Biziň bagtyýar talybymyz ,,ÝYLYŇ TALYBY – 2022” Döwlet bilim bäsleşiginiň baş baýragynyň eýesi

70


Golaýda ,,Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guraýan bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip, biziň abraýly ýokary okuw mekdebimiziň – Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Amanow Kadyr yglan edildi.
Mälim bolşy ýaly, ,,Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşigine özüniň ýokary görkezijileri boýunça tapawutlanan talyplar gatnaşýarlar. Olar ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri, sport we medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşygy, habar beriş serişdelerinde eden çykyşlary üçin kesgitlenen bal ulgamy bilen bahalandyrylyp, her ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije gazanan talyplar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Talyplar jemleýji tapgyrda Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersi, kompýuter sowatlylygy, türkmen dili we iňlis dili dersleri boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap berdiler. Mundan başga-da, bäsleşige gatnaşan talyplar gysga sahna eserleri, çeper okaýyş, aýdym-sazly çykyşlar esasynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

,,Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşigi örän çekeleşikli we ýokary derejede geçdi. Talyp ýaşlar bu bäsleşigiň dowamynda öz ylym-bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik gazandylar.
Bäsleşigiň esasy maksady – Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini netijeli dowam etdirmekden, Ata Watanymyza çyn ýürekden wepaly hyzmat etmekden, iň täze tilsimatlardan baş alyp çykmakdan, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini çuňňur bilmekden, halkymyzyň baý sungatyny açyp görkezmekden ybarat bolup, ýaş nesillerimiziň barha kämilleşmegine uly itergi boldy.
Ýeri gelende bellemeli iň buýsançly waka hem biziň abraýly, baýry ýokary okuw mekdebimiziň ezber, başarjaň, ukyply talybymyz Kadyr Amanowyň baş baýraga mynasyp bolmagydyr. Zehinli talybymyz ,,ÝYLYŇ TALYBY – 2022” Döwlet bilim bäsleşiginiň baş baýragynyň eýesi bolmak bilen, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň abraýyna mynasyp goşant goşdy.
Ýaşlaryň kämillik ýolunda öňe ilerlemegi üçin mynasyp işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Bahar Şamämmedowa,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52