S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy



Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň şöhratly taryhyndan, milli gymmatlyklaryndan söz açýan, ençeme ylmy-edebi eserler halkymyza ýetirildi. Olar ylmy maglumatlara baýlygy, edebi-terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarylygy bilen tapawutlanan has kämil eserlerdir. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän ylmy-ensiklopediki, edebi eserleri hem munuň aýdyň mysalydyr.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda 29-njy aprelde Arkadagly Serdarymyz Ministrler Kabinentiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy.
Arkadagly Serdarymyz täze kitabyň neşir edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy we mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlap, bu edebi-filosofik eserde milli Liderimiziň ömrüniň manyly menzilleriniň, durmuş ýoly baradaky ýatlamalarynyň, pikir-garaýyşlarynyň jemlenýändigini belledi.
9-njy maýda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň ähmiýeti hakynda çykyş etdiler. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň çuň zehininden, baý durmuş tejribesinden dörän täze kitabynyň many-mazmun aýratynlygy, ýaş nesilleri belent adamkärçilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyzyň ruhy taýdan kämilligini üpjün etmekde, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýyşlarynyň baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen halky kitaba uly sarpa goýmak bilen, taryhyň ähli döwürlerinde hem ony aýap, gadyr-gymmatyny saklap gelipdir. Merdana halkymyz ýaş nesli bilimli, hünärli, watansöýüjilikli belent ruhda terbiýelemekde milli däp-dessurlarymyzy, halk döredijiligimizi, nusgawy şahsyýetlerimiziň bitiren beýik işlerini giňden peýdalanypdyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda beýan edilýän wakalar näçe okadygyňça özüne çekijiligini artdyryp, eseriň mazmuny ýaş nesliň milli häsiýetdäki terbiýesini, ýagny arassa ahlaklylygy, mertligi, jomartlygy, ruhy sagdynlygy, ugurtapyjylygy, ulyny sylamaklygy, kiçini hormatlamaklygy okyjynyň süňňüne siňdirýär. Milli Liderimiziň kitaplary bizi has netijeli işlemäge we talyp ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermäge ruhlandyrýar. Çünki bu kitaplaryň süňňi millilikden düzülip, türkmen halkynyň terbiýeçilik mekdebiniň taryhyndan, şu gününden, geljeginden habar berip bilýän, dünýä ýüzüniň parahatçylygyny müdimi gorap saklamagyň ýollaryny öwredýän eserlerdir.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär” diýmekligi hem ýöne ýere däldir.
Dabaranyň çäklerinde uniwersitetiň “Altyn asyr” medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Akynýaz Sapargeldiýew
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy