TÜRKMENISTAN — RUHUBELENTLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY
22125-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň noýabr aýynda talyplardyr okuwçylaryň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlary geçiriler. Şeýle çäreler ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen işleriň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV uniwersiadanyň açylyş dabarasy bolup, oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Özboluşly sport baýramçylygynyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.
Talyp türgenleriň arasynda nobatdaky gezek geçiriljek sport ýaryşlary ussatlary ýüze çykarar. Olarda uniwersitetimiziň «Hasyl» sport toparynyň türgenleriniň ýokary üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýarys. Olar sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýaryşlarda özleriniň ussatlyklaryny görkezerler. Bu ýaryşlar talyp türgenler üçin halkara oýunlara taýýarlygyň bir tapgyry bolar.
Uniwersitetimiziň sport ussatlaryna, türgen talyp deň-duşlarymyza üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Selbi SERDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba
hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň
Melioratiw işleri mehanizmleşdirmek
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.