BELARUS DÖWLET AGRAR TEHNIKI UNIWERSITETI BILEN OKUW SAPAKLARY GURALDY
419«S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek boýunça 2024-2025-nji okuw ýyly üçin hereketleriň meýilnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Belarus döwlet agrar tehniki uniwersiteti bilen bilelikdäki okuw sapaklary yzygiderli guralýar. Golaýda bilim ojagymyzyň amaly mehanika kafedrasynyň uly mugallymy Jumanepes Hojanepesow türkmen we belarus talyplary üçin «Materiallaryň garşylygy» dersinden «Süýnme we gysylmada inženerçilik konstruksiýalarda statik kesgitlenmeýän ulgamlar» atly temada umumy okuw sapagyny geçdi.
Onlaýn okuw sapagynda oba hojalyk, senagat we raýat gurluşygyna degişli gurnawlaryň hasaplanyş usullary giňden beýan edildi. Inženerçilik hasaplamalarynyň ähmiýeti we wajyplygy mysallar arkaly düşündirildi. Statik kesgitlenmeýän ulgamlary hasaplamagyň usullarynyň üstünde giňişleýin durlup geçildi.
Daşary ýurtly professor-mugallymlardyr talyplar sapaklara işjeň gatnaşyp, gyzykly sowallar bilen ýüzlendiler we pikir alyşdylar.