Atlaryň duýuş synalary



At özüniň döreýşiniň, kemala gelşiniň we özgerşiniň başynda güýçlülik, hereketleriň çalasynlygy we çydamlylyk ýaly häsiýetileri özünde jemledi. Şu häsiýetler hem, gadymy adamlarynyň ünsüni oňa çekdi. Şol döwürlerden başlap, şu günlere çenli adam aty näçe içgin öwrenip gelse-de, onuň gylyk-häsiýetlerini, duýuş (görüş, eşidiş, syzyş, ys alyş we tagam biliş) synalarynyň ukybyny doly özleşdirip, anyk göz ýetirip bilmeýär. Emma at bilen meşgullanýanlar, olaryň şu aýratynlyklaryny özleşdirdigiňçe bu janawerlere has içgin düşünip, olar bilen sözsüz gürleşip bolýandygynyň barha göz ýetirýänlikleri synlamak bolýar.
Görüş. Atlaryň gözi hem duýuş synalarynyň biri bolup, ýer togalagynda ýaşaýan ähli süýdemdirijileriň gözünden ulydyr. Atlaryň ýabany görnüşleri uzakdan görmäge ukyply bolup, eldekileşdirilen atlar 500 mertden daş aralygy gowy saýgaryp bilmeýärler, emma ýakyn aralykda bolan zatlary bolsa, diýseň gowy görýärler. Atlaryň sarçlygynyň birinji alamaty hem ýakyn aralykda ähli zady gowy görýänligindedir. Atyň gözüniň kellesiniň gapdalynda ýerleşmegi we onuň öňe çykyp durmagy, gowy hereketli bolmagy tutuş töweregini görmäge has oňaýlydyr. Atyň gözüniň şular ýaly ýerleşişi oňa 3600 töweregi görmäge mümkinçilik berýär. Atyň bir gözi adamyň iki gözüniň görýän meýdanyny görmäge ukyplydyr. Atyň gözüniň binokulýar zolagy 650, monokulýar zolagy bolsa 285-2900. Atlar diňe dik maňlaýyny (ýokarsyny), äňiniň, eňeginiň aşagyny we göni yzyny görüp bilmeýär. Başga ähli ýerini görmäge diýseň ukyply.
Eşidiş. Atyň gulagy hem duýgy organynyň biri bolup, töwerekde emele gelýän hereketi eşitmäge ukyplydyr. Atyň görüşi gijesine pişikden pes bolsa-da, olaryň umumy hereketiň sesini saýgaryşy, eşedişi gowy ösendir. Atlaryň eşdişi adamyňkydan hem gowydyr. Atlar çalaja eşdilýän sesleri hem aýyl-saýyl etmäge ukyplydyr. Hat-da ultra ses tolkunlaryny hem eşdip, duýup bilýär. Mysal üçin, niredendir bir ýerden geçip barýan uçarlaryň sesini, dagdan gaýdan siliň sesini we ş.m. Atyň gulagy elmydama hereketde bolup, töwerege diň salyp, eşidip gezýär. Atyň gulagynyň hereketi köp zady aňladýar. Eger-de atyň lakamyny (adyny) çalaja özgerdip, üýtgedip tutsaň, ol baş galdyrmaýar. Sebäbi eýesiniň sesini eşidip, öz adynyň doly tutulmandygyny duýup, arkaýynlyga salýar. Töweregiň asudalygyny aňýar. Seýsi sähelçe sesini gataltsa, atyň ýürek urşy çaltlaşýanlygy hasaba alyndy.
Ys alyş. Atyň ys alşy diýseň gowy ösen. Olaryň ys alşy itiňkiden ýitidir. Ot-iýmleriň ysyny örän gowy saýgarýarlar. Eýesiniň eşiginiň ysyny, bedräniň we beýleki zatlaryň ysyny gowy tapawutlandyrýar. Ýabany atlar ýeliň garşysyna otlap gezýärler. Sebäbi ýeliň kömegi bilen ýyrtyjylaryň ysyny örän uzakdan alyp, olardan ägä bolup gezýärler. Aýgyrlar baýtallary ysgap, olaryň höwürde ýa-da däldigini anyk saýgaryp bilýärler. Baýtallar öz taýynyň ysyny, taý bolsa, enesiniň ysy boýunça tapyşyp bilýärler.
Tagam biliş. Atyň tagam bilşi duýuş agzalarynyň biridir. Ol atyň diliniň üstünde we ýokarky äňiniň iç ýüzünde ýerleşen nerw süýümleriniň uçlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Atlaryň tagam bilşi, olaryň ys alşy bilen jebis baglanyşykda bolup, beýleki oba hojalyk mallarynyňka garanyňda gowy ösendir. Atlar otlaryň tagamyndan we ysyndan gerekli-gerek dälini saýgaryp gowy iýmäge ukyplydyrlar.
Syzyş. Atyň derisi onuň syzyş ukybyny amala aşyrýar. Şeýle-de gorag funksiýasyny ýerine ýetirýär. Atyň derisi gara malyňkydan ýabyňkydan ýuka bolup, goýunyňkydan galyňdyr. Atyň derisiniň ýuka bolmagy, emele gelen artykmaç ýylylygyň bölünip çykmagyny ýeňilleşdirýär. Atlaryň tutuş derisiniň üsti bilem emele gelen artykmaç ýylylygyň takmynan 82-85% bölünip çykýar. Atlaryň derisiniň aşagynda bolan köp sanly, ýukajyk gan damarlarynyň ýokary işjeňlik ýagdaýynda gandan dolup, tor şekili emele getirmegi we olaryň şeýle ýerleşişi atyň bedeniniň ýylylygynyň sazlaşygyna aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr.
Maksat Garýagdyýew
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy