S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurnamagynda “Daşary ýurt dillerini öwretmekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti” atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi


2022-nji ýylyň 5-nji maýynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gurnamagynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” şeýle-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çärelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dilleri mugallymlarynyň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwretmekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti” atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahata Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýa institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri mugallymlary gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar talyp ýaşlarymyza häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmekde innowasion tehnologiýalary ulanmaklygyň häzirki zaman döwrebap usullary we olaryň aýratynlyklary barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda mugallymlar talyplara daşary ýurt dillerini öwretmekde sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň netijeleri barada usuly tejribelerini paýlaşdylar hem-de özara pikir alyşdylar.

Maslahatda çykyş edenleriň hemmesi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň eşretli durmuşda ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin sagbolsunlary aýtdylar.

Maýa Amanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Diller kafedrasynyň mugallymy