hem sowuk bolýar. Bu hadysalar biziň ata-babalarymyzyň owlak-guzy möwsümini ýaz aýlarynda geçirmegi örän oýlanyşykly pikiri esasynda gelnen netije diýip düşünmelimikä diýip pikir edýäris. Sebäbi ýaş bedeni güneşe, ýagyşa-ýagmyra we sowuga öwrenişdirmek malyň geljekki çylşyrymly dürmuşynda kesellere durnuklylyk, tohumyna laýyk önüm bermeklige düýpli taýýarlamakmyka diýip pikir etmäge bizi mejbur edýär.
Owlak-guzy almaga niýetlenen örüniň çüm (toýunsöw) ýer bolmagynyň sebäbi-de haçan-da guzujyklar eneleriniň howes bilen ot iýýändiklerine syn edip olar hem enelerine meňzejek bolup (entek ot iýmäni öwrenmänkäler) ota azyz urup iýýän şekilli bolup bökjekläp oýun edýärler. Haçan-da ot iýmegi öwrenenlerinden soň olaryň dişläp çeken oty çortulyp gaýdýar (eger, toprak çägesow bolsa ot köküniň gumy bilen gaýdýar, ony olar çeýnäp ýuwudýarlar ol bolsa aşgazan içege ýolunuň dykylmagyna getirýär). Ine şuda (çüm ýer) ata-babalarmyzyň bize dowardarçylygy ösdürmäge mümkinçilik berýän miraslarynyň biridir.
Dowarlardan owlak- guzy alynýan döwür uzak wagta çekmeýär, şeýle-de bosa geljekki mallaryň baş sany, saglygy köp halatlarda şu döwre bagly bolýar. Şol sebäpi-de bogaz we guzuly goýunlaryň agyllarynyň topragyny talabalaýyk gury saklamak esasy işleriň biri bolup durýar. Goýunlar bakmaga çykarylanda agyllaryň içi belli bir derejede ýelejireýär, çalykýar, şeýle-de bolsa ony weterinar hünärmenleri üns merkezden düşürmeýärler. Weterinariýa –sanitariýa çärelerini göz öňünde tutup we guzularyň we goýunlaryň rahat dynç almaklary üçin agyllaryň içiniň palçygyny traktor bilen aýyrdýarlar, täze arassa toprak dökdürýärler.
Bu döwürde weterinar lukmanlary ýa-da weterinar feldşerler täze doglan guzularyň, olaryň eneleriniň we bogaz goýunlaryň saglygyny yzygider gözegçilikde saklaýarlar, gerek bolan halatlarda weterinariýa kömeklerini berýärler.
Dowarlardan owlak- guzy alynýan döwür tamamlanyp başlanda, entek (ýönekeýjeler) siňekler we sakyrtgalar köpçülikleýin örmäňkä weterinar lukmanlary sürüdäki erkek guzulary biçmek işlerini gurnaýarlar. Olar guzulary biçmek düzgünini iki hili (açyk we ýapyk) düzgünde ýerine ýetirýärler. Olaryň has amatlysy ýapyk düzgün hasaplanylýar. Onda bedende şikeslenme hadysasy bolmaýar, guzular ýaralanmaýar we gowy ösýärler, ulalýarlar.
Owlak-guzy almak möwsümi tamamlanandan soň weterinar lukmanlary agyllarda weterinariýa-sanitariýa, dezinfeksiýa işlerini talabalaýyk geçirýärler we hünarmenleriň maslahat bermeginde sürüni ýaz gyrkymyna taýýarlaýarlar.
Ýaz gyrkym işleri fermanyň merkezinde merkezleşdirilen ýagdaýda weterinariýa-sanitariýa çäreleri berjaý edilen, deinfeksiýa işleri doly derejede geçirilen basdyrmanyň aşagynda alnyp barylýar. Gyrkylýan goýunlar weterinar lukmanynyň gözegçiliginde saklanýar, goýunlaryň ösen paşmaklaryny, goçlaryň ösen, aşa ösen şahlaryny kesýärler, tertipleşdirýärler. Ýaz gyrkymyna getirilýän goýunlar köp halatlarda (eger ýüňi aşa hapa bolsa) gyrkymdan 3-4 gün öň ýöriteleşdirilen ýerde ýuwýarlar. Şeýle edilende gyrkym işleri örän ýeňil gidýär. Goýunlaryň endamynda şikeslenme az, ýuň arassa bolýar. Gyrkyma gatnaşýan we kömekçi işgärlere işiň tehniki howpsuzlygyny berjaý etmek barada düşündiriş işleri geçirilýär. Gyrkym döwründe iki ýa-da üç gyrkymça bir kömekçi (güýlügçi) berkidilýär. Bu döwürde tejribeli çopanlar öz kömekçileri bilen sürüdäki guzularyň güýruklarynyň aşagynyň ýüňüni howlukman (gyrkym gutarýança) gyrkýarlar, olaryň goltuklaryny we döşlerini arassalaýarlar. Bu hadysa guzularyň goltuklarynyň, guýruklarynyň aşagynyň şemallamagyna ýardam edýar we sakyrtgalardan goraýar.
Dowarlar gyrkylyp gutarandan soň mallaryň endamyna gyrkylyk degip şikeslenen ýerlerinde parazitar gurçuklaryň ýumurtgalary ösmez ýaly weterinariýa sanitariýa maksatlary göz öňünde tutup olary dermanlanan suwdan geçirýärler.
Gyrkymdan çykan sürüni goýunlaryň endamyndan “gyrkylygyň yzy gidýänçä” bakmak üçin agyldan uzak aralyga äkitmeli däldir diýen atalar sözüni ýatda saklap çopanlar olary uzak aralyga äkitmeýärler. Sebäbi goýunlaryň deri örtüginiň daş ýüzünde ýüň bilen aralykda “gorag aralygy” diýen bir aralyk bolýar. Adaty ýagdaýlarda şol aralyk atmosferadan gelýan howany “sowuk, ýyly” we madda çalşygy netijesinde bedenden çykýan ýylylygy saklaýar we kadalaşdyrýar. Gyrkylan goýunlaryň ýüňi ösýänçä şol aralyk belli bir derejede öz funksiýasyny doly ýerine ýetirmeýär. Şonuň üçin hem şol döwürde olar sowuga esasan hem ýagyşa çydamsyz bolýarlar (beden belli bir wagta çenli ýylylyk sazlaşygy kadada saklap bilmeýär) we howanyň plýus temperaturasynda-da (+5 +70С) olar ýagyşyň täsirinde buýma hadysasyna (esasan hem hor toklular we goýunlar) sezewar bolýarlar. Şonuň ýaly hadysalar bolmaz ýaly çopanlar mallaryny ýylyň dowamynda orta semizlikde saklamaga çalyşýarlar.
Ýazky gyrkym tamamlanandan soň gyrkym geçirilen merkezde weterinar lukmanynyň ýolbaşçylygynda arassaçylyk işlerini geçirýärler, dezinfeksiýa çärelerini iýiji natriniň ergini bilen talabalaýyk ýerine ýetirýärler.
Gyrkylan sürüni ýuwaş ýuwaşdan özleriniň tomusky öri meýdanlaryna äkidýärler.
Tomusky öri meýdan üçin guýa golaý we gandym, çerkez, ojar ýaly daragt agaçlary köp bolan ýerler saýlanyp alynýar. Guýynyň suwlulygyna baglylykda ondan bir ýa-da iki sürüni suwa ýakýarlar. Tomus paslynda dowarlary günde bir gezek ýa-da günaşa suwa ýakýarlar. Köp halatlarda guýularyň töwereginde gyrymsy otlar az bolýar. Şol sebäpli-de dowarlary suwa getirenlerinde olary güýynyň yk tarapyndan eltýärler we ony hökmany hasaplaýarlar. Çopanlar bu hökmanylygy tomus döwründe toprak gury bolansoň dowarlar aýaklary bilen süýşýän çägäni guýa tarap golaý getirmez ýaly maksat bilen edýärler.
Mundan başga-da bu döwürde çopanlara çilim çekmek we hususy ulaglaryny sürmek, otlara çyg düşýänçä çaý, nahar taýýarlamak üçin ot ýakmak gadagan edilýär. Olara bu zatlary (dündelik iýmitlerini) fermanyň merkezinden (öýlerinden- ýangyn howpsuzlygy üçin) termoslarda eşekli getirmegi we olaryň iýmitiniň esasy böleginiň gowurma bolmagyny ýola goýýarlar.
Guýynyň nowalaryny, olardan bir bada 50-60 baş dowar suw içer ýaly ýagdaýda ýerleşdirýärler we kömekçi çopan oňa mallary guýynyň yk tarapyndan bölüp- bölüp goýberýär. Dowarlar suw içenden soň guýynyň golaýyndaky gandymlaryň, çerkezleriň, ojarlaryň ýapraklaryndan iýer ýaly şol ýere göýberýärler (şorlatma) soňra olara şol ýerde dyç berýärler. Bu wagt çopan sürüniň alabaýynynyň dynç almagy üçin ona ojarlaryň kölegesiniň goýurak ýerini saýlap berýär. Alabaý kölegäniň aşagynda özi üçin topragyň yzgarly ýerine çenli çuňlukda hüň gazýar we şol ýerde dowarlar örýänçä dynç alýar. Itleriň deri örtüginiň der mäzleri gowy ösen bolmaýar, şol sebäpli-de tomus aýlary olar bedeniniň ýylylyk sazlaşygyny dilini agzyndan çykarmak we döşüni yzgarly ýere bermek arkaly sazlaýarlar we dynç alýarlar.
Tomus döwründe çopanlaryň öz işlerini gurnaýşyna baglylykda dowarlary esasan howanyň salkyn wagtlary bakýarlar, agşam nahardan soň gijelerine sürüm edýärler (gije bakýarlar). Sürüm wagtynda sürüniň alabaýy dowarlaryň barýan ugrunyň öňüniň sag tarapynda, a çopan bolsa ses ýeter ýaly aralykda sürüniň yzynda bolýar. Işiň şunuň ýaly gurnalmagy (gije sürüm etmeklik) goýunlary höwür möwsümine (goç teke möwsümi) orta semizlikde eltmäge mümkinçilik döredýär.
Tomsuň ahyrky aýynyň soňunda dowarlary güýzki öri meýdana geçirmezden öň goýunlardan guzulary aýyrýarlar soňra güýzki öri meýdana geçirýärler. Güýzki öri meýdan üçin dürli däneli we ýokumly otlaryň köp ösýän ýeri saýlanyp alynýar. Dowarlary bakmagy tomus paslyndaky ýaly dowam etdirýärler.
Güýzki öri meýdanda höwür möwsümini (goç teke möwsümi geçirilýär) talabalaýyk geçirmek üçin agyllarda öňünden ähli weterinariýa sanitariýa çärelerini doly derejede ýerine ýetirýärler.
Ýaşaýyşa ukyply, berk bedenli nesil almak üçin mowsümden öň höwre goýberiljek goçlar brusellýoz keseline barlaghana şertinde barlanylýar we olarda arassaçylyk işlerini yzygider geçirýärler. Weterinariýa sanitariýa talaplaryna laýyk gelmedik goçlary höwre göýbermeýärler.
Guzulardan saplanan goýunlaryň iýýän dürli däneli we ýokumly otlaryň ýokumy doly derejede bedene siňýär we bedeni (çarwalaryň dilinde) suwlandyrýar olary tebigy şertlerde höwür kompaniýasyna taýýarlaýar. Gerek bolan ýagdaýlarda goçlary goşmaça iýmitlendirýärler. Bu döwürde sürüniň töweregine dürli transportda barmak gadan edilýär, ähli ümsümlik çärelerini doly berjaý edýärler. Goç teke möwsüminde sürüniň baş we kömekçi çopanlaryny, hat-da alabaýyny çalşyrmaga-da ygtyýar berilmeýär. Sebäbi iň bir ýönekeýje zat hem aňyrdan gelýän düzgüni bozmagy we goýunlaryň goça gelmegine päsgel bermegi mümkin.
Höwür mowsümi tamamlanandan soň tohumlanan goýunlary güýzki öri meýdanda 1-1,5 aý kabul edilen düzgünde bakýarlar. Dowarlar bişen däneli we ýokumly otlary işdämenlik bilen gowy iýer ýaly olary birahatlandyrmaýarlar. Tomus we güýz aýlary dowarlary agyla salmaýarlar. Olary bakylýan ýerlerinde ýatyrýarlar. Olaryň ýatan ýerlrini çarwalar garaýatak diýip atlandyrýarlar. Şeýlede bu döwürlerde alabaýlaryň hem ýatagy bolmaýar, olar hem sürüniň daş töwereginde bolýarlar.
Bu döwürde sürüniň alabaýlary dowarlaryň daş töwereginden aýrylmaýarlar, olary ürküzäýjek zatlardan goraýarlar. Şeýle düzgünde goýunlary orta semizlikde gyş paslyna ýetirýärler we talabalaýyk gyşladýarlar. Şeýlelikde ýylyň dowamynda çekilen zähmet özüniň netijesini hem berýär, ýagny her 100 ene goýundan 90-95 guzy almaga mümkinçilik döreýär.
Pasyllaryň hemmesinde-de baş çopan sürüniň alabaýlaryny özüniň berk gözegçiliginde (iýmitlendirmek, tohumlandyrmak) saklaýar. Sürüniň ganjygyny her ýeten köpek bilen tohumlandyrmaýar, köp halatlarda özüniň tanaýan, atasyna enesine belet, goýunçy, sürä berlen, häsiýeti gowy köpek bilen sanitariýa çärelerini berjaý edip çakyşdyrýar. Ganjyk güjüklemänke onuň üçin oňaýly, arassa ýer taýýarlaýar. Alnan güjüklerden özüne geregini (enesiniň mähremini, daýawjasyny) saýlap alýar (beýlekilerini ýok edýär). Soňra gerekli dokumentleri (pasport) weterinariýa gullugyndan alýar we saýlap alan güjügini ösdürip ýetişdirýär, sürä öwrenişdirýär, dowarlar dynç alanda, örüde otlap ýörkä, gijelerine sürüniň haýsy tarapynda bolmalydygyny sözler bilen ýa-da üm bilen (çarwa dilinde) öwredýär. Çopan alabaýlary terbiýelände hiç wagt käýinmeýär, hapa sözleri aýytmaýar, oňa iş buýrulanda, çagyrylanda sözleri haýsy tonda, nähili aýdylýanlygyny yzygider gaýtalaýar.
Wagty gelende owadanlyk üçin weterinariýa sanitariýa düzgünlerini berjaý etdirip, ýönekeýjeler örmänkä weterinar lukmanyna olaryň gulaklaryny (deň ölçäp), ulalanda sak (duýgur) bolar ýaly guýrugyny kesdirýär, ýaralaryň bitişini öz gözegçiliginde saklaýar. Weterinar lukmanynyň iş meýilnamasyna laýyklikda sebitde gabat gelýän ýokanç we parazitar kesllere garşy sanjyn işlerini öz wagtynda geçiridýär.
Çopan alabaýlar üçin hojalyk tarapyndan ýörite berilýän undan hamyr taýýarlap olary özünden öň naharlaýar, olara hiç wagt haram ölen ýa-da depme halal edilen malyň maslygyndan hiç zat bermeýär. Ýöne, özünden galan naharyň süňküni alabaýlaryň dişlerini berkitmek maksady bilen ýörite berýär, çopan, alabaýlary naharlaýan gaplaryny örän arassa saklaýar.

T.Garlyýew
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň dosenti,
Weterinar ylymlarynyň doktory


dowamy

“ Daýym unutmaz men tylla gapysyn ”


Dünýä halklarynyň ruhy-medeni ösüşine aýratyn goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny we sungatyny giňden wagyz etmek, olary ylmy taýdan içgin öwrenmek hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ilkinji nobatda, halkyň aň-düşünjesini kämilleşdirmek, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, medeniýetleri ýakynlaşdyrmak ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany “ ýylynda geçirilen “ Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty “ atly halkara maslahatynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçmek barada durup geçdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel künjeginde, Gündogaryň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärligi gurulýar. Ýadygärligiň beýikligi 60 metre, durmaly ýeriniň diametri bolsa 25 metre deň bolup, oňa barýan basgançakly ýola granit düşeler. Şeýle-de bu ýerde meýdany 6 gektara barabar bagy-bossanlyga bürelen seýilgäh hem gurlar. Bu ajaýyp ýadygärligiň öňünde geljekde çeper okaýyşlary, edebi agşamlary we medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi ynsan aňyna hem-de ýüregine ýakyn beýik Pyragynyň şygryýetiniň nesiller üçin gymmatlyk we durmuş ýörelgesi bolup hyzmat edýändigine şaýatlyk edýär.
Dana Pyragynyň goşgy setirleriniň her biri, türkmen halkynyň aňyna nakyl, pähim-paýhas bolup ornaşypdyr. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhly keşbi döretmegine Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi ýardam eden bolsa gerek. Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada “ Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir “ diýip ýazýar. Elbetde, hiç bir zat tarp ýerden döremeýär. Magtymgulynyň beýik akyldar şahyr bolmagynda Döwletmämmet Azadynyň iňňän uly hyzmaty bardyr.
Biz şu makalamyzda Magtymguly Pyragynyň okap, bilim alan ýerleri barada gürrüň etmegi maksat edindik.
Magtymguly Pyragy başlangyç bilimi öz kakasy Döwletmämmet Azadydan alan bolsa, onuň ilkinji mugallymy Nyýazsalyh diýen adam bolupdyr. Magtymguly örän zehinli bolupdyr. Ol dürli kitaplary köp we irginsiz okapdyr. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserlerininiň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet Azady onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir.
Döwletmämmet Azady öz ogluny ilki häzirki Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän meşhur Idris babanyň medresesine okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara gidip, “ Gögeldaş “ diýen medresä okuwa girýär we onda iki ýyl okaýar. Pyragy esasy bilimi Hywadaky “ Şirgazy “ medresesinde alýar. Ol “ Şirgazy “ medresesinde üç ýyl okaýar. Bu bilim ojagyna akyldar şeýle şahyrana setirleri bagyşlapdyr:

Kutbda saý gözläp, ummana duşdum,
Neýsan guýdy, umman gaýnadym-joşdum,
Hoş gal, bu gün Jeýhun bahrydan aşdym,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Magtymguly taşlap göwün hapasyn,
Sylady pirini, molla, sopusyn...
Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

Beýik akyldaryň okap bilim alan ojaklarynyň biri hem Idris baba medresesidir. Bu medrese hakynda giňişleýin maglumatlar ýok, emma türkmen edebiýatynda Pyragynyň okan medreseleriniň arasynda onuň ady hem agzalýar. Biz şu ýerde Idris baba hakynda gürrüňimizi dowam etmek isleýäris. Megerem, Idris babanyň kim bolanlygy we onuň bilen bagly rowaýatlar ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek.
Idris baba medresesi.

Öz döwrüniň bilim ojagy bolan Idris baba medresesi häzirki Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Magtymguly obasynda, türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň gadamy düşen toprakda ýerleşýär. XVIII asyr Orta Aziýa arhitektura sungatynyň özboluşly ýadygärligi bolan Idris baba medresesiniň kaşaň ymaraty sap bişen kerpiçden bina edilipdir. Bina güberçek görnüşli ullakan gümmez bilen ýapylypdyr. Medrese şeýle kaşaň we göze ýakymly, gelşikli edilip gurlupdyr. Medresäniň esasy ymaratynyň gündogar-demirgazyk tarapyndan birmahallar kiçeňräk goşmaça kömekçi jaýlaryň hem-de talyplar üçin hüjreleriň tutuş bir hatary gurlupdyr. Ýöne, bu kiçeňräk ymaratlar ulgamy häzirki wagta çenli dürli sebäplere görä saklanyp galmandyr. Olaryň käbir galyndylarynyň saklanyp galmagy bu ýerde hüjreleriň giden bir hatarynyň bolanlygyna şaýatlyk edýär. Şu hüjreleriň aňyrsynda bolsa çig kerpiçlerden ýa-da laý tokgalaryndan gurlan ençeme gurluşyklar, naharhana, myhmanhana, howuz, ammarlar we beýleki bir näçe hojalyk jaýlary ýerleşipdir. Medresäniň eýesi bolan Idris babanyň ygtyýarynda birnäçe gektara barabar ekerançylyk ýerleri-de bolup, ol ýerlerde bugdaý, jöwen, mäş, noýba, kädi, gawun-garpyz, käşir, sogan, ýorunja ýaly ekinler ekilipdir. Ol ekinlerden alynýan önümlerinden bolsa talyplar azyklyk üçin peýdalanypdyrlar. Idris babanyň özi juda guramaçy hem-de ugurtapyjy, zähmetsöýer adam bolupdyr. Ol medresäniň ähli serişdelerini talyplaryň bilim we terbiýe almagy üçin sarp edipdir. Medresäniň öz harazy, suw çykarýan jykyry, howuzy, harmany bolupdyr.
Amyderýanyň orta akymynyň çep kenarýakasynda ýerleşen bu ýörite orta okuw jaýynyň ähli hojalyk okuw-terbiýeçilik işlerine, medeni-köpçülik çärelerine Idris babanyň hut özi ýolbaşçylyk edipdir. Onuň onlarça sopusy, dershana serenjamçylary, hatdatlary, kitapdarlary, depder, galam we syýa kätipleri, ekerançylyk we maldarçylyk işgärleri bolup,olaryň hersi öz işine ussat adamlar eken. Medresede Idris babanyň ýolbaşçylyk etmeginde oglan-gyzlaryň 200-den gowragy bilim we terbiýe alypdyr. Idris baba öz döwrüniň Allanyň nazar salan keramatly piri bolupdyr. Idris baba Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady bilen Buharada tanyşýar. Azady Idris babanyň ylmyna uly sarpa goýup, ogly Magtymgulyny şondan terbiýe we ylym öwrenmäge iberýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem Idris baba medresesinde okap bilim alýar. Il içindäki gürrüňlere görä, bu meşhur medresede XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Allaguly-Allahy, Molla Kerimberdi, Şüküri ýaly şahyrlar hem okap öz zehinlerini taplapdyrlar.
Idris babadan soň bu okuw jaýyna Nyýazguly halypa ýolbaşçylyk edipdir. Bu medresäni gurduran Idris baba hakynda il arasynda dürli rowaýatlar saklanyp galypdyr. Olaryň birinde şeýle diýilýär: “ Gadym döwürde bu obada bir är-aýal ýaşapdyr. Olar örän garyp ýaşapdyrlar. Günlerde bir gün olar gün batmazynyň öň ýanynda sowukdan ýaňa üşäp, elleri, ýüz-gözleri gyzaran iki sany ýolagça rehimi gelip, olary garyp çatmalaryna çagyrýarlar.
-Doly saçagymyz bolmasa hem,ýyly ojagymyz bar. Ýylynyp, agşam düşläp ötägidiň - diýip mürähet edýärler. Ýolagçylar:
- Siziň açyk göwnüňiz bolsa bolýar - diýip bu öýe myhman bolýarlar. Olar özleriniň ýan torbasyndan myhman ýeriniň kendirigine iki goşawuç un guýýarlar. Öý eýesiniň aýaly ol uny alyp hamyr ýugranda, onuň şol köpelip gidip oturşy diýýär. Saçaga oklanan mele-myssyk nan şol gije myhmanlara-da, öý eýelerine-de bol-telki ýetipdir, ertesi myhmanlara ýol ugurlyk hem bolupdyr. Olardan galany bolsa är-aýalyň ýene birnäçe gün iýerine bolupdyr. Myhmanlar ertesi gaýtjak mahaly öý eýelerine pata berip: ” Ýene bir ýyldan siziň ogluňyz bolar. Oňa biz gelip, at dakarys ” diýip gidýärler. Myhmanlar Allanyň nazar salan, ylmy ýetik adamlary eken. Olaryň patasy bilen är-aýal ýyla ýetmän ogul görýärler. Ol oglanjyk 7-8 ýaşynda obanyň mallaryny bakyp başlaýar. Ine, bir günem şol iki myhman ýene-de şol öýe myhman bolýarlar we oglanjyga Idris diýip at dakýarlar.
“Idris” diýmek sowatly, bilimli diýmekdir. Olar Idrisiň bakýan mallaryny eýelerine dargatdyryp, oglanjygy Buhara alyp gidýärler. Edep-terbiýe, ylym berýärler. Sowadyny çykan Idris uzyn boýly, at ýüzli, örän güýçli, ylmy-bilimi ýetik, keramatly adam bolup ýetişýär. Öz obasyna gelip, oglan okadyp başlaýar ”.
Halk arasynda Idris baba hakynda başga-da köp rowaýatlar bar. Ol gürrüňler dilden-dile geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Megerem, bu meşhur Idris baba hakyndaky gürrüňlerem esassyz däldir. Häzirki wagtda Idris baba medresesine gelýän zyýaratçylaryň we syýahatçylaryň sany barha artýar.
Maddy gymmatlygymyz hökmünde Idris baba medresesi 1981-nji ýylda alym-arhitektorlar tarapyndan öwrenildi hem-de taryhy arhitektura ýadygärligi hökmünde döwlet goragy astyna alyndy. Häzirki wagtda bu medresä Kerki döwlet taryhy-medeni goraghanasy tarapyndan gözegçilik edilýär.
M.Jumaýewa Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby


dowamy

BALARYNYŇ PEÝDASY


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe güneşli ýurdumyzda balaryçylyk oba hojalygynyň çalt ösýän, girdejili, möhüm pudagyna öwrüldi. Çünki bu pudak ilaty gymmat bahaly tebigy-azyk iýmiti bolan bal bilen, derman senagatyny bolsa zerur çig mallar bilen üpjün edýär. Oba hojalyk ekinlerini tozanlandyryp, olaryň hasyllygyny artdyryp, döwlete uly ykdysady peýda getirýär. Ýurdumyzyň tebigy-howa şertleri, ýyly günleriň köp dowam etmegi, dürli gülli ösümliklere baý tebigatymyz bu pudagy ýokary depginler bilen has ynamly, döwrebap ösdürmäge doly mümkinçilikleri döredýär.
Balary ösümlikleriň güllerini tozanlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak peýdaly işleri bitirýär. Şire we tozanjyk berýän gülli ösümlikleriň 80 göterimini mör-möjekler tozanlandyrýar. Şonuň hem 80-90 göterimini balarylar tozanlandyryp, galan 10-20 göterimi beýleki mör-möjeklere degişlidir. Ýokary derejede balarylary bilen tozanlandyryş geçirilende ösümlikleriň ortaça hasyllylygy 20-25 göterime çenli artyp, onuň hiliniň ýokarlanmagyna, şeýle-de erik, alma, şetdaly, gawun-garpyz we beýleki ekinleriň miwesiniň örän tagamly bolmagyna ýardam edýär.
Balarylary uly maşgala bolup ýaşaýarlar. Her maşgalada 40000-90000 töweregi ary bolýar. Olaryň iýmiti esasan gül şireleri, tozanjyklar bolup, iýmit gözlegine çykanlarynda her günde 10 gezek uçuş edip, 100-150 güle gonýarlar we bir kilogram bal öndürer ýaly şiräni ýygnamak üçin balarylary azyndan 5 million güle gonmaly bolýar. Ol gülleriň şiresinden bal haltasyny doldurýar we tozanjyklary bolsa artky aýajyklaryndaky sebetjiklerinde getirýär. Balarylary ir ertirden giç agşama çenli gülden güle gonup, bal ýygnaýar. Bir balary maşgalasynyň bir günde giden gülli meýdany, gowaçany tozanlandyrýandygyny göz öňünde tutsak, olaryň berýän peýdasynyň juda uludygy öz-özünden düşüniklidir. Balary maşgalalary ekin meýdanyna näçe ýakyn goýulsa gülleri tozanlandyryşy-da, bal ýygnaýşy-da ýokary bolýar.
Döwletimiziň esasy baýlyklarynyň biri bolan gowaçadan ýokary hasyl almak üçin beýleki agrotehniki çäreler bilen bir hatarda ony tozanlandyrmagyň hem ähmiýeti örän uludyr. Gowaça öz-özünden tozanlanýan ösümliklere degişli bolsa-da, balarylaryň kömegi bilen tozanlandyryş geçirilse, gozasynyň agramy 12-18 göterim, çigidiniň agramy 3-8 göterim we pagta süýüminiň agramy 40 göterim agyr bolýandygy, hasylyň 5-9 gün ir ýetişýändigi, hasyllylygyň 24-33 göterim ýokarlanýandygy geçirilen ylmy-barlaglar bilen anyklanyldy.
Gowaça gülünden balarylary diňe şire ýygnaýar. Gowaça gülüniň şire berijiligi onuň sortuna görä bolýar. Balarylarynyň orta süýümli gowaçanyň her gektardan 100, inçe süýümli sortundan bolsa 300 kilograma çenli ýokary hilli şire ýygnanýandygy subut edildi.
Balarylary medeni ösümlikleri tozanlandyrmakdan getirýän peýdasyndan başga-da, olar ynsan üçin iň ýokumly, tebigy derman bolan bal, senagatda, lukmançylykda ulanylýan mum berýär. Balarynyň süýtjagazy we ary zäheri bolsa dürli keselleri bejermekde – dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýar. Balary önümleriniň ählisi diýen ýaly keselleri bejeriş häsiýetine eýedir. Balarynyň ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän medeni ekinlerinden başga-da, çöllük, baýyrlyk, daglyk we çemenlik ýerlerinde ösýän ýabany ösümlikleri tozanlandyrmakda getirýän peýdasyny hasaplap çykarmak mümkin däl. Şeýle lezzetli, dermanlyk häsiýeti güýçli bolan iýmit çeşmesini döredýän balaryçylygy has-da ösdürmek möhümdir.
Ary üçin ekinem gerek, giň meýdanam, bagam, bakjada. Ýurdumyzy bagy–bossanlyga, gülzarlyga öwürmek barada taýsyz tagalla edip gelýän Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýdy. Ýurdumyzda ekilýän ekinleriň meýdanynyň we görnüşiniň artdyrylmagy, täze tarp ýerleriň açylmagy, gök guşak zolaklarynyň barha giňemegi balaryçylyk pudagynyň ösmegine has amatly şertler döredýär. Şonuň üçin–de telekeçilik, hususyýetçilik bilen meşgullanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmeklige özleriniň mynasyp goşandyny goşup gelýän balçylaryň işleri Bagtyýarlyk döwründe has rowaç alýar.
Mergenowa Merjen


dowamy

Sanly ulgam-döwrüň talaby


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ajaýyp üstünlikleriň, beýik ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde ilatymyz bagtyýar durmuşda ýaşap, ajap döwrüň hözirini görýärler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysadyýeti sanlaşdyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri dünýä tejribesine esaslanyp alyp barmaklyk ugrunda häzirki wagtda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklandy.
Ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlary ylyma-bilime has-da höweslendirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen ýurdumyzda “Sanly çözgüt-2021” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige 250-den gowrak taslama işi gatnaşyp olaryň içinden has tapawutlananlary diplomlardyr, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşige biziň ýokary okuw mekdebiziň hem talyby M.Annaorazow gatnaşyp bäsleşigiň oba hojalyk ugry boýunça baýrakly II orna mynasyp boldy. Uniwersitetimiziň Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy W.Batyrowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylyp, alnyp barylan taslama işi eminler tarapyndan gowy bahalar berildi. Onuň bäsleşige hödürlän taslama işi “Sanly ýyladyşhana” diýlip atlandyrylyp, taslama işiniň wajyplygy ýurdumyzdaky hereket edýän ýylsadyşhanalary internet ulgamyndan peýdalanyp uzak aralykdan awtomatiki usulda dolandyrmak we gözegçilikde saklamak, ekinleri ekologiki taýdan arassa derejede ösdürip ýetişdirmekde we ýokary hasyl almakda agrotehniki kadalary berjaý etmek (howanyň temperaturasynyň, çyglylygynyň, ýagtylygynyň, suwaryş ulgamynyň we onda ulanylýan dökünleriň takyklygyny gazanmak) we ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän ekinlere edilen idegler barada maglumatlaryň bazasyny döretmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem ýyladyşhanadaky ähli ýagdaýlara online ýagdaýda monitoring edip bilmek mümkinçiligi, takyk hasabatyny ýöretmek, maglumatlary üýtgedip, goşup we ýükläp almak, ýyladyşhanada gurnalan ýörite datçikleriň kömegi bilen ýyladyşhanadaky ýagtylygy, ýylylygy, howasynyň çyglylygy, dökün üçin niýetlenen çeleklerdäki dökünleriň mukdary barada maglumatlary ýörite web programmanyň üsti bilen dolandyryp bolýar. Talybyň ýerine ýetiren işi ýyladyşhananyň mysalynda bolup, arduino platasynyň üsti bilen ýyladyşhananyň howa maglumatynyň (ýylylyk, çyglylyk), ýagtylyk derejesiniň, harçlanylýan her bir döküniň möçberiniň, suwaryş yzygiderliginiň we beýleki zerur maglumatlaryň takyk görkezijilerine gözegçilik etmek, ekilýän ekiniň görnüşine laýyklykda üýtgetmek, görkezijileriň maglumatlar bazasyny döredip berlen sene aralygynda(aýlyk, ýyllyk, günlük) hasabat döretmeklige mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýyladyşhandaky goýberilen säwlikleriň çalt ýüze çykarylmagyna we düzetmeklige mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak, döwrüň talabyna laýyklykda, olaryň degişli milli we halkara ölçeglerine kybap gelmegini üpjün etmek meseleleri örän wajypdyr.Ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar we durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň ýokary ahlakly, ylymly-bilimli, watançy ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.
Kadyrow Ýunus.
Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi


dowamy

Behişdi bedewler: türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň buýsanjy


Behişdi bedewler patyşalaryň, halklaryň we döwletleriň paýlaşmak islän Zemininiň giňişliklerinde müňlerçe ýyllar çar tarapa çapypdyr. Asmandan inen hasaplanylýan behişdi bedew, hakykatdan hem ajaýyplygy we ösüşiň her täze zamanynyň ruhlandyryjy alamaty bolupdyr. Ýöne ol her gezek täze at, ýagny öz mesgenine we ýaşaýjylaryna baglylykda hett, nusaý, parfiýa, pars, arap... ady bilen peýda bolýardy.
Türkmen bedewi ýa-da ahalteke atlary XIX asyrda dünýäde täzeden meşhurlyga eýe bolup, onuň at-abraýyny arşa göterdi. Ahalteke bedewi Garassyz, Bitarap Türkmenistanyň simwolyna öwrülip, onuň owadan keşbi ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezedi.
Türkmeniň bedew ata bolan sarpasy "Ertir turda ataňy gör, ataňdan soň ataňy" diýen ýaly nakyllaryň döremegine sebäp bolupdyr. Iýmine ýumurtga garylyp, owmaç bilen bakylan ahalteke atlary "Läliksiremän", gaýta iň çydamly atlar bolup ýetişipdirler. Bu ýerde türkmeniň seýisçilik sungatynyň örän inçe syrlarynyň bolandygyna göz ýetirýäris.
Ahal-teke atlary hakynda iň gadymy maglumatlary berýän çeşmeler biziň eýýamymyzdan öňki IV-V asyrlara degişlidir. Şeýle çeşmeleriň biri Altaýdan tapylan Skif serdarynyň daş depesidir. Gazuw işleri mahalynda üsti buz bilen örtülip, doňup galan, az üýtgän at jesetleri tapylypdyr. Skif serdarynyň bu atlarynyň häzirki zaman atlarynyň içinde ahalteke atlaryna örän meňzeşdigini barlaglar görkezdi. Bu taryhy maglumatlardan başga-da, gadymy türkmen atlarynyň köp ýurtlarda örän meşhur bolandygy baradaky taryhy ýazgylar bize gelip ýetipdir. Birnäçe münýyllyklaryň gowgasyny başyndan geçiren halkymyz ahal-teke atyny biziň günlerimize çenli asyl durkunda saklamagy başarypdyr.
Münýyllyklaryň dowamynda türkmeniň iň eý gören jandary aty bolupdyr. Atlar türkmen taýpalarynyň hiç bir ýurda bakna bolman, erkin ýaşamaklarynda esasy daýanç bolupdyr. Türkmen aty bilen dagda-düzde gaçsa gutulypdyr, kowsa ýetipdir. Türkmen atlaryny gören syýahatçylar olaryň ýyndamlygyna, çydamlylygyna, eýesine wepalylygyna haýran galypdyrlar. Uzak aralyklara göçe-göç mahaly atlaryň ujypsyz suw bilen oňup bilsi hem onuň täsinlikleriniň biridir.
Ahalteke atlarynyň ýumşak, özboluşly, uz ýörüşi bar, olar aýaklaryny ýerden gaty üzmän, akyp barýan mysaly, çaýkanman ýöreýärler. Türkmen atlarynyň çägelik ýerlerde münýyllyklaryň dowamynda münülip gelnendigi olaryň ýörüşine täsirini ýetiren bolara çemeli. Ahalteke atynyň çöl ýerlerde saýlanyp-seçilip kemela getirilendigi onuň synasynda-da tapawutlylygy emele getiripdir. Ahalteke bedewi dogumly, ýeňil gopýan, oýnaklap duran atdyr.
"Ýüwrük atyň bahasy bolmaz"- diýen halk nakylynda atyn däl-de, ony seýislän adamyň başarnygynyň subutnamasy jemlenendir.Ýyndamlyk, çydamlylyk, häzirki zaman türgenlesik usulynda göz öňünde tutulýan esasy netije bolup durýar. Şunda köplenç halatda ýyndamlyk we çydamlylyk iki sany aýry-aýry häsiýetlerdir. Birnäçe halkyň wekilleri:" Ýyndam bedew at, köp halatlarda, çydamly bolmaýar we tersine, çydamly atlar hem juda bir ýüwrük bolmaýar" diýýärler.
" Eger sen bedew ata münüp, ony gorduryp, bütün dünýäni aýlanyp çyksaň-da, ol ýadamaz, armaz" diýlip, gadymy türkmen dessanynda aýdylýar. "Tohum atlar menzil geçdikleriçe gujurlanýarlar, gaýratlanýarlar" diýip, atşynaslar tassyklaýarlar.
Köp günlik türgenleşmegi, agram salmagyň we almagyň gezekleşdirilmegini, atlaryň bolelin iýmitlendirilmegini we açlyk çekmegini, "derlemegini" we "derini gaýtarmagyny" göz öňünde tutýan bu ulgam şol gadymy döwürlerde kämillik derejesine ýetirilipdir. Şeýle türgenleşmeleriň netijesinde diňe bir beden kämilligini gazanmak bilen çäklenmän, eýsem atyň tebigy çakganlygy we çydamlylygy adamyň bellän çäklerinde ösdürilipdir. Şol çäkler bolsa az bolmandyr, sebäbi bedew atlar köp günlik harby ýörüşlere taýýarlanypdyrlar. Atlar üstündäki söweşijini we agyr söweş esbaplaryny ýadawsyz götermeli, gije-gündizläp agzyna zat alman oňmaly bolupdyrlar. Söweş meýdanynda haýran galaýmaly çakganlyk bilen agyp - dönüp, eýesi bilen deň hatarda söweşe girmeli, gerek ýerinde ýeserlik bilen duşmanyň gözüne çöp atyp sypmagy başarmaly bolupdyrlar.
Türkmenistanyň çäginde dörän Parfi‎ýa döwleti dün‎ýädäki iň gü‎ýçli döwletleriň biri bolupdyr. Pompe‎ý Trok (b.e. I asyr) şe‎ýle ýaz‎ýar:

Rimliler bilen Parfi‎ýalylaryň arasynda
Indi häkimi‎ýet gündogaryň elinde.

Eger-de Parfi‎ýalylaryň uruş tärini skifleriň, alanlaryň, hunlaryň, has soňra türkleriň, oguzlaryň we türkmenleriň uruş täri bilen deňeşdirseň olar birmeňzeş di‎ýen ýalydyr (ähtimal tapawut ‎ýaraglanyşyň kämilleşmegi bilen dörän bolmaly). Olar uruş tärlerinde garaşylmadyk hüjüm ediş, garşydaşy aljyratmaklyk usulyny ulanypdyrlar. Duşmanyň habarlaşyk gatnaşygyny bozupdyrlar, garşydaşy öz çäkleriniň has içlerine çenli gö‎ýberipdirler, dargap, soňra ‎ýene-de çalt jemlenişip bilipdirler, ‎ýalandan yza çekilipdirler we ş.m.
Plutarh Parfi‎ýalylar hakynda şe‎ýle ýaz‎ýar: “Parfi‎ýalylar çalt dargap we jemlenişmäge öwrenen, olar öz atly goşun böleklerini duşmany hiç bir päsgelçiliksiz ‎ýeňlişe sezewar eder ‎ýaly herekete geçir‎ýärler”.
Parfi‎ýa patyşasy Mitridat II-niň döwründen başlap (b.e.öň 123-88 ‎ý.) Parfi‎ýa goşuny kesgitli böleklere bölünipdir, goşunda ‎ýeňil atlylar (‎ýaýçylar) we agyr atlylar: katafraktri‎ýalar (‎ýaýçylar) we klibanari‎ýalar (na‎ýzaçylar) bolupdyr. Olar elmydama ähli uruş hereketlerinde garşydaşy a‎ý görnüşinde gabamaga çalyşypdyrlar. Yza çekilip uzukdan ‎ýaý okuna tutupdyrlar. Köplenç Parfi‎ýalylarda ne hataryň, ne-de düzgün nyzamyň bolandygy barada pikirler duş gel‎ýär emma ‎ýeňil atly goşun kämil çekiliş hataryna düzülipdir, garşydaşy gabawa salypdyr soňra hem goşun bölümlerini badabat gapdala sowup agyr atly goşunyň hüjümine ‎ýol açypdyr. ‎Ýeňil ‎ýaraglanan atlylar kä halatlarda atlaryndan düşüp gylyçlaşypdyrlar (edil XIX asyryň türkmenleri ‎ýaly). Garşydaşyň ruhuny çökerip, parfi‎ýalylar bir ýere jemlenipdirler, agyr atly goşun urşa giripdir. Duşmana ruhy ta‎ýdan täsir edilipdir. Tü‎ýdügiň zaňňy sesi duşmany gozgalaňa salypdyr. Üstesine-de bu‎ýruk boýunça ähli goşun gyzyl donlaryny çykaryp taşlapdyrlar.
Hut şu söweş tärini parfi‎ýalylar Karrahyň ‎ýanyndaky uruşda (b.e.öň 53 ‎ý.) ulaypdyrlar. Bu söweşde Parfi‎ýa atly goşuny şondan öň Spartagyň gozgalaňyny gü‎ýç bilen basyp ‎ýatyran Mark Krasyň 30 000 adamlyk Rim goşunyny dargadypdyr. Krasyň özi öldürilipdir. 10 000 sany ‎ýesir bolsa Merwe (Margi‎ýana) ugradylypdyr.
Elbetde, parfi‎ýalylaryň ähli söweş hereketlerinde olara aja‎ýyp Nusa‎ý atlary kömek edipdir. Hut Orta Azi‎ýanyň günorta wela‎ýatlaryndan agyr ýaraglanan atly goşun üçin ni‎ýetlenen aja‎ýyp ýokary tohumly atlar Mongoli‎ýa, Hyta‎ýa we Sibire ugradylypdyr. Mongoli‎ýada Hanin-had daglarynda ahal teke atlaryna örän meňzeş bolan atlaryň ga‎ýanyň ‎ýüzüne çekilen şekilleri tapyldy.

Akmädow Nurberdi
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby


dowamy

Ýaşlar baýragyňyz gutly bolsun


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz gün-günden gülleýär, özgerýär. Watanmyzyň abadanlygy ugrunda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ägirt uly özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, watançy nesli kemala getirmek ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz “ Ýaşlar ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Şonuň üçin hem Watanmyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmekde we durmuşa geçirmekde uly işler durmuşa geçirilýär” diýip nygtaýar. Bu bolsa ýaşlaryň kämil watansöýüji, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly itergi berýär.
Her ýyl Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini öz döredijiligi, irginsiz zähmeti bilen işjeň wagyz edýän ýaşlaryň birnäçesine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar.
Bu ýyl hem ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ýaşlaryň birnäçesine baýraklar gowşuryldy.
Şeýle ýokary baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň içinde biziň ýokary okuw jaýymyzyň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Oba hojalygynda maglumat ulgamlary hünäriniň 5-nji ýyl talyby Gülsenem Orazweliýewanyň, şeýle hem Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kadyr Amanowyň bolmagy has hem buýsanyçly wakadyr.
Gülsenem Orazweliýewa diňe tapawutlanan bahalar bilen okaýar. Şeýle hem ol köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagyna gatnaşyp talyp ýaşlaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza minnetdarlyk sözleri bilen çykyş etdi.
Biziň ýokary okuw jaýymyzyň talybynyň gazanan ýokary görkezijileri mugallymlarda we talyp deň-duşlarynda uly buýsanç döretdi.
Haýdarowa Bahar: Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.


dowamy

HASYL TOÝY RYSGAL - BEREKEDIŇ WE BOLÇULYGYŇ NYŞANY


Topragyň bereketliligi we ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmakda ylma möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň alymlarynyň ygtyýarynda pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň uly ulgamy bardyr. Olar dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň, barlaglary geçirmegiň, iň esasy bolsa, geljegi uly işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmegiň uly ulgamyna öwrüldi.
Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Edermen oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän alada yhlasly zähmetler bilen jogap berýärler, ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
''Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany'' ýylynda hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň edermen gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Halkymyzyň başyny göge ýetiren bu zähmet üstünligini gazanmakda ahally gallaçylarynyň, hünärmenleridir tehniki işgärleriň hyzmaty uludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ''ak altynyň'' gyzgalaňly ýygymy hem dowam etdirilýär. Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarymyzda ýetişdirlen pagta hasylyny Watan harmanyna şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler öz saldamly miwelerini berýär. Daýhanlara öň hiç bolmadyk ýeňillikler berilýär, ulgamy tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak işi amala aşyrylýar, ata-babalarymyzyň ýeri oýlanyşykly peýdalanyşlary baradaky köp asyrlyk tejribeleri bilen sazlaşykda işjeň durmuşa geçirilýän innowasiýalar oba hojalygyny çalt ösdürmegiň berk binýady bolup durýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlary bilen Ahal welaýatynda ägirt uly maýa goýum taslamasy- welaýatyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz '' Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda'' bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak maksady bilen 2019-njy ýylyň 4-nji martynda '' Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky'' karara gol çekdi.
Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän yzygiderli döwlet goldawlary, türkmen obasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň kuwwatly ykdysady binýat bilen üpjün edilmegi pudagyň önümçilik möçberiniň häzirki artyşynyň kepilidir.
Däp boýunça, her ýyl bellenilýän hasyl toýy oba hojalyk ýylynyň jemi jemlenip, ekerançylarymyzyň janypkeşli zähmetini, türkmen topragynyň bereketini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki wagtda topraga aýawly garamak täze many-mazmuna eýe bolýar, obalylar iň bir häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryna hem-de ata-babalarymyzyň ekerançylyk tejribelerine eýe bolýarlar. Hasyl toýunda pagta, bugdaý taýýarlamakda öz boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren pagtaçylarymyzyň uly ýeňşi bellenilýär we şa serpaýy bilen iň öňdebaryjy daýhanlar sylaglanýarlar. Diýmek, ýurdumyzda daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmegi özleriniň päk zähmetleriniň miwelerinden peýdalanmak arkaly durmuş abadançylyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagy üçin ähli şertler döredilendir.Zähmetkeş babadaýhanlarymyza şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, oba hojalyk pudagymyzy ösdürmekdäki we halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmakdaky alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin!
Jennet Babamyradowa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby.


dowamy

Ak pagtam-ak bagtym


Ähliňize mälim bolşy ýaly, pagtaçylyk pudagy ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy netijelerinde obalarda il-ýurt bähbitli, sosial-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurulmagy, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş derejeleriniň gowulandyrylmagy, oba hojalyk önümleriniň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalygynyň ähli pudaklaryny dökün we häzirki zaman, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilmegi, zähmetkeşlerimiziň, babadaýhanlarymyzyň işe bolan höwesini, ýerden alynýan hasylyň mukdarynyň ýokarlanmagyna we hiliniň gowulanmagyna giň ýol açdy. Oba hojalyk önümi bolan gowaça biziň ata Watanymyz Türkmenistanda has gadymy döwürlerden bäri ösdürilip, ýetişdirilip, ondan dürli önümler öndürilipdir.Taryhy we arheologiki maglumatlar adamzadyň gowaça ekinini ösdürip ýetişdirip, onuň hasylyny dürli hojalyk maksatlary üçin ulanmaga has irki döwürlerden başlanlygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin gowaçanyň gossipium ugry has gadymy döwürlerden emele gelipdir.
Alym Y.M.Mauriň barlaglary we gelen netijesi boýunça gowaça tohumy mundan 70-100 müň ýyl ozal döräpdir. Şeýle-de, pagta süýüminiň ýabany gowaçadan alynyp adam tarapyndan peýdalanylyp başlanmagy 15-30 müň ýyl mundan ozalky döwürlere gabat gelýändigini alymlar subut edýärler. Arheologiki maglumatlara görä, Aziýada, şol sanda Türkmenistanda gowaça b.e.öňki III müň ýyllyklarda ekilip, ondan her hilli süýümler matalar taýýarlanylyp başlapdyr. Şonuň ýaly-da Hindistanda, Eýranda, Merkezi Aziýada we Türkmenistanda (Köneürgençde, Merwde, Nusaýda) geçirilen arheologiki barlaglar netijesinde tapylan süýüm galyndylary we taryhy ýazgylar muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanda dürli döwürlerde, dürli maksatlar bilen bolan Ýewropaly syýasatçylar (Marko Polo ХIII asyrda, Afansiý Nikitiý ХV asyrda, Antony Jenkinson ХVI asyrda) hem orta asyrlarda tehniki ekin bolan gowaçany ekilip, onuň süýmünden dürli matalaryň dokalyp, bazarlarda satylýandygy barada ýazyp galdyrypdyrlar.
ХVI- ХVIII asyrlarda türkmenler Russiýa döwleti bilen gatnaşyklary ýola goýup başlaýar. Şondan soňra Russiýanyň pagta bolan isleginiň artmagy bilen Türkmenistanda hem gowaçany ekmeklik ýuwaş-ýuwaşdan artdyrylyp başlanýar., esasan hem ХIХ asyryň ilkinji ýarymynda Türkmenistanyň Russiýa tarapyndan eýeleneninden soňra gowaçany köp ekmeklik başlanýar. Käbir mysallara ýüzlensek Zakaspi oblastynda 1890-njy ýylda umumy ekin meýdanynyň 4,3%-ine gowaça ekilen bolsa, 1900-njy ýylda bu görkeziji 13%-de ýetipdir, ýa-da 1890-1914-nji ýyllarda gowaça meýdany 25,7 esse artdyrylypdyr. Bu görkezijiler ХХ asyrda (sowet döwründe) hem artdyrylsa artdyrylypdyr, emma peselmändir. Mysal üçin 1928-nji ýylda gowaça ekilen meýdan 111,9 ga deň bolsa, 1932-nji ýylda 175,2 ga çenli artdyryldy. Pagtanyň öndürilişi 1940-njy ýylda 211 müň tonna bolanlygyndan, 1950-nji ýylda 245,7 müň tonna çenli artdyryldy. Bu görkezijiler ХХ asyryň ilkinji ýarymynda, “Garagum kanalynyň” gurulyp işe berilmegi bilen has-da artdy. Ýöne gynansakda, şol döwürde öndürilýän pagta Sowet döwründe Türkmenistandan çig mal hökmünde, arzanjak bahadan alynyp, Orsyýetiň Twer, Iwanowa ýaly senagat kärhanaly şäherlerine äkidilip, ol ýerde täzeden işlenilýärdi we dürli önümler öndürilýärdi.
Biziň Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen ähli milli we tebigy baýlyklarymyza özümiziň eýe bolşumyz ýaly, oba hojalyk önümi bolan pagtany hem özümizde gaýtadan işlemäge we dürli önümleri öndürmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, irginsiz aladalary netijelerinde, Türkmenistanyň taryhy ХХ halk maslahatynyň kanunydyr, kararlary we çykaran çözgütleri netijesinde gowaçanyň hasyllylygy artdy, pagta süýümini almak we dokma senagatynda dürli matalary öndürmeklige giň ýollar açyldy. Şeýle-de, soňky ýyllarda gowaçanyň gysga möhletde (100-110 günde) ýetişýän täze sortlary döredildi. Bu sortlaryň käbiri ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynda ekilip, olaryň hasyllylygy ýokarlandyryldy. häzirki döwürde Türkmenistanda gowaçanyň iki hili görnüşi, inçe süýümli we orta süýümli sortlary ekilýär. Ýeri gelende aýtsak Türkmenistan inçe süýümli pagtanyň hakyky watanydyr. Sebäbi başga hiç bir döwletde biziňki ýaly inçe süýümli pagta (öz hili, süýüminiň gowulygy boýunça) ösdürilip ýetişdirilip bolmaýar. Ýene-de bellemeli zat Garaşsyzlyk ýyllarynda esasan hem Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gowaçany ösdürip ýetişdirip, ondan bol hasyl almak üçin zerur şertleri Hormatly Prezidentimiz doly üpjün edýär. 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda ХХI asyryň iň uly desgasy bolan “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň gurulyp işe berilmegi hem Türkmenistanyň oba hojalygynyň mundan beýläk-de ösmegine, ekin meýdanlarynyň giňelmegine, özleşdirilmegine uly goşant goşan goşdy. 2018-nji ýylda geçirlen Türkmenistaniň Halk Maslahatynda oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek we hususylaşdyrmak baradaky kararyň kabul edilmegi ýutdymyzyň oba hojalygynyň ösmegine uly itergi beredi. Häzirki döwürde, Türkmenistanda 2 million ga töweregi ekerançylyk ýerleri özleşdirilip, şolardan 620 müň ga meýdana gowaça ekilýär.
Biziň edermen babadahanlarymyz 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ak bugadaýyň we gowaçanyň bol hasylyny etişdirip Watan öňündäki borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Has takygy şu ýyl ýurdymyz boýunça 690 müň gektera bugdaý ekilip guş gursak däne 1400 müň tonnadan gowrak Watan harmanyna tabşyrylda. Şol sanda 620 müň gektara gowaça ekilip Watan harmanyna 1250 müň tonnada gowrak ak altyn tabşyrylyp boýun alan borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Hemra Kakajanow
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdüri


dowamy

Oba hojalygy we ýaşlar


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýär. Dünýä ösüşinde innowasion tehnologiýalara möhüm orun degişli bolan häzirki zaman şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sanlylaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösdürilýän we özgerdilýän döwründe halk hojalygynyň möhüm pudagy bolan oba hojalygyny hem ösdürmeklik döwlet syýasatynda wajyp ugurlaryň biridir.
Ata-babalarymyz «Zeri ýokdan zergär bolmaz, ýeri ýokdan daýhan bolmaz» diýip aýdyp geçipdirler. Taryhyň dürli döwürlerinde şöhratly türkmen halky ýere seretmeklige we ondan bol hasyl almaklyga, zähmetini gaýgyrman daýhançylyk etmeklige üns beripdir. Bu häsiýetler halkymyzyň milliliginde bar. Ine, häzirki wagtda hem halkymyz ata-baba miras galan bu häsiýetleri dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda oba hojalygy çalt depginler bilen ösdürilýär. Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň maddy enjamlaýyn binýady düýpli berkidilýär, degişli kanunlar kabul edilýär we pudakda sanly reforma üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň oba hojalygynda ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly özgertmeleriň giň toplumy alnyp barylýar we önümçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmeklik durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň gözbaşynda daýhany ýeriň hakyky eýesi etmek we milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyny has-da ösdürmek wezipesi bar. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi bolsa, ahyrky netijede, halkymyzyň oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün edilmegine we ady agzalan pudakda zähmet çekýän ynsanlaryň durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.
Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagy senagat ulgamy bilen deň derejede ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyzyň berýän goldawy esasynda pudagy häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen üpjün etmek işi ýokary depginler bilen amala aşyrylýar. Dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen ýokary derejeli oba hojalyk tehnologiýalarynyň ýurdumyza getirilmegi we pudagyň işiniň dürli ugurlaryna ornaşdyrylmagy, daýhanlaryň kämil tilsimatlar bilen üpjün edilmegi hem-de olara ýer we adam arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli guramaga ýardam berýän ähli şertleriň döredilip berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz bolsan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde her hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň, dürli ylmy-barlag edaralarynyň işgärleriniň, daýhanlaryň, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy maslahat geçirilýär. Birnäçe wagtdan bäri dowam edip gelýän bu maslahatyň her gezekdäki duşuşygynda oba hojalygynyň möhüm wezipelerine, oba hojalyk pudagynda gazanylan tejribeler barada pikir alşylýar. Maslahatyň her hepdedäki duşuşygynda oba hojalygynda birnäçe ýyllaryň dowamynda zähmet çekýän daýhanlar öz tejribesinde amala aşyran işlerini giňişleýin subutnamalar arkaly gürrüň berýärler. Maslahatyň esasy maksady hünärmenler tarapyndan synag edilen birnäçe işleri, tejribede barlanan ekinleri we dökünleri maslahata gatnaşýanlar bilen paýlaşmak we pikir alyşmak bolup durýar. Esasan-da maslahata gatnaşýan talyp ýaşlar tejribeli hünärmenleriň, daýhanlaryň, telekeçileriň gazanan tejribesi esasynda özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini has-da kämilleşdirýärler. Maslahata gatnaşýanlaryň eden çykyşlary talyp ýaşlar-da uly gyzyklanma döredip, geljekde öz işini bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin aýratyn uly ähmiýeti bar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyz üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp türkmen ýaşlary geljekde Watanmyzyň gülläp ösmegi ugrunda, abadan durmuşyň, bagtyýar zamananyň berk binýatlylygynyň ugrunda jan aýaman zähmet çekmeklerini özlerine beýik borç hasaplaýarlar.
Hakykatdan-da bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň mukaddesligini gorap saklamak, Diýarymyzyň belent ösüşlere ýetmegini gazanmak-da ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaşlar-Watanymyzyň geljegi. Mähriban Arkadagymyzyň biz ýaşlar üçin edýän tagallalaryna jogap edip saýlap alan hünärimiziň hak eýesi bolmak üçin yzygiderli okap, kämilleşip, ökde hünärmenler bolup ýetişjekdigimize Gahryman Arkadagymyzy ynandyrýarys. Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Tyllagözel Garlyýewa
Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby


dowamy

Robototehnika- geljegiň taslamasy


Häzirki wagtda Türkmenistanda robototehnika boýunça ýaş hünärmenler has-da hem kämilleşýärler. Ýurdumyzda ýokary okuw jaýlarynda şol ugry boýunça okaýan talyplar öz aralarynda şu ugur boýunça birnäçe ýaryşlar geçirilýär. Muňa mysal edip ýakyn wagtda geçirilmegi göz öňüne tutulýan “Sanly çözgüt 2021” bäsleşigini görkezmek bolar. Bu bäsleşikde ýurdumuzyň ýokary okuw jaýlary, orta mekdepleriň okuwçylary we Türkmenistanyň raýatlary hem gatnaşyp, özleriniň taslama işleri bilen çykyş edip bilerler. Bäsleşige gatnaşýanlar öz ylmy işlerini görkezip, biri-birinden hem kämilleşip bilýärler.
Robototehnika – bu awtomatlaşdyrylan tehniki sistema we bu sistema tehniki önümçilige tejribe taýdan bolan ylym. Robototehnika öz içinde elektronika, mehanika, kibernetika, telemehanika, mehatronika, informatika, radiotehnika we elektrotehnika bolup duýar.
Dünýäde robototehnika ugry boýunça köp adamlar zähmet çekýärler. Biziň durmuşymyzda robotlar uly rol oýnamak üçin işler geçirilýärler. Ýagny bu robotlaryň maksady adamlara kömek etmek we işini aňsatlaşdyrmak üçin niýetlenen. Dünýäde belli robototehnika boýunça alymlar robotlara emeli akyl ýasamak üçin köp işler geçirilýärler,
Hytaý Ubtech öz robotlary bilen tanalýar. Bu kompaniýa öz robotlaryny kämilleşdirýärler. Ces 2019 modelli robot adama meňzeşdir we bu robot geljekde adamlaryň öýünde kömekçi bolar.
Täze modelli robotyň göwresini ýörände deňagramlylygy saklamagy üçin boýuny uzyn etdiler. Robotyň boýy 1,45 metr we agramy 77 kilogram. Ol eli bilen agramy uly bolmadyk zatlary saklamaga başarýar. Ýörite programmalaryň kömegi bilen bu robot ýörände adamlara päsgelçilik döredenok. Ubtech intäk bu robotlary has hem kämilleşdirmek maksady bilen entäk satlyga çykarmady.
Boston Dinamics kompaniýasy öz täze robotlaryny has-da kämilleşdirdiler, ýagny bu robot indi ylgap we iki eli bilen durup bilýär. Bu robodyň ady Atlas. Bu robot täzeden programmalaşdyryldy, indi ol hereket edende deňagramlylygyny saklaýar. Onuň berlen buýruklary ýerine ýetirilişi 80% deň bolýar. Atlas öz hereketlerini tanap, ýalňyşlyklaryny düzedýär. Bu robodyň entäk anyk niýetlenen maksady ýok. Ol adamlara kömekçi ýa-da esger bolup bilýär. Häzirki wagtda Boston Dinamics kompaniýasy Google kompaniýasy satyn aldy.
Hirosi Isiguro we onuň robotlary. Hirosi Isiguro 1963-nji ýylda 23-nji oktýabrda eneden dogulýar. Ýaponiýanyň robototehnika ugry boýunça hünärmen. Onuň ýasan robotlary Aktroid, Geminoid, Kodomoroid, Oonaroid, Telenoid, Elfiod we Hagwi. Bu robotlaryň içinde özüne meňzeş robotlary hem bar. Ol robot ýokary okuw jaýlarynda umumy sapaklaryny geçýär.
Hirosi Isiguro dünýäde robot ýasaýan adam hökmünde tanalýar. Onuň eden işlerini adamlary geň galdyrýar. Hirosi “Osaka” uniwersitetiniň professory bolup işleýär. Onuň işleýän uniwersitetinde 4 sany tejribehanasy bar, we ol tejribehanalarda 50 sany talyplar tejribe geçýärler. Hirosiniň täze döreden roboty 10 ýaşly oglanjyga meňzeýär. Professor 2010-njy ýylda Geminoid atly roboty ýasady. Robot onuň özüne meňzeýär. Hirosi özünde meňzeş roboty ýanynda ýok wagty hem dolandyryp bilýär. Ol roboty has hem programmalaşdyryp, hakyky adamyň hereketini gaýtalamagy başartdy. Ol robot diňe oturan ýagdaýynda bolýar, ýagny ol ýöräp bilenok, ýöne robot gürleşip bilýär. Hirosi Isiguro: “Geljekde dünýäde adamlar robotlary ulanarlar. Bu robotlar biziň ömrümiziň bir bölegi bolar!” diýýär. Robotlar hassahanada, dükanlarda, dynç alyş merkezlerinde, mekdeplerde we beýleki ýerlerde ulanylar diýip umyt edilýär.
Hojanepesow Meretmuhammet
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň
Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň
mugallym-öwrenjisi


dowamy

John-Deere проводит обучение технических специалистов в Туркменистане


В программу обучения входит использование цифровые новшеств, включая спутниковое управление, работа устройств, особенности технического обслуживания.
Туркменистан на протяжении 25 лет пользуется американской техникой и оборудованием американской компании. Каждый год поступает новая техника этой фирмы, которую надо правильно эксплуатировать, уметь ремонтировать и вовремя технически обслуживать. Как давно уже известно, при Туркменском сельскохозяйственном университете имени С. А. Ниязова открыт учебный центр компании, где ежегодно проводятся семинары, занятия, курсы по подготовке, ознакомительные релизы с туркменскими представителями, студентами, преподавателями, автомеханиками, автотехниками и другими заинтересованными лицами.
В очередной раз специалисты компании John-Deere по видео-режиму провели занятия по изучению инновационных цифровых систем и технологий вложенных во вновь создаваемые трактора и комбайны фирмы. Занятия прошли в виде семинара, было задано много технических вопросов, на которые прозвучали доскональные устные пояснений, инструкций и возможности нововведений, а также показаны наглядные видео примеры.
В Туркменском сельскохозяйственном университете имени С. А. Ниязова уделяется большое внимание изучению высокопроизводительной сельскохозяйственной техники используемых на полях страны. В ведущем аграрном вузе страны находится учебный центр компании John-Deere, в котором уделяется большое внимание изучению сельскохозяйственной техники данной марки. Занятия, как в очном, так и в онлайн формате проводят как преподаватели сельскохозяйственного университета, так и специалисты по агротехники американской компании. об этом и что в последнее время изучают туркменские механизаторы.
Совместные занятия проводятся по изучению деталей устройств, дополнительных инструкций по работе, техобслуживанию, тонкостей регулировки различных механизмов, используемых в Туркменистане комбайнов и тракторов, включая новые завезённые образцы и в настоящее время используемую технику для посевной, земле обработки и других агро целей.
На днях в учебном центре John-Deere состоялись занятия в режиме видео-связи, связанные с изучением и использованием IT-технологий, применяемых в сельхозтехнике производимой американской компанией. Так были внимательно изучены системы автоматического вождения Аuto-trac, посредством спутниковой навигации, которое обеспечивает точный заданный маршрут сельскохозяйственной техники. В процесс обучения было задано много различных вопросов, на которые специалисты John-Deere отвечали в расширенной подробной форме.
На новых занятиях американские специалисты планируют рассказать о специфике работы тракторов John-Deere 6М класса, рыхлителей почвы John-Deere-2720. Кроме технических характеристик, они расскажут о работе механизмов, особенностях деталей, нагрузках, своевременном обслуживании.

Шагулыев Эсэнмырат
Старший преподеватель
Туркменском сельскохозяйственном университете имени С. А. Ниязова


dowamy

Ahalteke bedewi dünýä medeniýetiniň egsilmez hazynasydyr


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar.
Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy halkymyzyň özboluşly milli gymmatlyklarynyň biri-de, dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimizdir. Asyrlarboýy dünýä halklary bilen dostlukly we parahatsöýüjilikli gatnaşyklarda ýaşan we Ýer ýüzünde sazlaşykly ýaşaýşy, asudalygy, halklaryň abadanlygyny, döwletleriň gülläp ösüşini gazanmakda saldamly orun eýelän merdana pederlerimiz ahalteke bedewlerimize uly hormat, uly sarpa goyandygy hemmelere malimdir. Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýelden ýyndam, gaýtalanmajak gözellige eýe ahalteke bedewleriniň geçmişdäki şan-şöhratyny dikeltmekde, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge döwlet tarapyndan uly üns berilýär, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty täze rowaçlyklara eýe bolýar. Ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana pederlerimiziň ýoly täzeden dabaralandyrylýar. Ahalteke bedewlerine dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigi göz öňünde tutulyp, daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen özara hyzmatdaşlyk ösdürilýär.
Ahalteke bedewleriniň taryhy öz gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýär. Hormatly Prezidentimiz özüniň: „Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şohratymyz” atly kitabynda :“Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar“ diýip belleýär.
Türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beýikdir.
Ahalteke bedewleriniň tohumyny aýawly saklamak we olaryň şan-şöhratyny has-da artdyrmak işinde döwlet Baştutanymyzyň hyzmatlary çäksizdir. Häzirki döwürde Türkmenistan tohum atçylygynyň halkara merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezýärler.
Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de wepaly hemralary, şöhratly taryhymyzyň bezegi boldular. Munuň şeýledigine “Irden tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “Aty baryň ganaty bar”, “Ýyndam atyň bahasy bolmaz” ýaly belli halk nakyllary şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap öňe gitmeginiň nyşanyna, milli mirasyň dowamatlylygynyň, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesine, milli we dünýä medeniýetiniň taryhy özboluşlylygy bolan ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň ajaýyp tumaryna, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň keşbine öwrüldi.
Häzir dünýäniň ençeme künjeklerinde atçylyk toplumlarynyň, pudagyň ylmy we okuw binýadynyň, atçylyk sporty toparlarynyň täzeden dikeldilmegine hem-de şu babatda netijeliligi asyrlar arkaly synagdan geçen türkmen atçylygynyň däplerine yzygiderli gyzyklanma bildirilýär, atlary öwrenmegiň milli mekdebi ýokary derejeli ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler halk seçigiçileriniň ahalteke bedewi ýaly beýik sungat eserini dünýä diňe bir peşgeş bermän, eýsem, bu gymmatly atlary olaryň ajaýyp häsiýetleri bilen arassa ganlylygyny hem saklamagy başardy.
Saparmyradow Mälikdurdy
Weterinar lukmançylygy fakltetiniň Atçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby


dowamy

Geçmişden janly ýadygär


Türkmen halky özüniň taryhyna, milli mirasyna, däp-dessuryna, ebedi gymmatlyklaryna uly sarpa goýan halk bolmak bilen bütin äleme bellidir. Gadymdan gelýän şöhratly taryhynda türkmen adyndan müňlerçe gezek söz etdiren gaýduwsyz millet häzirki döwürde-de milli gymmatlyklaryna hormat goýmaklygy bilen dünýäde meşhurlyga eýedir. Türkmeniň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewi, gözüniň guwanjyna öwrülen türkmen halysy, wepadarlyk syrdaşy bolan alabaý iti, gelin-gyzlaryň bezegine öwrülen şaý-sepleri türkmen halkynyň ebedi mirasydyr. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda ýakyn myrady bolan ahalteke bedewi bilen bir hatarda, gaýduwsyzlygyň we mertligiň nyşany, adamyň wepadar dosty alabaý iti hem esasy gymmatlyklaryň biridir. Her bir öýüň goragçysy, çopanlaryň ýakyn kömekçisi alabaý itleriniň merdanalygy, edermenligi taryhdan hemmämize mälim bolsa gerek. Alabaýlaryň düşünjeligi, paýhaslygy, adama wepadarlygy bu tohum itleriniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmek, alabaýlar hakyndaky maglumatlary bilmek her bir bilim işgäriniň we taryhçynyň esasy borjy bolup durýar. Çünki watanmyzyň gymmatlygy taryhyny öwrenmek we milli gymmatlyklarmyzyň belent sarpasyny saklamak her bir türkmeniň beýik wezipesidir. Türkmen alabaýlarynyň taryhy hem öz gözbaşyny gadymy döwürden alyp gaýdýar.
Dünýä ýüzünde Orta Aziýa owçarkasy ady bilen bilinen, taryhyň dürli ýyllarynda dürliçe atlandyrylyp gelinen, gaýduwsyzlygy, mertligi, batyrlygy bilen bütin jahana belli bolan tohum itleriniň biri bu- Türkmen alabaýydyr. Türkmen alabaýynyň gadymylygyny, dünýäde dörän itleriň ilkinji tohumydygyny hiç bir alym, hiç bir kinolog inkär etmeýär. Emma bu gadymy tohum itiniň dürli ýyllaryň dowamynda türkmen alabaýy diýip atlandyrylman, dürli-dürli atlar bilen atlandyrlandygy bize taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiziň edermen türkmen itlerine bagyşlap ýazan uly göwrümli “Türkmen alabaýy” kitaby türkmen itleriniň taryhyny, gelip çykyşyny, türkmene mahsus gylyk-häsiýetli tohum itleriniň hut türkmen topragyna degişlidigini dürli ylmy subutnamalar arkaly subut etmegi netijesinde hakykatdan-da bu gaýduwsyz itleriň türkmen topragyna degişlidigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” kitaby türkmen itlerini öwrenmekde türkmen halkyna uly bir gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” kitabynda türkmen itleriniň gelip çykyşy hakynda şeýle maglumatlary getirýär: “ Ata-babalarmyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymyýetiň tümlügini aşyp, şu döwre geldiler. Türkmen itleriniň asylky dörän döwri hakynda kesgitli pikir aýtmak aňsat däldir. Alabaýlaryň aňyrsy tibet dogundan gaýdýar diýýänler-de bar. Hytaý imperatoryna sowgat berilen tibet dogy hakyndaky maglumat biziň eýýamymyzdan öňki 1121-nji ýyla degişli. Ýöne dört müň ýyl mundan ozal jaýlanan alabaýyň ystyhanynyň Altyndepeden tapylmagy bu çaklamanyň köküne palta urýan bolsa gerek”. Türkmen alabaýynyň Tibet doguna meňzedilmegi, daşky keşpleri boýunça bu iki tohumyň özara baglanşygynyň bardygyndan ýa-da türkmen alabaýlary hakynda düýpli bir ylmy seljermäniň ýokdugyndan ybarat bolmagy mümkin. Tibet doglary hakykatdan-da gadymy tohumlaryň biri bolmak bilen bir hatarda örän edermen hem batyrlygy bilen tanalypdyr. Gadymy zamanlarda Tibet doglary hakynda birnäçe rowaýatlar we mifler bolupdyr. Maglumatlara görä grek akyldary Aristotel we Marko Polo öz ýazgylarynda bu itleriň batyrgaýlygy, güýji hakynda birnäçe maglumatlary ýazypdyrlar. XIII asyrda Türkmenistanyň ýerlerine syýahat eden Marko Polo: “Bu ýerde ägirt uly itlere duş gelmek bolýar. Olar şeýle güýçli we gaýratly, hat-da iki sany it gorkusyz ýolbars bilen göreşmäge taýýar.”- diýip öz ýazgylarynda belläp geçipdir.
Türkmen alabaýlarynyň goňşy ýurtlardaky we Aziýanyň hem-de Ýewropanyň birnäçe ýerlerinde duş gelýän itler bilen meňzeşligi hakynda-da ylmy maglumatlar bar. Gazagystanyň halky itlerini “töbet” ýa-da gazak iti diýip atlandyrýarlar. “Töbet” sözi “töbe”- baýyr, belentlik, “it”- it manysy berýän sözlerden düzülip, ýagny baýyrdaky it manysyny berýär. Gazaklaryň beýan etmegine görä töbetleriň alabaý bilen daşky keşbi hem-de häsiýetleri bilen baglanşyklydygyny görmek bolýar. Gazaklar töbetleri esasan çopan sürüsi üçin ulanypdyrlar. Käbir gazaklar bolsa töbetler sähra iti, alabaýlar bolsa söweş ruhuna eýe bolan edermen it diýip belläp geçýärler.
Ylmy maglumatlarda türkmen alabaýynyň kawkaz owçarkasy bilen deňeşdirilýän ýerleri hem bar. Itleri öwreniji I.Trawina özüniň “Itler” diýen işinde gadymy dog görnüşli itleriň aslynyň orta aziýa owçarkasy we kawkaz owçarkasy diýip belläp geçýär. Şeýle hem ol Orta Aziýa owçarkasynyň watany Orta Aziýanyň çöllükleri diýip beýan edýär. Onuň berýän maglumatlaryna görä 4000 ýyl mundan ozal häzirki Türkmenistanyň ýerlerinde maldarçylyk bilen meşgul bolýan halklaryň ýaşandygy, arheologiki maglumatlara görä olaryň sürüsini itleriň gorandygyny, türkmenler bolsa ol itlere “türkmen möjekbasary” diýip at berendigini nygtaýar. Şeýle hem bu itleriň ahalteke atlary bilen bir hatarda milli baýlyk hökmünde garalandygyny belläp geçýär.
Kawkaz owçarkalary bilen türkmen alabaýlarynyň arasynda daşky keşbi boýunça, agramy boýunça, boýlarynyň birmeňzeş ululygy boýunça aratapawut bar. Şeýle hem kawkaz owçarkalary hem çopan goşunda sürüni goramaklyk üçin ulanylypdyr. Bu itleriň watany Kawkaz daglary hasaplanypdyr. Kawkaz owçarkalary möjege garşy hem berk gaýtawul berýän edermen tohum iti hökmünde şekillendirilipdir. Hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” kitabynda şeýle maglumatlary beýan edýär: “ Meşhur kawkaz owçarkasyny, ispan mastifini, italýan maremmasyny alabaýlaryň iň ýakyn garyndaşlary diýip bolar. Itşynaslar olaryň diňe bir daş sypatynyň däl-de, häsiýetleriniň hem meňzeşligini belleýärler. Belki, olar hem satylan mal sürüleri bilen Ýewropa aralaşan alabaýlarymyzyň tohumyndandyr. Belki-de, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnan kerwenleriň goragçysy bolan alabaýlarymyzyň nesilindendir.”
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Şol ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýörite ugurly assosiasiýanyň döredilmeginiň, soňra bolsa oňa halkara derejesiniň berilmeginiň milli itşynaslygymyzyň iň naýbaşy tejribeleriniň we dessurlarynyň ösdürilmegine, itleriň bu tohumynyň ulgamlaýyn, ylmy taýdan esaslandyrylan binýatda kemala getirilmegine, itleriň milli tohumçylygynyň öňdebaryjy usullarynyň, şeýle hem bu ulgam boýunça dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň hemmetaraplaýyn peýdalanylmagyna we has hem giňeldilmegine aýratyn itergi berjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Annagulyýew Kerwen
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby


dowamy

TÜRKMEN EDEBIÝATY GADYMY WE ORTA ASYR ÇEŞMELERDE


Türkmen edebiýaty VIII asyryň ortalaryndan XI asyryň ortalaryna çenli bolan döwri umumy Gündogar edebiýaty bilen berk baglanyşykda we sazlaşykda bolup, türkmen edebiýatynyň täzeden döreýiş döwrüniň kämilleşmegine itergi beren ilkinji basgançakdyr. XI asyryň ortalaryndan XIV asyryň ahyrlaryna çenli bolan döwür hem şol ilkinji basgançagyň täze görnüşlere, täze mazmuna we dürli täze çeperçilik däplere ýugrulan özbaşdak bir edebi eýýamyny kemala getiripdir. Ýöne her niçik bolanda-da, VIII asyrdan başlap XVI asyryň ahyrlaryna çenli bolan edebiýatymyzy arap, pars, täjik we beýleki Orta Aziýa, Gündogar halklarynyň edebiýatyndan, medeniýetinden üzňelikde öwrenmek biziň türkmen edebiýatymyzyň bu uzak döwrüni doly göz öňüne getirmäge bolan mümkinçiligimizi aradan aýyrýar.
Bu ýagdaý diňe VIII-XI asyrlar aralygyndaky edebiýatymyzy we şol döwürden soňky edebiýatymyzy öwrenmek meselesinde şeýle bolman, eýsem VIII asyra çenli, hatda biziň eýýamymyzdan öňki döwre degişli bolan edebiýatymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, dilimizi öwrenmek meselesinde-de hut şeýledir.
Bu mesele bilen öz döwründe ymykly gyzyklanan edebiýatçy alym Nazar Gullaýew „Türkmen halky hem onuň gadymyýeti dogrusynda gysgaça söhbet“ atly işinde şeýle diýýär:
„...Munuň hut şeýledigine göz ýetirmek üçin, gadym zamanlara degişli edebi materiallardan biziň eýýamymyzdan öňki birinji müňýyllygyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň territoriýasynda bolup giden grek awtorlarynyň (Gerodit, Kteziý, Strabon, Hares Mitilenli...), şolara salgylananlaryň (Polien, Gekateý, Diýodor...) kitaplarynda galan hem-de beýan edýän wakalary, esasan, Günorta Türkmenistanda, Merkezi Garagumda, Uzboý sebitlerinde ýaýbaňlanan legendalar, ýazuwly nusgalar bilen ýüzleýje tanyşmaklyk-da ýeterlikdir...”.
Edebiýatymyzyň iň gadymy köklerine degişli maglumatlary nireden gözlemelidigini dogry bellän alym, gadymy türkmen edebiýatyna, diline, medeniýetine degişli maglumatlaryň hytaý çeşmelerinde-de köp duş gelýändigi barada hiç zat aýtmandyr. Emma türkmenlere degişli baý edebi-taryhy maglumatlar hytaý çeşmelerinde-de az däldir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde alyp barýan daşary syýasaty netijesinde giň ýol açylan edebi, syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklar we ýurt Baştutanymyzyň milli mirasymyzyň ähli ugurlaryny düýpli öwrenmek üçin döreden şertleri, bize arap, pars we beýleki çeşmeler bilen bilelikde hytaý çeşmelerini-de ymykly öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Biziň eýýamyzdan 150 ýyl öň Parfiýa (Nusaý) töwereklerine syýahat eden hytaý syýahatçysy Sýan Su Parfiýadan başlap tä Fergana jülgesine çenli bolan aralykda ýaşaýan halklaryň diline kynçylyksyz düşünip bolýar diýip ýazypdyr. Bu ýagdaý bolsa bize türkmen edebiýatynyň diliniň, medeniýetiniň, taryhyň dürli sahypalaryny beýleki halklaryň edebi-medeni çeşmelerinden hem gözlemelidigimize yşarat edýär.
Şunlukda, biziň bu makalamyzdan gelip çykýan netijeleriň birine laýyklykda türkmen edebiýatynyň taryhyny doly we töwerekleýin öwrenmek üçin diňe arap, pars dillerinde döredilen tezkireleri, edebi-taryhy çeşmeleri däl-de, eýsem elýeterligi mümkin bolan beýleki dillerde ýazylan çeşmelerdäki maglumatlary hem öwrenmelidir. Aýdylanlardan gelip çykýan netijeleriň ýene birine laýyklykda, türkmen edebiýatynyň wekilleriniň, aýratynam, irki döwürlerde ýaşan şahyrlarymyzyň ömür döredijiliklerini öwrenmekde tezkireler doly we gutarnykly çeşme bolup bilmez. Galyberse-de, tezkireleriň köpüsinde şahyrlaryň goşgularyndan diňe parçalar berlip, ol şygyrlaryň doly mazmuny, olaryň ideýa-çeperçilik aýratynlyklary we beýleki taraplaryna degişli meseleler hemişe bolmasa-da, köp halatlarda tezkireleriň mazmunynyň daşynda galdyrylypdyr. Bu bolsa öňem belläp geçişimiz ýaly, haýsydyr bir şahyryň döredijiligini doly öwrenmek üçin başga çeşmelere-de ýüzlenmäge mejbur edýär.
Tezkireler boýunça arap, pars, türki, dilde ýazan türkmen şahyrlarynyň ömri döredijiligini doly öwrenmek üçin käbir zatlara aýratyn üns bermek gerek. Her bir asyra (döwre) degişli edebiýaty, ol edebiýatyň wekilleriniň döredijiligini töwerekleýin açmakda şol döwrüň syýasy-jemgyýetçilik gurluşyna, her bir şahyryň şol jemgyýetde tutýan ornuna, bitiren hyzmatyna aýratynlykda we umumylykda baha bermelidir. Çünki, her bir döwrüň geografik özboluşlylygyny, syýasy-ykdysady aýratynlygyny, jemgyýetçilik-durmuşy ýagdaýyny anyk bilmezden edebi prosese (ösüşe), edebiýat wekilleriniň döredijiliklerine baha bermek bärden gaýtmak bolsa gerek. Orta Aziýada we Ýakyn Gündogarda hökümdarlyk süren Abbasylar neberesinden başlap, sarmanylar, gaznawylar (gaznalylar), garahanlylar, oguz-seljuklar, horezmşalar, mongollar, teýmirler we ondan soňky hökümdarlaryň hemmesinde asly türkmen şahyrlaryň, alymlaryň, serkerdeleriň, sungat wekilleriniň aýratyn orny, hyzmaty bar. Olaryň atlaryny dikeltmek, döredijiliklerini öwrenmek, jemgyýetçilige ýetirmek bolsa bu günki edebiýatçy, taryhçy alymlaryň mukaddes borçlarynyň biri bolup durýar. Bu meselede biz aýratynam gaznalylar, garahanlylar, seljuklar, horezmşalar döwürleriniň edebiýatlaryna has içgin aralaşmalydyrys. Gündogarda Hindistanyň günorta-demirgazyk guşaklygyndan başlap, Günortada Bagdat çäklerini, Günbatarda Zakawkaziýany öz içine alan bu hökümdarlaryň Gürgen (jürjan), Merw, Yspyhan, Balh, Tus ýaly şäherlerinde ýaşan şahyr, dilçi, edebiýatçy, taryhçy we ylmyň beýleki pudaklarynda dünýä belli alymlar ýüz ugra sanardan köpdür.
Biz makala ýazmak üçin görüp geçen tezkirelerimiziň mazmunyndan çen tutup, „tezkire žanry“, „tezkireçilik däbi“ diýen adalgalar (düşünjeler) barada aşakdaky netijä geldik. Dürli dillerdäki, şol sanda, türkmen dilindäki edebiýat ylmyna degişli sözlüklerde „tezkire“ sözüne berilýän düşündirişlere seredip geçdik. Bilşimiz ýaly sözlükler „tezkire“ sözüniň özüne düşündiriş berýärler-de, „tezkire žanry“, „tezkireçilik däbi“ diýen düşünjeleri barada hiç zat aýtmaýarlar. Bu iki düşünje barada görlüp geçilen tezkireleriň özlerinde-de hiç zat aýdylmaýar. „Tezkire žanry“, „tezkireçilik däbi“ diýen jümleler XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynda we ondan soňky döwürlerdäki eýran, rus, türk we beýleki günbatar ýurtlaryň alymlarynyň işlerinde, şeýle-de XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap özbek, azerbaýjan edebiýatçy alymlarynyň işlerinde duş gelýär. Türkmen edebiýatynyň taryhyny ýazmakda tezkireler giňden peýdalanylan bolsa-da, olar barada ýazylan ylmy teoretiki işler entäk ýok diýerlik ýaly derejede bolmagyna galýar. Şeýle ýagdaý bizi tezkire däpmi, edebi žanrmy diýen ýaly soraglara jogap agtarmaga mejbur edýär. Biz türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda (köp sanly beýleki türki halklaryň edebiýatynda-da-H.G.) „oguznamaçylyk däbi“, „dessançylyk däbi“, „namaçylyk däbi“, „ertekiçilik däbi“, „dessan žanry“, „erteki žanry“ diýen ýaly jümlelere köp duş gelýäris. Edebiýat nazaryýeti nukdaýnazardan olary biri-birinden aýyl-saýyl hem edip bilýäris. Sebäbi bu düşünjeler çeper edebiýatyň hut özüne degişlidir. Dessançylyk däbine eýerlip nama žanrynda („Behiştnama“, „Baburnama“, „Oguznama“, „Syýasatnama“, „Muhabbetnama“ we başg.) eserler ýazylýar.
Dessanlaram, namalaram çeper žanrlar bolmak bilen, olaryň belli temasy (tematikasy), sýužeti (waka ýordumy), meselesi (probematikasy), ideýasy (taglymy), kompozisiýasy (gurluşy) we beýleki nazary mahsuslyklary bar. Ýöne, tezkirelerde beýle zatlar ýok. Olarda diňe şahyrlaryň ady tutulýar, ömri döredijiligi barada käbir maglumatlar berilýär, eserlerinden bölekler getirilýär, kä halatlarda bolsa „ajaýyp şahyr“, „zehinli şahyr“, „çeper söz dünýäsiniň göwheri“ diýen ýaly jümleler bilen umumy baha berilýär. Ýokarda aýdylanlardan çen tutsak, onda tezkireleriň edebi žanr, edebi däp däldigini açyk aýtmak bolar. Tezkire sözüniň görlüp geçilen sözlüklerde berilýän manylaryndan çen tutsak bolsa, tezkireleriň ylmy, has anygy, taglymat beriş häsiýetiniň çeperçilik häsiýetinden has ötedigini bellemek mümkin. Eger biz edebiýaty öwreniş ylmynda edýän işlerimizi ugurlary boýunça žanrlara, ýa-da ylmyň ol ýa-da beýleki däbi boýunça ýazylan işlere bölsek, onda elbetde şertli ýagadaýda „tezkire žanry“, „tezkireçilik däbi“ diýen jümlelere kesgitli many mazmun berip bolar. Häzirki zaman edebiýaty öwreniş ylmynyň we ylmy-edebi neşir işleriniň mazmunyndan gelip çykýan netijelere syn salyp, neşir edilýän okuw hrestomatiýalarynyň hem tezkire häsiýetine eýedigini nygtap bolar.
Tezkireleri öwrenmek, olar barada ymykly ylmy-nazary netijeleri çykarmak işi türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň öňünde durýan wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň döredip beren giň mümkinçilikleri netijesinde bu ugurda tutumly işleri alyp baryljakdygyna hem doly ynanýarys.
Hydyr Geldiýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi


dowamy

Okuw sapaklary tejribe sapaklary bilen utgaşdyrylýar


Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek baradaky edýän taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň daýhanlaryna, kärendeçilerine dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň goýberýän ýokary öndürijilikli tehnikalaryny alyp berýär. Watanymyzyň agrar syýasatyny ýokary derejelere galdyrmakda we kämilleşdirmekde Arkadag Gahryman Prezidentimiz uly üns berýär, ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen doly üpjün etmek taglymaty esasy syýasatlaryň bir bolup öňe çykýar. Edil şol maksatlary nazarlap kämil tehnikalary öndürýän kompaniýalaryň hereket edýän ýurdumyzdaky okuw merkezlerinde bolsa bu tehnikalary öwrenip talaba laýyk ulanmak üçin uly işler alnyp barylýar we birnäçe okuw sapaklary geçirilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän okuw merkezlerinde hem geljekki hünärmenler bolup ýetişjek talyp ýaşlar bilen yzygiderli sapaklar geçirilýär. Talyplar oba hojalygynda öňden ulanylýan tehnikalardan daşary her täze öndürilen we ulanylyşa göýberilýän tehnikalar bilen geçirilýän sapaklarda giňişleýin tanyşýarlar we olaryň ulanyş tälimlerini öwrenýärler. Oktýabr aýynyň 7-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli Okuw-tejribe hojalygynyň meýdanlarynda Germaniýanyň federatiw respublikasynyň Türkmenistandaky Class kompaniýasynyň hünärmenleri we uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň uly mugallymy Esenmyrat Şagulyýew hem-de şol fakultetiň talyplary bilen bilelikde tejribe “online” okuwyny geçirdiler.
Bu tejribe okuwynda mugallym dänelik ekinlerini ekmekde ýurdymyzda giňden ulanylyp başlanan“Caspardo” kysymly ekiji maşynynyň ähmiýetini, gurluşyny, işleýşini, işledilýän döwründe sazlamak aýratynlyklaryny önümçilik şertlerinde giňişleýin öwretdi. “Caspardo” kysymly dänelik ekinleri ekýän ekijisinde sanly ulgam arkaly ekijiniň ekiş tehnologiýasyny amala aşyrmak boýunça sapak berildi. Sapakda Älemdäki emeli hemra arkaly GPS gurnawy bilen enjamlaşdyrylan Axos-340 kysymly traktoryň we ekijiniň goşulmagynda, ekiliş meýdanyň takyklygyny, hatar gönüligini saklamak, ekilen tohumyň meýdana deň düşmekligini görkezýän ekiliş usuly berjay etmek düzgüni, tohumyň ekilmek çuňlugy, ekilýän dänäniň mukdaryny barlamak usullaryny saýlamak, geljekde hasyllylyk kartasyny düzmek, ýetişen hasyly ýygnanak usullaryny kesgitlemek ýaly soraglara seredildi. Sapakda mugallym talyplara aýdyň bolar ýaly, ekiş geçirilen ýerde üstki toprak gatlagyny syryp aýyryp, toprak içinde ýatan däneleriň hatarda ýerleşmek sanyny we däneleriň gömüliş çuňlugyny barlamagy görkezdi. Bu tejribe okuwlary geljekki ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Sapakda talyplara aýdyň görnüşinde öwredilen usulyýetler anyk mysallarda görkezildi we olary özleriniň gaýtalamagynda aňlarynda gowy berkidilmegi gazanyldy. Sapak “on-line” görnüşinde geçirilen mahaly bu sapagy doly ýagdaýda uniwersitetiň John Deere okuw merkeziniň otagynda sapak geçip oturan talyplar topary hem synlap geçilen sapagy öwrenmäge mümkinçiligi aldylar. Sapak wagtynda iki tarapdan hem sapaga gatnaşýan talyplaryň birnäçe beren soraglaryny mugallym doly düşündirdi we aýdyň tehnikanyň özünde görkezdi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy
Seýitguly Nurnazarow


dowamy

Garaşsyzlyk goşa ganat-goşa bagt


2-nji okýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa uniwersitetimiziň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we oba hojalyk ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.
Geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda professor-mugallymlar we uniwersitetimiziň talyby çykyş etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuw eden, Garaşsyz türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrandygyny Gahryman Arkadagymyzyň eserinde bellenilýändigini aýdyp geçdiler.
Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň sahypalarynda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada pikir ýöredip, hemme beýik ýeňişleriň, üstünlikleriň we häzirki Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygyny nygtaýandygy bellenilip geçildi.
Çykyş edenler şeýle hem halkymyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitlerini nazara alyp, döwletimiziň mizemezligini binýat edýän asyrlara barabr işleriň Berkarar döwletde yzygiderli amala aşyrylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary ýurdumyzyň ähli pudagynda işleýän raýatlarymyz üçin nusgalyk kitaplardyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenýän günlerinde halkymyza sowgat berilen "Garaşsyzlyk-bagtymyz" atly kitap hakykatdan-da türkmen halkynyň buýsanjyna buýsanç goşdy.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň arzuwlap gelen bagty, halkymyzyň gözüniň nury, şamçyragy. Bu günki gün agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip geljege sary ynamly ädimler bilen öňe barýar. Ýaşlarymyzyň kalby hyjuwly, gojalarymyzyň göwni yhlasly, çagajyklaryň gülkisi şadyýan, ýurdumyz parahat, asmanymyz asuda, döwrümiz ajaýyp. Ine bu hakyky bagt.
Çykyş edenler Berkarar döwletde, bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Geçirilen dabara uniwersitetimiziň "Altyn asyr" medeniýet merkeziniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazlar bilen dowam etdirildi.
Amanmyrat Ataýew
Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri


dowamy

GEOCLIC- geljege umyt!


Ümzügi öňe sary bedew bady bilen günsaýyn özgerýän ýurdumyzyň halkara abraýy milli Liderimiziň tagallasy bilen barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasatlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginde özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Mähriban Arkadagymyzyň ýaş nesliň biliminiň halkara derejesine laýyk gelmegi we ykrar edilmegi hakynda alada edip amala aşyrýan ylym-bilim özgertmeleri netijesinde ýaşlara bilim berlişinde okatmagyň täze usullarynyň omaşdyrylmagy, dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamyndaky ösüş aýratynlyklarynyň we tejribeleriniň öwrenilmegi, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, dürli pudaklara degişli talyplaryň okamagyna oňaýly şertleri döredýär.
Ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan döwletli işlerini, belent maksatlaryny durmuşa geçirip, doly ýerine ýetirmek üçin talyp ýaşlaryň öz ugurlary boýunça dünýäniň täzeliklerini, tejribelerini öz içine alýan okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy örän wajypdyr. Galybersede ýurdumyzda daşary ýurt dillerini talyplarmyzyň we mugallymlarmyzyň yhlasly öwrenmegi bolsa ylym-bilim derejämiziň has-da giňelmegine uly itergi berer.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk, milli ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen “ Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hem-de ekologiýa abadançylygy we daşky gurşawy goramak hakyndaky kararlar hormatly Prezidentimiziň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenlere, ýaşlarmyza bildirýän uly ynamyndan nyşandyr.
Gahryman Arkadagymyz özüniň her bir çykyşynda biziň ylmyň iň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmelidigimizi, bu ugurda bolsa watanymyzyň geljeginiň başarjaň, öz kärine ökde, zähmetsöýer ýaşlaryň elindedigini belläp geçýär. Ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin bolsa döwrebap ýokary okuw mekdeplerini gurduryp, olary ylmyň iň soňky gazananlary bilen doly üpjün edýär. Ýaş hünärmenleri, geljekki hünärmenleri dünýäniň ösen ýurtlaryna okuw-iş saparlaryna ugradýar.
Alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly hakykatdan hem ylym bir ýerde durmaýar, ol günsaýyn, sagatsaýyn ösýär. Onuň bilen aýakdaş gitmek üçin bolsa dünýä tejribesini özümizde yzgiderli ornaşdyrmak zerurdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Şol döwletler bilen iki taraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. Ýaş hünärmenlerimizdir, talyp ýaşlarymyz bolsa bu mümkinçiliklerden peýdalanyp öz ukyp-başarnyklaryny dünýä ýaýýarlar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri, Ýewropa komissiýasynyň Bilim, okatmagyň audiowizual serişdeleri we medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentligi tarapyndan Erasmus maksatnamasy boýunça ýurdumyzyň hem wekilçilik etmeginde taslamalaryň ençemesi dürli ugurlarda alnyp barylýar. Ýaňy ýakynda bolsa Hormatly Prezidentimiziň goldamagy esasynda bu maksatnamanyň täze taslamasyna watanymyzyň wekilçiligi saýlanylyp, taslamany ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy gülzarlyga öwürmek, daşky gurşawymyzy goramak we abadanlaşdyrmak esasy maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda esasy mesele Araly halas etmek bilen baglanşykly bolmagy ekologiýa abadançylygyna ýurdumyz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nyşanydyr. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen möwsümleýin agaç nahallaryny oturtmak, bag ekmek indi halkymyzyň arasynda asylly däbe öwrüldi.Ýurt baştutanymyzyň tagallasy bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryndaky hereket edýän köne tehnikalaryň ýerine dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen täze, döwrebap tehnikalar yzgiderli gelip gowuşýar. Hazar deňziniň kenarlary bolsa abadanlaşdyrylyp, dünýäni haýrana goýýan, ekologiýa taýdan arassa syýahatçylyk zolagyna öwrüldi. Elbetde bu zatlaryň ählisi diňe bir geljekde ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna saldamly goşant goşman, eýsem ekologiýamyzyň hem özgermegine getirer!
Erasmus maksatnamasynyň bu täze taslamasy “Kenarýaka ekoulgamlaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženeriýasy boýunça täze okuwlar” (GEOCLIC) diýlip atlandyrylýar. Bu taslamany durmuşa geçirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň tejribeli we ýaş mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Bu taslamada suw baýlygymyz bolan Hazar deňziniň hem ekoulgamynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženeriýasyny işläp düzmek hakynda teklipler bilen çykyş etmek ýaş hünärmenlerimiziň öňündäki maksatlarynyň biri bolup durýar. Taslamanyň netijeliligi bolsa ilkinji nobatda öz hünärine ökde, daşary ýurt dillerini bilýän başarjaň, ugurtapyjy ýaşlara bagly bolup durýar.
Şunuň ýaly taslamalaryň kabul edilip, olaryň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim, ekologiýa abadançylygy we daşky gurşawy goramak barada alyp barýan syýasatynyň dünýä ýüzünde bir agyzdan ykrar edilmeginden nyşandyr. Biz ýaş hünärmenler hem ukyp-başarnyzmyzy peýdalanyp, kabul edilýän täze taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde yhlasymyzy gaýgyrman Gahryman Arkadagymyzyp bize bildirýän uly ynamyny ödäris!
Daýanç Reýimow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

Magtymguly Pyragynyň Watançylyk paýhaslary


Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni ulgamynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler bagtyýar halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny oýarýar. Milli Liderimiziň “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Ýurdumyzda onuň pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylýar”1 diýen parasatly sözleri bu günki gün biziň durmuş ýörelgämize öwrüldi.
Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişleriň başyny başlady. Onuň umumy adamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga püre-pür şahyrana eserleri türkmen şygryýetini dünýä tanatdy. Adamzat ruhunyň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan şahyr bu gün ynsanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Onuň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, şu günki we geljekki nesillerimiziň ruhy kämilligini, ruhy sagdynlygyny üpjün edýän täze aňyýetimiziň ruhy binýatlarynyň biridir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynyň hakyky watançysy hem-de onuň joşgunly waspçysy, beýik akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar. Magtymguly ene toprakdan güýç-kuwwat, gujur-gaýrat alypdyr. “Gaýry Watany islemedik” akyldar şahyr Watany halys ýürekden söýüpdir. Watan, watan söyjülik şahyr üçin iň gymmatly beýiklik bolupdyr. Watanyň mähribanlygyny jany-teni bilen syzan akyldar şahyr Magtymguly Pyragy üçin Watandan beýik zat bolmandyr. Şahyryň döredijiliginde agzybirligiň, asudalygyň waspyny ýetirmek, mert, batyr ýigitleri taryplamak, uly orun tutýar.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň ruhy gymmatlyklarymyz külli türkmeniň göwnüni galkyndyryp, ylhamyna ylham goşýar, diňe wakalary barada maglumatlary bermek bilen çäklenmän, olaryň ruhy manysyny, pelsepesini aňymyza guýýar. Diňe bir taryh geçmişi däl, eýsem taryhy hakydany hem dikeldýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp edebi mirasymyz nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemegiň belent nusgasy bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygy-ny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň… öňünde baş egýärin”1 diýen dana sözlerini ýatlamak has-da buýsançlydyr.
Türkmen halkynyň beýik ogly, beýik akyldar hem milli şahyry Magtymguly Pyragy öz halkyna we bütin adamzada hyzmatlary bilen türkmenleriň hem beýleki halklaryň kalbynda çuňňur orun alýar. Magtymguly öz döredigiliginde halkynyň egsilmez baýlygy bolan ata-babalarymyzyň gözel mirasyndan ylham we kuwwat alýar, hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşünikli hem ýakymly, täsirli bolup, olaryň ruhuna ornaşýar.
Her bir döwür jemgyýetçilik aýratynlygyna laýyklykda öz edebi taglymatyny öňe sürýär. Edebiýatymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döreýän edebi taglymat hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatyndan gözbaş alýar. Durmuşa ornaşdyrylýan täze ylym-bilim özgertmeleriniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze aňyýetiň özenini bolsa Magtymguly atamyzyň arassa paýhas mekdebine öwrülen giň döredijiligi we hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli uly aladalary düzýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebi taglymaty öz ideýasyny şol ahlakdan hem uly aladadan süzüp alýar we türkmen edebiýatynyň täze bir zamanasyny kemala getirýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä edebiýatynda hem uly öwrülişik döretdi. Ol öz şygyrlarynyň mizemez ideýasyny halk ykbaly bilen berk baglady we halk durmuşyny, onuň arassa ahlagyny öz döredijiliginiň hamyrmaýasy edip ýugurdy. Şeýlelikde ol öz döwrüniň özboluşly häsiýetleri bilen halkyň geljekki ykbalynyň arasynda hemişelik ruhy köpri gurmagy başardy.
Beýik Magtymguly diňe bir Gündogar edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynda uly hadysadyr. Edebiýaty öwreniş ylmynyň “Millilik”, “Edebi ýazuw dili” ýaly möhüm meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolanyn-da, munuň jedelsizdigine ymykly göz ýetirýärsiň. Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen edebiýaty juda çylşyrymly taryhy tapgyrlary öz başyndan geçirdi. Beýleki goňşy halklaryň edebiýatlary bilen berk baglanyşykda ösen türkmeniň orta asyr çeper söz sungatyny özünde jemlän Pyragynyň döredijiligi elýetmez derejä göterlip, hemmeler üçin nusgalyk edebi mekdep bolup hyzmat edýär.
Magtymguly türkmen ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we Garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan hakdan halatly danadyr. Türkmen halkynyň milli häsiýetlerinde, urp-adatlarynda özboluşly ýoly bar. Şu jähetden hem edebiýat meýdanynda-da beýleki milletleriňkä meňzemeýän öz aýratynlyklary bar. Türkmen edebiýatynyň ägirtleri barada gürrüň edilende ilki bilen Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenmezlik mümkin däl. Sebäbi Magtymguly durmuşyň ähli meselelerinden, ähli ugurlaryndan baş alyp çykan şahyr. Magtymgulynyň goşgulary ölmez-ýitmezdir. Sebäbi şol goşgularda watansöýüjilik, söýgi, ýaşlyk, joşgun bar.
Garaşsyz, Baky Bitarap asuda Diýarda beýik özgertmeleri bilen, bütin dünýäniň öňünde ähli umumy adamzat ösüşiniň Türkmenistanyň täze başlangyçlary bilen arşa galýan döwrinde, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe beýik akyldar şahyr Magtymgulynyň arzuwlan zamanyna eýe bolup, beýik şahyryň beýik döredijiligi hakynda buýsanç bilen söz açmak uly bagtdyr.
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy:
Täzegül Ýusupowa


dowamy

ONLINE (internet) ders bäsleşigi geçirildi


“Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” 2020-2023-nji ýyllar aralygynda, ýagny ony amala aşyrmagyň ikinji tapgyrynda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläkde ösdürmek bellenendir.
Türkmenistany innowasion esasly ösdürmegiň Prezident strategiýasyny durmuşa geçirmegiň anyk ugry ýurdumyzyň ähli bilim edaralaryny sanlylaşdyrmakdan olara häzirkizaman kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan ybarat bolup, şolaryň netijesinde türkmen ýaşlary bu gün ylmy taslama hem-de ders bäsleşiklerine uzak aralykdan hem gatnaşyp, baýraklara we sylaglara mynasyp bolýarlar. Bularyň ählisi bilimli, terbiýeli, sazlaşykly ösen täze nesli kemala getirmekde, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
2021-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda uly üstünliklere eýe bolmagynda, onuň öňkidende kuwwatlanmagynda bilim ulgamynyň işiniň hil we mazmun taýdan ýokary derejesine uly üns berilýär. Muny Türkmenistanly mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlarynyň döwlet derejesindäki hem-de halkara ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleride aýdyň görkezýär.
Ynha bu gün hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Materiallaryň garşylygy” dersinden 1-nji açyk internet olimpiadasy geçirildi.
Bu 1-nji açyk internet olimpiadasynda 1, 2, 3 - nji orun alan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň adyny agzap geçsek, olardan birinji orna mynasyp bolan talyp ýaşlar:

Kuwat Hemdemow – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Ýakup Annagurbanow – Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Magtymguly Şiriýew – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Ikinji orna mynasyp bolan talyp ýaşlar:

Begmyrat Myratmuhammedow – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Mekan Akmyradow – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby,
Muhammet Jumaýew – Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Enejan Rejepowa – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby,
Aýmyrat Taganow – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby,
Bahar Durdyklyçewa – Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby,
Geldi Durdyýew – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Üçünji orna mynasyp bolan talyp ýaşlar:

Arslan Atageldiýew – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby,
Ahmet Tukatow – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Pälwan Berdiýew – Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby,
Sultan Jumaýew – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň talyby,
Myrat Öwezliýew – Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby,
Pälwan Bazarow – Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby,
Didarjan Joraýew – Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby,
Bazarbaý Rozykulyýew – Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Atajan Baýew – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň talyby,
Muhammetmyrat Kakageldiýew – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby,
Aýgül Allaýewa – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby,

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýokary mümkinçilikleriň döredilendigini nygtamak ýerliklidir. Döwlet aladalary bilen gurşalan bilim ulgamynda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý eziz Watanymyzyň geljegi, durmuşymyzyň bezegi bolan ýaş neslimiz hakynda uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, halk bähbitli we umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri Arzuwgeldi Kulyýew.


dowamy

GARAŞSYZLYK – BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY


Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyz milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrýan ägirt uly ösüşlere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny açyp görkezýän täze binalaryň, desgalaryň hem-de döwrebap obalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmen döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi, sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň anyk beýany bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda, döwletimiziň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşleriniň her bir ugrunyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen utgaşykly sazlaşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Häzirki wagtda mähriban halkymyz Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlyk görýär. Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistan Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş taglymat her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Munuň özi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri üçin iň gowy şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň derwaýys ugruny şöhlelendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy ösüş-özgerişlere beslenmek bilen, Bitarap Watanymyz sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde ýokary abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly taglymatlary milli döwletliligiň binýadynyň berkdigini şöhlelendirýär. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň netijesi bolup durýar.
Garaşsyzlyk – türkmen halkynyň alnyndan ak gün bolup dogan uly bagt. Ol bagty biz garaşsyz ýaşaýşymyzyň geçen ýyllarynda hemmetaraplaýyn duýup, görüp gelýäris. Garaşsyz döwlet döredip, ony şeýle derejede ösdürmegi başarýan, şol bir wagtyň özünde-de ählumumy ösüşe hyzmat edýän, umumadamzat bähbitli başlangyçlary bilen öňe saýlanýan halk, hakykatdan-da, Garaşsyz döwletli bolmaga doly mynasypdyr we muňa buýsanmaga haklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň özboluşly aýratynlygy − onuň syýasy durnuklylygy, gysga wagtyň dowamynda gazanylan ýokary depginli ykdysady gülläp ösüşi, asudalygy, agzybirligi, halkara giňişliginde durnuklylygy we abadançylygy gorap saklamaga goşýan saldamly goşandy ýaly oňyn aýratynlyklaryň ählisiniň bir döwletde jemlenmegi bolup durýar. Munuň özi Ýer ýüzünde her bir halkyň, her bir döwletiň esasy arzuwy bolsa gerek.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylan ägirt uly işler, ýetilen sepgitler, geçilen ösüşli ýollar asyrlara barabar gymmatlyklara eýedir. Dünýä medeniýetine, ylmyna saldamly goşant goşan merdana pederlerimiziň parahatsöýüjilik, watansöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň halkara derejede dowam etdirilmegi, binýady berkden tutulan döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrülmegine, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda möhüm orun eýelemegine uly itergi berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilim, oba hojalyk, söwda, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ajaýyp keşbe girip, “Aziýanyň merjeni” diýip at alan, ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we beýleki şäherlerdir obalarymyzyň keşplerini synlan, ýurdumyzda öndürilip, dünýä bazarynda orun alýan bäsleşige ukyply önümleriň sanynyň barha artýandygyny bilýän her bir adam Garaşsyzlyga eýe bolup galkynan jebis halkymyzyň bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk edilende beýik işleri amala aşyrmaklyga ukyplydygyna aýdyň göz ýetirýär. Köşkdür minara galdyrmakda, ýoldur köpri gurmakda soňky nesillere mizemez miras galdyran ata-babalarymyzyň binagärlik sungaty bilen häzirki zaman ülňüleriniň özara sazlaşdyrylmagyndan emele gelen nurana binalar döwletimiziň ýeten belent derejesini, ýurdumyzyň şöhratly gadamlarynyň bedew badyny äleme buşlap, göreni haýrana galdyrýar.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw eden agzybir halky, berkarar döwleti bu günki gün hasyl boldy. Magtymguly atamyzyň “Berkarar döwlet islärin” diýen arzuwlarynyň dolulygyna hakykata öwrülendigi bolsa her bir ildeşimiziň durmuşynda aýdyň görünýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet Garaşsyzlygynyň şanly belentligi bolan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aýgytly gadamlaryndan rowaçlanyp, toýlary toýa ulaşýan eziz Watanymyzda halkymyz jebislikde özüniň baş toýuny – Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler bolsa Garaşsyzlygymyza aýratyn öwüşgin berýär.

Tyllagözel Garlyýewa
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby


dowamy

Berkarar döwlet-bagtyýar zaman


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki wagtda ýaşlary ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerinde, olaryň ylymly-bilimli döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredi<>lýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp ýaşlar öz hünärleriniň ökde eýeleri bolup, yhlasly zähmet çekýärler.
Ýaşlaryň döredijiligini, zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Şolaryň biri hem “Watan” gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi bilen bilelikde geçiren şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilen “Parahatlyk – ýürek baýdagy, Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly bäsleşigi geçirildi. Şol bäsleşikde özüniň döredijilikli zähmet ukybyny görkezip, II orna mynasyp bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Maral Orazowa bäsleşigi gurnaýjylaryň Hormat haty bilen sylaglandy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilýän şeýle döredijilikli bäsleşikler ýaş nesiller üçin mundan beýläkde has-da kämilleşmeklerine, batly gadamlar bilen gitmegiň görelde mekdebi bolup durýar.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýan häzirki döwründe, şeýle işler ösen şahsyýetiň kemala getirilmegine, giň gözýetimli, döwrebap bilimli, öňlerinde goýlan maksada ýetmäge päk ýürekden ymtylýan, ýokary hünärli işgärlere bolan jemgyýetçilik talaplaryny kanagatlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Amanowa Ogulbagt
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

MILLI GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞLER


Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi. Bu barada «www.trend» habarlar agentliginiň beren habaryna salgylanyp, «www.turkmenistan.gov.tm» saýty habar berýär. Gürrüňi edilýän sport çäresini Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Bakuwyň milli parky bilen bilelikde gurady.Oňa diplomatik korpusyň wekilleri, türkmenistanly talyplar we welosporty söýüjiler gatnaşdylar. Welosipedçiler säher bilen Azerbaýjanyň Döwlet baýdak meýdançasynda duşuşdylar. Ýörişkenarýaka bulwaryň ýodalarynda geçirildi. Weloýörişiň oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrandygyny aýtmak gerek.
Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan weloýöriş geçirildi.Russiýada ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesini dabaralandyran köpçülikleýin weloýörişiň geçirilendigi barada «SanktPeterburg» teleýaýlymynyň habaryna salgylanyp, «www turkmenistan.gov.tm» saýtyhabar berýär. Köpçülikleýin sport çäresini dünýä türkmenleriniň Sankt-Peterburgda hereket edýän «Mekan» türkmen medeniýeti guramasy gurady. Oňa şäheriň ýaşaýjylary bilen birlikde türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar. Murin seýilgähinde guralan weloýörişe gatnaşyjylar 3kilometr aralygy geçdiler. Sport çäresiniň guramaçylykly geçirilendigini bellemek gerek
Taýýarlan Abdyaly AMANALYÝEW, sport synçysy.


dowamy

GARAŞSYZLYK BAGTY


Şu ýyl, ýenede sanlyja günlerden mähriban halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny mukaddes Garaşsyzly-gymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini belent ruhubelentlik bilen baýram eder. Häzirki wagtda bolsa eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda merjen paýtagtymyz Aşgabatda bu şanly senäni mynasyp garşylamak maksady bilen taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Şunda Aşgabat şäheriniň gözel keşbiniň baýramçylyk lybasyna bürenendigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ak mermerli paýtagtymyzyň aýna ýaly arassa şaýollarydyr köçeleriniň ugry, jemgyýetçilik we medeni desgalaryň töweregindäki meýdançalarda guralan «Garaşsyzlyga 30 ýyl» diýen ýazgylary, baýramçylyk bezeglerini synlanyňda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne guwanjyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň asuda we abadan geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerine buý sanjyň goşalanýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary depginler bilen durnukly ösýän ykdysadyýetli häzirki zaman döwletini gurmak, adalatly raýat jemgyýetini berkarar etmek, ýaşamak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy» diýip belleýşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň özbaşdak döwlet hökmünde hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegi, ýokary netijeleri gazanmagy üçin ähli zerur şertleriň binýady bolup durýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitler ähli halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Watanymyzyň ähli künjekleri we baş şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Aýratyn hem häzirki zaman binagärlik sungatynyň milli ýörelgelerimiz bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly bina edilen, ak mermere beslenen desgalaryň, gür bagly seýilgähleriň jemlenen mekanyna öwrülen paýtagtymyzyň nurana keşbi Ýer ýüzüne halkymyzyň Garaşsyzlyk bagtyny buşlaýar.
Merjen şäherimiziň islendik künjegine göz aýlanyňda hem, mähriban halkymyzyň baýramçylyk joşgunyny görmek bolýar. Paýtagtymyzyň çar künjegini bezeýän baýramçylyk şygarlary, bezegleri ak şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar. Amala aşyrylýan şeýle beýik özgertmeleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza bolan sagbolsunlar joşgunly kalplara dolýar.
Goý, parahat ýurdumyzda halkymyzyň eşretli zamanada asuda ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän, ata Watanymyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ilýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Intizar KULLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniт mugallymy.


dowamy

Sanly tehnologiýalar oba hojalygynda


Ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary ”Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda” kesgitlenendir.
Internetiň we mobil kommunikasiýanyň ösmegi sanly ykdysadyýetiň esasy tehnologiýalary bolup hyzmat edýär.
Netijede, bu tehnologiýanyň ösüşi ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär we oba hojalygynda giň gerime eýe bolup, batly gadamlar bilen ornaşdyrylýar. Oba hojalygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary tizlikli internet akymynyň bolmagy halk hojalygynyň ähli pudaklarynda guramak, dolandyrmak, ýöretmek ýaly işleri awtomatlaşdyrýar. Önümleriň hil gözegçiligi täze derejelerde gurnalýar. Oba hojalygynda we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän ulgamda hem bu özgertmeleriň ähmiýeti uludyr.
Oba hojalygynda howanyň çyglylygyny, temperaturasyny, topragyň çyglylygyny kesgitlemek, hasyly çaklamak we başga-da birnäçe mümkinçiliklerden peýdalanylýar.
Alnyp barylýan işleriň çäklerinde takyk ekerançylyk adalgasy girizildi.
Takyk ekerançylyk – bu oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekligi optimallaşdyrmak we dolandyrmak üçin peýdalanylýan sanly maglumatlara esaslanan tehnologiýadyr.
Takyk ekerançylykda topragy, tohumy ekişe taýýarlamakdan başlap, ideg etmek, ýygnamak, daşamak ýaly işleri awtomatlaşdyrmak derejesine ýakynlaşdyrylýar. Ekiniň görnüşiniň suwa bolan talabyna baglylykda damjalaýyn suwaryş ulgamynda ýörite duýgur enjam- datçikleriň sazlanmasy netijesinde suwarmak işlerinde kämil ýollar saýlanylýar. Bu bolsa, ekinleriň suwa bolan islegini kanagatlandyrmak bilen bir wagtda suwy tygşytlamakda-da örän ähmiýetlidir.
Ekinleri zyýankeşlerden goramak, zyýankeşleriň görnüşini anyklamak, olara degişli himiki we biologiki göreş çärelerini alyp barmak ýaly işleriň hemmesi belli bir derejede serişde çykdaýjysyny talap edýär. Şonuň üçin sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly zyýankeşler barada maglumat irki başlangyç döwründe alynsa we göreş çäreleri gurnalsa serişde çykdaýjysy ep-esli azalar hem-de zeper ýeten ekinleriň mukdary az bolar. Şeýle hem ekologiýa abadançylyk meseleleri oňyn çözüler.
Topraga edilen ideg, dökünleriň görnüşi we mukdary, hasyllylyk, ekinleriň görnüşi olaryň ýyllar boýunça görkezijisi we beýleki wajyp maglumatlaryň goruny döretmek hem-de iş prosessinde peýdalanmak üçin ýörite kompýuter maksatnama üpjünçiligi düzülýär we önüm öndürijiniň işini has hem ýeňilleşdirýär. Bu zatlaryň hemmesi hünärmeniň iş ýerini awtomatlaşdyrmak diýen adalganyň içinde ýerleşýär.
Gözegçilik-monitoring etmek maldarçylykda-da giňden peýdalanylýar. Mallary çipleşdirmek.
Mallaryň bedenine ýa-da gulagyna elektron maglumat toplaýjy alyk (çip) dakylýar. Bu çiplere mal barada hemme maglumatlary girizilýär. Meselem: tohumy, ýaşy, sygyrlarda süýdüň görkezijisi, atlarda tohumçylyk ugry, ýaryşlardaky görkezijileri we başgalar. Çipleriň ýene-de bir ähmiýetli tarapy mallaryň ýagdaýy barada maglumatlary duýgur enjam-datçik toplap kabul edijä geçirip bilmekligidir. Ýagny ýöriteleşdirilen sygyr fermalarynda sygyrlaryň keselländigi baradaky maglumat anyklamagy başarýar. Bu bolsa, beýleki sygyrlara kesel ýokuşmazdan öň ony sürüden dessine aýyrmaga mümkinçilik edýär.
Häzirki döwürde oba hojalyk, ekerançylyk, maldarçylyk maksatly peýdalanylýan duýgur enjamlar-datçikler az energiýa sarp edip, maglumatlary köp ýyllaryň dowamynda aralyga berip bilmäge ukyplydyr.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işleriň çäklerinde degişli guramaçylyk işleri bilen birlikde döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we işe girizmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, sanly intellektual tehnologiýalary önümçilige işjeň girizmek dowam etdirilýär.
GPS (Global Positioning System)-ugrukdyryjy tehnikalary awtomatiki usulda takyk dolandyrmaga we ýerleşýän ýerini anyklamaga mümkinçilik berýär.
Telematika - telekommunikasiýa pudagyny öz içine alýan informatikanyň bir bölümidir.
Adyndan belli bolşy ýaly telekommunikasiýa we informatika sözleriniň özara baglanyşygy.
Telematika birnäçe bölümlerden durýar. Olaryň biri hem Transport telematikasy.
Transport telematika —(machine-to-machine) maşyn bilen maşynyň arasyndaky gatnaşyklar. Ol tehnika bilen datçikleriň arasyndaky maglumat alyş-çalyş baglanyşygydyr. Tehnika berkidilen kamera otuň haşal otdygyny anyklap, beýleki bir enjama maglumat geçirýär. Ondan soň oty goparmalymy ýa-da gerbisid sepmelimi diýen netijä gelinýär.
Hut şeýle tertipde-de ösümliklerdäki zyýankeşler, keseller anyklanylýar.
Oba hojalygynda hem duýgur enjamlar-datçikler we beýleki enjamlaryň kömegi arkaly-toplanan maglumatlar seljerilip, degişli netije çykarmak üçin ekspert ulgamlar we ýörite goşundylar (priloženiýalar) taýýarlanylýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelerden, Türkmenistanyň Halk Maslahatlarynyň kararlaryndan gelip çykýan çözgütleriň netijesinde hususy eýeçilikde oba hojalyk maksatly önüm öndürijileriň sany barha artýar.
Amanmyrat Ataýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri


dowamy

Ozon gatlagy – ýaşaýşyň goragy


Ozon gatlagy – stratosferanyň 20-40 km beýikliginde ýerleşip, kislorodyň üç atomyndan ybarat bolan hem-de gün şöhlesiniň kislorodyň molekulasyna täsiri netijesinde emele gelýän gatlakdyr. Stratosfefanyň bu gatlagynda 80% kislorod mukdary saklanýar. Ozon gatlagy günden gelýän 200-315 nm ölçegli gün şöhlelriniň 97-99% özünde saklap galýar. Şol sanda iň howply 100-280nm ululykdaky ultramelewşe şöhlelerini hem özüne siňdirýär.
Ozon gatlagy ýer şarynyň atmosferasynda 1,85-0,85 mlrd ýyl mundan öň emele gelipdir. Ilkinji ýerde ýaşaýyş diňe ozon gatlagy emele geleninden soň mümkin bolupdyr diýip çaklanylýar. Eger ozon gatlagy emele gelmedik bolsa ýokary gurluşly jandarlaryň hat-da adamyň kemala gelmegi bolup geçmezdi. Ýaşaýyş diňe suwuň içinde dowam ederdi diýip çaklasak hem bolar.
1912-nji ýylda fransuz fizikleri Şarl Fabri we Anri Buisson spektriki ölçeg abzallarynyň kömegi bilen ýerden daşlaşýan atmosferanyň gatlaklarynda ýaşaýşy gollaýjy ozon gatlagynyň bardygyny açýarlar.
Ozon tebigatda öz-özüni gaýtadan emele getirmäge ukuby bolsada, antropogen täsirlere sezewar boldy. Adamyň senagat işjeňliginiň netijesinde galogenuglewodorodlar, freonlar gereginden artyk işlenip atmosfera howasyna goýberilýär. Netijede, ozon deşikleri emele geldi. Bu howply ýagdaýyň öňüni almak maksady bilen, ulanylýan freonlaryň mukdaryny çäklendirmek üçin birnäçe maksatnamalar kabul edildi. Olardan Wena konwensiýasyny we Monreal beýanyny görkezmek bolar. Häzirki wagta çenli BMG-nyň ozon gatlagyny goramak boýunça Monreal teswirnamasy iň şowly halkara ylalaşyklarynyň biri boldy, ony dünýä ýurtlarynyň 197-si, şol sanda biziň ýurdumyz hem bu iki uly maksatnamany tassyklady we oňa laýyklykda degişli talaplary doly derejede ýerine ýetirýär.
1994-nji ýylyň 16-njy sentýabry BMG-niň Baş Assambleýasynda ýörite rezolýusiýa esasynda (№ A/RES/49/114) - Ozon gatlagyny goramagyň Bütündünýä güni diýlip yglan edildi. Eýýam 2006-njy ýylda şol döwürde BMG-niň Baş sekretary Kofi Annan öz ýüzlenmesinde ozon gatlagynyň dikelip ugrandygyny belläp geçdi.
2012-nji ýyldan bäri Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary (GHFU) ulanyşdan kem-kemden aýyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär. 2020-nji ýyldan soň diňe resirkulirlenýän we dikeldilýän şeýle maddalary ulanmak, 2040-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli olary ulanmagy doly bes etmek maksat edinilýär. Soňky bäş ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan ýurdumyzda ozon gatlagyny dargadyjy maddalary ulanmak ep-esli derejede azaldyldy.
Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ekologiýa kanunçylyk binýady berkidilýär. Munuň şeýledigini 2009-njy ýylda “Ozon gatlagyny goramak hakynda” kanuna “Düzedişler we goşmaçalar girizmek hakynda” kabul edilen kanunlarda görmek bolýar.
Häzirki wagtda bütün dünýäde ýiti ýokanç keseliniň dowam edýändigi sebäpli iri senagat kärhanalarynyň işiniň togtadylmagy, uçarlaryň hereketiniň çäklendirilmegi ýerde ýaşaýşy goldaýan ozon gatlagynyň tebigy taýdan gaýtadan dikelmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirdi.
Dünýäde ozon gatlagynyň ýukalmagy we ozon deşikleriniň emele gelmegi ultramelewşe şöhleleriň köpelmegi howanyň hiliniň peselmegine, adam bedeniniň kesellere garşy göreşmek ukubynyň gowşamagyna, ösümlikleriň ösüşden yza galmagyna, suwdaky fitomassanyň işiniň bozulmagyna howanyň turşulaşmagynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.
Merjen Agaýewa
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň talyby


dowamy

Öwütleriňiz şamçyragdyr ýolumyza!


Islam IKRAMOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň agroinženerçilik hünäriniň 1-nji ýyl talyby: — Hormatly Prezidentimiziň badalga beren bilim özgertmeleri ýurdumyzda bilim ulgamyny hasda döwrebaplaşdyrmaga itergi berdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri ýaş dalaş gärlere öz gapylaryny giňden açdylar. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýaşlaryň müňlerçesi göwün söýen hünärine eýe bolmak ugrunda ähli ukypbaşarnygyny orta goýup, arzyly talyplyga ýetýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda meni ňem çagalyk arzuwlarym wysal tapyp, talyp diýen buýsançly ada eýe boldum. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýer gatnaşyklaryny we onuň bilen baglanyşykly işleri utgaşdyryp alyp barmak, netijeli azyk önümleriniň bazarlaryny we oba hojalygynda peýdalanylýan maddyenjamlaýyn serişdeleri emele getirmek, obany durmuş taýdan ösdürmek, agrar kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan uly özgertmelere mynasyp goşant goşmak arzuwy meni Türkmen oba hojalyk institutyna alyp geldi. Şu ýokary okuw mekdebinde 2021 — 2022nji okuw ýylynda ilkinji gezek açylan agroinženerçilik hünärine okuwa girmegim ykbalymyň iň aja ýyp pursatlarynyň biri boldy. Hormatly Prezidentimize ýaşlaryň bilim almagy üçin döredýän ägirt uly mümkinçiliklerine çäksiz sagbolsunlarymy aýdýaryn.
Aýsere TAGANDURDYÝEWA, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby: — Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlarynyň ruhunda özgerdilýän ýurdumyzda ýaşlaryň geljegi üçin ähli amatlyklar döredilýär. Täze taryhy eýýamymyzda milli ykdysady ýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalygynda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu işlere üstünlikli goşant goşmak üçin bolsa, elbetde, pudaga ýokary bilimli hünärmenler gerek. Mähriban Arkadagymyz ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine götermekde biz — ýaşlara uly ynam bildirýär. Bu babatda ähli başarnygymyzy, zehinimizi orta goýmagymyz, döwrebap bilim almagymyz üçin ähli şertmümkinçilikler dö redilýär. Meniňem çagalykdan arzuwym, okuwymy ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirmekdi. Ine, şu ýyl ýüregimde beslän şol arzuwym hasyl boldy. Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bagtyýar talyby boldum. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalaryna mynasyp jogap bermek biz — ýaşlar üçin mukaddes borçdur. Milli Liderimiz ýakynda ýaşlar bilen duşu şanda, şeýle diýdi: «Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny hasda belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak, Siziň esasy borjuňyzdyr». Şeýle ganatly sözler täze okuw ýylyna nur çaýdy. Ähli ýaşlarda bilim almaga, ylym öwrenmäge uly hyjuw döretdi.
Şöhrat ISKENDEROW, Türkmen oba hojalyk institutynyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) hünäriniň 1-nji ýyl talyby: — Oba senagat toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup, Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy bu pudagyň netijeli ösdürilmegine köp derejede baglydyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, oba hojalyk pudagyny, agrosenagat toplumyny sanlylaşdyrmaga badalga berildi. Bu ugurda ýörite ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda şu okuw ýylynda täze bakalawr ugurly maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) hünäri açyldy. Ata Watanymyz Türkmenistanda ösüp gel ýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymlybilimli, ýokary düşünjeli, päk ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän ähli amatlyklardan peý dalanyp, men hem täze hünäre kabul edilen ilkinji talyplaryň biri boldum. Bu bagt meniň ýüregimdäki Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza, eziz halkymyza bolan egsilmez söýgini goşalandyrdy. Milli Liderimiziň bize bildirýän ynamyny ödäp, ýokary bilimli, ilimize, günümize gerekli hünärmen bolup ýetişerin. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy okuw sapagynda özüniň gyzyldan gymmatly öwüt-nesihatlaryny berdi. Ýaşlara ýüzlenip «Hemişe ylym-bilime, pähimpaýhasa, akyldanalyga teşne boluň!» diýdi. Bu biz — ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Kerim ESENOW, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kinologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby: — Ajaýyp arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby bolmak bagty maňada miýesser etdi, buýsançly başymy göge ýetirdi. Men S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa hünäriniň talyby bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen alabaý itlerini köpeltmek we olary idetmek dogrusynda alyp barýan işlerine öz goşandymy goşmagy maksat edinýärin. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen alabaýlary halkymyz tarapyndan uly sarpa goýulýan gymmatlyk hökmünde ykrar edilendir. Täze okuw ýylynyň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser eden joşgunly kalbymdan «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraýmertebesi hemde beýik geljegidir» diýýän Gahryman Arkadagymyza köpköp sagbolsun aýdýaryn! Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz: «Nesip bolsa, ýakyn ýyllarda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna birikdireris. Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we keçe sungatyny, demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini hem bu sanawa girizeris» diýip belledi. Milli Liderimiziň bize beren öwütündewlerinde türkmen alabaýynyň adynyň tutulmagy biz — kinologiýa hünäriniň talyplaryny diýseň begendirdi. Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!


dowamy

HARMANYŇYZA BEREKET, «ak altyn» ussatlary!


Ýoluň rowan, «ak altynyň» kerweni!
8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsü mi badalga aldy. Toprakhowa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15nji sentýabrda başlanar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetiş dirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 3nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bu barada aýtmak bilen, pagtaçylara we ähli daýhanlara ata Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän yhlasly zähmetlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Pagtaçylyk Türkmenistanyň daşary döwletlerden getiril ýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we milli ykdysady ýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan döwlet maksatnamalarynyň durmuşa ge çirilmegine mynasyp goşandy üpjün edýän ähmiýetli pudakdyr. Güneşli Diýarymyzyň toprakhowa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüş lerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Täzeçil tehnologiýa esaslan ýan häzirki zaman önümçiliginiň guralyşynda pagta süýümi Diýarymyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr. Çünki türkmen dokma önümlerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde bu ulgamyň kuwwaty barha artýar. Pudagyň häzirki zaman önümçilik hemde hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekeran çylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ekerançylyk ýerlerinde meliorasiýa we suwaryş işleriniň geçirilişine, oba hojalyk toplumynyň tehniki binýadynyň täzelenilmegine köp mukdarda maýa goýum seriş deleri gönükdirilýär. Döwletimiz dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar. Şular bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowa çanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Oba hojalygyny sanly ulgama ge çirmek, takyk ekerançylyk ulgamlaryny, öňdebaryjy agrotehnikalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini artdyrmak, kärende gatnaşyklaryny kä milleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Şu ýylyň ýaz paslynda 620 müň gektara gowaçanyň orta süýümli «Ýolöten-7», «Ýolöten39», «Daşoguz120», «Daşoguz114», «Jeýhun», «149 F», «Gubadag3», «C2606» hemde inçe süýümli «Ýolöten14» görnüş leri ekildi. Bu ekini ösdürip ýetişdirmäge hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taý ýarlanylar. Ýygym möwsüminde «John Deere 9970» kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 1 müňüsi, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227si, traktorlaryň 2 müň 301si we traktor tirkegleriniň 3 müň 620si ulanylar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gijegündiziň dowamynda tehnikihyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hemde ussat ýygym çylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur mukdarda satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eý sem, ýörite uçarlar hem ulanylar. Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 122si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler. Pagtaçy kä rendeçileriň, mülkdarlaryň, ekerançylaryň, kombaýnçylaryň we sürüjileriň zähmetini höweslendirmek üçin 2021nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde Agrar partiýanyň, Demokratik partiýanyň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öňdebaryjylara gymmat bahaly sowgatlary gowşurarlar. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular pagta ýygymyna «Bismilla» bilen başladylar. Olar milli Liderimiziň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň hemde mähriban halkymyzyň mundan beýläkde abadançylygyny we gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler. Şol gün Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynyň harmanhanalaryna we pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti «ak altyndan» doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere häkimlikleriň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň döredijilik toparlary dabaralara baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdiren ussat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Bereketli toprak»


dowamy

MAGTYMGULYNYŇ YLMA-BILIME GOÝAN SARPASY


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurt abadançylygynda türkmen halky özüniň mizemez agzybirligini hemra edinip, gysga döwürde asyrlara barabar ýoly geçdi, beýik ösüşlere eýe boldy. Häzirki jemgyýeti, önümçiligi, olaryň düýpli üstünliklerini ylymsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Jemgyýetiň maddy-tehniki enjamlaýyn binýadynyň berkidilýän döwründe, ylmyň önümçilik bilen ysnyşykly ýakynlaşmagy ony jemgyýetiň gös-göni öndüriji güýjüne öwürýär. Halkyň bilimliligi, sowatlylyk derejesi jemgyýetiň ösüş derejesiniň esasy ölçegleriniň biri bolup durýar. Aslynda her bir ýurduň jemgyýetçilik rowaçlygy onuň halkynyň bilim derejesine we ylmyň-bilimiň gazananlarynyň maksadalaýyk peýdalanyşyna baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary we başlangyçlary netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri türkmen halkynyň taryhynda, jemgyýetiň we halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda – ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, ylymda, bilimde hemme babatda täze bir ösüşli eýýamyň başlangyjy boldy.
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda- berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanşykly Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr”- diýip beýik akyldar şahyr hakda dürdäne setirleri bellemegi Gündogaryň beýik danasynyň mirasyna goýulýan sarpanyň belentdigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.
Türkmen halky ylma-bilime uly sarpa goýup gelen halk. Muňa biz ata-babalarymyzyň keramatly kelamlarynyň, pikir-paýhaslarynyň, Magtymguly atamyzyň şygryýetindäki paýhasly pikirleriniň, dana sözleriniň, aýtgylarynyň üsti bilenem anyk göz ýetirýäris. Dünýä edebiýatynyň ösüşine saldamly goşant goşan, her sözünde dürdäne dürlerini saçýan, edep-terbiýäniň, wagyz-nesihatyň, ata Watana, ene topraga belent söýgüniň adama güýçli täsirini terbiýeleýän Magtymgulynyň eserleri dowamat dowamdyr.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, edebi dili halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldar Magtymgulynyň döredijiligi öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meselelerini öz içine gurşap alypdyr. Onuň döredijiliginde edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, mertlik-namartlyk, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwlet ýaly pelsepewi garaýyşlaryndan başga-da, gündelik durmuşy – döwrüniň toýuny-ýasyny, durmuş günemasyny suratlandyrýan, türkmen tebigatyny, uz gelin-gyzlaryny, batyr ýigitlerini wasp edýän şygyrlary-da sanardan köp.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary umman ýaly giň, gözgi ýaly dury, dür ýaly gymmatly, merjen düzümi deý çeper. Hut şonuň üçin hem Magtymgulynyň döredijiligini Jemşidiň jamyna meňzedipdirler.
Türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry, wesýetçi-terbiýeçisi Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi nesillerden-nesillere ýetirilmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşyp Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegine, Bagtyýarlyk döwründe bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge özboluşly ýolgörkeziji bolup çykyş edýär.
Geçmişdäki türkmeniň ruhy baýlyklaryny durmuşymyza, ylaýta-da, okuw-terbiýeçilik işine köptaraply ornaşdyrmak bilen biz türkmen halkynyń geçmişini ylmy esasda, çuň we töwerekleýin öwrenmäge, şol döwürden bäri dowam edip gelýän ahlaga göz ýetirmäge, biziň hormatly hem sarpa goýýan nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde bu meseläniň işlenişini, olaryň gyzylyň gyryndysy ýaly setirlerine siňip giden ahlaklylyk meselesini öwrenmäge şert döredýär.
Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlarynyň özboluşlylygy-da aýratyn bellärliklidir.
Akyldar Şahyryň ylym – bilim meselesini wagyz-nesihat etmegi, olary öwrenmäge gönükdirilen ýalkymly çagyryşlary onuň şygyrlaryndan eriş-argaç bolup geçýär. Tebigatyň hadysalaryny synlamak, olara özboluşly düşündirişler bermek, kähalatlarda şeýle düşündirişleriň şol wakalara häzirki zaman talaplaryna laýyklykda çemeleşmeleriň ruhuna bap gelmegi bolsa beýik söz ussadynyň şahyrlaryň, alymlaryň eserlerini ürç edip okandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Olar Magtymguly üçin onuň ylmy dünýägaraýşynyň, ajaýyp eserleriniň kemala gelmeginde uly orun tutýar. Şeýle şahslaryň hatarynda Muhammet Horezmi, Faraby, Biruni, Ibn Sina, Mahmyt Kaşgarly, Abu Sagyt Abul Haýyr, Nejmeddin Kubra, Omar Haýýam, Hoja Ahmet Ýasawy ýaly görnükli alymlaryň, Abulkasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Sagdy, Jelaleddin Rumy, Hekim Ata, Hysraw Dehlewi, Ferideddin Attar, Hafyz, Nesimi, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuli, Muhammet Babyr ýaly meşhur şahyrlaryň atlarynyň gabat gelýändigini guwanç bilen belläsim gelýär.
Öz döwrüniň meşhur şahslary, şahyrlary bilen ( Meselem, Durdy şahyr, Zunuby, Orazmeňli, Oraz han, Magrupy şahyr bilen) aýdyşyklarynyň (tapmaça şekilli ikitaraplaýyn aýdyşyklarynyň) üsti bilen ylym-bilim meselelerini ýaýmaklygy hem köňülleriň şahyrynyň ylym-bilime aýratyn sarpa goýandygyny äşgär edýär. Şu jähtden şahyryň “Sana geldiň”, “Artsa gerekdir”, “Jana geldiň”, “Ýaşyl zümerret”, “Parhy kimdedir, “ Eýwany tört”, ”Atly ýaranlar”, “Şondadyr”,” Birnäçe mysal”, “Üçi öwlatdan”, “Joşa ýetdiň”- ýaly şygyrlaryny ýatlamak ýeterliklidir.
Şeýle hem Magtymgulynyň jahankeşdeligi, onuň Merkezi Aziýanyň köp ýurtlarynda bolmagy onuň ylmy goruny has-da artdyrýar, ylym baradaky, dürli ýurtlar baradaky pikirlerini, bilimini çuňlaşdyrýar.
Köp zatlara akyl ýetirmek islegi şahyry jahankeşdelik bilen meşgullanmaga iteripdir. Onuň ençeme goşgularynda ýurtlar, ülkeler, şäherler, obadyr kentler, welaýatdyr arziýetler barada gürrüň berilýär. Şu nukdaýnazardan, Magtymguly Pyragynyň “Jahankeşdelik” ylmy bilen meşgullanandygyna göz ýetirýäris.

Magtymgulynyň döredijiligine, bize goýup giden egsilmez ruhy mirasyna, beýik akyldar, şahyr hökmünde, halk hossary hökmünde-de oňa onuň öz ýaşan döwründen başlap şu güne çenli uly bahalar berlip gelindi.
Magtymgulynyň adamlaryň aň-düşünjeli, ylymly-bilimli bolmagy üçin edýän aladasy türkmen halkynyň bagtly geljegini, özbaşdak döwletini, kämil ruhly jemgyýetini binýat etmek baradaky aladadyr. Hut şundan hem şahyryň bu ugurdaky garaýyşlarynda durmuşy-jemgyýetçilik esaslaryň ýatandygyny görüp bolýar.

Jumamyrat Göläýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallymy


dowamy

BALARY MAŞGALASYNY EDINMEGIŇ WE BALARYLAR BILEN IŞLEMEGIŇ DÜZGÜNLERI


Hormatly Prezidentimiziň ilkinji gol çeken Permanynyň bilim ulgamyna degişli bolmagy ýaş nesle, onuň bilim terbiýesine ägirt uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permany, “Türkmenistanda bilim hakyndaky” döwrebap üýtgeşmeleriň girizilmegi täze, dünýä ülňilerine gabat gelýän, hünärine ökde, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize kalby söýgiden doly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem her hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň agzalary, oba hojalygy bilen meşgullanýan daýhanlar we uniwersitetimiziň tejribeli mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy güni geçirmek däbe öwrüldi. Geçen hepdäniň ylmy güni hem ýurdumyzda balaryçylygy ösdürmek boýunça geçirildi. Maslahatyň dowamynda birnäçe meseleleriň üstünde durulyp geçildi. Uniwersitetimiziň uly mugallymy Ýusup Weliýewiň eden çykyşy maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ol öz çykyşynda balary maşgalasynyň idetmek üçin goşmaça iýmitlendirmegiň ähmiýeti barada aýdyp geçdi.
Balary maşgalasyny idetmek isleýän her bir höwesjeň adam öňünden taýarlykly bolmalydyr:
a) Balary çakanda allergiýa berýän adamlar balaryçylyk bilen meşgullanyp bilmez.
b) Balary maşgalasyny edinmezden öň aryçylyga degişli derwaýys enjamlary satyn almaly. Olardan esasan ýüze geýilýän tor, tüsse beriji enjam (dymar), isgene, ýüzi ýiti ýörite piljagaz edinmeli.
w) Ary maşgalasynyň ýaşaýşyny, köpelişini, saklamagyň we idetmegiň tärlerini bilmeli. Maşgalany goşmaça iýmitlendirmek (naharlamak), gyşlatmak, bölmek, aýyrmak, giňeltmek, göçürmek, kesellerini bejermek, zyýan berijilerden gorap saklamak, öňüni alyş çäreleriniň geçirilişi boýunça taýýarlykly bolmagy zerurdyr.
Balary maşgalasyny edinmegiň birnäçe ýollary bar:
Satyn almak ýoly balary maşgalasyny edinmek.
Ýagny tejribeli balçylar maşgalanyň sany has köpelen ýagdaýynda ýa-da mundan beýläk ary maşgalasyny saklamak islemeýän adamlar esasan güýzüne we ýazyna olary satýarlar. Maşgalany ýaz satyn almaklyk maslahat berilýär. Sebäbi balçy balarylaryny gyşa gowy taýýarlamasa, olar gyrylyp azalýarlar. Şonuň üçin gyşdan sag-aman çykan balarylaryny almaklyk amatlydyr. Maşgalada ene arynyň bardygyna we ýokanç keselleriň ýokdugyna göz ýetirmeli.
Balaryçylyk bilen ilkinji gezek meşgullanýan tejribesiz adamlar birbada maşgalanyň 10-dan köp bolmadyk sanyny satyn alsalar oňat bolar. Şeýle-de olaryň sanynyň ýazda iki esse köpelýändigini göz öňünde tutmaly. Balaryçylykdan oňat iş tejribesi bolan adamlar arylaryň 50-100 maşgalasyny satyn alsa-da, olary idetmekligi başarýarlar. Satyn alynýan balary maşgalasy barlananda onuň gutysynyň gapagyny ýuwaşlyk bilen açmaly. Soňra aryly çarçuwalaryň üstündäki ýylylyk üçin ýapylan pagtaly ýapynjany aýyrmaly. Barlanyp görlende öýjüklerde galan iýmit gorunyň möçberine, esasan sagdyn, şikessiz ene arynyň bardygyna göz ýetirmeli. Ondan başga-da gutynyň ortasyndaky höwürtgelere üns berlende öýjükleriň içinde ýumurtga görnüşindäki akja, ýyldyrap duran tohum ýa-da gurçuk görnüşindäki ary çagalary görünse maşgaladaky ene arynyň tohum goýýandygyny görkezýär. Şoňa görä ary maşgalasyna baha kesilýär.
Şeýle barlagda maşgalanyň güýji takmyndan kesgitlenilýär. Her höwürtgeli çarçuwada 8000-9000 öýjük bar. Olaryň 80 göterim çemesini ene ary tohum üçin peýdalanýar. Eger-de bir çarçuwanyň iki tarapynda hem ary gürje oturan bolsa, ortaça 2500 ary bar diýlip hasap edilýär. Diýmek 12 çarçuwanyň iki tarapynda hem arylar gürje oturan bolsa, bu maşgalada takmynan 30000 ary bar diýlip düşünilýär. Höwürtgedäki öýjükleriň ýarsyna golaýy ýapylan, ýumurtgadan ýa-da gurçuk görnüşli ary çagasyndan doldyrylyp goýlan bolsa, onda olaryň hem her birinden, takmynan, tiz wagtda 4000 ýaş ary çykar. Şeýlelikde, barlanylan balary maşgalasyndaky 5 höwürtgäniň 50% meýdançasynda çaga goýlan bolsa, 4000x5= 20000 ary bar diýmegi aňladýar. Şu sandaky ary 15-20 günde ýetişip öýjükden çyksa, höwürgäniň üstünde hem 30000 ary bar bolanda maşgalada jemi 30000+20000=50000 arynyň bardygy gelip çykýar.

Tebigy bölünmeden balary maşgalasyny edinmek.
Balarylarynyň ene maşgalasyndan ene balary bilen işçi balarylaryň uly toparynyň aýrylyp gidip, wagtlaýynça tebigatda azat ýaşaýan maşgalany tutup edinmek bolar. Ir ýazda oňat idedilýän maşgalada balarylaryň sany has köpelýär we gapyrjaga sygmaýar, maşgalada ikinji ene ary emele gelýär. Şu ýagdaýda birinji ene ary işçi arylaryň müňlerçesini alyp öz öýünden göçüp gidýär. Olar uzak bolmadyk ýerlerde agaçlaryň köweklerine, daşlaryň, ýeriň üstündäki çukurlara gonup, ýaşamagyny dowam etdiren maşgalany alyp bolýar.

Maşgalany bölmek arkaly edinmek.
Ýaz aýlarynda balarylaryna gowy ideg edilende olaryň sany has köpelip maşgala güýçlenýär. Balarylarynyň özleri bölünmänkä gutudaky 12 sany çarçuwanyň 2-4 sanysyny alyp, başga boş guta ýerleşdirmeli we ätiýaçdaky tohumlanan, ýumurtga guzlaýan ene aryny berip, oňat idedilende şol arylardan täze ýaş maşgalany döredip bolýar.
Balarylary bilen iş salyşylanda olaryň ysy, reňki, sesi we beýleki zatlary saýgarmak ukybynyň bardygyny nazarda tutup, şu aşakdaky talaplary berjaý etmeli:
1. Olaryň golaýyna içgili ýa-da atyr sepinip, derläp, garamtyl reňkli we ýüň matadan tikilen geýimleri geýip barmak bolmaýar. Sarymsagyň we sogan ysyny halamaýarlar. Başyňa açyk reňkli ýaglyk daňmaly, egniňe bolsa ak halat geýmeli. Balarylary gara reňke ýapyşmaýarlar, olary ýaşyl we mawy reňkler özüne çekýär.
2. Gutulary takyrdatmak we silkelemek olary öjükdirýär, özüňi seresaplyk bilen ýuwaşja alyp barmaly.
3. Derlän adam gutynyň golaýyna barmazdan ozal derini gaýtaryp, soňra ýuwunmalydyr. Ylaýta-da derlän mallary balary maşgalasynyň golaýynda daňmak bolmaýar.
4. Gutynyň ýanyna baranyňda onuň giriş-çykyş deşiginiň öňünde däl-de, gapdalynda durmaly. Çünki arylaryň uçmaklaryna päsgel berseň olar öjükýärler.
5. Balarylary gözden geçirmekligi hem-de gutyny sökmekligi howanyň ýelsiz, maýyl günlerinde, ir sagat 9-dan agşam sagat 8-e çenli geçirmeli. Gutyny sagat 9-dan ir we sagat 8-den giç sökmeklik maslahat berilmeýär. Çünki şol wagtda temperatura peselýär we balarylaryň köpçüligi gutyda bolýar. Balarylary birden öjükse olary köşeşdirmek üçin ýanyňda tüsse beriji enjam (dymar) we goranar ýaly ýüzüňe geýilýän tor bolmalydyr.
6. Gutyny barlamak üçin ilki bilen onuň deşigine iki-üç burum tüsse goýberilýär. Soňra emaý bilen şakyrdysyz, siltelemän onuň gapagyny we ýapynjalaryny aýyrmalydyr. Eger-de balarylary çarçuwanyň ýokarsyna toplanyşyp ynjalyksyzlyk edýän bolsalar, onda dymardan bir burum tüsse goýbermek gerek. Şeýle edilende balarylary köşeşýärler we çarçuwanyň aşak tarapyna siňip düşýärler. Soňra beýleki gapdaldaky ýyladyjy zatlary aýyrmaly we diafragmany (goýulyp-aýrylýan tagta) gutynyň diwaryna tarap süýşürmeli. Çarçuwalar yzygiderlikde gezekli-gezegine gözden geçirilýär. Her bir çarçuwa seredilenden soň ýene-de guta goýulýar. Çarçuwalar köplenç biri-birine ýelmeşýärler, şeýle bolanda olary isgene bilen aýyrmaly.
7. Çarçuwalary siltelemän, şakyrdysyz gutydan çykarmaly. Balarylarynyň basylyp mynjyramagyna ýol bermeli däl. Gözden geçirilende çarçuwalary goýmak üçin göçme gutynyň bolmagy gerek. Gözden geçiriliş gutarandan soň çarçuwalar öňki tertipde goýulýar.
8. Balary maşgalasynyň birini gözden geçirmeklik (düýpli arassalamakdan başga) 30 minutdan uzak dowam etmeli däl. Alabaharda gözden geçirmekligi, liçinkalara sowuk degmezligi üçin has-da gysgaldýarlar. Balary maşgalasyny ynjalyksyzlandyryp ýygy-ýygydan gözden geçirmeklik bolmaýar. Zerurlyk ýüze çykmasa, balary maşgalasyny hepdede bir gezek gözden geçirmeklik maslahat berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaş hünärmenlerine bildirýän ýokary talabyny ödeýän, öz işine ökde, jan aýaman zähmet çekjek, päk ahlakly, ezber hünärmenleri taýýarlamak olara ylym-bilim berýän, okatmagyň döwrebap usullaryny ulanmagy, bilim bermegiň täze tehnologiýalaryna daýanmagy başarýan mugallymlara köp derejede baglydyr. Şeýle bolansoň, ýurdymyzyň we dünýäniň ösýän talaplaryndan ugur alyp, her bir bilim işgäri öz hünär ugurlary boýunça jan aýaman zähmet çekmelidirler. Bu işleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigini bellemelidir. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, erkana zähmet çekýändigimiz üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerimiz çäksizdir.

ŞÜKÜROW ÝAZGULY
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi


dowamy

MAGTYMGULY PYRAGY KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY


Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda-berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä aýal-gyzlara hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk häsiýetlerden gaça durmak, ýaramaz pişeleriň adam saglygyna, durmuşyna edýän täsiri barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirilmelidir. Beýik şahyrymyz türkmen edebiýatynyň taryhynda halk durmuşyny oňat suratlandyrýar, edebiýaty halkyň durmuşynda goýýar.
Magtymguly öz il-gününi Watanyny diňe bir oňat görmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyny gurban etmek ýaly watançylyk pikirlerin hemi öňe sürüpdir. Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar.
Magtymguly Pyragynyň agzybirlikde ýaşamak, Watany ak ýürekden söýmek baradaky arzuwlary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurt Baştutanymyz döwletiň güýjiniň milletiň bitewiliginde we agzybirligindedigini mydama nygatap geçýär. Döwletiň üstünlikleriniň esasynda bolsa parahatçylygyň we agzybirligiň durandygyny belleýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr”.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagallalar edýär.
“Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir” diýip Gahryman Arkadagymyz örän jaýdar belläp geçýär.
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy- medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, akyldaryñ şahyrana dünýäsine halkara ylmy- edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksat edinilýär.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýyl-da geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Hususan-da, bütin adamzadyň altyn, genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömri we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet- portalyna hem şahyra bagyşlanan ajaýyp goşgulary, makalalary we ýazgylary ýerleşdirmek okyjylar kõpçülüginiñ gyzgyn goldawyna mynasyp bolar.
Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek”Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek; sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny’’ taýýarlamak; türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Goý, bagtyýarlyk döwrümiziň her bir güni Pyragynyň şygyrlary ýaly owadan hem manyly bolsun.
Aşyrowa Aýsoltan
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
2-nji ýyl talyby


dowamy

„Magtymgulynyñ setirlerine siñen rowaýatlar“


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň 2021-nji “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiz türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek üçin taýýarlyk işlerini alyp barmaga tabşyryklar berdi. Tabşyrygynda Magtymguly Pyragynyň eserlerini ylmy esasda öwrenmekligi dowam etmek, ylmy maslahatlary, duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäre biziň Ýurt ýolbaşçymyzyň türkmeniň milli mirasyna goýýan çäksiz sarpasyndan we ýürek buýsanjyndan nyşandyr.
Türkmeniñ milli ruhuna näçe içgin aralaşdygyňça, Magtymgulynyñ goşgularynyñ açylmadyk taraplary öz syryny aýan edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:’’Ajaýyp şygyr bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniñ akyldar ogly Magtymguly Pyragynyñ mertebesi türkmen halky üçin iñ belentde goýulýan mukaddeslikleriñ biridir. Ýurdumyzda onuñ pähim-paýhasly şygyrlaryny has düýpli öwrenmek we ýörelge edinmek, şu günki kämil türkmen jemgyýetinde has-da rowaçlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek barada möhüm işler amala aşyrylyar’’ diýip adalatly belleýär Onuň şeýledigini şahyryñ 300 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işleriñ mysalynda-da aýdyň görýäris.
Magtymguly Pyragynyñ şahyrana dünýäsi ýüzýyllyklaryñ dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiñ kalbynyñ owazynda, türkmen ruhunyñ synmajak sütüninde jemlenendir. Şahyr ylmyñ, edebiýatyñ we dünýä medeniýetiniñ özünden öñki gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dürdäne eserlerini döredip, türkmen şygryýetiniñ we türkmen nusgawy edebiýatynyñ taryhynda uly özgerişleriñ başyny başlady. Onuñ umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä dilleriniñ ençemesinde belent ýañlanýar.
Magtymgulynyñ syrly setirlerine düşündiriş bermekde professor Mäti Kösäýew, professor Baýmuhammet Garryýew, alymlar Aşyrpur Meredow, Tejen Nepesow we başgalar köp iş etdiler. Şeýle-de bolsa, Magtymgulynyň edebi mirasy giden bir ummandyr. Beýik akyldar öz döredijiligine Gündogaryñ we dünýäniñ beýleki halklarynyň dürli-dürli rowaýatlaryny, efsanalaryny, nakyllaryny siñdiripdir.
Pyragynyň syrly setirleriniñ añyrsynda ýatan ymgyr manyly sözler, çuñ düşünjeler, paýhas öwüşginleri şygyr muşdaklarynyñ kalbyna nur çaýýar.Gysga setirlerde uly bir wakany çeper beýan etmek diñe Magtymguly ýaly söz ussadyna başardýar. Magtymgulynyñ „Ot nedir?“ goşgusynyñ birinji bendinde:
„Bizden salam bolsun, Durdy şahyra,
Nemährapdan sözläp çykan ot nedir?
Kimdir – ölüp, bir ýyldan soñ bilindi,
Dokuz ýüzden dogan kim zürýat nedir?“
diýlipdir. Bu syrly setirleriň şeýleräk ýorgudy bar:
„Süleýman pygamber ynsanlaryñ we haýwanlaryň, mör-möjekleriñ, guş-gumrularyñ, gepiñ gysgasy, ähli janly-jandarlaryñ dilini bilipdir“ diýlip, rowaýatlarda aýdylýar.
„Haýatul haýwan“ (“Haýwanlaryň ýaşaýşy”) diýen kitapda ýazylyşyna görä, Süleýman mesjitden çykyp,bir ýere gidip gelýär. Gelse, mährapda bir düýp ot gögeripdir,özi-de adam dilinde gürläp otyr diýýär. Süleýman ondan:“Sen kim bolarsyñ?“ diýip soraýar.“Meniñ adym Harrup“diýip jogap berýär. „Sen näme etmekçi?“ diýlen sowala: “Men baran ýerimde harapçylyk, zyýançylyk ederin“ diýýär.
Magtymgulynyñ „sözläp çykan ot nedir“diýýäni şol bolmaly.
Süleýman pygamber Ierusalimdäki “Beýtul mukaddes“ metjidini guranda döwleri işledipdir. Olar dagdan daş çapyp,egninde göterip gelip, metjidiñ diwaryny örüpdirler.
Gözegçilik edilmese,bu agyr işden barysy gaçyp gitjek ekenler.Süleýman pygamber işlere gözegçilik edip, hasasynyñ ujuna eñegini goýup, her aýagyny bir gapdala goýup durupdyr. Şol wagt onuñ kazasy dolan ekeni. Ezraýyl janyny alyp gidipdir. Şonda-da ol hasasy bilen üç aýak bolup duransoñ ýykylmandyr. Döwler haçan seretse, Süleýman dur diýýär. Haçan-da onuñ hasasyny gurçuk iýip, hasa owranyp döwlensoñ Süleýman ýykylypdyr.Şol aralykda bir ýyl geçýär. Döwler „Beýtul mukaddesi“gurup gutarýarlar.
Ine,Magtymguly şahyryñ „Kimdir – ölüp,bir ýyldan söñ bilindi“diýilmegi şuldur.
Süleýman pygamberiñ hiç çagasy bolmandyr.Ol 900 aýal alýar,emma hiçisinden önelge ýokmuş.Gije-gundiz ybadat edip,ogul diläp, Hudaýa ýalbarypdyr. Ine,bir wagt onuñ iñ soñky aýaly hamyla bolýar. Süleýman ullakan toýa taýýarlyk görüp, toý şaýyny tutup başlaýar. Dokuz aý on gün diýende onuñ bir çagasy bolýar. Ol çaganyñ bir gözi, bir gulagy, bir goly we bir aýagy ýok ekeni. Bu wakadan soñ Süleýman pygamber Jebraýyl perişdä ýüz tutup:“Men Hudaýdan ogul diläp ýördüm, bu işiñ sebäbini Alladan sorap ber“ diýýär.
Jebraýyl perişde gidip sorap gelip, Allanyñ permany şeýle:‘‘Özüñ, weziriñ we aýalyñ bir ýere üýşüp, ýüregiñizde syr saklaman dogryñyzy aýtmaly‘‘diýýär. Süleýman wezirini hem-de aýalyny çagyryp, Allanyñ permanyny olara beýan edýär.
Erkli şadan çekinip, olar ‘‘Tagsyr ilki özüñiz aýdyñ‘‘diýip haýyş edipdirler.
Süleýman söze başlap: ‘‘Men jahan şasy, hazynam dünýä syganok,emma şonda-da iki sany arzaçy gelse, eli düwünçeklisine ilki nazarym düşäýýär‘‘ diýen. Şol bada çagajyga bir göz we bir gulak bitipdir.
Soñra wezir söze başlap: ‘‘Men jahan şasynyñ weziri, hökmüm ýöräp dur, kem zadym ýok, emma käwagt Süleýman ölse, ýerine şa bolsam diýip pikir edýärin‘‘diýýär. Şol wagt çagajyga bir gol bitipdir.
Soñra aýaly söze başlap:‘‘Men köşk zenany-iýmitim gaýmak, geýýänim parça, kem zadym ýok. Emma arzaçylaryñ arasynda owadan ýigit görsem, sähelçe göwnüm gaçaýýar‘‘ diýenden, çagajyga bir aýak bitipdir. “Ot nedir” şygrynyň ikinji bendi şeýledir:
‘‘Sen gözli ata bolsañ, biz gerkez ili,
Çöl ýerde gezer sen,ýat edip heýli,
Bilermiñ tomugyñ çekilen mili,
Habar ber aslyny, pul-syrat nedir?“
Bendiň birinji setirinde Magtymguly özüniň gerkezdigini, “gözli ata” bolsa dosty we galamdaşy Durdy şahyrdygyny aňladýar. Il içinde Durdy şahyryň türkmenleriň ata tiresiniň “gözli” urugyndan bolandygy barada ýatlamalar saklanyp galypdyr.
Goşgynyñ 3-nji setirindäki ‚‚mil‘‘ sözi inçeden uzyn demri añladýar hem-de uzynlyk ölçegi bolup hem ulanylýar.
“Pul-syrat” diýmek kyýamat magşar gününde ynsanlaryñ mejbury geçmeli köprüsidir.Ol gylyçdan ýiti, gyldan inçe bolmalymyşyn. Onuñ aşagy bolsa, jähennem diýen dow- zahdyr. Günäsi agyr kişiler pul-syratdan geçende jähenneme (jähennem dowzahyň iň soňky-ýedinji gatydyr) ýykylýarmyşyn. Günäsiz kişiler ýyldyrym çaltlygynda ondan geçer, az günäliler köp wagt sarp edip, ortaça günäliler bolsa 3000 ýylyñ dowamynda geçermiş.
Şygryň üçünji bendinde:
‘‘Aslyna ýetişgil ýalanda-çynda,
Söz gysgadyr, magny köpdür içinde,
Bilermi sen haýsy derýa içinde,
Adamzat jigerli ýatan huwt nedir?‘‘
Rabguzynyň „Kysasyl-enbiýa“ eserinde ýazylyşyna görä, Ýunus pygamberi el-aýagyny baglap, Gulzum derýasyna atanlarynda, Allatagala Zowal arş atly (kit) balyga Ýunusy ýuwutmagy emr edýär. Balyk ony tutup, kyrk günläp garnynda saklaýar, soñra sag-aman kenara çykarýar.
Magtymgulynyñ adamzat jigerli hüwt diýip ýazany şol Zowal arş diýen balyk bolmaly.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dini we dünýewi maglumatlardan doly, mazmun goýazlygy taýdan manyly bolmagy, setirleriniň arap-pars sözleriniň ýerine halka düşnükli sada dilde ýazylmagy halkyň sowatsyz bolanlygy sebäpli hemmä düşnükli dilde ýazylan bolmagy bilen bagly bolmaly. Şahyr halkyny jany-teni bilen söýüpdir. Olaryň bagtly durmuşda ýaşamagyny isläpdir, onuň sebäplerini we çäresini gözläpdir.
Magtymgulynyň şygyrlary dürli döwürde dürli ýazyjy-şahyrlar, syýahatçylar, alym-professorlar tarapyndan öwrenilipdir we iň ýokary baha berlipdir.
Biziň häzirki döwrümizde Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine, şygyrlaryna, progressiw pikirlerine uly sarpa goýulýär. 2014-nji ýylda Magtymgulynyň 290 ýyllygynyň bellenilmegi we 2024-nji ýylda onuň 300 ýyllygynyň belleniljekdigi munuň aýdyň mysalydyr.
G Taňryberdiýewa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy


dowamy

Bagtyýarlygyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli alyp brýan syýasatynyň netijesinde garaşsyz Watanymyzda halkymyzy buýsandyrýan we galkyndyrýan döwletimiziň at-abraýyny dünýäniň öňünde arşa göterýän şanly wakalar köp. Hormatly Arkadagymyz ata-babalarmyzyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere sünnälläp bize ýetiren iň gowy dana häsiýetlerini gaýtadan dikeldip Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Döwlet syýasatynyň özeninde goýýar, jemgiýetiň aňyna ornaşdyrýar. Watan ähmiýetli, il-ýurt bähbitli ykbal kesgitleýji kararlaryň kabul edilmegi ýurduň döwrebaplaşmagyna, jemgiýetiň gün saýyn kämilleşmegine doly esas berýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny düýpgöter özgerdip, oba ilatyny galkyndyrmak, olaryň durmuş hal-ýagdaýyny ýokary derejelere çykarmak barada kabul edýän çözgütleri aýratyn ähmiýete eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly we ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde uly mümkinçilikler döredildi. Mähriban Arkadagymyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, dünýä derejesine ýetirmek üçin uly işleri amala aşyrýar. Ýurt Baştutanmyzyň bu ugurdaky alyp barýan özgertmeleri diňe bir halkymyz tarapyndan däl, eýsem, dünýä ylmy jemgiýetçiligi tarapyndan hem ykrar edilýär. Çünki Mähriban Prezidentimiz amala aşyrylýan özgertmeleriň çuňňur ylmy taglymata daýanmalydygyny amala aşyrylýan işlerde ýokary derejeli döwrebap hünärmenleriň esasy orun eýelemelidigini nygtap belleýär. Milli Lidermiziň çuň manyly giňişleýin çykyşlarynda şol meseleler öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, milletiň azyk howpsuzlygyny üpjin etmek Hormatly Prezidentimiziň baş maksatlarynyň biridir. Bu meseleleri çözmekde maldarçylyk esasy orny eýeleýär. Ýokary mukdarda önüm berýän mallaryň we guşlaryň sagdyn neslini döretmek, şol ugurda zähmet çekýän adamlaryň we maldarçylyk hünärmenleriniň döwrebap meseleleriniň esasy bolup ör boýuna galýar. Şol maksat bilen Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir welaýatynda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan maldarçylyk, guşçylyk, atçylyk toplumlaryny döretmek barada gelen kararlary maldarçylyk jemgyýetiniň, alymlaryň, hünärmenleriň we biziň ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň ykbalynda hiç wagt ýatdan çykmajak täze sahypany açdy we ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň her bir pudagynda işleri ylmy esasda täzeçe döwrebap gurnamaga uly itergi berdi. Biziň weterinar lukmançylygy fakultetimizde weterinar lukmançylygy, zootehniýa, atçylyk we kinologiýa hünärleri boýunça okaýan talyplarymyz halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda mallaryň täze, ýokary önüm berýän tohumyny döretmek, olaryň ýokary hilli ot-iýmler bilen üpjinçiligini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak bilen baglanşykly meseleler boýunça ýörite ylmy işler bilen meşgullanyp başladylar. Olara dünýäniň ösen döwletleriniň oba hojalyk ylmyny öwrenmäge, daşary ýurtly alym-hünärmenler bilen tejribe alyşmaga giň ýol açyldy. Uniwersitetimiziň okuw-tejribe hojalygynda ylmy işler bilen önümçiligi utgaşdyryp alyp barmaga doly mümkinçilik döredildi. Zehinli talyp ýaşlarymyza döwrebap, dünýä ylmynyň gazananlaryny önümçilige batyrgaý ornaşdyrmaga, mallardan alynýan önümleriň hilini ýokarlandyrmaga, mukdaryny köpeltmäge, dürli keselleriň öňüni almaga, olara garşy göreş çärelerini guramaga hem-de ýerli şertlere laýyklykda göreş çärelerini kämilleşdirmäge mümkinçilikler döredildi. Biziň talyplarymyz öz saýlap alan hünärleri boýunça dünýäniň ösen ýurtlarynda gazanylan we toplanylan tejribeler bilen tanyşmagyna uly şertler döredildi. Olar professor-mugallymlarmyzyň ýolbaşçylygynda özbaşdak ylmy teklipleri biziň öz ýerli şertlerimizde synagdan geçirýärler we olaryň iň netijelilerini oba hojalyk önümçiliginiň maldarçylyk pudagyna ornaşdyrýarlar Häzirki döwürde mallary we guşlary kesellerden gorap saklamakda keselleriň öňüni almakda uly üstünlikler gazanyldy. Maldarçylykda öňüni alyş we weterinar-sanitar çäreler hemişe wagtynda ulgamlaýyn amala aşyrylýar we kämilleşdirilýär. Şeýle çäreleri döwrebap derejede durmuşa geçirmekde we kämilleşdirmekde Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk pudagynyň alymlary, hünärmenleri her bir maldar üçin taýsyz tagallalary edip, hemme taraplaýyn doly şertleri döredip berýär. Mähriban Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli bolmagy, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak babatda alyp barýan nusgalyk işlerini we daşary syýasatlaryny doly goldap, olary durmuşa geçirmek üçin hemme ukyplarymyzy we zehinlerimizi bagş edip, halal zähmet çekeris. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ýurt ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Gambarguly ÝALKAMYŞOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty


dowamy

Ahal-teke atlaryň görnüşleri we olaryň häsiýetli aýratynlyklary

Ahal-teke bedewlerimiz özleriniň reňkleri, gylyklary, iş başarjaňlygy, ýyndamlygy, duýgurlygy, nyşanlary we beýleki birnäçe alamatlary bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Şeýle reňkleriň we atlaryň reňklerine görä häsiýetli aýratynlyklarynyň birnäçesi bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Eger at hurmaýy reňkli bolsa, onda ol at gowy, hünärli we agyr işlere çydamlydyr. Bu reňkdäki atlaryň aýaklary, toýnaklary, kirpigi, ýaly (boýnunyň üstünde ösýän, seçelenip duran gyly), guýrugy, uýlugynyň arasy we eňegi gara bolsa, ol örän gowy häsiýetli we ýyndam atdyr. Eger at gyzyl reňkli bolman, al reňkli bolsa, beýle atlaryň gözleri, haýasy (ýumurtgasy), ýaly, guýruklary we toýnaklary gara bolýar. Beýle atlar diýseň gowy at hasaplanýar. Dor at – gyrmyzy reňke ýakyndyr. Dor atyň ýaly we guýrugy uzyn bolýar we diýseň ýyndam, juda ýüwrük bolýar. Beýle reňkdäki atlar dürli ýolda we hat-da palçykda-da ýyndam, ýörgür bolýar. Munuň ýaly atlar sap arassa, tohum atlardan hasaplanylýar. Şunuň ýaly hem bu atlar örän duýgurdyrlar. Gurt küle atlaryň gulaklarynyň arkasy göni, ýalyndan guýrugyna çenli bir gara hat çekilen ýalydyr. Bularyň ýaly we guýrugy, şonuň ýaly-da dyzyndan aşagy gara reňkde bolýar. Bu atlar diýseň hünärli bolýar. Örän çydamly we sagdyn bolýar. Beýle diýdigimiz, ýagny küle at gyr reňkdäki at bolsa oňa şyrga diýýärler. Onuň ýaly at sus bolýar, ýagny dymýar, kişňemeýär. Olar ýolda uzak aralyga ýöremäge ýaramsyz bolýar. Ýagyz atyň reňki biraz gararak bolýar. Umuman, ol örän gowy görülýän atlaryň biridir. Eger onuň kül, mele reňki köp bolsa, ýaly, guýrugy we butlarynyň arasy, gözleri we toýnaklary gara bolsa, onda bu at halk arasynda halanýan atlaryň biridir. Emma onda bu aýdylýan nyşanlar bolmasa, onda ol at satyn almaga ýaramaýar. Çünki beýle atlar kembaha bolýar. Gara atlar şar gara reňkde bolýar, şeýle hem bu reňkdäki atlaryň gözleri gyzyl bolýar. Ol atlar meýdanda ýüwrük, ýyndam at hasaplanylýar. Emma olar dälişgeräk bolýar we söweşde olaryň käbirleri depegen we gapagan, juda esregen bolýarlar. Emma bu atlar uzak ýaşaýarlar. Çypar at «gyzyl sagu» (gyzylymtyl reňkli) bolýar. Çypar at we ak at gowy bolmaýar. Eger şeýle atlaryň arasynda ýagşysy bolaýsa-da, juda seýrekdir. Şeýle hem çypar atyň kirpigi, aýaklary ak bolýar. Onuň gözleri gündiz gowy görýän däldir. Eger şu sypatly atlaryň toýnagy, kirpigi, ýaly, guýrugy, budunyň arasy we eňegi çüri hem gara bolsa, onda beýle atlar juda sarç bolýan däldir. Alaja atyň kellesi kiçi bolýar. Onuň maňlaýynda hem sekili bolýar. Munuň ýaly atlar owadan, juda gözel bolýar. Şeýle hem alaja atlar ýüwrük hem ýyndam bolýar, belki, ýorga hem bolup biler. Demir gyr at – dik boýunly bolýar we onuň garasy agyndan köp bolýar. Onuň boýny ýumry bolup, özi hem juda ýyndam bolýar. Belki, munuň ýaly atlar ýorga hem bolup bilerler. Eger atyň boýny düz bolsa, onda beýle at gaty ýüwrük bolýar. Şeýle hem beýle atlar ýolda-yzda örän duýgur bolýar. Beýle atlar dost tutunmaga ýaramly, düşbi, akylly, çydamly, hem eýesine ragyp bolýarlar. Eger-de bu hili at ýaş bolsa, sypaty gözüňe hor görner, emma gowy häsiýetli, ýyndam, çapmakda çalasyn, ýagşydan-ýagşy bolýar. Boz atlaryň ýaly, guýrugy we garny gara bolsa, diýseň gowy atlardan bolýar. Eger bu aýdýanlarymyz öňküler ýaly bolup, toýnagy ak bolsa, beýle atlaryň gözi garda görmez, ýagny şowakör bolýarlar. Çal atlaryň ýaly we guýrugy uzyn bolup, toýnagy gara bolýar. Olar çapanlarynda ýüwrük hem ýyndamdyr. Eger olaryň haýasynda, ýagny ýumurtgasynda tegmil bolsa, ol at örän edenlidir we ukyplydyr. Olar seýislenen wagty diýseň gowy we ýyndam bolýar. Eger şeýle atyň iki artky aýagynda sekili bar bolsa, ol at örän gymmat bahaly bolýar. Şeýle hem bu sypatly atlar syçan tüýli atlara golaý bolýar. Syçan tüýli atlar göze hor görünýär. Emma bu atlar ýük üçin ulanmakda we münmekde örän amatlydyr hem örän çydamlydyr. Şeýle hem görer göze bu atlaryň eden işleri birbada ýaramaz bolup görünmegi mümkin. Olaryň gara atlaryňky ýaly gözi gyzyl bolýar hem-de sarç, depegen we esregen bolýar. Beýle atlaryň gymmaty bolmaýar. Gara we dor atlar gozgun gözli bolýar, ýagny ol atlaryň gözi gündiz görse-de, gije görmeýär. Eger şol at ilki bilen çep aýagyny suwa bassa, onda ol at çepbekeýdir we ýüwrük däldir. Arçal at – ýagny çep aýagy ak at. Beýle at gylyksyz, ugursyz bolýar. Agsam at – ýagny bir aýagy tutuş ak bolsa, ol at has-da şumdur we şol atyň gözi hem-de kirpigi hem ak bolýar. Ol at gündizine hem gowy görýän däldir. Şeýle hem olar ýöränlerinde başyny ýokary götermän ýöreýärler we eger palçyga tarap sürseňem ol barar. Onuň ýaly at aýyplydyr. Serçek atyň öň aýagyndan artky aýagy uzyn bolsa ýa-da artky aýagyndan öňki aýagy uzyn bolsa, ol ata «serçek» at diýilýär. Eger at ýörände ýa-da çapanda guýrugyny galdyryp gitse, onda ol at ýagşy däldir we beýle at halanmaýar. Onuň ýaly ata «arap agzal» diýýärler. Mundan başga-da oňa «ekşefi» hem diýilýär. Eger at artky aýagyny öň aýagynyň üstünde goýsa, onda olar ýaly at has-da halanmaýar. Munuň ýaly atlar «arap agaç» diýlip atlandyrylýar. Eger atyň yzky aýagy öň aýagyndan uzyn bolsa hem gowy däldir, onuň ýaly at hemişe agsak bolýar. Munuň ýaly atlara «arap ebsek» diýilýär. Beýle atlar münülmeýär, çünki onuň öň aýaklarynyň bogunlarynda süňk bardyr. Eger at müneniňde, bükülýän bolsa, özi hem depegen, gapagan, alyp gaçagan we ýeri toýnagy bilen peşäp durýan bolsa, mundan başga-da burny ys algyç we çakyr gözli, köp tezekleýän we şuňa meňzeş häsiýetli bolsa, onda beýle atlar örän ýaramaz hasaplanylýar.
Ýazguly ŞÜKÜROW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi


dowamy

Türkmen itleriniň awçylykdaky orny

Türkmen alabaýlarynyň gadymy döwürden bäri sähra iti, çopan iti, aw iti, söweş iti diýlip atlandyrylýan ýerlerine köp duş gelýäris. Bu gadymy tohum itleri ýörite maksatlar üçin ulanylan bolmagy mümkin. Maldarçylygyň we ekerançylygyň ýüze çykmagyndan has öň aw ilkidurmuş adamsynyň ýaşamagynyň ýeke-tak serişdesi bolupdyr diýsek ýalňyşmarys. Türkmenlerde awçylyk däpleriniň örän gadymdan gelýändigine Pessejikdepedäki aw sahnasyny beýan edýän diwaryň ýüzündäki şekiller, Uly Balkanyň gowaklarynyň gaýalaryna çekilen ýekeleýin we toparlaýyn aw edilişini beýan edýän suratlar şaýatlyk edip biler. Türkmenler gadymy döwürden bäri awçylygy hem-de okçylygy öz durmuşynyň aýrylmaz wajyp bölegi hasaplap gelipdirler. Ýaşaýan ýerleriniň şertlerine laýyklykda, güzeran üçin awçylyk möhüm pudak bolup durupdyr. Çagalaryna kiçilikden çopançylygyň daşyndan aw etmekleri öwredipdirler. Gunlar we beýleki türki halklar aw etlerini, derilerini, süňklerini giňden peýdalanypdyrlar. Seljuklylar we Oguz türkmenleri Orta Aziýa gelen wagtlary hem gadymdan gelýän däp-dessurlaryny goýman, dowam etdiripdirler. Seljuklylaryň döwletini guran Togrul beg awçylygy ýola goýmakda birnäçe işleri geçiripdir we awçy itleri saýlap seçipdir. Osmanly türkmenleriň döwründe hem awçylyk giňden ýaýrapdyr we goşunlaryň içinde ýörite “Awçy toparlar” döredilipdir. Osmanly soltany Muhammet IV aşa derejede awy gowy görýärdi we “awçy” lakamyny alan soltan hökmünde taryha girendir. Belki hem iň gadymy döwürlerden başlap türkmenleriň ata-babalary aw etmekde özüniň wepadar dostlary bolan itleri peýdalanandyrlar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly itler ilki-ilkiler daýaw beden gurluşyna eýe bolup, iri toýnaklary bilen ýyrtyjylary kowmaklyga ukyply bolupdyrlar. Bürünç asyrynda Türkmenistanyň günortasyndaky gadymy obalarda itleriň dürli tohumlarynyň jesetlerine duş gelmeklik mümkin. Änewiň gadymy harabaçylygynda hindi-möjeginiň häzirki nemes owçarkalarynyň ata-babalarynyň süňki tapyldy. Bürünç asyrynyň harabaçylyklaryndan iri itleriň-häzirki türkmen alabaýynyň ata-babalarynyň galyndylary tapyldy. Antik eýýamynda Türkmenistandan bolan itler Gresiýada we Rimde örän oňat mälim bolupdyr. Rimli ýazyjy Grattiý özüniň “Aw baradaky poemasynda” skif we girkan itlerini beýleki tohum itlerinden gaharjaňlykda tapawutlandyrýar, ýöne olar “oňat yzçy itlerdir” diýip ýörite belleýär. Otparazçylygyň mukaddes kitaby bolan “Awestada” itleriň mukaddes hasaplanandygy baradaky maglumatlary biz ýokarda beýan edipdik. Aw itleri hakynda hem “Awestada” giňişleýin bellenilip geçilýär. “Awestada” aw itlerine degişli şeýle sözler bar: “Kim haýwanlary goraýan, öýi goraýan öwredilen aw itini öldürse, onuň ruhy, edil möjek aldanyp toruň düýbüne düşüp tutulanda çirkin ses bilen gygyryşy ýaly, uly gykylyk we uly ses bilen aglap o dünýä gider.” Ýene-de “Awstada” şeýle sözler bar: “Eý, adamzat dünýäsini döreden gudratly Hudaý! Awçy iti ýalsyz goýan adam bu işi üçin nähili günä gazanar? Ahura-Mazda jogap berdi: “Eger ol ýagty dünýäde ýaşap ýörkä, öz öýüne gelen ruhany ýaly hoşgylaw we päkýürek ynsany naharsyz goýup nähili günä gazansa, ol bu ýerde-de şonça günä gazanar.” Şu sözlerden görnüşi ýaly gadymy döwürde aw itleri mukaddes hasaplanyp, derejesi has beýik bolupdyr. Özüniň gerimi boýunça ägirt uly aw orta asyrlar eýýamynda Merkezi Aziýa has hem giňden ýaýarandyr. Meşhur Ferdöwsi sasany şalarynyň aw edişlerini suratlandyryp, awa 700-e çenli aw itleriniň gatnaşandygyny görkezýär. Günorta we Günorta-Gündogar Türkmenistanyň V-VII asyrlardaky gadymy obalarynda hem ( Merwdäki Gäwürgalada, Orta Amyderýadaky Araphanda) aw itleriniň terrakotdan ýasalan şekiljikleri tapyldy. Merkezi Aziýanyň şekillendiriş sungatynda awçylyk pursatlary suratlandyrmak uly meşhurlyga eýe bolandyr. Orta asyrlardan bäri nakgaşlaryň suratlarynda biz köplenç aw itleriniň şekillerine duşýarys. “Meniň ýüregim awa teşne” diýip türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han aýdypdyr. Taryhdan bize mälim bolşy ýaly türkmen halky birnäçe döwletler gurup, türkmen adyny jahana ýaň saldylar. Her bir döwlet gurulanda aňyrdan gelýän däp-dessurlarymyz, milli gymmatlyklarymyz sarpalanyp, has-da belende galypdyr. Türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran döwletleriň biri-de Beýik Seljuk türkmen döwletidir. Seljukly hökümdarlary adalatlylyk bilen ýurdy dolandyryp, öz döwürlerinde ylmyň-bilimiň, medeniýetiň, binagärçiligiň ösmegine aýratyn bir üns beripdirler. Seljukly hökümdarlarynyň aw etmekleri gowy görendigini taryhçylar belläp geçýär. Aw üçin ýörite itleri taýynlap olara berk tälim beripdirler. Seljuklaryň itlere nähili derejede hormat goýulandygyny Daňdanakandan tapylan faýansdan ýasalan itiň heýkeljigi hem muňa mysaldyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň bölüm müdüri A.Baltaýew öz makalasynda şeýle belläp geçýär: “Daňdanakandan tapylan güjügiň heýkeli faýansdan ýasalandygy hem-de alabaýa mahsus reňk öwşgünleriniň çaýylmagy, bu tapyndynyň çeperçilik –mazmun gymmatyny has-da artdyrýar. Heýkelde tohum ite mahsus aýratynlyklaryň- kellesiniň ululygy, äňiniň äpetligi, maňlaýynyň giňligi, alma ýaly balkyldap duran gözler, giň döşlekligi, berk hem kuwwatly penjeleri, gulak-guýrugynyň kesilen görnüşde suratlandyrylmagy orta asyrlar döwrüniň sungatynyň kämil ösüşinden habar berýär. Hut şu alamatlar gadymy oguz nesli tarapyndan arkama-arka aşyrylyp, miras geçirilip gelnipdir.” Seljuklaryň taryhyny giňişleýin ýazyp beýan eden Mirhondyň berýän maglumatlaryna görä seljuk soltany Sоltan Mahmyt Ibn Muhammet Ibn Sоltan Mälik şa aw itlerine we aw guşlaryna örän höwesli bolupdyr. Оnuň bоýunbaglary gymmat bahaly, lybaslary zer-tyllalar bilen bezelen dört ýüz sany aw iti bolupdyr. Umuman aýdylanda türkmen topragynda dörän tohum itleriň başarjaňlygy we peýdasy hakynda näçe gürrüň etseň hem az. Sürüni goramak üçin, öýleri goramak üçin, aw etmekde ýardam bermek üçin ulanylan wepaly türkmen alabaýlary häzirki günlere çenli kinologlaryň öwgüsine mynasyp bolup gelýärler. Gadymdan gelýän tohum itlerini gorap saklamak we onuň beýikligine buýsanmak her bir türkmeniň borjudyr.
Begenç Garaýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň mugallym-öwrenjisi


dowamy

Aşgabat- Aziýanyň Merjen şäheri

Dünýä abadanlyk nuruny çaýýan,parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany bolan Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty,gaýtalanmajak binagärlik başlangyç-lary netijesinde beýik ösüşlere eýe bolýar. Merjen paýtygtymyzda dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, bilimleriň ojagy bolan ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň,sport desgalarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň gowşamaýan depginde dowam etdirilmegi paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň düýpli özgermegine ýardam edýär. Beýik işleriň rowaçlanýan “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Milli Liderimiziň başda durmagynda gurulýan desgalar ykdysady taýdan giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Şeýle hem ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary kaşaňlygy, döwrebaplygy hem-de ajaýyp sazlaşygy göreni haýrana goýýar. Şeýle giň gerimli we dürli maksatly gurluşyk işleri diňe gurply we kuwwatly döwlete mahsusdyr. Çünki islendik döwletiň ählumumy ösüş derejesi onuň binagärlik keşbi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy babatynda amal edilýän uly işler berkarar döwletimizi täze belent sepgitlere ýetirýär. Aşgabadyň merjen şähere deňelmegi ýöne ýerden däl. Çünki Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermerli binalar göreni haýrana goýýar. Dünýä parahatçylyk, ynanyşmak nuruny çaýýan Aşgabadyň häzirki zamanyň iň gözel, ajaýyp şäherdigine biziň her birimiz aýdyň göz ýetirýäris. Iş wagty tamamlanyp, öýüňe dolanan wagtyňda agşamlary asuda şäherimiziň tämiz ýollarynyň ugrundaky täsin suw çüwdürümleriniň ýakymly sesi göwünleri galkyndyrsa, bulduraşýan suw damjalary kalbyňa rahatlyk çaýýar. Şol pursat uzak günki ýadawlygyňam el bilen aýrylan ýaly bolýar. Beýik binagärlik sungatynyň ajaýyp eserine öwrülen gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna çenli tamamlanmagy niýetlenilýän gurluşyk işleri ýurdumyzda ynsan hakyndaky aladalarynyň iň ýokary derejeliişdigini aýdyň görkezýär. Aşgabat medeni hyzmat ediş, dynç alyş, binagärlik ugurlary boýunça dünýäde iň ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň dünýä ylmynyň iň soňky gazananlary esasynda öndürilen enjamlar gurnalan zawod-fabrikleriniň, halkara ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalaryň, döwrebap dynç alyş öýleriniň gurlup ulanmaga berilmegi şäher gurmagyň ajaýyp nusgasydyr. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda asuda, agzybir, abadan, parahat ýurdy arzuw edip gelipdirler. Çeper sözüň beýik ussatlary halkyň bu arzuwyny ussatlyk bilen beýan edipdirler. Olaryň eserleriniň çeper mazmuny we ýokary ahlaklylygy,il-ýurduna wepalylygy, perzent terbiýesine yhlaslylygy bitewileşip, Watan diýen düşünjäniň töwereginde jemlenýär. Onuň many gönezligini açyp görkezýän mukaddesligiň, ahlagyň we ruhuň iň ýokary belentliginde goýýar. Aşgabadyň desgalarynyň Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysal bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Zemin içre abraýyny arşa göteren, türkmen halkyny bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan pähim-parasata ýugrulan içeri we daşary syýasaty bu gün il-günümiziň buýsanjyna eýe bolýar.Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Aşyrowa Merjen
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetinň Atçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.


dowamy

Daşky gurşaw – bagtyýar ýaşaýyş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak meselesine aýratyn üns berilýär. Sebäbi daşky gurşawyň ygtybarly goralmagy adamlaryň gowy durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçiliklerdir. Daşky gurşawy goramak tebigatdan rejeli peýdalanmak, biodürlüligi goramak we artdyrmak ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, öňde baryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara esaslanýan “Ýaşyl ösüşiň strategiýasy” Hormatly Arkadagymyz tarapyndan diýarymyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmek üçin esasylarynyň biri hökmünde bellenildi. Ýurdumyzda ekologiýa degişli kabul edilýän kanunlaryň esasy maksady daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsini we ilatyň saglygyny goramaklyga gönükdirlendir. Meselem “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň kanuny tebigaty goramak babatda, her bir adamyň amatly daşky gurşawa bolan hukugyny üpjün etmek, adamyň ýaşaýşyna we saglygynyň goralyp saklanylmagyny, daşky gurşawy gorap saklamagy we dikeltmegi, durnukly ösüşi we jemgyýetiň ekologik, ykdysady we durmuş bähbitlerini utgaşdyrmak we tebigatdan rejeli peýdalanmak meselelerini ylmy esasda çözmek, raýatlaryň ekologik aňyny terbiýelemek hem-de ekologik medeniýeti kemala getirmek, tebigaty goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak ýaly düzgünleri kanunçylyk tarapdan berkidýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyza peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik işiniň ikinji tomunda: “Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi iňňän baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllaryň dowamynda birnäçe keselleri bejermek üçin serişde bolup hyzmat edipdir. Biziň topragymyz, mähriban tebigatymyz biz üçin kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi bolup durýar. Suwuň, topragyň, howanyň we ösümlikleriň syrlaryna göz ýetirmek babatdaky gadymy ylym biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilipdir. Olar üçin daşky gurşawyň peýdaly häsiýetlerine göz ýetirmek diňe bir bähbit bolman, eýsem kähalatda ýurdumyzyň ýeke-täk mümkinçiligi hem bolupdyr” diýip belleýär. Tebigat durmuşyň ynsana eçilen ajaýyp peşgeşi şol bakylygy bahasyna ýetip bolmajak gözelligi goramak, oňa hyzmat etmek her birimiziň borjumyzdyr. Tebigaty söýmek, goramak onuň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, Watana hyzmat etmek ony goramak bilen deň hasap edilýär. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyzda köp ýyllardan bäri geçirilýän giň gerimli ylmy-barlag işleriň netijesinde, tokaýçylygy ösdürmek boýunça baý tejribe toplandy. Esasan hem Garagum çölüniň howa we toprak şertlerinde tokaýlary ýetişdirmek we öri meýdanlary gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak boýunça innowasion tehnologiýalar we agrotehniki çäreler önümçilige ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça başlangyçlary ýurdumyzyň raýatlarynyň giň goldawynda eýe boldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda millionlarça agaç nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzy gury tokaý zolaklarynyň emele gelmegine getirdi. Ajaýyp paýtagtymyzyň gözelligine görk berýän, daş-töwereginiň howasyny arassalaýan, adamyň saglygyny berkidýän, ýakymly ysly dürli maddalary bölüp çykarýan ösümlikler bolan bezeg agaçlary tutuş ülkämizde we paýtagtymyz Aşgabatda köpçülikleýin ekilýär. Bezeg ösümlikleri tebigatyň gözelligine görk goşup, daşky gurşawy tämizleýär. Şäherleri, şäherçeleri oba ýerlerini bezemek we sagdynlaşdyrmak bilen bilelikde agaçlar sanitar, gigiýena, gorag, estetika, arhitektura ähmiýetine eýedir. Saýaly agaçlaryň, gyrymsy bezeg baglarynyň gymmatly tarapy, olar diňe bir sagaldyş ähmiýeti bilen çäklenmän eýsem adatdan daşary estetik ähmiýeti bar. Olar şäherleri, obalary daş-töweregi gözel keşbe getirýärler, adamlarda gözellige bolan duýgyny döredýärler. Adamlaryň tebigat bilen ysnyşmagy olaryň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, şähdiňi açýar. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan hasda sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag ekmek çäreleri, has takygy, ýaşyl zolaklar Aşgabadyň hemde welaýatlaryň ajaýyp keşbini kemala getirmek, jana şypaly howany emele getirmek üçin iňňän wajypdyr. Ähli seýilgähleriň we seýilbaglaryň, meýdançalaryň möhüm bölegi bolan köp sanly suw çüwdürimleri hem ýurdumyzyň bezegine öwrüldi. Baglaryň we tokaýlaryň howanyň hapalanmagynyň öňüni alýandygy hemmä mälim hakykat. Ak akasiýa, adaty zirk, igde, türkmen arçasy, oblepiha, grek hozy sosna we başga birnäçe agaçlar fitonsitleri köp bölüp çykarmaga ukyplydyr. Ýaprakly agaçlar her ýylyň dowamynda 2-3 kg, pürli agaçlaryň 5 kg, türkmen arçasy bolsa 30 kg golaý fitonsit maddalaryny bölüp çykarýar. Tokaý agaçlarynyň täsiri bilen howanyň himiki düzümi bilen fiziki ýagdaýy hem gowulanýar. Bir gektar meýdandaky agaçlar her sagatda 8 litre golaý kömürturşy gazyny sorup alýarlar. Bu mukdar 200 adamyň dem alanda çykarýan gazyna barabardyr. Bir düýp agaç 24 sagadyň dowamynda 3 sany adamyň dem almagy üçin zerur bolan tämiz howany daşky gurşawa bölüp çykarýar. Bir gektar agaç ösüş döwründe 5-7 tonna kömürturşy gazyny sorup alyp, öwezine 4-6 tonna kislorod bilen howany baýlaşdyrýar. Bu görkeziji 1 günüň dowamynda degişlilikde 220-280 kg kömürturşy gazyna we 180-200 kg kisloroda deňdir. Milli Liderimiz ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut agaçlaryny ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasyna we Garagum derýasynyň iki kenaryna ekmekligi tabşyrdy. Häzirki wagtda Garagum derýasynyň iki gyrasynda uzak möhletleýin kärendesine ýer alan daýhan hojalyklary, mülkdarlar tut ekiljek ýerleri tekizläp, ýaplary, aryklary çekmek işlerini alyp barýarlar. Tut agajy ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolup, köpýyllyk ösümlikdir. Onuň çybyklary her ýylda kesilmän, amatly şertlerde ösen ýagdaýynda 20-25 metr beýiklikde, onuň sütüniniň ini 1,5 metre çenli bolup bilýär. Şeýle şertlerde ösende tut agajy 300 ýyla, hat-da 500 ýyla çenli ýaşap bilýän agaçdyr. Şeýle hem tut nahallary ekerançylyk we beýleki ýerlerde ekilende gorag wezipesini güýçli ýellerden goraýar. Tut agajynyň tudanasy ir-iýmiş hökmünde giňden ulanylyp, düzüminde 20-25 göterime çenli şeker saklaýar. Tut agajynyň tudanasynyň ýapragynyň gabygynyň, köküniň guradylan we owradylan görnüşde aşgazan ýürek, damar we başga käbir keselleri bejermekde halk lukmançylygynda asyrlar boýy ulanylandygy barada hem ylmy çeşmelerde maglumat berilýär. Tut agajy örän berk, owadan arassa agaç bolany sebäpli ony dürli harajatlar üçin ulanylýar. Türkmeni milli saz gurallary bolan dutar, gyjak gadym döwürlerden bäri tut agajyndan ýasaýarlar. Bulardan başgada tut agajyndan sary boýag alyp bolýandygy barada tutçylyk boýunça ylmy kitapda maglumat getirilýär. Umuman tut agajynyň halk hojalyk ähmiýetiniň ýokarydygy we dürli harajatlar üçin ulanyp boýanlygy bilen tapawutlanýar. Tebigaty goramak hakyndaky kanunyň 58-nji maddasynda Ylmy barlaglaryň netijesinde, tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda iň gowy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, ornaşdyrmak, tejribe alyşmak barada bellenilýär. Bu babatda biziň baýry ýokary okuw mekdeplerimiziň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň çäginde ýerleşýän agromeýdançada hem dürli görnüşli pürli saýaly, miweli, tut agaçlary ösdürilip ýetişdirilýär. Ol agaçlar ösdürilip ýetişdirilenden soňra özümize degişli ýerlere göçürilýär we köçeleriň gyralarynda oturdylýar. Uniwersitetimiziň professor mugallymlary bu ugurda ylmy barlag işlerini aspirantlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda alyp barýarlar. Olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň her ýylda geçirýän ýaş alymlaryň bäsleşigine ylmy işlerini hödürläp baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen açylan Agroekologiýa fakultetinde okaýan talyplarymyzy bu ugurda ýyllyk taslamalary, diplom işleri ýerine ýetirýärler. Bulardan başga-da talyp ýaşlarymyzyň Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky hojalyklarynda okuw we önümçilik tejribeliklerini geçip, hünär kämilligini yzygiderli artdyrýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, bagy bossanlyga öwürmek, geljek nesillerimize miras goýmak babatda nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak, il-ýurt döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk rowaçlyklara beslensin.
Baýramgylyç Orazgeldiýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
mugallymy


dowamy

AJAÝYP DÖWRÜMIZIŇ BILIM BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly oňyn özgertmeler alnyp barylýar. Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda esasy gymmatlygy adam bolup durýan raýat jemgyýetiniň bähbitlerini goramak ileri tutulýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň hukuk binýady ýurdumyzyň Esasy Kanunynda beýan edilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasyna laýyklykda, her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr, umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Tölegsiz orta bilimiň elýeterligi ilatyň ýokary derejeli bilimli we sowatly bolmagyny üpjün edýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýakyn geljek ýedi ýylyň dowamynda bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlendi. Bu döwürde bilim ulgamyny ösdürmek bilimiň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň häzirki talaplaryna, innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem zähmet bazaryny ýokary hünär derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamaga we terbiýelemäge ukyply ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasap edýär. Bu babatda milli Liderimiz “Alyp barýan bilim syýasatymyzyň esasy maksady berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni binýadyny pugtalandyrmaga, ylmyň we bilimiň mümkinçilikleri ýurdumyzyň täze belentliklere ýetmegine gönükdirildi.” diýip nygtaýar. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak barada şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady hasaplanýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary esasynda ýaşlary kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmäge, olary bilimde-ylymda giňden ulanmaga çekmek boýunça işleriň gerimini giňeltmäge, zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamaga, olara okatmagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünär tälimini almagyň döwlet we halkara maksatnamalarynyň bäsleşik esasynda elýeterli üpjün etmäge giň ýol açyldy. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy”, şeýle hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu konsepsiýa bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Şeýle hem, sanly bilim ulgamyny ösdürmegi, bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Тürkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine ýardam berýän maddy-enjamlaryň binýady pugtalandyrylýar. Bilim edaralary döwrebap enjamlar, kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilip gelinýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň 1-nji sentýabrynda okuwa täze gadam basan 1-nji synpyň okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle hem, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde we etraplarynda gurulýan döwrebap ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň sany ýylsaýyn artýar. Okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, her ýylda hökmany döwlet umumy bilim ölçegleriniň talaplaryna gabat gelýän ýüzlerçe okuw kitaplary we gollanmalary neşir edilýär. Okuw enjamlarynyň we serişdeleriniň mugt peýdalanylmaga berilmegi Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ösüp gelýän ýaş nesil baradaky döwletimiziň aladasydyr we durmuş syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Döwletimiziň mekdep okuwçylary baradaky aladasy öz netijesini berýändigi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha kämilleşdirilýär, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň milli bilim kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda sazlaşykly utgaşdyrylyp, ähli raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny doly kepillendirýär. Bu bolsa, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de has hem ösdüriljekdigini ynam bilen aýtmaga esas döredýär.
Perman Kakaýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby


dowamy

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY GÜNÜNE BAGYŞLANYP YLMY – AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji maýynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli "Baş kanunym we ýaşyl baýdagym halkymyň goşa buýsanjy" atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat şu ýyl giňden bellenilýän dabaralara – Aşgabadyň şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlandy. Maslahata Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, aspirantlary we talyplary, ýurdumyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Gatnaşanlaryň çykyşlarynda ýurdumyzyň konstitusiýasynyň diňe bir garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny hem kesgitländigi bellendi. Döwletimiziň aýrylmaz kanuny esaslary hökmünde Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlige, demokratiýa, adamzat, watançylyk we adalat isleglerini görkezýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halky taryhy ösüşiň häzirki döwründe geçmiş bilen şu günüň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyga bil baglap, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň bähbidine oňyn başlangyçlary ynamly öňe sürýär hem-de durmuşa geçirýär, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine täzeçil çemeleşmäni görkezýär. Ýurdumyzyň konstitusiýasy, döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, ähliumumy adamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini öz içine alýan çeýe hukuk guraly bolup, esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen, döwrüň talaplaryny we umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny göz öňünde tutup yzygiderli kämilleşýär. Bilşimiz ýaly, geçen ýyl "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada" konstitusion kanuny kabul edildi. Milli mejlisiň iki palataly ulgamyna geçirilmegi we Halk maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň üýtgemegi ýurdumyzyň hukuk we syýasy durmuşynda aýratyn orun tutýar. Mundan başga-da, Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagy, türkmen halkynyň Arkadagymyzda bolan belent ynamynyň aýdyň subutnamasydyr. Umumy mejlisde bilim ulgamynyň ösmeginde, döwlet doktrinasynyň, syýasy dürlüligiň we köp partiýaly ulgamyň kämilleşmeginde konstitusiýasynyň ähmiýeti, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän sosial-ykdysady strategiýasynyň we ylmy-tehniki syýasatynyň esasy ugurlary beýan edildi. Milli Lideriň başlangyjy bilen jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan düýpli we hemmetaraplaýyn özgertmeleriň Türkmenistanyň bar bolan geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam mümkinçiliklerini doly açmaga hem-de peýdalanmaga gönüden-göni ýardam berýändigi bellendi. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, sanlaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitleri innowasiýalara esaslanyp senagatlaşdyrmaga we telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, dünýä bazarlarynda bäsleşip biljek önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösmeginden, ösen ulag, maglumat kommunikasiýa infrastrukturasynyň kemala gelmeginden başga-da, esasy hereketlendiriji güýç bolan ylym we bilim ulgamyna uly maýa goýumlary goýulýar. Saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, milletimiziň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine gönüden-göni täsir edýär. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki wagtda Watanymyzyň garaşsyzlygynyň esasy nyşany hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Ol BMG-nyň edara binasynyň baýdak sütüninde buýsanç bilen pasyrdap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan edýär. Uniwersitetde geçirilen maslahat bu şanly senäniň –ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly ähmiýetini, Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, garaşsyzlyk we hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk we agzybirlik, demokratiýa hem-de kanunyň rüstemligi ýaly döwletiň esas goýujy ýörelgelerini aýdyň görkezdi. Umumy mejlisden soňra maslahat öz işini üç sany – “Döwlet mertebesi – watan baýdagy”, “Bilimli nesil-kuwwatly watan” we “Ylym-häzirki eýýamyň ösüş guraly” atly bölümlerde dowam etdi. Olarda hem degişli mowzuklar boýunça edilen çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Umuman, ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-den gowrak çykyşlar edilip, olaryň 24 sanysynyň ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolmagy, ýurtda geçirilýän oňyn özgertmeleriň, jemgyýet-syýasy we durmuş-ykdysady reformalaryň ýaşlaryň arasynda gyzgyn goldaw tapýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr.
A.Mollaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ösüşler bedew bady bilen belentliklerden- belentliklere tarap aýdyň ýollar bilen öňe barýar. Munyň şeýledigini ýurdumyzda amala aşyrylýan işlerde hem görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ähli pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ylyma, bilime, medeniýete, edebi we medeni mirasymyzy ösdürmäge we olary gelejekgi nesillere ýetirmäge hem-de dünýä ýaýratmaga aýratyn üns berýär. Türkmen edebiýatynyň, medeni mirasynyň ösmegine, dünýä medeniýetine, dünýä edebiýatyna uly goşant goşan nusgawy şahsyýetlerimiz örän kän. Şolaryň iň görnüklileriniň biri hem beýik söz ussady, ynsan kalbynda öçmejek yz galdyran, akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şeýle şahsyýetleriň ömrüni, döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga giň ýol açyldy. Ählimize mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň ýörite 2012-nji ýylda gol çeken karary esasynda, 2014-nji ýylda Beýik akyldaryň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabaralara beslenip, guramaçylykly bellenip geçildi. Şonuň üçin 2014-nji ýyl ýurdumyzda “Magtymgyly Pyragynyň ýyly” ady bilen ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilen şöhratly ýyllaryň biri hökmünde Garaşsyz döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýyllaryň biri boldy. Şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem goňşy döwletlerimizde we doganlyk halklarymyz tarapyndan hem uly baýramçylyk hökmünde bellenilip geçildi. Şu 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Beýik akyldar, belli söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-nji ýylda bellemek hakynda karara gol çekmegi ähli Türkmenistanlylary, beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleri hem-de bütin Magtymgulyşynaslary diýseň begendirdi. Beýik akyldaryň döredjiligine, edebi mirasyna şeýle uly hormat goýulmagy ýöne ýere däl. Sebäbi Beýik söz ussady Magtymguly diňe bir ХVIII asyr türkmen edebiýatynyň täze bir döwre gadam basmagyna, ony ösdürmäge uly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä edebiýatyna hem uly goşant goşan şahyr diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Sebäbi dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleri, edebiýaty öwrenijiler, belli jahan keşdeler hem Magtymguly Pyraga onuň döredijiligine uly sarpa goýupdyrlar hem-de onuň, ýagny Beýik akyldaryň ähli döwürleriň we köňülleriň şahyrydygyny aýratyn belläp geçipdirler. Bular dogrusynda belli gündogary öwreniji rus alymlary Ý.E.Bertels, A.N.Samoýlowiç,B.B.Bartold, belli syýahatçy, Wenger alymy German Arminiý Wamberiý (1832-1913) aýratyn belläp geçýär. Beýik Akyldaryň ömri we döredijiligini çuňňur öwrenmek üçin ilki bilen onuň ýaşan döwrüni bilmek zerur. ХVIII asyr diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem bütin Merkezi Aziýa halklarynyň hem taryhynda çylşyrymly syýasy wakalaryň döwri boldy. Bu döwrüň türkmen halkynyň sosial durmuşyna örän uly täsiri dogrusynda Hormatly Prezidentimiz aýratyn belläp geçýär. “ХVIII asyrda Magtymgulynyň öňe süren “türkmen taýpalary birleşmeli” diýen düýpli sosial pikiriniň amala aşmagy üçin uly päsgelçilik bardy. Bu asyrda taýpalarynyň her biri aýry-aýrylykda öz ýoluny agtarýardy, taýpalaryň arasynda agzalalyk güýçlendi. Milli döwletiniň ýoklugy, bu taýpalaryň her ýerden pena agtaryp ýörmegi olaryň agzalalygyny artdyrýardy, olary biri-birinden daşlaşdyrýardy” Dogrudan hem bu döwür örän çylşyrymly bolupdyr. Ilki Eýranda Nedir şa soňra bolsa Owganystanda Ahmet Dürranynyň şalyk süren döwürlerine gabat gelýär. Ýöne muňa seretmezden türkmen topragynda Magtymguly ýaly dünýä belli akyldar, beýik söz ussady, hakdan içen şahyr döräpdir. Şeýle şahsyýetiň kemala gelmeginde meger hem türkmeniň “Ata kespi-ogla halal” diýen pähiminiň,şahyryň kakasynyň we atasynyň yhlasly zähmeti, atalyk terbiýesi uly rol oýnan bolsa gerek. Magtymgulynyň atasy Magtymguly Ýonaçy bolup, ol 1654-1720-nji ýyllar aralygynda ýaşap Ýonaçylyk we zergärçilik hünärlerinden baş çykarýan, öz döwrüniň sowatly adamy bolupdyr. Şahyryň kakasy Döwletmämmet Azady bolup, ol 1700-1760-njy ýyllarda ýaşap geçipdir. Ol hem döwrüniň iň sowatly adamy bolup, çaga okatmak bilen meşgullanypdyr. Onuň Azadydan başga “Garry molla” lakamy hem bolupdyr. Azadydynyň “Wagzy-Azat” esri hem dünýä edebiýatynda uly meşgurlyga eýedir. Şahyr özi barada “Äleme bellidir” şygrynda giňişleýin şeýle beýan edýär.:

”Bilmeyen soranlara aýdyň bu garyp adymaz,
Asly gerkez,ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.”

Magtymguly Pyragy ilkinji sapagy kakasy Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Soňra öz döwrüniň sowatly adamy, kakasna hem ilkinji sowat öwreden Nyýaz Salyh molladan alypdyr. Soňra “Idrisbaba”, “Gögeldäş” medreselerinde okapdyr. Şondan soňra, şol döwürde Merkezi Aziýada iň bir abraýly medrteseleriň biri bolan Hywadaky “Şyrgazyhan” medresesinde okapdyr. Bu barada şahyr özüniň “Gözel Şyrgazy” şygrynda giňişleýin beýan edýär. Indi Magtymgulynyň döredijiliginiň tematiki aýratynlyklary barada aýdylanda ol örän köpugurly bolupdyr. Sebäbi Beýik akyldar örän sowatly, köp bilimlerden, ylymlardan şol sanda ylahy ylymlardan hem baş çykarýan adam bolupdyr. Ony “Jemşidiň jamyna” deňemekleri ýöne ýere däl. Magtymguly Pyragy özünden öňki döwürlerde döredilen halk döredijiligini, rowaýatlary, dürli eserleri üns edip öwrenipdir we ýazyjy şahyrlaryň, akyldarlaryň eserlerini, döredijiligini, ömür beýanyny giňden öwrenipdir. Olaryň ählisini hem özüne halypa saýypdyr. Öň belleýşimiz ýaly öz kakasyny ilkinji halypasy hasaplapdyr. Şeýle-de Gündogaryň beýik akyldarlaryna uly sarpa goýup, olary özüne halypa tutunyp özüniň “San bolsam” goşgusynda şeýle diýýär:

Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany
Firdewsi, Nyzamy, Hafys perwany,
Jelaleddin Rumy, “Jame ul-many”
Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam.

Şeýle-de, Nurmuhammet Andalybyň döredijiligi we şahyrana eserleri, esasan hem “Zöhre Tahyr” dessany beýik akyldaryň döredijiligine hem uly täsir edipdir. Magtymguly Pyragynyň özi hem ussat halypa, görelde mekdebi bolupdyr. Şahyryň mekdebinde diňe bir onuň şägirtleri okap ondan öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ol mekdepde tutuş halk okaýa diýsek hem hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Sebäbi bütin türkmen halky, hat-da doganlyk halklaryň wekilleri hem akyldar şahyryň şygyrlaryny, öwüt-ündewlerini höwes bilen okap, olary özlerine ýol-ýörelge edinýärler. Munuň şeýledigine doganlyk halklaryň edebiýatynda, aýdymlarynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň aýdylmagy hem şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň asyrlar dowam etjekdigine öňdengörüjilik bilen öz döwrüniň söz ussady, Durdy şahyr: “Meniňkini ýel alar, sil alar, seniňkini-il alar” diýip welilik bilen belläp geçipdir. Dogrudan hem Magtymguly Pyragy özünden soňky nusgawy şahyrlara görelde halyplayk mekdebini goýan akyldardyr. Sebäbi ХIХ asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili we Annagylyç Mätäji Magtymguly Pyragyny özüne halypa hasaplap, onuň döredijiliginiň hersi özüne degişli ugurlaryny saýlap alypdyrlar. Mysal üçin: Yşk mülküniň şasy Mollanepes özüniň ajaýyp şygyrlaryny ussat halypasynyň söýgi lirikasyndan ugur alyp döreden bolsa, Seýdidir, Zelili akyldaryň Watançylyk temasyny özlerine ugur edip seçip alypdyrlar. Şahyryň döredijiliginiň köpugurlylygy barada we oňa goýulýan sarpanyň beýikligi barada Keminäniň aýdanlaryny getirmek has ýakymly bolsa gerek. Keminä ýüzlenip: Eý molla Kemine! Şahyrçylyk bilen nädýärsiň, goşgy hasylyny alyp ýetişip bilýärmisiň?” diýip sorag berýär. Şonda Kemine: “Magtymguly şahyrçylyk meýdanynyň oragyny orup gitdi. Biz diňe hoşasyny çöpleýäris “ diýip jogap gaýtarýar. Ine şu ýokardaky aýdylanlardan görşümiz ýaly Magtymguly diňe bir ugurdan ýa-da bir temadan eser döretmän eýsem beýik söz ussady, akyldar şahyr bolupdyr. Muňa şahyryň goşgularynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolar:

“Mert bolmaz”goşgusynda
“Sözlegin bileniň tilden,
Bilbil aýra düşse gülden
Eşit adam dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz” diýip

Watan gymmatlygy barada aýtsa.

“Durasyn geler” goşgusynda.
“Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyn geler;
Edepli-ekramly mylaýymzada
Tä ölünçäň, bile ýöresiň geler” diýip edep-ekram hakynda aýdýar.

Ýa-da “Nas atan” goşgusynda:

“Nas atanlar hondan bärsi çak eder,
Ýagşy, ýaman eden işin hak eder,
Akar durar üsti-başyn pok eder,
Senden gaçar deňi-duşun nas atan”

“Çilimkeş” goşgusynda bolsa:
“Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur senden, çilim keş”

-diýip erbet endiklerden, neşekeşlikden, çilimkeşlikden daşda bolmalydygyny ündeýär. Bu goşgularyň hem häzirki zaman ähmiýeti örän ulydyr. Ýaşlary arassa ahlakly, berk bedenli, sagdyn, halkyna we Watanyna, Hormatly Prezidentimize wepaly ruhda terbiýelemekde bu işleriň ähmiýeti örän ulydyr.
Hemra Kakajanow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdüri


dowamy

“MERTLER ATA ÇYKSA, SÖWEŞ SARYDYR”

Türkmen halky hemişe akyl-paýhasy, edermenligi, merdanalygy, danalygy bilen dünýäni haýrana goýupdyr. Ata – babalarymyzyň bize goýup giden mirasy häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ussatlarynyň abraý – mertebesi belent tutulýar.
Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň şygyrýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşynda öz aýdyň şöhlelenmesini tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol -ýörelgedir.
Arkadag Prezidentimiziň: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesini türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýip bellemekligi, söz ussadyň il içindäki at-abraýyny açyp görkezýär. Meşhur akyldaryň edebi döredijiliginiň tematiki taýdan giň we köpgyraňly bolmagy, ynsanperwer, ahlak-etiki, jemgyýetçilik we ş.m meseleleriň aglabasyna jogap tapmaklyga ýardam berýär. Pyragynyň edebi mirasynda giň işlenilen şeýle meseleleriň biri-de mertlik-gahrymançylykdyr. Magtymguly “ Tekepbirlik eýlär” atly goşgusynda:

Bir bigaýrat ýigit ilde,
Bakyň, tekepbirlik eýlär
Mert ýigitler ýaman ilde,
Başdan agzybirlik eýlär.

diýmek bilen, är-ýigitleriň merdi-merdanalygy halky beladyr muşakgatlyklardan gorap, il-ýurt bähbitli işleri amala aşyrmaklyga gönükdirilendigi barada garaýyşy orta atýar. Magtymguly ýigitleriň mertligini, edermenligini olaryň watançylyk duýgulary bilen berk baglylykda suratlandyrýar. Ol halkyň erkin durmuşy ugrunda göreşen gaýratly ýigitleriň mertebesini belende göterip wasp edýär. Onuň tersine, namartlary, gorkaklary bolsa, berk ýazgarýar. Pyragynyň “Goç ýigidiniň” keşbinde watanyny şirin janyndan hem eziz görýän, onuň asudalygy ugrunda göreşýän, halkyň aladasy bilen ýaşaýan, döwrüň öňdebaryjy adamynyň häsiýeti jemlenýär.
Magtymguly Pyragy özüniň jöwher paýhasyny siňdiren şygyrlarynda ynsanperwerlige aýratyn uly üns beripdir. Ol mert häsiýetli adamy köp taraply şekillendirýär. Liriki gahrymanyň häsiýetlerini köptaraply suratlandyrmak bolsa, hakyky, dogruçyl, belent derejeli, ýokary çeperçilikli edebiýatyň esasy wezipesiniň biridir. Akyldar beden sagdynlygyny, güýçlüligi mert ýigidiň zerur sypatlarynyň biri hasaplap, öz döwrüniň mert, batyr ýigidini şeýle şekillendiripdir:

Gaplaň kimin baryp gire meýdana,
Tilki kimin bozy bere her ýana,
Duranda, gaýa dek durap merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir.

Şahyr goşguda mert ýigitlere mert ýoldaşyň gerekdigine-de ünsi çekýär. Akyldar dürli meňzetmeler we deňeşdirmeler bilen mert ýigidiň keşbini suratlandyrypdyr. Söz ussady edermen kişini köplenç halatda, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nyşany bolan şeýle ýolbarsa, gurda deňäpdir. Onuň şeýledigine Pyragynyň:

Duş gelende hemra bolsaň gurt bele,
Her çent bolsa at üstünde ar çeker
ýa-da:
Tilki özüň günde bir hem doýurmaz,
Ýegdir, aç hem bolsa, şire ýüz ursaň

ýaly setirleri-de şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragy ynsan durmuşyň agyr pursatlarynda ezizlemän, oňa mertlik bilen döz gelmelidigini, göreşmelidigini ündeýär. Akyldaryň pikiriçe, ýaşaýyşyň agyr pursatlarynda adam öz ynsançylyk mertebesini saklap, at-abraý gazanmaly. Beýik şahyryň:

Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi

diýmekligi bolsa, akyldarda bu garaýyş şahsy durmuş tejribäniň netijesinde dörändigine şaýatlyk edýär. Pyragynyň merdi-merdana ýigitleriň ornuny hiç kimse tutup bilmejegini, olaryň il-halkyň namasyny-aryny goraýan we ýeke-täk güýç, direg, howandar bolup çykyş edýänligi baradaky garaýyşy tutuş döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu pikir beýik akyldaryň:

Ýüz namart ýerine tutmaz bir merdiň,
Mert çeker täsirin iliň ýuwurdyň

diýen setirlerinde has aýdyň yzarlanýar. Magtymguly atamyz türkmen halkyna mahsus gylyk-häsiýet aýratynlyklary çeper beýan etmekde hem mertlik temadan sowa geçmänligi bellärliklidir. Söz ussady “Türkmen binasy” atly şygrynda:

Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur göwün hilesi

diýmek bilen, türkmeniň söze ygrarlylygyny, sadadan dogruçyllygyny merdanalyk hasap edýär. Akyldar şahyryň gysgadan anyk ýoly bir wagtyň özünde, şahyrana pikiri täsir edijilik babatda juda ygtybarly edebi tär bolup hyzmat edýär. Bu bolsa öz gezeginde, Magtymgulynyň eserlerine gaýtalanmajak özboluşlylyk çaýyp, ony şygyryýetiň iň ýokarky basgançagyna galdyrýar. Bu hakyky türkmen ýigidiniň keşbiniň milliligini-de, durmuşylygy-da alamatlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bu gün diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Onuň edebi mirasyna aralaşan her adam, Pyragynyň täsirinden çykyp bilmeýär. Bu bolsa, Magtymguly atamyzyň şygryýetiniň gaýtalanmajak güýjüdir. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Goý, mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Permanowa Şeker,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

CLAAS kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan onlaýn ulgamda sapaklaryň gurnalyşy.

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we “UMAX Trade GmbH” nemes kompaniýasynyň arasynda Berlin şäherinde 2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda bilim ulgamynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk Memorandumyna laýyklykda OOO CLASS Vostok atly kabul edilen meýilnama boýunça 02.03.2021ý. dan 07.04.2021ý. çenli (80 minutdan 9 okuw güni) aralykda biziň uniwersitetimiziň mugallymlary we talyplary bilen CLASS tehnikasy boýunça onlaýn sessiýalary gurnalyp geçirildi. Onlaýn sapaklaryň dowamynda “Däne ýygnaýan kombaýnlaryň esaslary”, “Däne ýygnaýan kombaýnlaryň ulanyş netijeliligini ýokarlandyrmak”, “Traktorlaryň esaslary”, “Traktorlaryň ulanyş netijeliligini ýokarlandyrmak ”, “Telemetriýa tejribede”, “Oba hojalyk maşynlaryndaky gidrawlika ulgamlarynyň esaslary”, “Oba hojalyk maşynlaryndaky elektrogurnawlaryň esaslary”, “Oba hojalyk maşynlarynyň näsazlyklaryny anyklaýyş esaslary” ýaly wajyp temalara degişli bolan leksiýalar diňlenildi. Hemme temalar boýunça sapaklarda mugallymlar we talyplar tarapyndan birnäçe soraglar berildi. Öz gezeginde her çykyş eden bolsa seredilýän soragyň manysyny doly açmaga yhlas edip sowatly jogap bermäge öz başarnyklaryny görkezdiler. Bu sapaklaryň geçirilmegine bolsa Iwan Sarosek, Fýodor Kolesnik, Aleksandr Nikitin, Igor Sobeşýanskiý, Sergeý Butow we Ýewgeniý Kuşenko ýaly sowatly ussat mugallymlar çagyryldy. Hususanda, leksiýalarda däne ýygnaýan kombaýnlaryň soňky görnüşleriniň käbir aýratynlyklary, şeýle hem endigan berilýän maddany döweklemäge we onuň ygtybarly hiline, däneli-samanly massasynyň işläp geçiriş ulgamyna, däne arassalaýan gözeneklerine howa akymynyň berlmegini kämilleşdirmäge, bunkerden gidrofisirlenen düşüriş ulgamyna degişli täze işläp taýýarlamalar baradaky maglumatlar getirildi. CLASS kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň soňky goýberilýän görnüşlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän elektron ulgamlary bilen üpjün edilen esasy önümçilik böleklerine uly üns berilen. Bu öz gezeginde abatlaýyşa we hyzmat edilmäge bolan harajatlary peseltmäge, ol bolsa öz gezeginde oba hojalyk işgärleriniň gymmat bahaly wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Nuryýew Hakberdi,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň Oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň mugallymy


dowamy

“John Deere” okuw merkezinde 6M seriýaly traktorlaryň tehniki gözden geçirişleri boýunça okuwlar.

Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň professor-mugallymlar düzüminiň maglumat tanyşlyk derejesini we talyplaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça 15.03 2021ý. we 17.03 2021ý. “Agri” IPC (International Progress Consult) bileleşik kärhanasynyň tehniki goldaw we okuw boýunça menedžeriniň, t.y.k. Öwezgeldi Kakabaýewiň gatnaşmagynda giňişleýin okuwlary gurnalyp geçirildi. Olarda oba hojalyk önümini ýetişdirmegi bilen meşgullanýan Türkmenistanyň telekeçilerine we daýhan hojalyklaryna getirilip gowşurylýan 6M seriýaly köpugurly sürüm traktorlarynyň umumy gurluşyna degişli temalar boýunça soraglaryna seredip geçildi.6110М, 6125М, 6140М, 6155М, 6175М, 6195М seriýaly uniwersal sürüm traktorlar hatarynyň gurluşy boýunça tanyşdyryş sapaklarynyň dowamynda şu seriýaly traktorlaryň belgilenmegine, gurulyş we tehniki häsiýetnamasyna, dolandyryş ulgamlaryna, olary degişli güýçdan agregatlary bilen üpjünlemek, şeýle hem hereketlendiriş ulgamynyň elektron dolandyrylyşy, gurlyş aýratynlygyna we olara ideg etmeklige degişli soraglara seredilip geçildi. Şol soraglaryň düzüminde traktorlaryň şertli belgilenmegine, şol seriýanyň dürli hereketlendirijiler bilen üpjünlemegine, olaryň belgilenmek aýratynlygyna, bolup biljek näsazlyklarynyň şertli belgilerine (kodlaryna) we üýze çykýan näsazlyklaryny aradan aýyrmak çäreleriniň sanawyna seredildi. Şeýle hem şol sapaklaryň dowamynda traktorlaryň hereket geçirijileriniň (transmissiýanyň) dürli görnüşine degişli soraglara, aýlow gurbatynyň geçiriliş diapazonlaryna, gurbatyň el bilen şeýle hem awtomatiki tertipdäki dolandyrylmagyndaky sarp edilmek derejesine, ýagny traktorlaryň güýç agregatyna täsir edýän güýje baglylykda üýtgeýänligine seredildi.Ondan soň sapakda 6M seriýaly traktorlaryň iş wagtynda birnäçe işleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän gidrawliki ulgamynyň görnüşlerine we aýratynlyklaryna seredildi. Ulgamda suwuklygyň ýokary basyşyny üpjün edýän aksial-porşenli sorup eterijiler bilen enjamlaşdyrylan we traktorlarda oturdylyp köptaraply işi üpjün edýän gidrawliki ulgamynyň aýratynlyklaryna köp üns berildi. Bu nasoslar adaty (iň kiçi) 37-45 bar. dan ýokary (maksimal) 200-210 bar. çenli zerurlygyna görä basyşy üpjün edip bilýär. Sapaklaryň dowamynda dişli (şesternýaly) we porşenli nasoslaryň deňeşdirmeleri, basyşynyň we akymyň öwezini dolmak hasaplamalarynyň netijeleri getirildi. Umuman alynanda geçirilen sapaklar diňe professor-mugallymlar topary üçin dälde talyp ýaşlara hem önümgurbatynli netijelerini berdi. Sapaklar gutarandan soň bolsa professor-mugallymlar we talyplar toparynyň adyndan uniwersitetiň we IPC “Agri” bilelikdäki kärhanasynyň ýolbaşçylaryna ýokary netijeli sapaklary gurnap geçirmäge ýardam berendikleri hem-de gatnaşandyklary üçin ýokary minnetdarlyk sözleri aýdyldy.
Seýitguly Nurnazarow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň Oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň mugallymy


dowamy

BERKARA DÖWLETIŇ BAGTYÝAR GERÇEGI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrünüde Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, toýlar goşa-goşadan gelýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de merjen şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýy ýetip gelýär.

Asmanda erkena parlar tugumyz,
Gözleriň röwşeni, aýdyň ýolumyz.
Şanly ýylyň dabarasy dag aşýar,
Uludan bellenýär 140 ýyllymyz.

Dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrülýän, ak mermere bürenýän Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özboluşlygy, onuň millilik aýratynlygynda sungat derejesine ýetirilen, ajaýyp gözelliginde has-da aýdyň duýulýar. Beýle ösüşlere dünýä jemgiýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän taryhy wakalara beslenýän “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläkde ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler özüniň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şanly seneler mynasybetli ýurdumuzyň ähli ýerlerinde ylmy-amaly maslahatlar, köpçülikleýin medeni çäreler geçirilýär. Maý aýynyň 7-sinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda , “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri’’ atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşikde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby, Ýazdurdyýew Merdan Ýazdurdyýewiç, bäsleşigiň “Baş baýragyna’’ mynasyp boldy. Bu hem eziz Arkadagymyzyň biz ýaşlar üçin edýän atalyk aladalarynyň miwesi bolup durýar. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilik işi bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, bu işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallary bar. Biz üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin. Bedew batly ösüşlere barýan diýarmyzda toýlar-toýa ulaşsyn.

Alkyş aýdýas Arkadagyň adyna,
Bat goşýaňyz, ösüşleriň badyna.
Eşretli diýarda erkin ýaşamak
Ýedirmejek, baky bagt adama.

Hajymyrat Ylýasow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

ÝYNDAMLYGYŇ — ÖSÜŞLERIŇ BADY

Mälim bolşy ýaly, 16-njy aprelde gözel paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu forumyň çäklerinde myhmanhananyň eýwanynda sergi guralyp, onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, halylar, zergärçilik önümleri, ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän fotosuratlar görkezildi. Şan-şöhraty müňýyllyklara dowam bolan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli hazynasy, baýlygydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr, türkmeniň buýsanjydyr, öý-ojagynyň ýaraşygydyr» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň at-owazasyny dünýä ýaýmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmäge ýokary ähmiýet berilýär. Bu ugurda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň bitirýän hyzmatlary we durmuşa geçirýän işleri örän uludyr. Bu assosiasiýanyň döredilenine şu ýyl on bir ýyl dolýar. Ol arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça anyk işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, agzalan düzümiň döredilen gününden bäri häzirki wagta çenli geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany has-da artdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň milli baýlygy bolan türkmen bedewleriniň we alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde bellenilýär. Bu barada döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden taryhy çykyşynda aýratyn nygtap geçdi. Forumda taryhy çözgüt — hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakmak barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen hormatly at dakyldy. Munuň özi milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan şöhratly halkymyz, ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň muşdaklary üçin hasda guwandyryjy waka boldy.
Altyngözel HANGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň talyby


dowamy

TÜRKMEN ALABAÝY merdanalygyň nusgasy

Türkmeniň milli buýsanjy ahalteke bedewi, gözüniň guwanjy türkmen halysy, wepadar syrdaşy alabaý iti ebedi mirasymyzdyr. Her bir öýüň goragçysy, çopanlaryň ýakyn kömekçisi alabaý itleriniň merdanalygy, edermenligi hemmämize mälim. Alabaýlaryň wepadarlygy esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmek, olar hakyndaky maglu-matlary ýaş nesillerimize ýetirmek her birimiziň esasy borjumyzdyr. Türkmen alabaýlarynyň taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby edermen alabaýlaryň taryhyny, gelip çykyşyny, olaryň hut türkmen topragyna degişlidigini dürli ylmy maglumatlar arkaly subut edýär. Ajaýyp eserde türkmen alabaý itleriniň gelip çykyşy hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: «Ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymyýetiň tümlügini aşyp, şu döwre geldiler. Türkmen itleriniň asylky dörän döwri hakynda kesgitli pikir aýtmak aňsat däldir. Alabaýlaryň aňyrsy tibet dogundan gaýdýar diýýänler-de bar. Hytaý imperatoryna sowgat berlen tibet dogy hakyndaky maglumat biziň eýýamymyzdan öňki 1121-nji ýyla degişli. Ýöne dört müň ýyl mundan ozal jaýlanan alabaýyň ystyhanynyň Altyndepeden tapylmagy bu çaklamanyň köküne palta urýan bolsa gerek». Alabaýlaryň gelip çykyşy we halkymyzyň ite bolan garaýşy hakyndaky maglumatlary seljermegi dowam etsek, türkmen halky gadymdan bäri maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanyp gelýär. Mal sürülerini goramak üçin alabaý itleriň hyzmatyndan peýdalanylypdyr. Ilkinji eldekileşdirilen öý haýwanynyň itdigini nazarda tutsak, bu maglumatyň hakykata ýakyndygyna göz ýetirýärsiň. Nusaý ýadygärlikler toplumyndan tapylan itiň şekili hem itleriň has irki döwürlerden bäri hojalyklarda ulanylandygynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Köne Nusaý ýadygärliginden 1949-njy ýylda ýüze çykarylan şabadalaryň erňegine täsin şekiller çekilipdir. Şolaryň içinde hem uly kelleli, haýbatly itiň şekili bar. Şol şekillerden alabaýyň eýesine nähili ýakyndygy, ygrarlydygy görünýär». Itler sürini goramak bilen bir hatarda, öýleriň hem ynamdar goragçysy bolupdyr. Adamlar alabaý itine arkaýyn öýlerini goýup gidip bilipdirler. Gapydan nätanyş biri gelen halatynda, wepadar dost üýrmek arkaly öýüň goraglydygyny mälim edipdir. Türkmen itleri özüniň mähremligi hem-de sypaýylygy bilen hem bellidir. Türkmen alabaýy ýersiz-ýere üýrmek ýa-da topulmak ýaly häsiýetlerden daşdadyr. Itlere degişli bolan şekiller we yzlar Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň birnäçesinden tapyldy. Şeýle ýadygärlikleriň düzümine Paryzdepe we Şähryslam ýadygärliklerini hem goşmak bolar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Paryzdepe ýadygärlikler toplumy 2016-njy ýylda gaýtadan dikeldildi we bu ýerde birnäçe gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Paryzdepeden tapylan tapyndylaryň ylmy taýdan öwrenilmegi häzirki günlerde hem dowam edýär. Bu ýerde tapylan alabaýyň şekili itleriň adamzat durmuşyna has irki döwürlerden ornaşandygynyň ýene bir mysalydyr. Şähryslamdan tapylan iň täsin zatlaryň biri-de bişen kerpijiň ýüzünde saklanylyp galan türkmen alabaý itiniň aýak yzlarydyr. Şol döwürlerde ýaşan adamlar ekerançylyk we maldarçylyk bilen bir hatarda, senetçilik bilen hem meşgullanypdyrlar. Küýzegärçilik önümleriniň içinde ak palçykdan ýasalyp, ýüzüne balyklaryň, guşlaryň, haýwanlaryň şekilleri çekilen şakäseleriň ýokary hili bilen tapawutlanýandygyny görmek bolýar. Türkmen alabaýlarynyň tohumlaryny köpeltmeklik bilen birlikde dünýä ýüzünde abraýy has-da artdyrylýar. Bu gadymy tohum itleri türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmaklyk bilen bir hatarda, dünýäniň kinologlaryny hem haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinologlary taýýarlamak boýunça maksatnamalar işlenilip düzüldi we ýörite hünär ugry açyldy. Talyp ýaşlaryň çuňňur bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Atanur KLYŞOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

HALKYŇ EBEDI MIRASY

Türkmeniň gapysyny onuň ahalteke bedewinden we edermen, wepaly alabaýyndan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gözellikde, ýyndamlykda ýelden ýüwrük ahalteke bedewleriniň şanyna toýlanýan Türkmen bedewiniň milli baýramy hemde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan dabaralar özboluşlylygy bilen ýokary ruhubelentlige beslenýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen asyrlar aşyp gelýän milli atşynaslyk ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Bu bolsa türkmen halkynyň atşynaslyk we seýisçilik sungaty, ajaýyp ahalteke bedewi, edermen türkmen alabaýy ýaly dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyzyň kemala gelmegine ýardam edýär. Golaýda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde milli Liderimize Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy ruhumyzy galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen atçylyk we seýisçilik hem-de milli itşynaslyk sungaty barha rowaçlanýar, uly meşhurlyga eýe bolýar. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýynyň genefondunyň arassalygyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, meşhurlygyny dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu möhüm ugurlarda sanly tehnologiýalardan birkemsiz baş çykarýan alym-atşynas hünärmenleri, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat türgenleri we türkmen kinologlaryny taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň tutumly başlangyçlary esasynda atçylyk sport toplumlarynyň durkunyň täzelenmegi, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna giren Akhan atly bedewimiziň ilkinji taýyna Aşgabat diýen adyň dakylmagy, meýdan atlarynyň ylmy taýdan düýpli öwrenilmegi, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, paýtagtymyzyň gözel künjeginde Türkmen alabaýynyň heýkeliniň oturdylmagy, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikleriň, sergileriň hem-de ylmy maslahatlaryň geçirilmegi milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpadan nyşandyr. Milli Liderimiziň tagallasy bilen milli itşynaslyk sungatyny ylmy esasda düýpli öwrenmek, onuň iň oňat tärlerini nesilden-nesle geçirmek we kämilleşdirmek, seçgi-tohumçylyk işinde milli we dünýä tejribesini peýdalanmak boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Häzirki döwrüň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýene bir şaýady bolan «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berilýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Gurluşyk taslamalarynda ähli mümkinçilikler we amatlyklar göz öňünde tutulan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň gurulmagy, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we Ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylmagy türkmen atçylyk we seýisçilik hem-de milli itşynaslyk ýörelgeleriniň ösüşiniň geljegini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaplary talyp ýaşlaryň, hünärmenleriň ýankitabyna öwrüldi. Bu eserleriň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, daşary ýurtly atşynaslaryň we itşynaslaryň hem arzyly kitaby bolup durýandygy uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çünki bu ajaýyp eserler türkmen atçylyk we milli itşynaslyk sungatynyň inçe syrlaryny, tärlerini we ylmy esaslaryny özünde jemleýän egsilmez hazyna bolup, milli gymmatlyklarymyza has çuň aralaşmaga giň ýol açýar.
Ýusup WELIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

MALDARÇYLYK — GIRDEJILI PUDAK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen oba hojalygynyň maldarçylyk pudagyny ylmy esasda döwrebap ösdürmäge, mallaryň baş sanyny artdyrmaga, daşary ýurtlardan ýokary önümli tohumlary getirip, toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň welaýatlarynyň etraplarydyr obalarynda döwrebap maldarçylyk toplumlary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde, oba hojalygyny kämilleşdirip ösdürmek babatynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alnyp, maldarçylyk pudagyny hususylaşdyrmak işleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Mallardan alynýan et, süýt hem-de olaryň gaýtadan işlenen şöhlat, süýt önümleri her bir maşgalanyň gündelik durmuşynda mukaddes saçaklaryň rysgaldyr, bezegi. Ýurdumyzda şeýle ýokary gymmatly azyk önümleriniň bazar bolçulygyny döretmekde we dürli görnüşli azyk önümleri bilen üpjün etmekde maldarçylyga aýratyn orun degişlidir. Maldarçylyk pudagynda ownuk şahly mallardan geçileriň idegi, olardan alynýan et, süýt önümleri ynsanyň gündelik durmuşynda zerur bolup, olar özüniň ýokumlylygy, berhizlik häsiýeti bilen aýratyn tapawutlanýar. Şeýle hem geçileriň sütükli çöpüri, onuň derisi dokma senagatynda gaýtadan işlemek üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Geçileriň dürli toprak-howa şertlerine uýgunlaşmak ukyby, kesellere garşy durnuklylygy, düşbüligi goýunlara garanyňda ýokarydyr. Şeýle-de geçiler dannawsyz, çalasyndyr. Olaryň hereketli dodaklary öri meýdanyndan islän otlaryny tiz almaga ýardam edýär. Dünýä ýüzünde giňden ýaýran öri meýdanlarda geçileriň 600-den gowrak ösümlikleriniň ýapragyny, baldagyny, gülüni iýýändigi, agaç gabyklaryny hem iýmit hökmünde peýdalanýandygy baradaky maglumatlar çeşmelerde getirilýär. Geçiler öz eýelerini sesinden tanaýarlar, olaryň ys alyjylygy bolsa goýunlara garanyňda ýokarydyr. Geçiniň çöpüri, sütügi tebigy süýümleriň içinde fiziologik-tehnologik häsiýetleri boýunça gymmatly bolup, häzirki döwürde dünýä bazarynda oňa bolan isleg has-da artýar. Geçi çöpüri, aýratyn hem sütügi inçeligi, ýumşaklygy, ýalpyldawuklygy, çeýeligi, berkligi, ýylylygy uzaboýuna birmeňzeş inliligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyklar bolsa, geçi çöpüriniň, sütüginiň ýokary tehnologiýa hem-de egrijilik häsiýetine eýedigini görkezýär. Geçileriň çöpüriniň deri ýagy azdyr. Olar öz çöpürini ýaz paslynda tebigy düşürýärler. Ata-babalarymyz geçi çöpürinden guýudan suw çekmekde peýdalanylýan gowa daňylýan ýüpi taýýarlan bolsalar, olaryň sütüginden taýýarlanan geýimlere bazarlarda uly isleg bildirilipdir. Şeýle-de Irki döwürlerde maşgalada suwuk zatlary saklamak üçin geçi derisi taýýarlanan gaby «tulum» diýip atlandyrypdyrlar. Tulum, esasan, garpyz toşabyny uzak wagtlap zaýalaman saklamakda peýdalanylypdyr. Geçiniň derisi çeýe, berk bolup, gön önümçiligi üçin gymmatly çig maldyr. Geçi derisiniň fiziki-tehnologik häsiýetleri we hili goýun derisiniňkiden ýokary hasaplanýar. Geçi süýdi iýmit gymmatlygy ýokary bolan azyklyk önümidir. Ynsan bedeninde ýeňil özleşýän geçi süýdüniň düzüminde gury maddalar, ýaglar, beloklar, mineral maddalardan kalsiý, fosfor, kobalt, A, B, B2, S, D witaminleri saklanýar. Sygyr süýdi bilen deňeşdireniňde, onuň belogynda has möhüm aminokislotalary saklaýan kazeiniň, albuminiň mukdary köpdür. Geçi süýdüniň düzüminiň ýokumly maddalara baý bolmagy, ynsan saglygynyň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle-de geçi süýdi peýnir, dorag, bioýogurt önümçiliginde hem peýdalanylýar. Geçi eti, aýratyn hem, çebiş eti irki döwürlerden bäri berhizlik iýmit hökmünde peýdalanylýar. Ýaňy bäbegi bolan enä, ysgyndan gaçan adama ýörite geçi etinden çorba taýýarlanylyp berilýär. Geçi toý-baýramlarymyzda, gündelik durmuşymyzda her bir maşgala üçin huruşlyk maldyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň «Çagalyk dosty — wepaly dost» bölüminde: «Biziň eýýamymyzdan öňki VI müňýyllykda Watanymyzyň çäginde Jeýtun medeniýeti döräpdir. Şol VI müňýyllygyň ahyryna V müňýyllygyň başyna bu medeniýet öz ornuny Änew medeniýeti bilen çalyşýar. Şol döwürlerde hojalyklarda goýun, geçi saklanylypdyr» diýlen ajaýyp jümleleri getirmek bilen, türkmen halkynyň örän irki döwürlerden bäri ownuk mallary saklandyklary baradaky taryhy maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan geçileriň jyns, ýaş aýratynlyklary boýunça atlandyrylyşy, ene dilimizde özüniň mynasyp ornuny tapypdyr. Ata-babalarymyz geçileri ösdürip ýetişdirmek bilen birlikde, olara ýaşy, jynsy boýunça at bermek boýunça türkmen diliniň has gadymylygyny, sözlük gorunyň baýlygyny, şireliligini açyp görkezipdirler. Ol atlar ynsan durmuşynda häzirki günde hem özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Jynsyna laýyklykda teke, geçi, alty aýlygyna çenli owlak, alty aý bir ýaş aralygyndaka çebiş, bir ýaşyndan soň teke, dog geçi, üç ýaşynda öweç teke, öweç geçi, üç ýaşdan uly bolsa uly teke diýip atlandyrypdyrlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda geçileriň, esasan, üç görnüşi — ýerli gara geçiler, angor geçileri we zaanen geçileri ýetişdirilýär. Ol geçiler maşgala ojagynyň huruşlyk maly hökmünde hususy hojalyklarda, telekeçileriň maldarçylyk toplumlarynda saklanylýar. Ýerli gara geçiler ähli welaýatlarymyzyň etraplaryndadyr, obalarynda giňden idedilýär. Bu geçileriň bedeni sagdyn, berdaşly, aglabasynyň reňki gara, gara-ala, ýüzüniň reňki bolsa ak bolýar. Ýerli gara geçileriň seýregräk ak we çypar reňklileri-de bolýar. Geçileriň et önümliliginiň esasy görkezijisi diri agramydyr. Bütin ýylyň dowamynda öri meýdanlarda bakylýan geçileriň diri agramy möwsümlere, ýylyň gelşine, ot-iým üpjünçiligine gös-göni baglydyr. Eziz Diýarymyzyň daglyk öri meýdanlarynda bakylýan geçileriň diri agramy ortaça 38–45 kilogram, düzlük öri meýdanlarda bakylýan geçileriňki bolsa 34–38 kilogram aralykda bolýar. Ýerli gara geçileriň örüde ot-çöpleri sähelçe gowulaşsa, gysga wagtda semremek ukybyna eýedir. Olaryň çöpüri syh-syh uzyn bolup, sütük sütümine garanyňda ep-esli uzyndyr. Çöpüri haýal ösýändigi üçin geçiler ýylda bir gezek, aprel aýynda gyrkylýar. Tebigy ekiz owlak bermek ukyby bolan ýerli gara geçileriň 100 ene geçisinden ortaça 120–130 owlak alynýar. «Süri öňüni serke çeker» diýen aýtgydan görnüşi ýaly, goýun sürüsiniň içinde ýerli gara geçileriň bolmagy, sürüleri bakmakda, olary dolandyrmakda zerurdyr. Geçiler, köplenç, süriniň öňünde gezýärler. Çopan öz bakýan goýun sürüsiniň içinde iki ýaşly biçilen tekä jaň dakýar. Jaň dakylýan tekä bolsa serke diýilýär. Süriniň öňüni çekýän serke öz eýesiniň ýa-da çopanyň sesine, sykylygyna, gykuwlamasyna öwrenişdirilýär. Jaň dakylan serke sürini haýsy tarapa alyp gitmelidigini, öwrülmelidigini ýa-da yza dolanmalydygyny eýesiniň sesinden aňyp, oňa sürini dolandyrmakda ýakyn ýardam bolýar. Angor geçileri ýurdumyza 1937-nji ýylda getirildi. Olaryň birsyhly ak çöpüriniň we sütüginiň ýalpyldyly, ýumşak, ýüpeksöw, çeýe, berk, uzynlygynyň we inçeliginiň birmeňzeş bolmagy gaýtadan işlemek üçin gymmatyny has-da artdyrýar. Angor geçileri Ahal welaýatynyň Bäherden, Balkan welaýatynyň Serdar, Magtymguly, Bereket etraplarynyň daglyk ýerlerdäki örülerinde köpeldilýär. Uly angor tekeleriniň agramy 45–50 kilogram, geçileriniňki 30–35 kilogram töweregi bolýar. Olaryň tekelerinde-de, geçilerinde-de iki tarapa ýaýraw gidýän ýogyn şahlary bolýar. Ýüzündäki, injiklerindäki, gulaklaryndaky tüý örtügi gysga bolup, ak, ýumşak, ýüpeksöwdir. Bedeni inçe, ak, towlanyp duran, ýüpeksöw süýümler bilen örtülen bolup, seçelenip durýar. Guýrugy gysga, gulaklary uzyn, aşak sallanýar. Nesil berijiligi babatda aýtsak ortaça 100 ene geçi ortaça 140 owlak berýär. Eger-de, geçiler ýazda gyrkylmasa, çöpürini öz-özünden düşürip başlaýar. Gyrkymda 3 kilogram we ondan hem köpräk çöpür we sütük berýär. Bu geçileriň hamy ýuka, ýagly we şireli, hiç hili ysy bolmadyk örän tagamly eti bardyr. Dünýäde iň köp süýt berýän iri geçiler watany Şweýsariýadyr. Olar çydamly, tiz ýetişýän dürli toprak-howa şertlerine ýeňil uýgunlaşýan zaanen geçilerdir. Bu geçileriň ak, ýöne kellesi ýa-da ýelni menek-menek gara tegmilli, aksary reňklisi hem gabat gelýär. Çöpüri gysga iri gyllardan durýar. Adatça sütügi bolýar. Şonuň üçin bu geçini gyrkmak zerurlygy ýokdur. Bu geçiler beden gurluşy boýunça dykyz, süňkleri berk, myşsalary oňat ösendir. Zaanen geçileriniň nesil berijiligi ýokary, çebişleri eýýäm 6–8 aýlyk wagty höwre gelýär, olary 10–12 aýlykda höwre goýmak tejribesi ulanylýar. Olaryň aglabasy tebigy ekiz owlak berýär. Maşyn sagymyna ukyply, tiz öwrenişýärler. Zaanen geçileri süýt öndürmek, ondan berhizlik häsiýetli süýt önümlerini taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyza 2014-nji ýylda «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumyna getirildi. Häzirki wagtda zaanen geçileri toplumyň geçidarçylyk bölüminde idedilýär we ykjam gaplara gaplanan geçi süýdi ak bazarlarymyzy bezeýär. Türkmen hal ky müňýyl lyk lar yň dowamynda maldarçylygyň has gadymy ugurlaryny alyp barmagyň milli usullaryny işläp düzüpdir. Olardan sagdyn owlaklary almakda, baş sanyny artdyrmakda, köpeltmekde, önümlerini peýdalanmakda däpdessurlarymyza laýyk gelýän ýörelgeleri dowam etdirmekde aýratyn iş tejribesini görkezipdirler. Häzirki wagtda hut şu nukdaýnazardan, maldarçylygy ösdürmekde gadymy däp-dessurlarymyz, milli tejribelerimiz esasynda bereketli ýaýlalarymyzda eti ýokumly, süýdi melhem geçi sürüleri ösdürilip ýetişdirilýär.
Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri


dowamy

Bir özi 100 işi eder

Öz işlerini Kanadada alyp barýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri tarapyndan işlenip düzülen täze oba hojalyk roboty şeýle bir ukyply welin, onuň başarmaýan işi ýok. Hawa, ol ekini ekibem, tohumlandyrybam, dökünläbem, hatda hasyl ýygybam başarýar. Mehanizatorsyz oba hojalyk tehnikalary — traktorlardyr kombaýnlar indi juda bir uly täsinlik hem däl. Ýöne, ynha, DOT Power Platform diýlip atlandyrylýan robot tehnologiýasynyň bir özi ençeme işiň hötdesinden gelip bilýär. Adam däl diýäýmeseň, ol işine berlen «daýhan». Has takygy, bu robotyň aňyna oba hojalygy bilen bagly 100 işi ýerine ýetirmek guýuldy. Elbetde, ol munuň üçin gorag halkalary, «akylly» tigirler, heläkçiliklere garşy datçikler we sinhronizasiýa ulgamy bilen üpjün edildi. Täze roboty işletmek juda aňsat. Oňa etmeli işini degişli düwmeleriň üsti bilen tabşyrmak ýeterlik. Soň işleýşine seret-de otur! Kemini tapmarsyň. «SeedMaster» kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen bu robotlaryň oba hojalygynda zähmet we tehnika boýunça edilýän çykdajylary 20 göterim azaltjakdygyna ynanylýar.
Maksatmyrat SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň talyby


dowamy

Äpet pomidorlar ýetişdiriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Jorjiýa we Gresiýanyň Afina uniwersitetiniň alymlary görnüşi boýunça has uly we suwly pomidor ýetişdirmegiň usulyny tapdylar. Munuň üçin olar degişli geni işläp taýýarladylar. Ösümlikler dünýäsinde ýa-da gündelik durmuşymyzda bolsun, parhy ýok, pomidor gök-bakja önümleriniň arasynda iň zerurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýöne gök önümleriň beýleki görnüşleri ýaly, pomidor hem taryhyň dowamynda köp sanly özgerişlere sezewar bolupdyr. Gerek bolsa, pomidoryň «ata-babalary» hasaplanylýan ösümlikler oňa asla çalymdaş hem däl. Üstesine-de, bu özgerişlik henizem dowam edýär. Geçirilýän genetik gözlegler pomidoryň henize çenli mälim bolmadyk käbir syrlaryny hem ýüze çykarýar. Ynha, amerikan we grek alymlary birleşip, pomidoryň genine käbir özgertmeleri girizmegi başardylar. Alymlar pomidordaky üýtgeşmeleri onuň öýjüklerinden alyp gaýtmagy makul bildiler. Geçirilen barlaglaryň netijesi barada «PLOS Genetics» žurnalynda çap edilen makalada aýdylşy ýaly, pomidoryň gabygyndaky öýjükleriň göwrümini ulaltmak bilen, onuň tutuş ululygyna täsir edip bolýar. Şeýlelikde, pomidor adatdakylardan has iri we has etli bolýar. Elbetde, şeýle uly pomidoryň hyrydarlarynyň ýeterlik boljakdygy hemmä mälim hakykat.
Hydyr ORAZGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň mugallymy


dowamy

Maldarlar üçin gollanma

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alym, professor mugallymlarynyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Maldarçylygyň tohumçylyk işi we genofondy» atly okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynda ýurdumyzda, şeýle hem dünýäde maldarçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, maldarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, maldarçylygyň dürli görnüşlerinde we tohumlarynda seleksiýa-tohumçylyk işini alyp barmagyň genetiki esaslary, seleksiýanyň esasynda mallaryň önümlilik we tohumlylyk alamatlaryny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara degişli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Kitap oba hojalygy ugrundan ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde maldarçylyk hünäri boýunça okaýan talyplar, şol hünär boýunça okadýan mugallymlar we bu ugurda işleýän hünärmenler, ylmy işgärler, oba hojalykçylar we fermerler üçin niýetlenendir. Okuw kitabynyň awtorlarynyň biri hem S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň baýry mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Çary Hanazarowdyr. Ol bu okuw gollanmasynyň ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmekde, onuň işini ylmy esasda we döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde, maldarçylyk ugrundan bilim alýan talyplaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belleýär hem-de maldarçylykda dünýä tejribesini öwrenmäge we bu ugurdan bilim alýan ökde hünärmenleri ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýar.
«Bereketli toprak»


dowamy

AHALTEKE ATLARYNYŇ ARASSA GANLYLYGYNY SAKLAMAKDA UGURLARYŇ ÄHMIÝETI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň esasy üns merkezleriniň biri hem türkmen atçylygyny ösdürmek, halkara derejesine çykarmak, gadymy tohum atlarymyzyñ arassa ganly ýyndam nesillerini köpeltmek bolup, bu barada onlarça il-ýurt bähbitli permanlary we kararlary kabul etdi. Olardan, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde Atçylyk hünäriniň açylmagy, Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Geljekde bolsa, ýurdumyzda Atçylyk ýokary okuw mekdebiniň açylmagyna garaşylýar. Bu bolsa, biz talyp ýaşlara gadymýetden gözbaşyny alyp gaýdaýan ahalteke atlarymyzyň gelip çykyşyny, biologiýasynyň aýratynlyklaryny, anatomiýasyny, fiziologiýasyny, iýmitlendirilişini we atlara ideg edilişini öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär. Elbetde bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi biz ýaşlar üçin ägirt uly goldaw hem hemaýat bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen, dünýä ýüzünde gözelligiň hem kämilligiň nusgasy hasaplanýan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, atçylyk sportyny ösdürmekde edilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Ahalteke atlarynyň taryhyna ser salsaň, türkmen halky bilen 5 müň ýyl taryhy bolan atlarymyz bar, ýöne biziň bu ahalteke atlarymyzy ylmy taýdan 1920-nji ýyllarda öwrenilip başlanylýar. Ylmy taýdan öwrenmegiň maksady bolsa, ahalteke atlarymyzyň tohum arassalygyny saklamak bolup durýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde tohum atlaryň diňe üçüsi – ahalteke, arap we iňlis atlary gany arassa köpeldilýär. Atlary gany arassa köpeltmek diýmek – atlaryň we baýtallaryň ene-ata tarapy düýp başdan ahalteke atlaryna saýylýan, tohumçylyk kitaplaryna ýazylan we olaryň diňe ahalteke tohumy içinde öz-özüne köpeldilmegine aýdylýar. Haýsydyr bir derejede gany gatyşan ýa-da seçgilenilende ahalteke atlarynyň tohum arassalygyna haýsydyr bir ýetmezçiligi zerarly häzirki döwürde edilýän talaby kanagatlandyrmaýan atlar, ahalteke arassa ganly tohum aty diýip hasap edilmeýär we ahalteke atlary bilen geçirilýän tohumçylyk işlerinden aýrylýar. Türkmenler ahalteke atlarynyň tohumçylyk işinde esasy ünsi höwür atyna beripdirler. Beýle diýildigi baýtala düýpden üns berilmändir diýip düşünilmändir, ýöne höwür ata garañda baýtala az üns berilipdir. Bu babatda türkmende “Ata sap, ene gap” diýlip, höwür atyñ orny ýokarlandyrylyp, halkyň arasynda atalar sözüne öwrülipdir. Mundan başga-da ata-babalarymyz atlarynyñ tohumyny arassa saklamak we güýçlendirmek üçin öz aralarynda aram-aram alyş-çalyş edipdirler. Şeýlelik-de, tohum atlaryñ ganyny täzeläp, sagdyn hem ýyndam bolmagyny gazanypdyrlar. Türkmen topragynda zähmet çeken meşhur zootehnik K.I.Gorelow 1925–1927-nji ýyllarda ýerlere gidip barlamak we hasaba almak bilen, ahalteke atlarynyň 4-arka şejeresini we olardan gaýdýan nesilleriniň sanaw hataryny düzýär. Şeýlelik-de olaryň arasynda bäş ugry tapawutlandyrýar. Ol ugurlar: Boýnow, Soltanguly, Nedirbaý, Çaparkel we Geçili. Şondan soňra ilkinji ugurlar açylýar. K.I.Gorelow bu eden işleri barada 1928-nji ýylda çap edilen “Türkmenistanyň ahalteke aty” (Ахалтекинская лощадь Туркменистана) diýen kitabynda ýazýar. Soňra, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde 1963–1973-nji ýyllarda zähmet çeken, biologiýa ylymlarynyň doktory, proffesor M.I.Belonogow Türkmenistanyň ahalteke tohum atçylygyny ylmy nukdaýnazardan öwrenmekde, seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak bilen, täze ugurlaryň üstünde işläp başlaýar. Ol 1934-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda işlemek bilen Türkmenistanda, Gazagystanda, Uralda, Demirgazyk Kawkazda bar bolan ahalteke tohum atlaryny öwrenýär we hasaba alýar. 1941-nji ýyldaky Ahalteke atlarynyň Döwlet tohumçylyk kitabynda (Aziýa döwletleri boýunça) Boýnowy ugurbaşy etmek bilen goşmaça bäş ugry açyp, ýokardaky ugurlaryň sanyny dokuza ýetirýär. Şeýle-de M.I.Belonogow 1955-nji ýylda ýazan “Ahalteke tohum atlary bilen tohumçylyk işlerini geçirmegiň esasy düzgünleri” (Основные положения племенной работы с ахалтекинской породой лощадей) kitabynda ýokarda agzalan dokuz ugra täze ugurlary goşmak bilen, jemi 21 ugur barada häsiýetnama ýazýar. 1967-1973-nji ýyllarda bolsa, Türkmenistanyň Halk atşynasy Bazarbaý Meredow, professor M.I.Belonogowyň aspiranty bolmak bilen, ahalteke tohum atçylygynda atlaryň ugurlary bilen işlemegiň ýollaryny öwrenýär. Häzirki wagtda bolsa, biziň ýurdumyzda ahalteke atlarynyň 17 ugry ýöredilýär. Olar: Akbilek, Aksakal, Arap, Dorbaýram, Ýel, Meleguş, Posman, Saparhan, Sluçaý, Eýeberdi Teleke, Garlawaç, Gyrsakar, Skak, Gelşikli, Gaplaň, Pereň, Pakir pälwan. Ugur diýilip, ahalteke atyna mahsus bolan talaby ýokary derejede kanagatlandyrýan, seçgileme alamatlary boýunça aýratyn tapawutlanýan, ady belli, il arasynda adygan atyň peýdaly gowy häsiýetleri boýunça meňzeş nesil toplum atlaryna aýdylýar. Atlar ugurlar boýunça köpeldilende, haýsydyr bir derejede garyndaşlykda köpeldilýär. Professor Kislowskiý at tohumyny durnukly saklamak we köpeltmek, garyndaş köpeltmegiň netijesinde ýüze çykmagy mümkin bolan gan gyzgynlygyndan (inbred depresiýa) gaça durmak üçin, tohum atçylykda azyndan 9 sany ugruň bolmalydygyny we şol ugurlara degişli höwür atlaryň sany 140-dan az bolmasa gowy hasaplaýar. Şeýle hem, ugurlar ugurbaşy atlardan 5-7 arka aýlanandan soň nesil toplum atlara (geneologiki ugra) öwrülmek bilen, olaryň nazary taýdan ähmiýeti bolsa-da, atlary köpeltmegiň iş tejribesinde ol ugurlaryň ähmiýeti azalýar. Şonuň üçin döwrüň has gowy höwür atlarynyň üstünde işlemek bilen, täze ugurlary döretmeli bolýar. Häzirki wagtda ahalteke atçylygynda bar bolan 17 ugruň arasynda naýbaşy ugurlardan Gyrsakaryň ugruna degişli Keýmir-2 (gara at, 1987 ý.d., Kerwen – Ýelsona diýen atlaryň neslinden) hem-de Gelşikliniň ugruna degişli Goar-17 (mele at, 1986 ý.d., Göwher – Menaka diýen atlaryň neslinden) ýaly tohum atlarynyň nesil şejeresini, atçylyk sportunda görkezen netijelerini, seçgi-tohumçylyk işinde ulanylşyny we nesilleriniň hilini öwrenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Çünki bu arassa ganly ahalteke atlary öz döwrüniň iň bir işjeňligi ýokary bolan atdygyny Döwlet tohumçylyk kitabyndaky ýazgylar hem subut edýär. Şeýle hem höwür at hökmünde ulanyp, olardan birnäçe ajaýyp nesiller alyndy. Olardan höwür at hökmünde häzirki günde Keýmir-2 degişli Keýmirkör, Keýmirli, Kemerli, Kowgun, Kanun we Goar-17 degişli Gülistan, Dalbedew, Bahreýin, Gökhan, Gowşuthan ýaly ajaýyp atlar höwürde giňden ulanylýar. Ahalteke atlarynyñ arassa ganlylygyny we tohum arassalygyny saklamak üçin häzirki wagtda ahalteke atçylygynda bar bolan 17 uguryñ arasynda arassa tohumda ugurara örñediş usulyny giñden ýola goýmak bilen, seçgi-tohumçylyk işleri her bir uguryñ rüstem we asgyn tarapyny, tohumyñ genotipine we fenotipine amatly täsirini utgaşdyrmagyñ esasynda alnyp barylýar. Kämilligiñ añyr çäk nusga keşbi bolan ahalteke atlaryny döreden halk, bu janawerleri köpeltmegiñ, ösdürip ýetişdirmegiñ özboluşly inçeligini goja taryhyñ dürli döwürlerinde ele alyp, ony nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Şeýlelik-de her nesil özüçe bu ugurdaky iş tejribesini kämilleşdirip, ahalteke atçylygynyň ösmegine özüniň goşandyny goşupdyr. Şoña görä-de biz ýaş atşynaslar türkmen seýisçilik sungatynynyñ ahalteke atlaryny ösdürmekdäki ähmiýetini öwrenmegi we bu ýeñil bolmadyk, ýöne juda hormatly hünäriñ jümmüşine aralaşmagy özümize döwrebap maksat edindik. Ahalteke atçylygynda täze ugurlaryň üstünde işlemäge we döretmäge, döwre mynasyp asyl bedew atlary ösdürip ýetişdirmäge ak ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutmly işleri elmydama rowçlyklara beslensin!
Arzuwgeldi Kulyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri


dowamy

ATYM BAR-GANATYM BAR

Gadymy eýýamlardan türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz asla göz öňüne getirip bilmandir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem, özüniň bedew atyna atlanyp darkaş gurapdyr. Türkmen halkynyň zehini siňdirilip terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä yüzünde has hem beýikdir. “Asman aty” hasaplanan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty ähli döwürlerde-de örän belent bolupdyr. Hormatly Prezidentimiz bedewlerimiziň asyllygy dogrusynda özüniň: “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ylmy-populýar kitabynda: “Bu dünýe çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykýandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar”diyip jaýdar belläp geçýär. Magtymguly Pyragy hem özüniň “Aty gerek” atly goşgusynda goç ýigidiň at-abraý gazanmagy üçin bedew atynyň gerekdigini:

At gazanar goç ýigidiň
Owal bedew aty gerek,

diýen şahyrana setirler bilen nygtaýar.
Seýitnazar Seýdi özüniň “Üsti bedewiň” goşgusynda bedew atyň tarypyny ýetirýär.Ol ata gowy seredip, onuň eýer-esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, atarkasy Süleýmanyň tagtyndan kem däldigini:

Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň
Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň

ýaly bent arkaly açyp görkezýär. Şeýle-de söz ussady bedew atyň belli bahasynyň ýokdugyny, oňa dünýe malyny berseňde, az boljakdygyny ýokary şahyranalyk bilen beýan edýär:

Bedew münen deh diýip,girer oýuna,
Ony gören gözler ajap söýüne,
Berip alsaň ýüz müň düýe goýuna,
Şonda-da arzandyr üsti bedewiň

“Görogly” şadessanynda bedew atyň keşbi adamlaşdyrylyp gorkezilipdir. Gyrat Görogly üçin diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem-de onuň üçin iň ýakyn hemrasy, syrdaşy bolup çykyş edýär. Meşhur halk aýdymyna öwürlen “Gyrat meni Çandybile sen ýetir” atly goşgyda hem Gyratyň hemmetaraplaýyn tarypy ýetirilýär. Bu goşgyny Görogly agyr ýaraly bolup ejir çeken wagty aýdypdyr. Görogly beg bu kynçylykly pursatda hem öz derdini Gyrat bilen paýlaşmak bilen şeýle ýüzlenýär:

Çandybile az galypdyr aramyz,
Hakyň takdyryna nädir çärämiz,
On sekiz ýerimizden düşdi ýaramyz,
Gyrat meni Çandybile sen ýetir!

Türkmen bedewi bilen baglanyşykly wakalar XX asyrda hem bolup geçipdir. Şolaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişdir. Atlar 2500 mil aralygy 84 günde geçip, ýyndamlygyň we çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Ýörüşe gatnaşyjylar 225 mil aralygyny Garagumuň suwsuz çöllüginden 3günde geçmegi başarypdyr. Berkarar döwletimiz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýisçilik sungatyna uly üns berilýär. 2008-nji ýylda “Türkmenatlary” döwlet birleşigi döredildi. 2009-njy ýyldan bäri bolsa, Arkadag Prezidentimiziň yglan eden “Gözellik bäsleşigi” geçirilýär. Onda ýeňiji bolan bedewlere gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagalasy bilen ýurdumyzda her ýyl “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara maslahaty geçirilip durulýar. Bu başlangyçlaryň hemmesi Milli Liderimiziň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladasynyň netijesidir. Ýeri gelende bellesek, ýaňy ýakynda Arkadag Prezidentimiziň çarpaýa galmakda Ginessiň rekordlar kitabyna giren Akhan atly atynyň taýynyň dogulmagy we oňa Aşgabat diýlip at dakylmagy “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynyň şanly wakasyna öwrüldi.

HUDAÝBERGENOWA.G.
OBA HOJALYGYNDA BUHGALTER HASABY
WE AUDIT KAFEDRASYNYŇ ULY MUGALLYMY


dowamy

ARKADAGYMYZYŇ ROMANLARYNDA MUGALLYMYŇ ORNY

Hormatly Prezidentimiziň romanlarynyň çapdan çykmagy Garaşsyzlyk döwrüniň prozasynyň ösmegine uly itergi berendigi dogrusynda ýurdumyzyň tanymal edebiýatçylary özleriniň gazet-žurnal makalalaryndadyr seslenmelerinde yzygiderli belleýärler. Romanlaryň giň okyjylar köpçüligine ýaýrandygyna birnäçe ýyl geçen hem bolsa, halkymyzyň, şol sanda edebiýat muşdaklarynyň olara bolan gyzyklanmasy birjik-de gowşamaýar. Onuň düýp sebäbi Hormatly Ýazyjymyzyň romanlarynyň ideýa-tematikasy özboluşlylygy bilen çeper beýan edijilik ussatlygy sazlaşygyndadyr. “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlary taryhy-biografiki häsiýetli bolmagyna garamazdan, milli, ahlak-etiki, terbiýeçilik, jemgyýetçilik-didaktiki meseleleri hem öz içine gabsap alandygyny turuwbaşdan bellemelidiris. Eserler waka ýordumy we olaryň gurluşy taýdan aýrybaşga bolsa hem, Magtymguly Pyragy we nesil terbiýe meselesi olaryň ikisiniň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Ýazyjymyz Magtymgulynyň keşbini işlemekde-de, mugallymçylyk käri we ähmiýeti dogrusynda juda tutumly, düýpli çemeleşendigini inkär edip bolmaz. Biz hem şu makalamyzda hormatly Prezidentimiziň romanlarynda terbiýe meselesiniň çeper işlenilişi barada gürrüň etmekligi maksat edindik. Häzirki wagta çenli ýazylan taryhy romanlara ser salsak, olaryň baş gahrymanlary tutuş halk tarapyndan giňden tanalýan şahsyýetler bolup, olaryň görkezen gahrymançylyklaryny çeper suratlandyrmak däpleşen görnüşe eýe boldy diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Bu ýagdaý diňe bir türkmen edebiýatyna mahsus bolman, beýleki halklaryň edebiýatlarynda hem giň orun tutan hadysadyr. Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” atly taryhy-biografiki eserinde bolsa bu däbiň “bozulandygyny” görýäris. Romanyň çapdan çykmazyndan öň, Berdimuhamet Annaýewiň hormatly Prezidentimiziň atasy, käriniň hem mugallym bolandygyndan başga, ol barada hiç hili maglumatymyzyň bolmandygyny boýun almalydyrys. Baş gahrymanyň tanymal döwlet işgäri bolmazlygy, başga aýdanymyzda, beýlekiler ýaly öz döwrüniň adaty adamy bolmaklygy-da esere özboluşly täzeçilik röwüşini çaýýar. Romany boýdan-başa okap bolanyňdan soň welin, Berdimuhamet aganyň diňe bir eseriň baş gahrymany däl, eýsem-de öz döwrüniň hakyky gahrymanydygyna doly göz ýetirýärsiň. Oňa gahryman diýmeklige bolsa onuň mugallymçylyk käri, has dogrusy, ömrüni çagalara bilim-terbiýe bermeklige bagyş etmegi esas berýär. Meselä ýüzleý seredeniňde mugallymçylyk agaç ussasy, inžener, hasapçy ýa-da gurluşykçy ýaly ýüzlerçe kärleriň biri bolup görünse-de, bu kän bir beýle däl, has dogrusy, düýbünden beýle däldir. Beýle bolsa, mugallymçylyk kärini beýleki kärlerden näme tapawutlandyrýar? diýen soragyň döremegi tebigydyr. Hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” romanynda bu soragyň aýdyň jogabyny tapyp bolýar. Sözümiz gury bolmaz ýaly eserden käbir mysallara seredip göreliň: “Berdimuhamet özüniň agyr ýaradar halyna hem-de maýyplygyna garamazdan, gerdeninde şeýle agyr ýüki çekýärdi. Ol başgaça, ýarym güýjüni berip işläbem biljek däldi. Okuwçylar onuň üçin aýratyn bir dünýädi, özboluşly älemdi. Eger-de mugallym şol dünýä, şol äleme bir aralaşyp bilse, öňünde duran häzirki çaganyň ýene-de bäş, on ýyldan, ýene-de ýigrimi ýyldan nähili şahsyýet bolup biljekdigini görüp bilýärdi... Berdimuhamet öz başyndan geçirýän duýgularyny kärdeşleri bilen paýlaşýardy. Haçan-da öz öňümde oturan çagada geljekki mugallymy, alymy, döwlet işgärini görenimde, meni aýratyn bir duýgy – söz bilen beýan edip bolmajak buýsanç duýgusy gurşap alýar diýip gürrüň berýärdi. Ol onlarça, ýüzlerçe adamda öz keşbini, öz duýgularyny we düşünjelerini, arzuw-isleglerini görýärdi. Ol özüni çar ýana şahasyny ýaýradan ägirt uly çynar ýaly duýýardy. Munuň özi üýtgeşik bagt, gaýtalanmajak bagt”. Berdimuhamet mugallym baradaky şeýle çeper teswiri “Döwlet guşy” romanynda görüp bolýar. Berdimuhamet mugallymyň zähmet çekýän obasynda mekdebiň gurluşygyny alyp baryşyny ýa-da oba mekdebine partadyr oturgyçlary getirmegini ýada salanyňda: “Ine, mugallym diýeniň şeýle bolmaly” diýen sözler diliňe gelenini duýman galýarsyň. Şu jähetden seredeniňde, Berdimuhamet Annaýew üçin mugallymçylyk diňe bir işleýän käri bolman, tutuş ömrüň manysy bolandygy “ykbala öwrülen hünär” diýen çeper sözler arkaly beýan edilişi Ýazyjymyzyň çeper toslamasy bolman, durmuş hakykatydygyny ýatladasymyz gelýär. Hormatly Ýazyjymyzyň belleýişi ýaly, hakykatdan hem mugallymçylyk “gerdene agyr ýük” bolup düşýän kär bolup, her kimiň başarjak işi däldir. Çaga terbiýesi mugallymdan “ýarym güýji däl-de” tutuş güýjüni, ünsüňi we wagtyny sarp etmekligi talap edýär. Şeýlelikde, mugallym çaganyň bilim-terbiýesiniň hem gurluşykçysydyr, hem ussasydyr. Wagtyň geçmegi bilen, ýaş nesliň kemala gelip, durmuşyň çylşyrymly ýodalarynda mugallymyň gursaklaryna guýan ähli ündewlerini, bilimini Watany ösdürmegiň, gülletmegiň haýyryna gönükdirmekleri bolsa, halypanyň kalbyny buýsançdan, guwançdan doldurýar. Hormatly Prezidentimiz bu duýgularyň hemmesiniň Berdimuhamet mugallym üçin “üýtgeşik bagt, gaýtalanmajak bagtdygyny” aýtmagy bolsa, juda çeper we ýerlikli ulanylypdyr. Şeýle-de baş gahrymany “çar ýana şahasyny ýaýradan ägirt uly çynara” deňeşdirmeklik aýdylýan pikire bir tarapdan, çeper öwüşgin berýän bolsa, ikinji tarapdan, şol pikiriň okyjy üçin mümkingadar doly we düşnükli bolmagyny gazandyrýar. Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk kärini saýlamagynyň we netijede “Beýik halypa” bolmagynyň özeninde Magtymguly atamyzyň uly ornunyň bardygy hem ikuçsyzdyr. Şol sebäpden-de romanlarda mugallymçylyk we ýaşlara terbiýe bermek meselesi hakynda gürrüň gozgalanda köplenç beýik akyldaryň çeper keşbi ýa-da onuň dürdäne setirleri janlanýar. Hususan-da, Anna aganyň “akyl sandyklarynda” Magtymgulynyň goşgularynyň esasy orun eýeleýändigini ýa-da ýaşlykdan ata mährinden jyda düşen Berdimuhamedi terbiýelän we ilhalar ynsan bolmagyny gazandyran Magtymguly Pyragynyň diwanlarydygyny, şeýle-de ýowuz ýyllarda durmuşyň agyr pursatlarynda Mälikgulynyň Pyragynyň şygyrlaryndan pähim hem goldaw alandygyny ýatlamagyň özi-de ýeterlikdir. Şeýlelikde, beýik söz ussady ady agzalan gahrymanlaryň hemmesi üçin mugallym, halypa bolupdyr diýmeklige doly esas döreýär. Ýöne beýik Pyragynyň “halypaçylyk wezipesi” şular bilen çäklenmeýär. Romanlaryň atlaryndan başlap, ondaky epigraflardyr baplaryň atlarynda, waka ýordumyndaky rowaýatlardyr şygyr setirlerinde Magtymgulynyň “dünýäsi janlanýar”. Başgaça aýtsak, Hormatly Ýazyjymyz Magtymguly Pyragy bilen bir perdeden, bir hörpden gopýar. Bu meňzeşlik, ilkinji nobatda, iki akyldaryň umman ýaly pikir çuňlugyny çeper söz arkaly her bir adamyň düşünip biläýjek derejesinde beýan edip bilmeklerindedir. Şeýle hem söz ussatlaryň ikisiniň-de halallyk, ynsanperwerlik, wyždan ýaly umumyadamzat gymmatlyklaryny çeper söz arkaly düşündirmekde we mahabatlandyrmakda gaýtalanmajak belentliklere ýetendikleri bellärliklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ähli zatlaryny Şägirdi - hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirýändiginiň gözli şaýady bolýarys. Hormatly Prezidentimiz hem öz gezeginde halal ýaşamagyň, Watana, halkyňa hyzmat etmegiň belent nusgasyny “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” romanlarynda öz şägirdi bolan türkmen ýaşlaryna çeper görnüşde wesýet edýär. Milli Liderimiziň öwüt-ündewlerini öwrenmek, olary gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de gülletmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Maýa Amanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalygy uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň müdiri.


dowamy

ÝOKARY HILLI SOGAN ALMAGYŇ KADALARY

Oba hojalyk ekinlerinde ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak agrotehnikanyň esasy talaplaryna degişlidir. Sebäbi keseller ekinlerden alynýan önümleriň hasyllylygynyň we hiliniň peselmegine getirýär. Bu, ylaýta-da, gök-bakja önümlerini öndürijiler üçin möhümdir. Göräýmäge tagamy ajy hem bolsa, bakja ekini bolan soganyň özboluşly zyýanberijileri bar. Soganyň hasyllylygyny pese düşürýän keselleriň biri ýalan un-çaň (Peronosporoz) keseli. Soganyň un-çaň keseli köp ýaýran keselleriň biridir. Bu keseli dörediji oomisetler klasyna degişli Peronospora destructor Casp. kömelegidir. Bu kesel soganyň birinji we ikinji ýylynda hem döräp bilýär. Ol, esasan, tohumlyk sogan üçin has howpludyr. Kesel her ýyl düýp sogandan geçýär. Keseli dörediji kömelek soganly meýdana ekiniň baldagynda peýda bolup, onuň ýaramaz ösmegine, saralyp, guramagyna getirýär. Ýalan un-çaň keseli sogana ýokuşanda soganyň porrugy (tohumlygy) saralýar we döwülýär. Tohumy doly ösmeýär, mürrük bolup, gögerijiligi ýaramazlaşýar. Çygly howada sogan ýaşy we porrugy melewşe-çal kesmek bilen örtülýär. Kömelek sporalary emele gelýär we olar soganyň ikinji gezek kesellemegine sebäp bolýar. Keseli dörediji kömelek sogan ýaşynyň çykýan ýerine (boýnuna) ýetýär we düýbüne aralaşýar, şol ýerde gyşlamaga galýar. Kesel dörediji kömelek oospora ýagdaýynda ösümlik galyndylarynda gyşlaýar. Ekin dolanyşygyny dogry ýola goýmak, bu keseliň döremeginiň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Bir ýyl sogan ekilen ýere üç ýyllap şol bir ekini ekmeli däl. Tohumlyk sogany ýaş sogan ekilen ýerden 200 – 300 metr daşlykda ekmeli. Tohumlyk düýp sogany gurak, gyzgynlyk 45 we ondan ýokary derejeli howada 8 – 12 sagat saklamaly. Tohumy ekişden öň dermanlamaly, şonda 1 tonna tohuma 4 – 5 kilogram fentiuram, 3 – 4 kilogram tigam ýaly serişdeleri ulanmak bolar. 1 tonna tohuma 10 litr suw guýmaly. Ösüş döwründe ýalan un-çaň keseli dörände, 1 göterimli bordos suwuklygyny ýa-da 2,4 kilogram polikarbasin erginini sepmeli. Soganyň garabaş keseli Orta Aziýa döwletleriniň çägindäki sogan ekilýän ýerlerde duş gelýär. Soganda garabaş keselini döredijileriň biri hem Urocystis cepulae Frost kömelegidir. Garabaş keseli sogana diňe birinji ýyl ýokuşýar. Bu kesel bir ýerde birnäçe ýyllap sogan ekilen ýerlerde ýaýraýar. Keseli dörediji infeksiýa toprakda saklanýar we sogan gögerip başlan döwründe ýokuşýar. Bu hadysa sogan tohumdan gögerip çykandan 3 – 16 gün geçenden soň, ýagny, birinji ýaşy gögerip çykanda ýüze çykýar. Keseliň ilkinji alamatlary – sogan ýapragynda pökgerip duran, süýrüje, çal ýa-da gara zolak emele gelýär. Soň şeýle zolajyk sogan boýnunda hem peýda bolýar. Ol zolajyk köp mukdardaky garabaş keselini dörediji kömelek sporalaryndan ybarat bolýar. Spora ilki epidermisde saklanýar we soňra ösýär. Toprakda galan sporalar 5 – 6 ýyl we ondan-da köp saklanyp bilýär. Ösümligiň bu keseliniň öňüni almak üçin ekin dolanyşygyny doly ýola goýmaly. Soganyň ownuk düýplerini şol bir ýerde 5 – 6 ýyllap ekmek maslahat berilmeýär. Şu kadalar berjaý edilende, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli sogan alynýar.
Aýnabat GOÇKAROWA,
uniwersitetiň mugallymy.


dowamy

Limon ösdürip ýetişdireýin diýseňiz...

Limon nahaljyklaryna kadaly ýylylyk (15-20 dereje), çyglylyk we ýagtylyk berlen ýagdaýynda, ol ösüşiniň üçünji ýylyndan başlap, ýuwaş-ýuwaşdan gülläp, hasyla durýar. Eger-de onuň ösmedik we sary ýapraklary bar bolsa, onda limonyň ýokumly iýmit maddalary bilen doly derejede üpjün edilmeýändigini aňladýar. Limon agaçlaryny ýylda iki gezek — fewral we awgust aýlarynda iýmitlendirmelidir. Nahaljyklara dökün bermezden ozal we ondan soň iýmit maddalarynyň täsir edijilik ukybynyň ýokarlanmagy üçin topragy suwlulandyrmaly. Limonyň häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilýän «Lissabon» we «Meýer» görnüşleri has meşhurdyr. Onuň «Meýer» görnüşini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly gerime eýedir. Limonyň «Lissabon» görnüşi has tikenli bolup, ol, esasan, gyş aýlarynda ýetişýär. Limonyň «Meýer» görnüşiniň tagamy ýumşak we az kislotaly bolýar. Onuň hasyly edil «Lissabonyňky» ýaly gyş aýlarynda alynýar. Ýöne ondan tapawutlylykda ol tutuş ýylyň dowamynda üznüksiz önüm berýär. Limonyň «Meýer» görnüşiniň boýy 3 metre çenli bolup, ony ýörite niýetlenen küýzelerde ösdürip ýetişdirmek hem özüniň ýokary netijesini berýär. Biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde limonyň ösdürilmegi üçin mikroklimatyň (ýyladyşhanalaryň) döredilmegi zerurdyr. Şeýle hem ol şemaldan we aýazdan goralan, doly Gün şöhlesiniň düşüp duran ýerinde ýerleşmegini talap edýär. Limon ekiljek toprak organiki dökünler (goýun dersi) bilen baýlaşdyrylan bolmalydyr. Onuň ösmegi üçin zerur bolan şertler kada laýyk üpjün edilenden soň, ekmek üçin taýýar edilen ýaş limon nahaljyklary 3x3 metr we 3x4 metr çyzgyt boýunça oturdylýar. Limony ekmek üçin onuň çukury giň we çuňrak görnüşde gazylýar. Ýaş limon nahaljyklarynyň kökjagazlary täze göçürilen topraga tiz we gowy uýgunlaşyp, güýçli kök ulgamyny emele getirýär. Kada görä çukurlar gazylandan soň, limonyň ösüp oturan küýzejiginden çykarylmagy we onuň kökjagazlarynyň barlanylmagy zerurdyr. Nahalyň daş-töweregine aýlanýan köklerini aýryp, nahaljygy çukurda oturdyp, çukurdan çykarylan toprak bilen onuň doldurylmagy we topragyň iň ýokarky 10 santimetrini ders bilen dökünlemeli. Ekiş geçirilenden soň, limonyň ýokary derejede kök ulgamynyň ösmegi we guramazlygy üçin suw bermeli hem-de onuň topragyny çygly saklamalydyr. Tomus aýlary ony 7-10 günden bir gezek suwarmaly. Limony ýygjam oturtmak maslahat berilmeýär. Munuň sebäbi bolsa, olaryň ýaşaýşynyň bäşinji ýylyndan başlap, ýokary derejede ösen şahalanmasy bilen düşündirilýär. Biri-birine ýakyn ýerleşen şahalar agrotehniki çäreleri geçirmekde birnäçe kynçylyklary döredýär. Limon nahaljyklaryna kadaly ýylylyk (15-20 dereje), çyglylyk we ýagtylyk berlen ýagdaýynda, ol ösüşiniň üçünji ýylyndan başlap, ýuwaşýuwaşdan gülläp, hasyla durýar. Eger-de onuň ösmedik we sary ýapraklary bar bolsa, onda limonyň ýokumly iýmit maddalary bilen doly derejede üpjün edilmeýändigini aňladýar. Limon agaçlaryny ýylda iki gezek — fewral we awgust aýlarynda iýmitlendirmelidir. Nahaljyklara dökün bermezden ozal we ondan soň iýmit maddalarynyň täsir edijilik ukybynyň ýokarlanmagy üçin topragy suwlulandyrmaly. Limon agajynyň ösdürilip ýetişdirilişinde köpleri gyzyklandyrýan çäreleriň biri hem olaryň köpeldiş usullarydyr. Ol tohumyndan we kesilen çybygyndan (wegetatiw ýol bilen) köpeldilýär. Limony çybygyndan köpeltmek üçin ýazyň ahyryndaky we tomsuň başyndaky kesilen çybyklar netijeli bolýar. Miwesiz ýa-da gülsüz, 15 santimetr bolan sagdyn ýaş şaha gytaklaýyn kesilip alynýar. Alnan şahanyň aşaky ýapraklaryny aýryp, onuň aşagyndan 1-1,5 santimetr ýeriniň gabygy arassalanýar we ol kesel döredijilere durnukly bolar ýaly ýörite erginde saklanylýar. Soňra ol köküň sagdyn we tiz çykmagy üçin ýörite ergine 10 günläp batyrylyp goýulýar. Şol 10 günüň içinde ýaş nahallaryň köpeldiljek topragynyň düzümi organiki dökünler bilen baýlaşdyrylýar. 10 günden soň limon çybyklary içi organiki maddalar bilen baýlaşdyrylan — toprakdan doldurylan bir gaba (küýzä) ýerleşdirilip, ýyly hem-de çygly ýerde saklanylýar. Şeýle-de, onuň üsti plastik ýa-da plýonka bilen örtülýär. Ýaş, täze limon nahaljyklaryny ösdürip ýetişdirmegiň ikinji usuly bolsa, olary tohum arkaly köpeltmekdir. Beýleki miweleriň aglabasynda bolşy ýaly, limony tohumyndan köpeltmek işiniň yzygiderliligi gaty ýönekeýdir. Munuň üçin doly derejede bişen limon miweleri alynýar. Soňra onuň ýokarky hem-de aşaky bölekleri aýrylýar we deň iki bölege bölünýär hem-de zeper ýetmedik tohumlar (çigitler) alynýar. Soňra usullyk bilen alnan tohumlaryň daşky gabygy aýrylýar. Arassalanan tohumlar kagyz süpürgijiň arasynda goýulýar we gowy çyglandyrylýar. Şonda kagyz süpürgiji aşa çyglandyrmaly däl. Sebäbi tohumlara gereginden artyk çyg berlen ýagdaýynda olaryň heňlemegi mümkin. Şeýle ýagdaýda taýýarlanylan tohumlary şineletmek üçin, bu işleriň geçirilen senesi ýazylan polietilen gaba salynýar we ol garaňky hemde ýyly ýerde saklanylýar. Yzygiderli ýagdaýda alnyp barlan işlerden 10 gün geçenden soň tohumlar şineläp başlaýar. Tohumlar şineländen soň olar ýörite niýetlenen gaplara (küýzelere) ýerleşdirilýär. Şonda tohumlar organiki maddalara baý bolan toprak küýzelere ýerleşdirilýär we tohumlary ekmek üçin toprakda ýüzleý deşikler edilýär. Şol deşiklere şinelän tohumy kökjagazlary aşak bolar ýaly edip ýerleşdirmeli hem-de onuň üstüni toprak bilen doldurmaly hem-de suwarmaly. Ýeterlik mukdarda suw berlenden soň tohum ekilen gaby (küýzäni) ýagty (Gün şöhlesinden goralan) we ýyly ýerde (20-22 gradus ýylylykda) goýmak möhümdir. Tohumlar kada laýyk 3-3,5 aýlap saklanansoň, olardan ýaş limon nahaljyklary emele gelýär. Olar ösüp ýetişenlerinde has berk, daşky şertleriň täsirlerine has-da durnukly bolýar. Ýaş limon nahaljyklary 25-30 santimetr ösüp ýetişende, olary hemişelik hasyl alynjak ýerlerine göçürmeli. Olar göçürilenden 2-3 ýyl geçenden soň hasyl berip başlaýar.
Bekgylyç AGAÝEW,
uniwersitetiň mugallymy.


dowamy

Üzümi ýyladyşhanada ekmek

Ýyladyşhanada ýetişdirilýän üzümiň ösüş döwürlerine, hasylynyň mukdaryna we hiline täsir edýän daşky gurşawyň iň esasy şertlerine ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk, kömürturşy gazy, howanyň kislorody, topragyň mineral we organiki maddalary degişlidir. Gyş möwsüminde ýyladyşhanalarda üzüm ösdürilip ýetişdirilende, gijeki ýylylyk +16 gradusdan aşak düşmeli däldir. Temperatura +40 gradusa ýetende, üzümiň boý alşy örän haýallaýar. Miweleriň emele gelmegine ýagtylyk örän güýçli täsir edýär. Şahalar Gün şöhlesi oňat düşen mahalynda pyntyklardaky gül çogdamynyň ösüşi örän işjeň ýagdaýda geçýär. Ýyladyşhanada üzümler tohumlary hemde çybyklary arkaly wegatatiw usulda köpeldilýär. Üzümi tohumlary arkaly köpeltmek önümçilikde seýrek duşýar we diňe täze sortlary ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylýar. Tohumlar arkaly köpeldilende, sortuň özboluşly alamatlary boýunça ene üzümden düýpgöter tapawutlanýan dürli nusgalar ýüze çykýar. Tohum bilen köpeldilende, sortuň hemişelik alamatlary saklanmaýar. Üzüm tohumy gaty haýal gögerýär hem-de gyradeň gögermeýär. Tohumyň ösüşini çaltlandyrmak hem-de gyradeň gögerşini üpjün etmek üçin tohumy ekişe taýýarlamalydyr. Tohum arkaly köpeldilende, işler aşakdaky yzygiderlilikde alnyp barylýar: 1. Ekilmezden 4 – 6 gün öň ýörite gaba suw guýup, içine-de tohum atylýar hem-de 14 – 16 gradus derejede goýulýar. Suwuň ýokarsyna çykan tohumy ekmäge ulanyp bolmaýar. Suwly gabyň aşagynda galan tohum ekmek üçin amatly hasaplanýar. Tohuma howa ýeter ýaly suwy her gün çalşyryp durmak zerurdyr. 2. Tohumy gum bilen garyp goýmak. Tohum ekilmezden bir aý öň, çäge bilen garylyp (bir bölegi tohum, iki bölegi deňziň çägesi bolmaly) goýulýar. Soňra ol ýörite ýasalan gaplara guýulýar. Gabyň çuňlugy 5 – 7 santimetr bolmaly. Olary ýyly, garaňky ýerde goýmaly, her gün gowy suwarmaly. 20 – 25 gün geçenden soň, tohumyň çüňki ýarylyp, köküň ujy görnüp başlaýar. Şondan soň ýörite ýasalan küýzejiklere geçirilýär, 3 – 5 ýaprak emele gelenden soň ekilýär. Üzümi çybyklar arkaly köpeltmek birýyllyk çybyklaryň kök emele getirmek ukybyna esaslanýar. Gök çybyklar çalt kök çykarýar, emma olaryň daşky gurşawyň ýaramsyz şertlerine durnuklylygy pes bolýar. Şoňa görä-de, gök çybyklar arkaly köpeltmek ulanylmaýar diýen ýalydyr. Oturtmak üçin tohum sortdan kemala gelen çybyklar sagdyn bolmaly, iýmit maddalarynyň ýeterlik ätiýaçlygyny saklamaly, talabalaýyk gelýän ölçegde bolup, şikes ýeten ýeri bolmaly däldir. Köplenç üzüm baglarynyň garjaşyk sortlardan ybaratdygyny nazara alyp, esasy düýpleri seçip almak her bir düýp üzümi gözden geçirmek we oňa baha bermek ýoly bilen kesgitlenýär. Seçilip alnan düýplere degişli ýazgysy bolan kagyz (etiketka) dakylýar. Her bir sort üçin şekili we belgisi boýunça dürli kagyzlar taýýarlanylýar. Gyş döwründe çybyklar temperaturasy +6 gradusdan ýokary bolmadyk ýörite ýerzeminlerde saklanýar. Çybyklar 40 – 80 santimetre çenli dürli uzynlykda bolup, olar nähili çuňlukda oturdylýandygyna hem-de nahalyň ösdürilip yetişdiriliş usulyna baglydyr. Çybyklar aşak tarapyndan edil bognuň düýbünden kesilýär. Çybygyň ýokary böleginde 2 – 3 sany pyntyk galdyrylýar, aşakdaky pyntyklaryň kesilip aýrylmagy kesilen ýerinden kökleriň gowy çykmagyny üpjün edýär. Çybygyň ýokarky ujuna pyntygyň 2 – 3 santimetr ýokarsyndan gyýak kesilýär. Ýaz aýlary çybyklar oturdylmazyndan öň, olar çyglandyrmak üçin bir gije-gündizläp akar suwda saklanylýar. Üzüm nahalhanasynyň meýdanynyň tekiz, topragynyň ýumşak, mes we suwarmak üçin amatly ýerde bolmagy möhümdir. Nahalhana üçin bellenen meýdanyň güýz aýlarynda işlenip, bejerilmegi gerek. Suwarylandan soňra, güýz sürüminden öňürti meýdanyň her gektaryna 25 – 30 tonna ders we 350 – 400 kilogram superfosfat dökülmeli. Meýdany 40 – 45 santimetr çuňlukda ýörite plantaž plugy bilen sürmeli. Plantaž plugy bolmadyk mahalynda, 28 – 30 santimetrden ýüzleý bolmazlyk şerti bilen, topragy ýumşatmaly. Çybyklary nahalhanada oturtmagyň gowy möhletleri mart aýynyň ortalary hasaplanylýar. Biziň uniwersitetimizde ýyladyşhana şertlerinde üzümiň ösdürilip ýetişdirilişi boýunça ylmy işler alnyp barylýar.
Allamyrat NURGELDIÝEW,
uniwersitetiň mugallymy.


dowamy

Sport ýaryşlary uly ruhubelentliklere beslenýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşler, beýik özgertmeler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” parasatly, öňden görüjilikli ýörelgesi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejeleri has-da ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň sport älemindäki gazanylýan ösüşleri göreniňde hem has-da göwnüň galkynýar. Türkmen türgenlerimiz halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, öňdäki baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle hem häzirki wagtda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň welotrek sport toplumynda şu ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda geçirmek meýilleşdirilýän Welotrek boýunça dünýä çempionatyna hem taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu sport ýaryşy Diýarymyzyň kuwwatly sport döwletine öwrülýändigini aýtmak bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany diýlip, yglan edilen ýylymyzda biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem talyp ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlary gyzgalaňly, çekeleşikli hem-de uly ruhubelentlikde geçirildi. Uniwersitetimizde geçirilýän şeýle sport ýaryşlary talyplary berk bedenli, geljege ynamly, ata Watanymyza wepaly, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende galdyryjy ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýeti bardyr. Ýokary guramaçylyk geçirilýän sport ýaryşlary aýratyn hem talyplaryň ukyp başarnyklarynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Küşt oýnamak bolsa talyplaryň pikirleniş ukyplarynyň has-da ösmegine, olaryň ugurtapyjylygynyň kämilleşmegine itergi berer. Göreş, boks ýaly sportlar bolsa ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagyna şeýle hem olaryň duýgurlygynyň ösmegine getirýär. Uniwersitetimizde ýygy-ýygydan geçirilýän sport bäsleşikleriniň biri hem stoluň üstünde oýnalýan tenisdir. Bu geçirilýän bäsleşigiň hem jemgyýetçilik ähmiýeti has-da uludyr. Häzirki wagtda ýaşlarymyz kompýuter tehnologiýalaryndan, ösen internet ulgamyndan ýokary derejede, işjeň peýdalanýarlar. Sportuň stoluň üstünde oýnalýan görnüşi bolsa gözleriň kadaly dynç almagynda uly ämiýeti bardyr. Sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde şu ýylyň fewral aýynyň 22-den mart aýynyň 19-y aralygynda talyplaryň arasynda gecirilen sport bäsleşikleri hem uly ruhubelentlige beslendi. Bäsleşikde talyp ýaşlar örän ussatlyk bilen, ýokary derejede çykyş etdiler. Onuň netijesinde oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça açyk sport toplumynda geçirilen sport bäsleşiginde Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplary I orna, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň talyplary II orna, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary III baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem ýaglyga towusmak boýunça geçirilen bäsleşikde Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyby I orna, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby II orna we Agronomçylyk fakultetiniň talyby III orna mynasyp boldular. Uly ruhubelentlikde geçirilen sport bäsleşiklerinde talyplar ýokary derejede çykyş edip, oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda sportuň ýeňil atletika (estafeta) boýunça görnüşi hem çekeleşikli ýagdaýda geçirildi. Onuň netijesinde oglan talyplaryň arasynda geçirilen bu sport bäsleşiginde Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary I orna, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplary II orna we Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyplary III orna mynasyp boldular. Sportuň bu görnüşi boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen sport bäsleşigi hem çekeleşikli ýagdaýda alnyp baryldy. Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyp gyzlaryndan düzülen topar I orna, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň talyp gyzlaryndan düzülen topar II orna hem-de Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyp gyzlaryndan düzülen topar III baýrakly orunlara mynasyp boldular. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça talyp gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem çekeleşikli ýagdaýda alnyp baryldy. Onuň netijesinde Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyplar topary I orna, Agroekologiýa fakultetiniň talyplary II orna, Aşgabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplar topary III orna mynasyp boldular. Küşt boýunça oglan talyplaryň arasynda geçirilen sport bäsleşiginde Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň talyplary I orny, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplary II orny we Aşgabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary III orny eýelediler. Sportuň bu görnüşi boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde I orna Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyplary, II orna Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplary, III orna Aşgabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary eýe boldular. Şeýle hem düzzüm boýunça oglanlaryň arasynda geçirilen sport bäsleşiginde I orna Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyplary, II orna Aşgabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, III orna Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary mynasyp boldular. Munuň bilen birlikde düzzüm boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Aşgabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary I orna, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplary II orna we Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň talyplary III orna eýe boldular. Şu ýylyň mart aýynyň 09-19-y aralygynda geçirilen futbol boýunça geçirilen sport bäsleşiginde I orna Gidromeliorasiýa fakultetiniň talyplary, II orna Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplary hem-de Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplary III orna mynasyp boldular Halkymyzyň sagdyn hem-de bagtyýar ýaşamagy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän hem-de bu ugurda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň, Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, umumadamzat bähbitli başlangyçlary uly ruhubelentliklere beslensin!
Goýunçyýew Begenç
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň mugallymy


dowamy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gazak-Nemes uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda 2021-nji ýylyň 30-31-nji martynda sanly ulgam arkaly online görnüşinde talyplaryň halkara bäsleşigi geçirildi

Zehinli talyplarymyzyň halkara derejesindäki geçirilýän olimpiadalarda gazanýan ajaýyp ýeňişleri milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň şaýatnamasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri-täze garaýyşly alymlaryň neslini taýýarlamak şol özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alymlaryň täze nesline innowasiýalar we ösüşler eýýamynda türkmen halkynyň öňünde durýan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek garaşýar. Bu ugurda maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy netijesinde, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, umumy kabul edilen ölçeglere kybap getirilýär. Bu bolsa ýaş nesillere ýokary hilli köptaraply bilim almaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda sebitde esasy meseleler hasaplanylýan “Suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak”, “Tebigatyň üýtgemegi we arassa energiýa” hem-de “Indusrilizasiýa, innowasiýa we infragurluş” ugurlary boýunça bellenen tertipde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 30-31-nji martynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gazak-Nemes uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Durnukly ösüşiň maksatlary” atly sanly ulgam arkaly online görnüşinde talyplaryň bäsleşiginiň ýurdumyz boýunça döwlet tapgyry geçirildi. Geçirilen bäsleşiginiň netijesinde, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojlayk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary tapawutlanyp öz başarnyklaryny görkezdiler we baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de bäsleşigiň Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde ýerleşýän Gazak-Nemes uniwersitetinde halkara derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Atanur Klyşow
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy


dowamy

Magtymguly haçan doglupdyr?

Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda Magtymgulynyň durmuş we döredijilik ýoluny ylmy esasda öwrenmekde ep-esli işler edildi.Muňa seretmezden , taryhy çeşmeleriň gytlygy zerarly entek doly aýdyňlaşdyrylmadyk meseleler hem ýüze çykýar. Olaryň biride, şahyryň doglan we dünýäden öten wagtyny anyklamak meselesidir. Okuw kitaplarynda şonuň ýaly hem ylmy işlerde şahyryň doglan we aradan çykan ýyllary dürli-dürli berilse-de ,esasan,1733-1783-nji ýyllar getirilýär.Şol seneler wenger alymy A.Wamberiniň “Orta Aziýa syýahat” atly kitabynyň esasynda şahyryň terjimehaly bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, magtymgulyşynaslaryň birnäçesi bu senelere ikirjeňlenip başlaýarlar. Sebäbi, şahyryň şygyrlary bilen içgin tanşan mahalynda, şahyr baradaky halk arasyndan toplanan maglumatlary özleşdiren pursadyňda, Magtymguly 1733-nji ýyldan irräk doglup, 1783-nji ýyldan gijräk dünýäden öten bolaýmasyn diýen çaklama döreýär. Magtymgulynyň doglan hem aradan çykan ýyllary barada gelnen netijelere ikirjiňlenme bildirlenleriň biri hem akademik B.A.Garryýewdir. “Magtymgulynyň terjimehaly hakynda” atly makalasynda ol şeýle ýazýar: “Magtymgulynyň açyk haýsy ýyl eneden bolup, haýsy ýyl hem aradan çykanlygy mälim däl, sebäbi bu meselä degişli taryhy resminama galmandyr”. Belli alym R.Rejebow hem şahyryň durmuşy bilen bagly senelere ikirjiňlenip “Magtymguylynyň doglan ýylyny anyklamak ugrunda” diýen at bilen ýörite makala ýazypdyr. Şahyr bilen baglanyşykly berilýän 1733-1783-nji ýyllary professor Mäti Kösäýew hem “Edebiýat barada söhbet” atly kitabynda şübhe astyna aldy. Professor G.Geldiýew bolsa “Magtymgulynyň ýaşy barada” atly uly göwrimli makalasynda şahyryň ýaşy bilen baglanyşykly öň aýdylan pikirleri ylym eleginde eläp: “Magtymguly 1783-nji ýylda aradan çykypdyr” diýlip ýazylyp gelinýär. Emma munuň yrgadygyny ýokardaky subutnamalar görkezýär” diýen netijä gelýär. Şu setirleriň ýazary hem özüniň “Magtymgulynyň golýazmalaryny yzarlap...” atly kitabynda , Magtymguly baradaky ulanylyp gelnen 1733-1783-nji ýyl seneleriniň nädogrudygyny halk maglumatlarynyň , ilkinji nobatda bolsa şahyryň golýazmalarynyň mysalynda inkär etdi. XIX asyryň ortalaryndan başlap, Magtymgulynyň ömri we döredijiligi dogrusynda ýek-ýarym maglumatlar Ýewropa we rus metbugatyna aralaşyp başlaýar. Magtymgulyşynaslyk ylmynda şahyryň terjimehaly bilen baglanyşykly ilkinji iş hökmünde polýak ýazyjysy we alymy A.L. Hodzko-Boreýkonyň (1804-1891) “Populýar pars poeziýasyndan parçalar” ady bilen 1842-nji ýylda çap edilen kitaby mälim. Bu kitapda akademik A.N.Samoýlowiçiň juda jaýdar belleýşi ýaly, Magtymgulynyň hyýaly durmuş hakykaty bilen baglanyşmaýan terjimehaly we 3 sany goşgusy berlipdi. Onda şahyryň doglan we aradan çykan seneleri hakynda hiç hili maglumat berilmeýär. Mundan soňra 1863-nji ýylda wenger alymy A.Wamberi orta Aziýa syýahat edýär. Onuň Magtymgulynyň terjimehaly bilen baglanyşykly beren maglymatyny öňde getirpdik. Patyşa Rusiýasynyň kapitany F.A .Mihaýlow “Туземцы Закаспиской области и их жизнъ” atly kitabynda “Magtymguly liriki şahyr, gerkez tiresinden , mundan 100 ýyl töweregi ozal Etrekde ýaşan” diýip ýazypdyr. Bu hasap boýunça bolsa, şahyryň aradan çykan ýyly 1800-nji ýyllara gabat gelýär. Çünki F.A.Mihaýlowyň kitaby 1900-njy ýylda çapdan çykypdyr. Bu seneden 100 ýyly aýyrsaň bolsa, F.A.Mihaýlowyň Magtymgulynyň aradan çykdy diýen senesi bolýar. Belli alym D.Nuralyýew “Türkmen edebiýatynyň öwreniş taryhyndan” atly kandidatlyk dissertasiýasynda iňlis alymy G.K.Dallingyň “Türkmen diline giriş” atly makalasyndan aşaky salgylanmany getirýär: “...Gökleňler ähli tireler üçin ýeketäk beýik şahyr ,eserleri häzirem meşhur Magtymgulyny (doglan wagty 1735(?), ölen wagty çen bilen (1805) berdiler”. Türkmen edebiýatynyň öwreniliş taryhyny sünneläp öwrenen hormatly alym D.Nuralyýew öz dissertasiýasynda, D.D.Semýonowyň “Туркестанский край” atly kitabyndan Magtymguly bilen baglanyşykly aşaky setirleri getiripdir: “Поются часто песни национального поэта Махвумкули, умершего более 80 лет тому назад”. Bu hasap boýunça, Magtymguly 1805-1806-njy ýyllarda aradan çykan bolýar. Çünki kitabyň çapdan çykan 1887-nji ýylyndan 80 ýyly aýyrsaň, onda şahyryň aradan çykan döwri 1805-1806-njy ýyllara gabat gelýär. Bu bolsa iňlis alymy G.K.Dallingiň görkezen senesi bilen hem utgaşýar. Taryhçylar A.Garryýew bilen A.Roslýakow “Şahyr we onuň döwri” atly makalasynda anyk sene görkezmeselerde, şahyr XIX asyryň başynda aradan çykypdyr diýen netijä gelipdirler. Magtymgulynyň diwanyny 1912-nji ýylda Astrahanda neşir eden türkmen intilegensiýasynyň wekili Abdyrahman Nyýazy bolsa, kitaba sözbaşysynda şeýle diýipdir: “Magtymguly jenaplary türkmen kabylasyndan, gökleň taýpasyndan –gerkez tiresinden zuhur etmiş zamanamyzdan bir asyr (ýüz ýyl) mukaddemde ýetişgen bir şahyrdyr”. Abdyrahman Nyýazynyň aýtmagyna görä Magtymguly 1912-nji ýyldan 100 ýyl ozal ýaşapdyr. Magtymgulynyň ömrini we döredijiligini öwrenmeklige uly goşant goşan professor Mäti Kösäýew 1963-nji ýylda “Edebiýat taryhynyň käbir meseleri” atly kitabyny çap etdirip, onuň tas ýaryny diýen ýaly Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlapdyr. Kitapda Magtymguly bilen baglanyşykly täze maglumatlaryň hem birnäçesi ylmy dolanyşyga girizilipdir. Emma muňa garamazdan şahyryň durmuşy bilen baglanyşykly sowallara anyk jogap berilmeýär. Ol kitabyň başyragynda: “Magtymguly şolaryň (Azadynyň çagalarynyň –A.A.) üçünjisi bolup onuň doglan wagty takmynan 1733-nji ýyl, aradan çykan wagty hem 1790-njy ýyllaryň ahyrydyr” diýip ýazýar. Magtymgulynyň doglan ýylyna ikirjeňlenen alymlaryň biri hem R.Rejebowdyr. Ol Magtymgulynyň doglan güniniň 225 ýyllyk ýubileýi döwlet tarapyndan bellenilýän döwründe “Magtymgulynyň doglan ýylyny anyklamak ugrunda” atly makalsyny çap etdirýär. Makalada şeýle sözleri okaýarys: “Magtymgulynyň döredijilik şöhratynyň depesine çykan ýyllary häzirki owgan döwletiniň esasyny goýan Ahmet şa Dürranynyň patyşalyk eden döwrine gabat gelýär”. Şondan soň alym Ahmet Dürranynyň Nedir şa öldürlenden soň (1747)şalyk ugryndaky hereketlerini, Çowdur hanyň (gökleň hany, Magtymguly bu hanyň ölimine bagyşlap 4 sany elegiýa düzipdir.—A.A) we käbir beýleki türkmen han begleriniň bu hereketdäki goldawyny we niýetlerini yzarlaýar. Magtymgulynyň Ahmet şa bardaky garaýyşlaryny aýdyňlaşdyrýar. Şahyryň şygyrlaryny taryhy deliller bilen degşirip, Magtymguly häzirki kabul edilen seneden birneme öň dünýä inen bolaýmasyn diýen çaklamany sypaýyçylyk bilen öňe sürýär. Elbetde alymyň bu pikiri we getirýän dellileri Magtymguly 1733-nji ýylda irräk doglupdyr diýen pikire uýýan beýleki alymlaryň hem esas tutarygy. R.Rejebowyň “Magtymgulynyň döredijilik şöhratynyň depesine çykan ýyllary häzirki owgan döwletiniň esasyny goýan Ahmet şanyň horasan ugrundaky söweşleriniň ýyllaryna (1752-1755) gabat gelýär” diýmekligi (eger şol döwirdäki resmi 1733-nji senä ynanylsa ,Magtymguly 20 ýaşlarynda bolýar) köp manylydyr. Magtymgulyşynaslaryň şahyryň ýagty jahana gelen senesi barada ikirjeňlenmeginiň ýeterlik sebäbi bar. Näme üçin biz Magtymgulynyň 1733-nji ýylda doglany hakyndaky pikire ynamsyz garaýarys? Onuň birnäçe sebäbi bar. 1-nji sebäp : Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen pikir A.Wamberiniň öňde ýatlanyp geçilen sözleri esaynda peýda bolupdyr.Soňky döwriň barlaglary A.Wamberiniň beren maglumatynyň ynamsyzlygyny , has takygy , Magtymgulynyň 1783-nji ýylda dälde , has gijräk aradan çykanlygyny tassyklaýar. 2-nji sebäp: Magtymgulynyň “Atamyň” goşgusynyň tekstologik derňewi Döwletmämmet Azadynyň 1696-njy ýylda doglup , 1760-njy ýylda , 65 ýaşynda aradan çykanlygyny tassyklaýar. Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen çaklamanyň döremegine Azady 1700-1760-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir diýen nädogry pikir hem belli derejede täsir etdi. 3-nji sebäp: Soňky döwrüň ylmy derňewleri Magtymgulynyň 80 ýaşdan aşyp dünýäden ötendigini ykrar edýär. Eger şeýle bolsa , onda Magtymguly 1733-de doglupdyr diýen pikire gol ýapsaň, ol 1813-nji ýyldan soň dünýäden öten bolmaly. 4-nji sebäp:Magtymgulynyň döwriniň syýasy wakalaryna seslenýän şygyrlary bu senä gabat gelmeýär. Biz nämä esaslanyp şahyryň döwriniň syýasy wakalaryna bagyşlap ýazan goşgulary Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen pikiri tassykalanok diýýäris? Magtymgulynyň Muhammethasan hana (1715-1759ý.fewral) bagyşlap ýazan “Aly siziňdir” atly goşgusy Muhammethasan hany söweşe ruhlandyrmak üçin ýazylypdyr. Ýöne şahyr bu goşguny haýsy döwürräkde ýazdyka? Taryhy çeşmelerden mälim bolşuna görä, Muhammethasan hanyň Nedir şa garşy gozgalaňy 1744-nji ýylda bolupdyr. Ýöne bu gozgalaň şowsuz tamamlanýar. Muhammethasanhan bolsa Balkan tarapa gaçýar. Eger Magtymguly “Aly siziňdir” atly goşgusyny Nedir şa garşy başlanan gozgalaňa bagşlan bolsa Magtymguly hem 1733-nji ýylda doglupdyr diýip hasaplasak onda şahyr bu goşgyny 10 ýaşynda ýazan bolýar emma bu goşgynyň syýasy ruhy göwün göteriji belent joşguny bu pikire esas bermeýär. Şygyr döwrüň syýasy wakalaryndan oňat baş çykarýan şahyr tarapyndan döredilipdir .Döwrüň syýasy wakalaryna düşünmek üçin bolsa iň azyndan 25-30 töweregi ýaşyň bolmaly. Muhammethasan han bilen baglanyşykly wakalary yzarlap, Magtymguly “Aly siziňdir” atly goşgusyny 1756-njy ýylda ýagny, Yspyhanyň basyp almagyna bagyşlap ýazypdyr diýen netijä gelse bolar. Oňa şahyryň: Zil paýy –esbiňiz ykrar, Yspyhan- diýen setiri hem güwa geçýär. Magtymgulynyň doglan wagtyny anyklamaga belli derejede şahyryň Ahmet şa we Çowdur hana bagyşlap ýazan şygry hem maglumat berýär. Bilşimiz ýaly Magtymgulynyň döredijiliginde iki goşguda XVIII asyrda Owgan döwletini esaslandyran Ahmet şanyň ady duşýar. Birinji goşgy çowdur han üçin atly hesret goşgusydyr.Onda şahyr: -Ahmet patyşadan habar almaga , Umyt etdi iller Çowdur han üçin- diýip ,Ahmet şanyň çakylygy boýunça ýa-da ýaşularyň tabşyrygy boýunçamy Ahmet şa bilen duşyşmaga Gökleň hany Çowduryň gidenligi ýatlanylýar. Şahyryň Ahmet şany ýatlan ikinji goşgusy “Arşy aglaýa” bolup, ol Ahmet patyşa bagyşlanan öwgidir. Akademik B.Garryýew “Arşy aglaýa” goşgusynyň döreýşi hakda şeýle ýazýar: “Odany Owganystanda Ahmet Dürranyny görüp ýazan hem bolmagy mümkin. Ondaky öwgi setirleri örän belent ýaňlanýar”. Magtymgulynyň Ahmet şany ýatlaýan “Çowdur han üçin” atly goşgusy Ahmet şanyň Maşada 1769-1770 nji ýyllardaky üçünji ýörişi bilen bagly bolsa gerek. Çowdur han bilen bagalnyşykly anyk maglumatlar bolmasada , onuň halkyň hossarydygy Magtymgulynyň oňa bagyşlap ýazan 4 sany şygrynda anyk gorünýär. Ahmet şanyň türkmen halkyna iberen hatynda mälim bolşy ýaly, ol türkmen hanlary bilen yzygiderli duşyşyklar gurapdyr, olary öz ýanyna çagyrypdyr. Şeýle çakylyklaryň biri esasynda hem Çowdur han Ahmet şanyň ýanyna ugrapdyr. Çünki Magtymguly: -Ahmet patyşadan habar almaga Umyt etdi iller çowdur han üçin- diýip muny takyk mälim edýär. Bize Çowdur han Ahmet şanyň ýanyna 1769-1770-nji ýyllarda gidipdir diýen netijä gelmegimize şahyryň “Çowdur han” atly goşgusyndaky: -Mana saça bilmez çalaryn başym , Büräp aldy ony duman Çowdur han- diýen setirleri esas berýär. Eger “Çowdur han üçin” atly goşgyny şahyr “Başynyň çalaran” wagty döreden bolsa onda bu goşgyny şahyr orta ýaşdan agandan soňra has takygy iň bolmanda 45 ýaşdan geçenden soň döreden bolmaly. Çünki ,,Many saça bilmez çalaryn başym” diýen setir muňa berk tutaryk bolýar. Eger şahyr bu goşgyny 1769-1770-nji ýyllarda döreden bolsa biz hem Magtymguly 1733 –nji ýylda doglupdyr diýen maglumata ynansak onda şahyr ýokarda ýatlanan goşgusyny 36 ýaşynda ýazan bolýar. Bu ýaşdaky adamyň “Many saça bilmez çalaran başym” diýjegine bolsa ynanmak kyn. Ahmet şa Horasana 3-nji ýörişi mahaly hem Maşady gabaýar. Soňra Şahruh Ahmet şa tabyn bolýar, 1770-nji ýylyň 4-nji iýununda Ahmet şa yzyna dolanýar. 1772-nji ýylda bolsa Ahmet Şa aradan çykýar . Megerem Çowdur han Ahmet Şa Maşady 1769-njy ýylda gabaw astyna alan mahaly oňa hemaýat etmek üçin ýola düşen bolsa gerek. Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen pikiriň esassyzdygyny ýene bir tutaryk bilen subut etmek mümkin. Magtymguly bilen baglanyşykly işleriň aglabasynda MGI-däki 842-nji bukjadaky maglumatyň esasynda Azadynyň kakasy Magtymguly Ýonaçynyň 40 ýaşda öýlenip 46 ýaşda hem bir ogla –Azada ýüzi düşenligi nygtalýar. Magtymgulynyň “Atamyň” atly goşgusynyň neşir nusgasynyň we 842-nji nusgadaky maglumatyň esasynda hem Magtymguly Ýonaçybyň ömri 1654-1720 –nji ýyllar aralygynda kesgitlenýär. Bu hakda M.Kösäýew şeýle ýazýar: “Magtymguly Ýonaçy bir müň alty ýüz elli dördinji ýylda doglup ,bir müň ýediýüz ýigriminji ýylda hem aradan çykypdyr”. Mälim bolşy ýaly Magtymguly Azadynyň kakasynyň ady dakylan , türkmençilikde adyň ýerde uzak wagtlap ýatsa oňlanmaýar we merhumyň aradan çykandan soň dünýä inen ilkinji çagalaryň birine onuň ady dakylýar. Şundan ugur alynsa, Azady kakasy ýogalansoň ilkinji ýüzi düşen ogluna kakasynyň adyny dakmaly. Halk rowaýatlarynyň käbiri Magtymgulyny Azadynyň iň uly ogly hasaplasa , käbirinde Magtymguly Azadynyň ýüzi düşen 3-nji perzendi diýilýär. Haýsy bolandada ol, 1733-nji ýylda dälde , ondan iň bolmanda 8-9 ýyl ir doglan bolmaly. Ýokardaky delillere esaslanyp , Magtymguly takmynan, 1724-1807-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir diýilse , megerem hakykata has golaý bolsa gerek.
Annagurban Aşyrow,
Dünýä edebiýaty žurnaly.


dowamy

«BAGTYŇ BAKY MEKANYDYR WATANYM!»

2019-njy ýylyň 9-njy ýanwary şu günki gün ýaly ýadymda. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri! Naşyja taýçanak dünýä indi. Hormatly Prezidentimiz bu enaýy taýa «Rowaç» diýip at goýdy. Bu behişdi gymmatlygyň şanyna hem kalbyňy heýjana salýan şu setirler döredi:
«Rowaçlygy buşlap gelen
Ýyllaryň salamy Rowaç!
Göwünleri hoşlap gelen
Ýollaryň kemaly Rowaç!»
Gahryman Arkadagymyzyň şeýle dürdänelerinden görnüşi ýaly hem täze dünýä inen taý rowaçlygy buşlap geldi. «Rowaç» atly taýyň bady ýurdumyzyň ösüşine bat goşdy. Şol ýyl Türkmenistan döwletimiz ençeme uly ösüşleri başdan geçirdi. Ine, indi bolsa 2021-nji ýyl! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly! Täze ýylyň — Milli bahar baýramynyň buşlukçysy bolup dünýä inen gudratyň — täze taýçanagyň toýlarymyzyň bezegine öwrülmegi nobatdaky ösüşlerimiziň badalgasyny aýan etdi. Çarpaýa galyp, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyran Akhanyň nesli bolan taýa hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz bilen adybir at goýdy. Aşgabat! Gör, nähili ajaýyp! «At — myrat!» diýipdirler. Aşgabat atly bu taýçanak üstümizdäki ýylda maksatlarymyzyň myradyna ýetmegine, öňegidişliklerimize bedew badyny goşar. Syrdaş Akhan taryhy rekordyndan başga-da, ençeme baýraklaryň eýesidir. Ýaryşlaryň ýeňijisidir. Türkmeniň at-abraýydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän ak atydyr. Onuň ýeňişlerini biz köp gezek gutlapdyk. «Höwri köp bolsun!» diýipdik. Akhanyň nesil dowamaty bolan Aşgabadyň hem halkara ýaryşlarynda ilkinjiligi eýelejekdigine birjik-de şübhelenemizok. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň saýasynda bedew atlaryň sarpasy iňňän uludyr. Nesip bolsa, öňümizde-de uly toý, goşa baýram, goşa toýa öwrüljek, ilkinji gezek belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramydyr.

Üstünliklerimiziň buşlukçysy

Hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasy bilen şygryýet älemine altyn harplar bilen sünnälenen bu setirleriň many-mazmunynda jemlenen jümleleri durmuş hakykatynda ebedileşdirdi. Sözbaşydan hem görnüşi ýaly, bu günki gün bagt gämisinde erkana, parahat, asuda ýüzýän mähriban halkymyzyň milli Liderimiziň adyna aýdýan alkyşly sözleri bimöçberdir. Şeýle buýsançnamalary biz geçen hepdäniň içinde hem birnäçe gezek eşitdik. Asman atlaryna deňelýän arassa ganly ahalteke bedewleriniň dowamata dowam bolmagy, «ak altynyň» bol hasylynyň düýbüniň tutulmagy, bereket çeşmesiniň ýene-de täze gözbaşynyň döredilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şöhratly sahypalaryna täze öwüşgin, nur çaýdy. Muňa şular subutnama!

AK PAGTAM – AK BAGTYM !


24-nji martda hormatly Prezidentimiziň ak patabermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi
Her pendi, öwüdi ýaşlara çelgi hasaplanýan eli gowaça çigit okaraly il sylagly ýaşulularymyz, keşleriň başynda hä diýmän, ýola düşjek bolup seteran duran «John Deere», «Claas» tehnikalar, deňesinde türkmeniň ýakyn goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýada salýan bir-birine ýanaşyk gurlan ak öýler, ak telpekli, ezýakaly ýigitlerimiziň, kümüş gupbaly, dört örüm çekelikli, gyrmyzy ketenili gyzlarymyzyň sungaty tüýs ýazyň ýaraşygy-da! Fotosuratçylar bu görnüşleri ýetişibildiginden surata düşürýär. Hakykatdan hem, täsin pursatlar islendik ynsanyň göwün-guşuny al-asmanda pelpelledýär. Şeýle dabaralaryň jümmüşinde bolmak bagty bize hem miýesser etdi. Gürrüňimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň dabarasyndan... Hormatly Prezidentimiziň ak patabermegi bilen badalga alan gowaça ekişi dabara gatnaşyjylar tarapyndan «Tohumyňyz müň bolsun, edermen pagtaçylar!» diýlip, mübäreklendi. Indi daýhanlaryň öňünde möhüm möwsüm başlandy. Geljekki hasylyň düýbi tutuldy. Gyzgalaňly işler bilen ak bagta sary ýol salyndy. Şol ýolda-da bökdençlikleri aradan aýyrýan, wagty tygşytlaýan, önümliligi artdyrýan, hili ýokarlandyrýan döwrebap tehnikalar pagtaçylaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrülýär. Oba hojalygynyň bu ugruna utgaşykly maldarlaryň owlak-guzy almak, pileçilerimiziň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi-de goşulýar. «Ýeriň berekedi egsilmez!» diýilýär. Bu hakykat bilen ylalaşmajak ynsan ýokdur. Ynsanyň «ýere bagrynyň badaşmagam», megerem, şundan gelip çykandyr. Hawa, toprakda ak bagtyny görýän türkmen bu gün topraga tagzym edýär, ony gözüniň göreji deý eý görýär. Alyn derini siňdirip, uly baýlygyň — «ak altynyň» eýesi bolýar.

Taryhy çözgütler


Açyk asmanyň astynda gök önümleri, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek bilen, diňe möwsüme görä, ilaty azyk önümleri bilen üpjün edip bolar. Emma milli Liderimiziň baş maksady islendik raýatyň islendik wagt islendik önüme bolan islegini kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň çäklerinde hem halkymyzyň bähbidine gönükdirilen birnäçe ädimleri bellemek bolar. Ilkinji nobatda, öndürilýän önümiň ekologiýa taýdan arassalygyny gazanmak, ýokary hilli önüm öndürmek, ondan soňra bolelinligi döretmek — önümiň möçberini artdyrmak, üçünjiden, önümiň köpdürlüligini köpeltmek daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak, artanyny eksport etmek ýaly wezipeler bar. Ynha, ýüregiňde päk maksat tutup, hususyýetçi bolmak islediň. Söwda-satyk bilen meşgul bolaýyn diýdiň. Esasy maksadyň — önüm öndürmek. Munuň üçin kiçi we orta telekeçilige berilýän goldaw-hemaýatlaryň näderejede ýokarydygyndan hemmämiz habarly. Ilkinji nobatda, önümçilik üçin ýer gerek. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde oba hojalygy bilen bagly gol çeken taryhy Kararlaryny ýatlalyň! Şolaryň biri ýer gaznalaryny döretmek we bir ömre barabar bolan 99 ýyllyk ýer bölekleriniň paýlanylyp berilmegidir. Ýerleriň hakyky eýelerini tapmagydyr. Ilki bilen, 99 ýyllyk ýer barada Döwletnamany aldyňmy, soňra önümçiligi guramak üçin serişde, has takygy, enjam, tehnika gerek. Bu babatda seni goldaýan ýene bir Karar — döwrebap tehnikalary satyn almak üçin banklarda ýeňillikli pul karz serişdeleriniň berilmegidir. Ine, şeýle ýardamlar saňa ummasyz mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Netijede, hem-ä döwlet baýaýar, hem-de halal zähmetiň bilen saňa halal baýamaga giň ýol açylýar. Her bir hususyýetçiniň döwletiň ösüşine goşandy ýurtda bolelinligiň berk sütünini döredýär. Şeýle telekeçilerimiziň birnäçesi geçen hepdäniň içinde Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, önümçilik desgalaryny — kämil ýyladyşhanalar toplumyny açdylar. Bu milli Liderimiziň Kararlarynyň esasynda durmuşa geçirilen döwrebaplyklardyr.

37750 tonna pomidor eksport edildi


«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň üstünligi ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, eksport möçberi 70 göterim artypdyr. Şu ýylyň geçen iki aýynyň içinde bolsa, 16 müň tonna ter pomidor beýleki döwletlere iberildi. Gök önümleri ösdürip ýetişdirmekde deňi-taýy bolmadyk ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň aýdan bu sözleri her birimiziň ýüregimize jüňk boldy. Şeýle sepgit döwletiň ykdysadyýetinde taryhy ösüş dälmi, eýsem?! Biz muny ozaldan bäri bereket eçilýän ýyladyşhanalaryň mysalynda aýdýarys. Üstümizdäki ýylyň 25-nji martynda ýurdumyzyň ähli welaýatynda açylyp, ulanylmaga berlen ýyladyşhanalaryň geljekde nähili ösüş getirjekdigi hakynda oýlananyňda bolsa, öňümizde belentden belent basgançaklaryň garaşýandygy kalbyňy biygtyýar buýsanç duýgularyna besleýär. Täze açylan Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyladyşhananyň 2000 tonna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýyladyşhananyň 875 tonna, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ýyladyşhananyň 500 tonna, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky ýyladyşhananyň 1250 tonna, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky ýyladyşhananyň 2125 tonna, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky ýyladyşhananyň 2000 tonna ýyl boýunça önümlilik kuwwatlyklary bar. Jemi alanyňda, bir ýylda 8750 tonna pomidor öndüriler! Bu taryhy ösüş ahyry! Sözbaşyda görkezilen görkezijiniň artmagynda bu ýyladyşhanalaryň ähmiýetiniň örän uludygyny, ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini näçe beýan etseňem bärden gaýdýar. Şol gün hormatly Prezidentimiziň sowgat bermeginde ýyladyşhana hojalyklarynyň her biri täze «John Deere» tehnikalary bilen hem üpjün edildi.

Ilik-düwme sanlylaşdyrylan toplum


Ömür dowamlylygynda her bir ynsanyň ýüreginde müdimi möhürlenen belli bir günler, aýlar, ýyllar bolýar. Şol senelere aýratyn garaýyş bilen uly many berilýär. Bu ýaşaýşa bolan höwesi artdyryp, durmuşa aýratyn bir röwüş çaýýar. Ine, şeýle seneleri, ýatdan çykmajak günleri hormatly Prezidentimiz bize ýene bagyş etdi. Biziň durmuşymyzyň täsirliligini artdyrdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýan şu pursatlarynda, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barylýan günlerde ýurdumyzyň ümzügi diňe öňe bolup, ösüşlerden ösüşlere barýar. Käbir döwürler bolýar, bir taslamany durmuşa geçirmek üçin 10-12 ýyl gerek bolýar. Şeýle bir döwürler bolýar, 10-12 taslamany bir ýylda durmuşa geçirip bolýar. Biz nähili bagtly raýatlar! Biz taryhyň iň bagtly döwürleriniň birinde ýaşaýarys. Amala aşyrylýan iri taslamalar, açylyp, ulanylmaga berilýän döwrebap ýyladyşhanalar, çynlakaý oturyp pikirlenäýmeseň, barmak büküp sanardan çensiz kän. Çünki bu döwrüň öňbaşçysynyň — milli Liderimiziň bagt atly altyn açary bar. Bu açaryň halkymyzy bagta atarmakda açmaýan gapysy ýok.. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki ýyladyşhananyň açylyş dabarasy. Ýyladyşhana barylýan ýoluň ugrunda ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän dürli önümleri sergilendirilipdir. Her biri ünsüňi özünde egleýän bol bereketleri synlap barşymyza «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň guran 8 gektardan ybarat bolan ýyladyşhanasynyň girelgesine bardyk. Gapylar awtomatik usulda açyldy. Içi ses-üýnsüz ýyladyşhananyň bosagasyndan ýaňy bir ätledik welin, ol göýä bizi garşylaýan ýaly batly güwwüldäp başlady. Onýança-da, hatar-hatar uzap gidýän pomidor şitilleriniň arasyndan çykan ýaş ýigit bize tarap ýöneldi. Ýanymyza gelip, «Hoş geldiňiz!» diýip, bizi mähirli garşylady we ol: — Bu sese aýyplaşmaweriň, ýyladyşhananyň ähli ýerinde duýujy datçikler oturdyldy. Önümçilik desgasynyň gapylary açylsa, goşmaça enjamlar işläp başlaýar. Ýyladyşhananyň içindäki durnukly ýylylygy, belli bir çyglylygy saklamak «onuň borjy» — diýip, bizi ýene-de birnäçe aýratynlyklar bilen tanyşdyrmaga durdy... Ýaş ýigit mamla! Hakykatdan hem, ýyladyşhananyň niresine seretseň, döwrebaplyklar mese-mälim gözüňe ilip dur. Awtomatik usulda dökün bilen suwy bir wagtda, kadaly berýän turbajyklar şitil düýplerine sünjülipdir. Haýsy ösümlik setirinde yzgaryň az ýa köplügi, haýsy pomidor şitiliniň ösüşi kadaly ýa-da pes — muny göni kompýuteriň monitory saňa aýan edip dur. Üçegi ynsan eli degmesiz ýyladyşhananyň içiniň we daşarynyň howasyna görä, özi açylyp-ýapylýar. Hasyly ýere düşürmezden, el güýji ulanmazdan, ýyladyşhananyň içinden çykarmak mümkinçiligi-de gurnalypdyr. Şeýlelikde, ýyladyşhananyň ýagdaýyna hünärmenler sanly kompýuteriň üsti bilen ähli gözegçiligi alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen beýleki welaýatlarymyzda hem ulanyşa berlen ýyladyşhanalarda agzalan mümkinçilikleriň hemmesi bar. Bu döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam babatdaky başlangyjynyň şu günki şöhlelenmesidir.
Azat JEPBAROW,
BEREKETLI TOPRAK


dowamy

AJAÝYP ESERIŇ DIL BAÝLYGY

Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlary barada gymmatly maglumatlar berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby türkmen diliniň gadymy sözleriniň işjeň ulanylandygy bilen tapawutlanýar. Eserdäki getirilýän maglumatlar özüniň akgynlylygy, sadadan çuň beýan edilmegi bilen kitabyň täsirini has-da artdyrýar. Şeýle-de, ajaýyp eser ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüji, zähmetsöýer ruhda terbiýelemekde we milli gymmatlyklarymyzy hem-de ene dilimiziň gadymylygyny içgin öwretmekde wajyp ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Türkmen alabaýy» atly kitaby ýokary çeper mazmuny we gadymy türkmen sözlerine baýlygy bilen tapawutlanýan gymmatlykdyr. «Türkmen alabaýy» atly kitabyň «Dünýä abadanlyk nuruny saçsyn!» diýen bölüminde şeýle mysallar getirilýär: «...Ata-babalarymyz «wepalylyk», «batyrlyk», «merdanalyk», «edermenlik» manysyndaky ýüzlerçe jümläni aýdanlarynda hem bu sözlere aýratyn labyz, äheň, özboluşly söýgi beripdirler». Labyz — ýakymly, mylaýym äheňde çykýan ses, owaz. Äheň — 1.Heň, labyz; 2.Sazlaşma, owaz sazlaşygy, mylaýym; 3.Gepleýiş öwüşgini, mazmuny. Kitabyň «Ilkinji hem ynamdar syrdaş» bölüminde aşakdaky birnäçe mysallary görkezmek bolar: «Tebigata aňly-düşünjeli gatnaşygyň adamlara nähili uly öňegidişlikli gurbat berendigi mälim». Gurbat — adamyň güýç-kuwwaty, ragbaty, ysgyn-deramaty. Bölümiň 39-njy sahypasynda: «Yşk derdinden ýaňa halys egbarlan ýigit aşyk gyzynyň iň bolmanda jemalyny görmek umydy bilen öz ýetişdiren Akguş atly alabaýyny şol obanyň adamlaryna sowgat bermek kararyna gelýär». Egbarlamak — ebgarlamak — horlanmak, tapdan düşmek, haly gaçmak. Ýene şol sahypada: «Gökdäki dilegi ýerde gowşan ýigit wagtal-wagtal öz ýetişdiren alabaýynyň halyndan habar almaga baryp, magşugyny görmegiň hem ebeteýini tapypdyr». Ebeteý — bir hereketi, işi we ş.m. ýerine ýetirmek üçin başarnyk, usullylyk, ugur-ýoluny, tärini bilmek. Bölümiň 46-njy sahypasynda: «Eziz il-halkym! Siziň her biriňiziň edil haýsydyr bir sowalyň jogabyny tapmaga mübtela danyşment kişi ýaly bolup, irginsiz gözlegde bolmagyňyzyň adamzadyň rahat geljegi üçin möhümdigine pugta ynanýaryn». Mübtela — derdeser, başagaý, bagly, gümra. Danyşment — ylymly, bilimli, bilimdar, dilewar. Kişi — adam, ynsan. Bölümiň 47-nji sahypasynda: «Ir döwürler garry öýümiziň töwereginde ýaşaýan tapbiler gojalaryň biri alabaý itimiz hakynda: «Alabaýyň zandynda bar. Onuň özi bilýär näme etmelidigini» diýip aýdypdy». Tap — ýagdaý, hal, saglyk derejesi. Eseriň 89-njy sahypasynda: «Ýöne her bir taglymata özüň bolup, aňyňda saldarlap, pähimli çemeleşmegi başarmagyň lazymdyr». Lazym — derkar, zerur, gerek. Kitabyň 99-njy sahypasynda: «...Ýene-de şu pikiri aýtmak wajypdyr: taryhda halklaryň nirede we haýsy sebitlerde kemala gelendigini anyk kesgitlemek örän müşgil işdir». Müşgillik — müşgil ýagdaý, agyr ýagdaý, kynlyk, kynçylyk, müşgilçilik. 104-nji sahypada: «...Howp abanan wagtynda olaryň biri süriniň duşmanyny gaýtarýar, beýleki biri süriniň tazygmagyna ýol bermeýär, üçünji biri beýlekilere näme kömek etmeli bolsa, gaýym durýar». Tazykmak — ürküp gaçmak, ürküp baş bermän gitmek, ürküp, gaçyp gitmek. 106-njy sahypada: «...Gumuň içinde, çola bir öýe baran myhman, çala ardynjyraýar-da, öýüň serpigini galdyrýar». Serpik — gara öýüň tüýnüginiň üstüne ýapylýan keçe, serpme. 108-nji sahypada: «...Alabaýyň destgir, ýagny elden tutan, kömekçi, ýardam beriji hökmündäki başarnygy ýurdumyzyň bilim hem-de saglygy goraýyş edaralarynda göz öňünde tutulsa, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin». Dest — el, gol. Ýene şol sahypada: «Alabaý itleriniň batyllara ýolgörkeziji bolup bilýändigi hakynda hem aýdylýar». Batyl — görmekden mahrum, kör. 132-nji sahypada: «...Alabaýyň mähnet uly kellesi, öküziňki ýaly aýaklary, dolmuş göwresi hakynda ýazyjylar ýazýarlar». Mähnet — örän ullakan, gabarasy uly, ägirt uly, äpet. 144-nji sahypada: «...Ine, şu gürrüňleriň magadyna ýetmek üçin, alabaýy janly muzeýdäki ýolbarsyň ýanyna eltipdirler diýip eşidipdim». Magat — anyk, açyk, äşgär. 149-njy sahypada: «Iti gylyksyz, ili biliksiz» diýen nakyl alabaýyň häsiýetiniň adamkärçiligiň çelgisine laýyk gelýändigini kemsiz aýan edýär». Çelgi — ýolsuz ýerlerde azaşmazlyk üçin goýulýan ýol görkeziji bellikler. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eseri ýaş nesillere diňe bir alabaý itleriniň we olaryň umumy gurluş aýratynlyklarynyň manysyny öwrenmek üçin däl-de, eýsem, şol eseriň üsti bilen türkmen dilimiziň gadymy sözleriniň irki döwürlerde ulanylyşyna we many-mazmunyna içgin düşünmek üçin hem gymmatly gollanmadyr.
Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.


dowamy

Туркменский сельскохозяйственный университет осваивает преподавание на английском

Интересную инициативу внедрили в образовательный процесс в Туркменском сельскохозяйственном университете – с некоторых пор отдельные занятия по специальностям проходят полностью на английском языке. Это сделано и в поддержку изучения иностранных языков туркменскими студентами в целом, и для более глубокого вовлечения будущих профессионалов в мир международной научной и отраслевой информации. Занятия на английском проходят по таким направлениям, как ветеринария, текстильное производство, экономика сельского хозяйства, пищевая промышленность, гидромелиорация, механизация сельскохозяйственной отрасли, агрономия и экология. Это помогает студентам лучше разбираться в международной терминологии, понимать отличия формулировок и значения ряда терминов, что в будущем послужит их более эффективному общению с зарубежными коллегами. Перед тем, как ввести англоязычные занятия, преподаватели вуза сами прошли специальные языковые курсы в течение нескольких лет и отлично справились с довольно сложной задачей. Одна из главных целей этого проекта — соответствие отечественных вузов мировым стандартам образования и содействие их внесению в мировые университетские рейтинги. Для закрепления результатов и стимулирования дальнейшего процесса в этом направлении в ТСХУ проводятся Недели английского языка и различные конкурсы. Недавно состоялся очередной конкурс презентаций, когда свою специальность представляли сами преподаватели. В конкурсе приняли участие 44 преподавателя, а их уровень английского оценивали специалисты из Туркменского национального института мировых языков имени Д.Азади и Международного университета гуманитарных наук и развития. Принималось во внимание также использование современных методов преподавания, доходчивость учебного материала для аудитории и общее содержание презентаций. В апреле уже планируется провести подобный конкурс среди студентов, которые вместе со своими преподавателями с огромным энтузиазмом сейчас готовятся к этому испытанию.
Курбан КАСЫМОВ


dowamy

Nowruz geldi Arkadagly ilime

Tebigata täzeden jan berip, Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, Garaşsyz Diýarymyza mübärek gadamlaryny basyp gelen bahar pasly toý-baýrama baý pasyllaryň biridir. Dabaraly tutulýan şol toý-baýramlaryň iň gadymylarynyň biri-de, Nowruz baýramydyr. Halkara derejesinde bellenip geçilýän Nowruz baýramçylygy öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar we dünýäniň birnäçe döwletlerinde bellenilip geçilýär. Taryhçy alymlaryň bellemegine görä, Nowruz Gündogarda biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerden bäri halk arasynda ýörgünli bolupdyr. Nowruz “now” – “täze”, “ruz” – “gün” diýmegi aňladyp, “Täze gün” manysyna eýedir, ýagny täzeden janlanyşyň başlanýandygyny aňladýar. Gadym döwürlerde adamlar nowruz gününde şaman oduny ýakyp, onuň üstünden böküpdirler. Olar şeýle etmek bilen, adamlaryň arasynda agzalalyk döredýän, gaharyň-gazabyň we öýke-kinäniň, şeriň eýesi bolan al-arwahdyr, jynlary kowupdyrlar. Şol gün öýkeläniň öýkesi ýazylypdyr. Adamlar dogan-garyndaşlaryna, goňşy-golamlaryna, ýakyn-ýadyna görme-görşe barypdyrlar. Naz-nygmatly desterhanlar giňden ýazylyp, dürli tagamlar taýýarlanylyp, birek-birege hödür-kerem edilipdir. Toý saçagynyň başyna jemlenen märeke Täze ýylyň bereketli, rysgally ýyl bolmagyny arzuw edipdirler. Ylaýta-da, ýaşlar köpçülikleýin aýdym aýdypdyrlar, şygyr okapdyrlar, dürli milli oýunlary ýerine ýetiripdirler. Häzirki ajaýyp döwrümizde hem “Nowruz “ baýramyny ähli Gündogaryň halklary bilen bir hatarda türkmen halky hem her ýylyň 21-22-nji martynda uly dabara, şatlyk-şowhun bilen belläp geçýärler. Eždatlarymyzyň bu senäni Täze ýylyň birinji güni hökmünde bellemeginiň iň täsin galdyryjy ýeri-de, şol gün gije bilen gündiziň uzynlygynyň deňleşmegidir. Olaryň ýörite ulgamlaşdyrylan, ýagny bir galyba salnyp tertipleşdirilen milli senenamalary bolupdyr. Müneçjimler ýyldyzlar toplumynyň ýerleşişi boýunça müçenamalary düzüpdirler. Muňa mysal edip “Şemsi” ýyl hasabyny getirse bolar. Şemsi sözi ýyl diýmegi aňladýar, bu ýyl hasaby Hamal aýynda, ýagny 22-nji martdan başlanýar.Taryhy maglumatlara görä türkmen çomrylary şemsi kalendary boýunça ekerançylyk işlerini alyp barypdyrlar. Şeýle-de çarwalar bolsa ýazlaga çykypdyrlar. Bu bolsa ata-babalarymyzyň atmosfera, ekologiýa, astronomiýa ýaly tebigy ylymlardan baş çykaryp bilen zehinli adamlar bolandygyna aýdyň güwä geçýär. Nowruzda bugdaý maýsasyndan taýýarlanan semeniniň birek-birege hödür edilmeginiň hem aýratyn manysy bar. Ýörite taýýarlanylýan semeniniň özboluşly süýjümtik tagamy bar. Munuň özi her bir ynsanyň bir-biri bilen süýjülikde, agzybirlikde gatnaşmak baradaky meýilleriniň nyşany bolup durýar. Nowruz hakda, il-güniň garagyşdan sag-aman çykyp, täze gelen ýyla uly umyt, ak arzuw besländigi “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz” we “Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş” diýen nakyllarda teswirlenýär. Aksakal gojalar ol döwüre “togsan dolup ýere ýyly giren wagty” diýip at berýärler. Ýene-de “Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda” diýen nakylam bar. Elbetde, Nowruz bilen bagly rowaýatlar, aýdymlar, aýtgylar barmak basyp sanardan kän. Olaryň ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Umuman, Gündogar halklarynyň arasynda Täze ýylyň ilkinji güni hasaplanýan Nowruz dostlugyň, agzybirligiň toýudyr, şeýle hem täze-täze arzuwlara ruhlandyryjy ajaýyp baýramdyr. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ” ýylynyň esasy aýratynlygy Bahar paslynyň mylaýym ýyly howasynyň ýylamagynyň öňkülerden ir gelmegi, ygalyň köp ýagmagy aýdyň mysalydyr.Täze oba hojakyk ýylynda ýere atan tohumyňyz müňläbersin ezber babadaýhanlarymyz! Biz milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni üstünliklere beslenýän eziz Diýarymyzyň ösüşlerine buýsanýan mähriban halkymyzy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Hemra Kakajanow
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň uly mugallymy


dowamy

Kiwi agajyny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watanymyzda dürli ösümlikeri ösdürip ýetişdirmäge, olardan datly miwedir ir-iýmişleri we gök-bakja ekin önümlerini almaga uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, biziň tebigatymyzyň ýabany ösümlik dünýäsi hem örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ygally ýyllarda bahar aýlary dagetek düzlüklerinde, çöllük we sähra meýdanlarynda ýuwa ösümliginiň agdyklyk etmegi soganyň mekanydygyny aňlatsa, türşegiň bolmagy gawunyň, garpyzyň, ýabany sülebaşyň bolmagy süläniň, arpagan bolsa arpanyň, bugdaýyň ýabany görnüşleriniň bolmagy ak bugdaýyň watanydygyny ýene bir gezek subut edýär. Şeýle hem eziz Diýarymyz özge ýerlerde gaýtalanmaýan dürli görnüşdäki ir-iýmişleriň, şirindenşeker miweleriň watanydyr. Mähriban ene topragymyzda öz Watanymyza mahsus bolan ekinlerden başga-da, gaýry ýurtlardan getirilip ekilýän, asla toprak-howa şertleri düýbünden başga bolan pürli agaçlar — eldar sosnasyny, možžewelnik, kiparis we tuýa arçasy ýaly agaçlaryň tohumyny ýygnamak, olary ösdürip ýetişdirmek tärlerini işläp düzmek ýa-da ozal ýabany ösýän meýdan ekinleri bolan türkmen arçasyny, ak sazagy, gyzyl gülälegi, üzärligi, göýüli ekerançylyk medeniýetine salmakda uly işler geçirilýär. Lebap welaýatynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän, watany Gündogar Aziýa bolan Pawloniýa agajyny muňa mysal getirmek bolar. Bu agaç köp kislorod bölüp çykarmak bilen, howany arassalaýar we ýeňil gurluşyk senagaty üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, welaýatyň çäginde gawun agajynyň birnäçe ýyldan bäri hasyly alnyp gelinýär. Miweli agaçlar dagetek eňňitlerinde damja usuly bilen suwarylýar. Günüň göni şöhlesinden we guşlardan goramak üçin tor bilen örtülen bag görnüşlerinden hasyl alyp başladylar. Ýyladyşhanalarda ozaldan meşhurlyga eýe bolan limondyr greýfrut agaçlary we dürli görnüşli kömelekler (şampinýon, weşanki), pomidor, hyýar, süýji burç, badamjan, ýertudanasy giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanalarda ösümlikleri sortuna laýyklykda ösdürip ýetişdirmegiň tärleri (gidroponika, dökünleri suw bilen bermek we ş.m.) ulanylýar. Geljekde oba hojalyk özgertmeleriniň çäginde türkmen telekeçileriniň kiwi agajyny ösdürip ýetişdirmegi, ýer hozunyň (arahis) gerimini giňeltmegi meýilleşdirýändikleri begendiriji habarlaryň biridir.
Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy


dowamy

ÝURDUMYZDA 2 MÜŇ 100 TONNA PILE ÖNDÜRILER

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkalyTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Halkymyzy dürli görnüşli gök önümler bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gök ekinlere, şol sanda irki ýeralma we sogana degişli ideg işleri dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde beýleki gök we bakja ekinlerini öz wagtynda ekmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem wise-premýer pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak hemde ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilaty ter gök we bakja hemde özümizde öndürilen beýleki oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ak ekinlere edilýän ideg işleriniň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini, gowaça ekişine toplumla ýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini belledi. Munuň özi bugdaýdan we «ak altyndan» bol hasyl almakda möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin obasenagat toplumynyň ösüşine, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerine ylmy taýdan esaslandyrylan usullar arkaly çemeleşilmelidigini, iş ýüzünde täzeçil tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmelidigini belläp, bu babatda wisepremýere anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz 2021nji ýylda pile öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wisepremýere iberdi we ýüpekçikärendeçileriň dokma toplumy üçin gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
«Bereketli toprak»


dowamy

Milli gymmatlygymyzyň şanyna uly toý tutular

Halkymyzyň arasynda aýdylýan “It geldi, gut geldi”, “Itim-gutum” diýen jümleler türkmenleriň alabaý itlerini durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrendiklerini alamatlandyrýar. Milli Liderimiziň tagallalary bilen döredilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýe bolan, daş keşbi we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýoluny dowam etdirip, nesildennesle geçirmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň çäginde döredilen “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynda we «Weterinariýa» bejerişhanasynda mälim bolşy ýaly, dürli ýaşdaky itleriň onlarçasy saklanylýar. Bu ugurdaky işleriň ählisi ylmy esasda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden dörän, öz halkyna 2019njy ýylyň sentýabrynda, Halk Maslahatynyň öňüsyrasynda sowgat eden «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitaby hünärmenlere, alymlara gollanma bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda geçirilen gazuwagtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologiýa tapyndylary alabaýlaryň tohumlarynyň iň gadymylarynyň biridigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmen alabaýynyň dünýädäki şanşöhratyny hasda belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hemde kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek we ony Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellemek barada, şeýlede itşynaslary sylaglamak maksady bilen, hormatly atlary döretmek hakynda hemde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» medalyny döretmek hakynda kabul eden resminamalary türkmen alabaýyna, itşynaslara goýulýan sarpany aňladýar. Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen hoşallyk maslahatynda çykyş eden alymlar, hünärmenler, mugallymlar we hususy itşynaslar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza özleriniň hoşallyklaryny bildirmek bilen, bu ugurda janypkeşlikli zähmet çekjekdiklerini, munuň üçin bolsa ähli şertleriň döredilendigini uly buýsanç bilen aýtdylar. Alabaýlaryň gözellik bäsleşiginiň we päsgelçilikden geçmek boýunça türkmen alabaýlarynyň arasynda geçiriljek bäsleşikler, itşynaslara dakyljak hormatly atlar, ýeňiji alabaýlara dakyljak medallar olaryň geljekde hasda kämilleşmeginde, dürli gulluklarda ulanyp boljak mümkinçiliklerini hasda giňelder, itşynaslaryň, alabaýlaryň janköýerleriniň sanyny köpelder. Milli itşynaslygy ösdürmekde we kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Italmaz SAPARLYÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň kafedra müdiri, professor


dowamy

HALK DÖREDIJILIK ESERLERINDE TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ KEŞBINIŇ ŞÖHLELENIŞI

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, geljekki nesiller üçin taryhy-milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda häzirki wagtda ýurdumyz tutuş dünýäde umumadamzat medeni gymmatlyklaryň iň köp saklanyp galan ojagy hökmünde tanalýar. Türkmen halky ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda maldarçylyk, ekerançylyk, senetçilik bilen meşgullanyp, bu ugurda dünýä nusgalyk işleri bitiripdirler. Ýabany haýwanlary eldekileşdiripdirler we olary hojalyk işlerinde giňden peýdalanypdyrlar. Tebigat, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen sazlaşykly ýaşaýşy ýola goýmagy abadan hem eşretli durmuşyň rowaçlanmagyna itergi beripdir. Şeýlelikde, türkmen halky ahalteke bedewleriniň ajaýyp nusgasyny, arwana düýesini, saryja goýnuny, alabaý itini ösdürip ýetişdiripdir, dünýä nusgalyk halylary şan-şöhrata eýe bolupdyr. Türkmenleriň asyrlar boýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklarynyň biri-de, türkmen alabaýlarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň milli taryhy-medeni gymmatlygyny açyp görkezýän “Türkmen alabaýy” atly kitabydyr. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda: “Alabaý – biziň milli buýsanjymyz. Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillere ýetirmek biziň borjumyz” diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda: “Ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymyýetiň tümligini aşyp şu döwre geldiler” diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, türkmen alabaýlary özüniň döreýiş taryhyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, türkmen alabaýlary ençeme müň ýyl mundan öň emele gelipdir. Altyndepeden dört müň ýyl mundan ozal jaýlanan alabaýyň ystyhanynyň, Jeýtun ýadygärliginden miladydan öňki bäşinji müňýyllyga degişli bolan türkmen alabaýynyň şekilleriniň tapylmagy, Nusaýdan alabaýyň keşbi şekillendirilen ritonlaryň, ýagny şabadalaryň tapylmagy hem onuň dörän döwrüniň gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny we halkymyzyň alabaý itine aýratyn sarpa goýup gelendigini tassyklaýar. Alabaýlaryň döreýiş taryhynyň gadymy bolşy ýaly, bu itler özüniň batyrlygy, gaýduwsyzlygy, asyllylygy bilen halk döredijilik eserlerinde hem özüniň şöhlelenmesini tapmagy başarypdyr. Ata-babalarymyz it bilen baglanyşykly “It geldi – gut geldi”, “Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger”, “Iti bolmadygyň ýalagy bolmaz”, “Itiň yzynda bol, atyň öňünde”, “Goýnuň ýüňi – düşek, itiňki – guşak”, “Açyk gapydan it bakar”, “Adyl sakçylygy goýun itinden öwren”, “Är dogan ýerini küýsär, it – doýan ýerini”, “Ýolda azaşsaň, it üýren tarapa git” diýen ençeme ajaýyp nakyllary döredipdirler. Nakyllaryň döreýiş gözbaşynda bolsa haýsydyr bir waka, rowaýat, tymsal, erteki, hekaýat ýatyr. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda hem alabaý bilen baglanyşykly birnäçe nakyllaryň döreýiş taryhy bilen bagly rowaýatlary mysal getirýär: “Aýdyşlaryna görä, bir dananyň gapysynda mydama gazany gaýnap duranmyş. Bir günem onuň lasyrdap, töwerege ýakymly tagam ysyny saçýan gazanyny iti gelip haraplap gidýär. Adamlar gatyrganyşýarlar. Nahary ondan soň iýip boljakmy?! Azabyň reýgan bolmagy bähbide ýorulsa-da, birbada gynandyrýar. “It guşuň paýy bolsun” diýip, gazandaky nahary dökýärler welin, gazana zäherli ýylanyň düşeni aýdyň bolýar duruberýär. “Piriň itini hem bihal görme!” diýen aýtgy şonda döräpdir diýýärler”diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda: “Türkmen iti üşände burnundan üşeýär. Ana, şol burun ýyly saklanylsa welin, onuň hüşgärligi, saklygy juda azalýar. Şonuň üçin hem sak, hüşgär bolsun diýen niýet bilen türkmen itleriniň guýrugy kesilýär. Seýle-de haýwanlarda guýruk dolandyrjynyň hyzmatyny ýerine ýetirýän eken. Tilkini göz öňüne getirip göräýiň. Uzyn guýrukly. Ylganda göni gitmän, sapalak atyp barýandyr. Şonuň üçin itleriň guýruklarynyň kesilmegi birbada iki hyzmaty, bir-ä – hüşgärligi, duýgurlygy, birem – ylganda edil ok ýaly atylyp, göni gidip bilmek hyzmatyny ýerine ýetirýär”. Türkmen halkynda “It burnundan üşär” diýen nakylyň döremegi şundan gelip çykýar. Alabaýlaryň batyrlygy, gaýduwsyzlygy hakynda birnäçe rowaýatlar döräpdir. Gahryman Arkadagymyz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda alabaýlar hakynda birnäçe rowaýatlary getirýär. Şol rowaýatlaryň biri-de “Oguznama” dessanyndaky Gara Barak atly it baradaky gyzykly setirlerdir: “Bir gün ähli janly-jandaryň diline düşünýän Duman han öz itiniň möjekler bilen eden gürrüňüni diňläpdir. Möjekler öz aralarynda agşam sürä çozmak barada maslahatlaşypdyrlar. Duman hanyň Gara Barak atly iti olara: “Eger han maňa goýnuň gyzgyn guýruk ýagyny berse, siziň hiç biriňiz ýekeje guza-da penjäňizi uzadyp bilmez ýaly ederdim” diýip, jogap beripdir. Duman han gazanda gaýnap duran guýruk ýagyny alyp, itiniň öňüne oklapdyr. Onuň ýanyndaky egindeşleri bu ýagdaýyň sebäbini soranlarynda, ol “Eger kimdir birine ýagşylyk etjek bolsaň, ilki itiňden başla, eger it gamgyn bolmasa, biz hem gamgyn bolmarys diýipdirler. Şonuň üçinem itime guýruk berdim” diýip, jogap beripdir. Gije möjekler sürä çozupdyr. Gara Barak goýunlary bir jülgä gabap, ýeke özi möjekler bilen söweşe giripdir. Olaryň sürüni parçalamagyna ýol bermändir”. Bu rowaýatda hem ite guýruk ýagynyň berilmeginiň sebäbini Gahryman Arkadagymyz “Türkmen Alabaýy” atly kitabynda: “Möjegiň gany itiň dişlerine degse, itiň dişleri dökülýär” diýen gürrüňe görä, itiň dişleriniň dökülmezligi üçin goýnuň guýruk ýagy bilen naharlamak däbi ata-babadan gelýän eken” diýlip belleýär. Bu kitapda Gündogaryň beýik danasy Jelaleddin Rumynyň “Mesnewi” diwanyndan “Baraýsaň sen tötänden gapysyndan türkmeniň, işiginde itiniň ýatandygyny görersiň” diýen ajaýyp dürdäne setirler mysal getirilýär. Şu setirleriň özi hem taryhda her bir türkmen ojagynda alabaýyň bolandygyny tassyklaýar. Türkmen halkyndaky batyrlyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetler türkmen alabaýlarynda jemlenendir. Alabaýynyň zandynda bar gowy gylyk-häsiýetleri nesilden-nesle geçip gelýän häsiýetleridir.
Akynýaz SAPARGELDIÝEW
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy


dowamy

Aziýanyň merjeni sen- AŞGABAT

Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe diýarymyzda binagärlik-gurluşyk pudagynyň döwrebap, milli aýratynlykda ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Milli Lidermiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda döwrebap ýaşaýyş-durmuş önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Gurulýan binalaryň ýokary hil derejesinde bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Şoňa laýyklykda diňe bir Aşgabat şäherimizde däl-de eýsem ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlarymyz üçin oňaýly jaýlar we döwrebap durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň binagärlik gurluşyk pudagynda ýetilen belent sepgitleri merjen paýtagtymyzy mysalynda görmek bolýar. Bu günki günde şäherimiz Aşgabatda belent binalar, täze ýaşaýyş jaý toplumlary “Sebitiň binagärlik merjeni” diýip atlandyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp öwüşginidir. Gözümiziň alnynda gözelleşýän, gül açýan ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň owadan, ekologik taýdan arassa ýaşamak we dynç almak üçin amatly şäherleriň hatarynda öz mynasyp ornuny tapdy. Hormatly Prezidentimiz binagärlik gurluşyk pudagynyň döwrebap ösdürilmeginiň kanunçylyk-hukuk binýadyna aýratyn üns berýär. Bu babatda 2015-nji ýylyň awgust aýynda “Şähergurluşyk işi hakynda”, 2017-nji ýylyň fewral aýynda bolsa “Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi.Ol kanunlar binagärlik, şähergurluşyk işleriniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzýär. Raýatlaryň ýaşaýşynyň, amatly gurşawynyň emele getirilmegine, binalaryň, desgalaryň we olaryň toplumlarynyň estetik täsirliliginiň, ygtybarlylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk pudagynda daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary alnyp barylýar. Hormatly Arkadagymyz “Türkmen telekeçileri ýurduň altyn gaznasydyr” diýip belläp geçýär. Şonuň esasynda türkmen telekeçilerine we işewürlerine döredýän giň mümkinçilikleriniň esasynda bu ugurda hususy kompaniýalaryň alyp barýan nusgalyk işleri öwgä mynasypdyr. Olaryň hatarynda “Ojar Aziýa”, “Beýik bina”, “Ajaýyp bina” beýleki hususy kompaniýalar paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaşaýyş durmuş we önümçilik desgalarynyň birnäçesini gurup ulanmaga berdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Hormatly Prezidentimiz eden taryhy çykyşynda sözlän sözünde:”Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça hem uly işler amala aşyryldy. Nesip bolsa, ýene-de sanlyja ýyldan paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze, häzirki zaman şäherini gurarys. Bu şäher döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş desgalaryny öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde işewürlik ýa-da dynç alyş ulgamlaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion we ýokary tehnologiýaly edaralar ýerleşer” diýip belledi. Bu “Şäher içinde şäher” ýörelgesi boýunça taslanylýan “Aşgabat-sity” adyna eýe bolan täze şäheriň hödürlenen taslamasynda 200-den gowrak binany öz içine alýan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki – 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini, şolardaky öýleriň 17 müň 836 sanysyny, dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolup, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazyk bölegini bezär. Ak şäherimiz Aşgabat bilimler ýurdy hökmünde hem diňe bir sebitde däl-de, eýsem dünýäde tanalýar. Gurmak, döretmek babatda taryhda yz galdyran türkmen halkynyň paýtagtynyň bu günki gün milli röwüşli binagärlik gurluşy ýer ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnama laýyklykda, 2019-2025-nji ýyllarda umumy bahasy 3,5 milliard manat bolan 205 sany umumy bilim berýän mekdebi, şeýle hem umumy bahasy 1,5 milliard manat bolan 165 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny gurmagy göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onda Aşgabadyň ýurdumyzyň baş şäherini dünýäniň iň gözel we abadanlaşdyrylan şäherleriň birine öwürmek boýunça anyk wezipeleri öňde goýdy. Bu baýramçylyk türkmen halkymyzyň gatnaşmagynda uly dabaralara, aýdym-sazlara beslenip geçiler. Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy gülzarlyga, bagy-bossanlyga beslemek, seýilgähleriň, baglaryň sanyny köpeltmek baradaky tagallalary bilen ak şäherimiziň ekologiýa gurşawy günsaýyn gözelleşýär. Öz halkyna, ata Watanymyzyň tebigatyny ýürekden eziz görýän Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň abadanlaşdyrylmagyna, şäher gurşawynyň ekologiýa derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.Ýurdumyzyň ilatynyň döwrebap ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly daşky gurşawy we şertleri döretmek, göwnejaý dynç almak babatda ähli şertler döredilýär. Gurulýan we gurlup ulanmaga berilýän durmuş maksatly binalaryň töweregini abadanlaşdyrmak, dürli görnüşli bezeg baglary, ajaýyp gülleri ekmekligiň ähmiýeti örän uludyr.
Baýramgylyç Orazgeldiýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň mugallymy


dowamy

Насколько важно минеральное питание для повышения урожайности?

Туркменский сельскохозяйственный университет стал площадкой для очередной встречи представителей вуза, аграриев и предпринимателей страны, на которой обсуждались актуальные вопросы сельского хозяйства. Встречи в таком формате проходят каждую субботу, на них рассматривают и анализируют предложения, призванные поддержать сельхозпроизводителей и укрепить продовольственную безопасность страны. Основные вопросы нынешней встречи – понимание роли минеральных удобрений в жизни растений, их важности для повышения урожайности, улучшение показателей с рациональным использованием NPK (азот, фосфор, калий), повышение плодородия почв. Учредитель ХО «Тама агро» Керим Акмаммедов, выступив с докладом, ознакомил участников с производимой продукцией – сложными и комплексными удобрениями для питания важнейших сельскохозяйственных культур . Предприятие специализируется на производстве минеральных питаний – NPK подкормок, жидких комплексных удобрений, кормовой соли, йодированной пищевой соли, раствора полисульфида кальция, а также наполнителей для кошачьих туалетов. Завод мощностью до 60 000 тонн в год производит минеральное питание для удовлетворения нужд отечественного и зарубежного рынков. – Растения, почва и удобрения находятся в тесном взаимодействии. Однако несбалансированное питание может не только снизить продуктивность растений, но и ухудшить качество урожая, – говорит предприниматель. Урожай, как сказал Керим Акмаммедов, складывается из совокупности различных факторов: погодные условия, рациональное внесение минеральных удобрений, агротехнические мероприятия, качество посевного материала и др. При использовании современных технологий обязательно применение средств защиты, поскольку сорняки выступают основными конкурентами культурных растений. Туркменские аграрии, участвующие во встрече, отметили, что им было полезно услышать о правильном применении удобрений, питательных веществах и их разнообразном воздействии на сельскохозяйственные культуры. Также в ходе семинара, помимо существующих продуктов, обсуждались новые удобрения, которые можно производить из местного сырья
Orient.tm
Мяхри ЯГМУРОВА


dowamy

TOPRAK BEJERGISI — BOL HASYLYŇ ÖZENI

IEkerançylyk meýdanlarynyň medeniýetini gowulandyrmak, ekin dolanyşygyny ylmy esasda ýola goýmak, gowaça ekininden ýokary hilli bol hasyly almak üçin geçirilýän agrotehniki çäreleriň has kämil usullaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Pagtaçylykda alynýan girdejini artdyrmagy bir gektardan alynýan hasyllylygy ýokarlandyrmagyň hasabyna gazanmak gerekdir. Munuň üçin gowaça ekinini ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan çäreleriň her birini öz möhletinde we bildirilýän talaba görä geçirmegi gazanmaly. Her bir geçirilýän agrotehniki çäräniň gowaçanyň hasyllylygyny artdyrmakda belli bir goşandy bardyr. Her ýylky hasylyň düýbi gyş aýlaryndan tutulyp başlanýar. Şol döwürde geçirilýän her bir çäräniň talabalaýyk kadada geçirilmegi geljekki hasylyň ykbalyny çözýär. Ýer sürlüp, şüdügär edilen bolsa, düşýän ygalyň hasabyna emele gelen iri kesekleriň içine yzgar siňýär. Dekabr aýynda bolýan aýazyň netijesinde kesekler oňat doňýar. Fewral aýyndan howanyň maýlamagy bilen keseklerde emele gelen doň çözülip, iri kesekleriň pytrap owranmagyna getirýär. Munuň özi topragyň keseklilik gurluşynyň gowulaşmagyna ýardam edýär. Artykmaç tehniki çykdajylary etmezden topragyň hili gowulaşýar. Keseklilik gurluşy oňat bolan topraklarda gyşky, ir ýazky agrotehniki çäreleri geçirmek ýeňilleş ýär. Halkymyzyň arasynda «Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür» diýilmegi şu ýagdaýlar bilen baglydyr. Ýerleriň öz wagtynda we kada laýyklykda sürülmegi bol hasylyň girewidir. Häzirki günde önümçilikde belli bir derejede ünsden düşürilýän, ýöne ekerançylyk ýerlerimiz üçin, aýratynda, köne suwarymly pagtaçylyk meýdanlarymyza zerur bolan çäreleriň biri hem topragy bejermekde çuň ýumşadyjylary ulanmakdyr. Gowaçanyň şol bir meýdanda uzak ýyllaryň dowamynda ekilip, tehnikalaryň basgylamagy, suwaryş suwlarynyň kömegi bilen topragyň dykyzlanmagy netijesinde sürümasty bölekde gaty toprak gatlagy emele gelýär. Gowaçanyň kök ulgamynyň kadaly ösmegi üçin topragyň dykyzlygy kub santimetrde 1,25 — 1,35 gram bolmaly. Aşaky gaty gatlakda şol görkeziji has ýokarlanýar, ýagny kub santimetrde 1,45 — 1,50 gram derejä çenli ýetýär. Gowaçanyň kök ulgamy bolsa 1,2 — 1,5 metre çenli ös ýär. Kök ulgamynyň şeýle gaty gatlakdan geçip, aşaky gatlaklara gitmegine kynçylyk döreýär. Şeýle hem ýuwuş, tagt, ösüş suwlarynyň we hatarara bejerginiň netijeliligini peseldýär. Ýuwuş suwunda berilýän suwuň basyşy astynda topragyň düzümindäki dürli duzlar eräp, zeýkeş lere gitmeli. Sürümasty gaty gatlagyň bolmagy suwuň zeýkeşlere çykmagyna päsgel berýär. Şeýlelikde, berilýän suwuň bugaryp ýitmegini artdyrýar. Meýdan topragynyň sürümasty gaty gatlagy ýumşadylsa, bu päsgelçilik azalýar we ýuwuş suwunyň netijeliligi ýokarlanýar. Topragy çuň ýumşadyjylar sürümasty gaty gatlagy 15 — 18 santimetre çenli ýumşadýar. Bu azalyň 3-5-7 azalçasy bolan görnüşleri bar. Gowaça meýdanlarymyzyň aglaba böleginiň orta we agyr toýunsow topraklara degişli bolandygy üçin, ol ýerlerde 5 azalçaly çuň ýumşadyjylara görä, 3 azalçaly çuň ýumşadyjylar oňat netije berýär. Ýöne 3 azalçaly çuň ýumşadyjylaryň iş öndürijiligi az bolýar. Bu iş kuwwatly «John Deere», «Case», «Claas» traktorlaryna dakylan «RIHTER» kysymly çuň ýumşadyjylar bilen ýerine ýetirilýär. Çuň ýumşadyjylary ulanmak üçin köp güýç sarp edilýär. Munuň özi çalgy we ýangyç ýaglarynyň köp mukdarda harçlanmagyna getirýär. Öndürijiliginiň azdygyny, çalgy we ýangyç ýaglarynyň köp harçlanýandygyny göz öňünde tutup, çuň ýumşadyjylary 3-5 ýyldan bir gezek ulanmak maksadalaýykdyr. Çuň ýumşadyjylar bilen sürümasty gaty gatlagyň ýumşadylmagy topragyň aşaky gatlaklarynyň howa çalşygyny oňatlaşdyrýar, gowaçanyň köküniň topragyň çuň gatlaklara aralaşmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, kök topragyň dürli gatlaklaryna gyradeň ýaýraýar we gowaçanyň suw üpjünçiligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa, iýul, awgust aýlarynda öwüsýän epgek ýellerden özüni goramaga we hasyl synalarynyň gaçmagynyň öňüni almaga kömek edýär. Şeýlelikde, köp ýyllardan bäri ekin ekilip gelinýän ýerleriň toprak bejergisiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi hasylyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Çarygeldi BABANYÝAZOW, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy


dowamy

Iň gadymy gül tapyldy

Amerikan alymy Dewid Dilçeriň pikirine görä, Ispaniýanyň kölleriniň düýbünde ösýän gül dünýäniň iň gadymy güli bolup biler diýlip hasaplanylýar. Beýle diýmäge «Monteschia Vidalii» diýlip atlandyrylýan gülüň müňden gowrak görnüşinde geçirilen barlaglar mümkinçilik berýär. Ösümlik, aslynda, suwotuna meňze ýär, ýöne ol ýeke tohumly miwede berýär. Üstesinede gülleýär. Şeýlelikde, oňa gül diýmäge doly esas bar. Alymlaryň pikirine görä, bu güllere çalymdaş ösümlikler örän gadymy bolmaly. Onsoňam, olar ilkinji gülüň rowaýaty häsiýete eýedigini hem aýdýarlar. Mundan ozal Hytaýda gabat gelnen «Arhifruktus» atly gül dünýädäki ähli gülleriň «nesilbaşysy» hasaplanylýardy. Alymlar «Monteschia Vidalii» gülüniň gögerip başlan döwründen bäri, takmynan, 130 million ýyl geçipdir diýen çaklamany öňe sürýärler.
Gowşut ŞADURDYÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy


dowamy

SOÝANYŇ ÄHMIÝETI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Geçen hepdäniň şenbe güni uniwersitetimizde soýa ösümligini ýurdumyzyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek barada alymlaryň, uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň hemde oba hojalyk ugrundan işleýän telekeçi önüm öndürijileriň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurt önümleriniň ýerini tutýan önümleriň sanyny we görnüşini artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşi gazanmakdan, oba hojalygy bilen telekeçiligi hasda utgaşdyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar. Soýa ykdysady taýdan peýdaly ekin bolup, biziň gurak howa şertlerimizde onuň her gektaryndan ortaça 3,5 – 4,0 tonna däne öndürip bolýar. Soýanyň aralyk ekin hökmünde ekilip, tejribe geçirilmegi netijesinde topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyr ýan iýmit maddalary bilen baýlaşmagyna oňyn täsir edýändigi hemde onuň yzyna ekilen bugdaýyň her gektaryndan ortaça 2 – 3 sentner bugdaý hasylyny artyk alyp bolýandygy anyklanyldy. Biziň ýurdumyzda 2014 — 2016njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar hojalygynda we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Ahal ylmy önümçilik synag hojalygynda soýanyň «Garagum» sorty ekildi we onuň hasylyny däne ýygnaýjy kombaýn bilen ýygnap almak işleri geçirildi. Bu bolsa bir ýylda ortaça 110 – 150 litre çenli soýa ýagyny, 2,5 – 3 tonna çenli düzüminde belok, başga maddalar bilen çalşyp bolmaýan aminokislotalary we mallar, guşlar üçin iými alyp boljakdygyny görkezdi. Netijede, soýanyň topragyň gurplanmagyna oňaýly täsir edip, onuň däne hasyly ýygnalyp alnandan soň, toprakda galýan kök ösüntgileriniň düzüminde biologiki azotyň ýeterlik mukdarda saklanyp, soňky ekiljek ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýändiginiň geçirilen ylmybarlaglaryň esasynda anyklanylandygyny maslahata gatnaşyjylar belläp geçdiler.
Begli BURINOW, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby


dowamy