«TOKAÝ MELIORASIÝASY» ATLY TÄZE OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

327
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen «Tokaý meliorasiýasy» atly ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby okyjylara gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň çaphanasynda çap edildi.

Saparmyrat Saparmyradowyň täze okuw kitaby 16 bapdan, 216 sahypadan ybarat. Kitapda meliorasiýa dersi barada umumy düşünje berilýär. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda kesgitlenen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek, Türkmenistanda tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmagy ýola goýmak üçin tokaýlaryň goralyp saklanylyşyny, peýdalanylyşyny, köpeldilişini kämilleşdirmek ýaly wezipeleri durmuşa geçirmekde zerur pikir-garaýyşlar kitapdaky temalardan eriş-argaç bolup geçýär. Kitapda bellenilişi ýaly, «melioratio» latyn sözi bolup, onuň türkmençe gös-göni manysy «gowulandyrmak» diýmekdir. Ýerleri sürüp, dökün bereniňde ýa-da özleşdiriji otlary ekeniňde-de olaryň ýagdaýyny gowulandyryp bolýar. Emma bu çäreleriň täsiri wagtlaýyn hem-de çäklidir. Ýerleriň ýagdaýyny düýpgöter gowulandyrjak bolsaň, olary meliorasiýalaşdyrmak zerurdyr. Diňe suwsuz ýerleri suwarmagy ýa-da artyk çygly ýerleri guratmagy guranyňdan soň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan işleri geçirmäge mümkinçilik döreýär. Ýerleri meliorasiýalaşdyrmak beýleki oba hojalyk işleri bilen aýrylmaz baglanyşykly. Diňe şu işler utgaşykly alnyp barlanda, doly netije gazanmak mümkin.

Meliorasiýa suwaryş, guradyş we medeni-tehniki meliorasiýalary, suwuň we ýeliň netijesinde ýerleriň bozulmagyna garşy göreşi, şor ýerlere hek bermegi we gipslemegi, agrotokaýmeliorasiýany öz içine alýar. Emma onuň esasy görnüşi suw-tehniki meliorasiýalarydyr. Kitapda tokaý melorasiýasy we onuň wezipeleri, oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň düzgüni, gidromodul we suwaryş ulgamynyň hasap suw mukdary, oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň usullary, aýratyn-da, ýagyş ýagdyryp suwarmak hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Onda Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň we dünýäniň beýleki sebitleri üçin oba hojalyk ekinlerini suwarmagyň düzgünlerine, usullaryna, suwaryş ulgamyny taslamagyň hem ulanmagyň şetrtlerine garalýar. Suwarymly ýerleriň şorlaşmagynyň sebäpleri, olara garşy göreş çäreleri hakynda giňişleýin durlup geçilýär.

Täze kitapda miweli baglary we üzüm agaçlaryny damjalaýyn usul bilen suwarmak, suwarymly ekerançylykda ýerleri tekizlemegiň ähmiýeti, agaçlar, gyrymsy agaçlar, meýdan gorag tokaý zolaklarynyň ähmiýeti, olaryň toparlara bölünişi hem-de köpeldilişi, tebigaty goramagyň ähmiýeti, çägede tokaý agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek, toprak eroziýasy hem-de oňa garşy göreş çäreleri hakynda bilim-düşünjeler jemlenendir. Şeýle-de ýerli suwuň akymyny ulanmak, suwaryş üçin suw çeşmesi, ýerleriň şorlamagynyň, batgalaşmagynyň öňüni almak hakynda maglumatlar giňişleýin, anyk beýan edilýär.

Tokaý we seýilbag hojalygy boýunça okaýan talyplar, şol ugurdan işleýän ylmy işgärler, professor-mugallymlar we hünärmenler bu okuw kitabyndan peýdalanyp bilerler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52