Hoşallyk maslahaty geçirildi



2022-nji ýylyň 20-nji maýynda biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde – Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde uly dabara beslenen hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu hoşallyk maslahaty ,,Parahatsöýüjilik syýasatynyň sebitde we dünýäde dabaralanyşy” diýlip atlandyryldy.
Bu hoşallyk maslahatyna hormatly myhmanlar – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzasy, uniwersitetimiziň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu maslahatda dostluk-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary wagtynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Arkadagymyzy ,,Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamagy hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza berlen beýik sylag ,,Dostluk” ordeniniň gowşurylyşy hakynda ýakymly gürrüňler maslahata gatnaşyjy mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň aňyna ýetirildi.
Şunuň bilen baglylykda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda ,,Dostluk” ordeni bilen, Gahryman Arkadagymyz bolsa ,,Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglandylar.
Hut şu mynasybetli, maslahatyň dowamynda uniwersitetimize gelen myhmanlar we çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi bu ýokary sylaglary bilen tüýs ýürekden gutladylar we Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Umuman, biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen bu hoşallyk maslahaty diýseň täsirli boldy. Dabaranyň ahyrynda Watanymyz we halkymyz üçin birmöçber aladalar edýän, dostlukly gatnaşyklary has-da berkidýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagy hakynda ýagşy arzuwlar edildi.

Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy
Gülbagt HAJYÝEWA