«AKYL GIŇIŞLIGI» ATLY ZEHIN BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI
5132025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tassyklanan meýilnamalara laýyklykda, 19-njy martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Akyl giňişligi» atly zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň her fakultetinden 6 adamdan ybarat 1 topar gatnaşdy.
Bäsleşigiň sowallary, esasan, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa, edebiýat, taryh dersleri bilen baglanyşykly hem-de zehin sowallaryndan ybarat boldy. Bäsleşýän toparlaryň her duşuşygynda 11 sowal berlip, hersine pikirlenmek üçin 60 sekunt wagt berildi.
«Akyl giňişligi» zehin bäsleşiginde oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň topary 1-nji orny eýeledi we göçme kuboga mynasyp boldy. 2-nji orna agroekologiýa fakultetiniň, 3-nji orna bolsa gidromeliorasiýa fakultetiniň toparlary eýe boldular.
Çekeleşikli geçen bäsleşik talyplaryň zehinini açmak, pikirleniş ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak babatda örän netijeli boldy.