HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ BINÝADY
14924-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyp, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleri — talyplar, hormatly ýaşulular, mährem eneler ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine gatnaşmaga çagyryldy. Şolaryň hatarynda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň birnäçe talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Umumymilli forumyň dowamynda ýaşuly we ýaş nesilleriň wekilleriniň, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň çykyşlary diňlenildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň ykdysadyýetimiziň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini buýsanç bilen nygtadylar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolan umumymilli forumda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem eziz Diýarymyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekdi. Şol resminamalaryň hatarynda «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tasssyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň bardygy aýratyn buýsandyryjydyr.
Biz — talyp ýaşlara ýurdumyzda geçirilýän syýasy-jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmaga, okap-öwrenip, ussat hünärmenler bolup ýetişmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütlerdir Permanlar eziz Watanymyzyň belent depginler bilen gülläp ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşup, ýurdumyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrsyn!
Jora DŽUMAKULOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa
fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.