YLMY IŞLER

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary girdejili pudaga öwürmek, önümçilige ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny hem-de iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak barada öňde goýan wezipelerine laýyklykda, uniwersitetimizde häzirki wagtda oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezi we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary bilen bilelikde “Ahalteke atlaryny milli at üstündäki oýunlara saýlap almagyň we seýislemegiň tehnologiýasyny işläp düzmek” atly tema boýunça Ahalteke atlarynyň milli at üstündäki oýunlara seýislenilişiniň beýleki at tohumlaryndan aýratynlyklaryny, olaryň düşbiliginiň, syzgyrlygynyň, eýesiniň görkezmelerine boýun bolşunyň hem-de reňk aýratynlyklarynyň oýunlaryň ýerine ýetiriliş hiline edýän täsiri öwreniler. Ahalteke atlarynyň milli at üstündäki oýunlary bilen baglanyşykly ylmy barlaglar ilkinji gezek alnyp barylýar.

“Atlar üçin baýlaşdyrylan iým garyndylaryny öndürmegiň we ulanmagyň netijeli ýollaryny öwrenmek” atly tema boýunça ýerine ýetirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde atlar üçin “Kuwwatly” iým garyndysy öndürildi we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda önümçilik synagy geçirildi. "Kuwwatly" iým garyndysyny öndürmegiň tehniki şertleri "TÜRKMENSTANDARTLARY" Baş döwlet gullygy tarapyndan resmileşdirildi.

“Botanika bagynyň mysalynda ösümlikleriň kadastr hasabyny almagyň sanly ulgam bazasyny işläp düzmek” atly tema boýunça Türkmenistanda ilkinji gezek ösümlikleriň kadastr hasabyny almagyň sanly maglumatlar bazasynyň programma üpjünçiligi işlenip düzülýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň ösümlikleriniň görnüşleri sanly maglumatlar bazasynda hasaba alnar. Ýagny bu ylmy işiň netijesinde ösümlikleriň kolleksiýasynyň ylmy taýdan gymmatlygy, olaryň resminamalarynyň takyklygy bilen anyklanar, olaryň biologiki – botaniki aýratynlyklary, ýaýraýyş arealy, tebigy gorlary öwreniler, resmileşdiriler we ösümlikleriň taksonomiki sanawyny, foto maglumatlaryny hem-de gerbarizasiýasyny öz içine alýan maglumatlaryň elektron bazasy dörediler. Bu ylmy işiň netijesi geljekde Türkmenistanyň florasynyň ösümlikleriniň kadastr hasabyny almakda sanly maglumat bazasyny ulanmagyň ähmiýetini açyp görkezer.

Uniwersitetimiziň ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek hem-de ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary ylmy işlere ugrukdyrmak maksady bilen ugurdaş ylmy-barlag institutlaryň bölümleri bilen bilelikde oba hojalygynyň möhüm ugurlary boýunça ylmy işleri ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde “Ýaş Agrohimik” atly ylmy gurnagy döretmek barada şertnama tassyklanyldy. Häzirki wagtda bu ylmy gurnagyň esasynda uniwersitetimiziň kafedralarynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda Himiýa instituty bilen hyzmatdaşlykda ylmy barlag işleri alnyp barylýar. Olardan “Oba hojalygynda ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy” atly tema boýunça guşçylyk fermalarynda emele gelýän zyýanly galyndy bolan towuk dersini gaýtadan işläp, galyndysyz tehnologiýanyň esasynda ekologiki arassa, ykdysady taýdan amatly, täsiri uzak wagtlap dowam edýän, topragy gurplandyrýan we gumus bilen baýlaşdyrýan organomineral dökünleri alyndy. Häzirki wagtda ylmy barlag işiniň netijelerini “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde önümçilige ornaşdyrmak işleri geçirilýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 3-nji ýyl talyby Amanow Kadyr bu ylmy işiň ýerine ýetirilişinde işjeň gatnaşdy we ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginde baýrakly II orna mynasyp boldy.

“Ýyladyşhanada topraksyz şertlerde gök ekinleri ösdürip ýetişdirmekde tebigy serişdeleri peýdalanmak” temasy boýunça ýyladyşhanada topragyň ornuna ulanylýan daşary ýurtlardan getirilýän kokopitiň deregini tutup biljek ýerli serişdelerden taýýarlanan substratlarda dürli ylmy barlag synaglary alnyp barylýar.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde “Türkmenistandaky tebigy seolitiň bedeneleriň ösüşine ýetirýän täsiri” we “Lagym çykyndylaryndan ösümlikler üçin iýmitlik erginini almak” atly temalar boýunça ylmy barlag işleri geçirilýär.

Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň arasynda ylmy barlag işlerini bilelikde alyp barmak boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Bu şertnamanyň esasynda esasynda KAS-32 kysymly suwuk azot dökünini öndürmegiň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Häzirki wagtda uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygynda KAS-32 kysymly suwuk azot döküni gowaça we güýzlük bugdaý ekininlerinde synag edilýär.

Ondan başga-da, “Türkmenylymsuwtaslama” institutynyň alymlary bilen bilelikde ýerine ýetirilýän “Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň suw we serişde tygşytlaýjy täze tehnologiýasyny işläp düzmek” we “Suwaryş ulgamlarynda suw ýitgileri we olara garşy çäreler” atly ylmy-barlag işlerini belläp geçmeli. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Şorgala” daýhan birleşiginde “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň tejribe hojalygynda gowaça ekininde damjalaýyn suwaryş usulynyň suwaryş düzgüni işläp düzmek boýunça geçirilen ylmy barlag işinde Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Annaýew Annageldi işjeň gatnaşdy we ýerine ýetiren ylmy barlag işiniň netijeleri boýunça ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, baýrakly II orna mynasyp boldy.

Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde “Maldarçylyk” we “Weterinariýa” bölümleri hem-de hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Epizootologiýa” we “Ýüň we deri” barlaghanalary hereket edýär.

Merkezde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde 11 sany temadan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Merkezde mallaryň aýratyn howply, ýokanç brusellýoz keseline garşy sanjym waksinasynyň, bu keseli anyklamak üçin antigenleriň ýeterlik mukdary öndürilip ýurdymyzyň maldarçylyk hojalyklary bu bioserişdeler bilen doly üpjün edilýär. “Epizootologiýa” ylmy barlaghanasynda “Brusellýoz antigenini taýýarlamagyň biotehnologiki usullary” atly ýerine ýetirilýän ylmy barlag işiniň netijesinde oba hojalyk mallarynyň brusellýoz keselini anyklamak üçin antigeniň taýýarlanyş biotehnologiki usullaryny kämilleşdirmek we ýerli çig mallary ulanyp özüne düşýän gymmatyny peseltmek, brusellýoz keselini diňe ganda dälde, süýtde hem anyklamak üçin niýetlenen antigeni işläp düzmek hem-de kesele garşy göreş çärelerini kämilleşdirmek başartdy. Antigen kämilleşdirlen tehnologiýa boýunça taýýarlanylanda özüne düşýän gymmaty analoglar bilen deňeşdirilende 13,18 esse arzan düşýändigi kesgitlenildi. Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň “Epizootologiýa” barlaghanasynyň ylmy işgäri Taýew Merdan bu ylmy işi bilen ýaş alymlaryň ylmy işler boýunça bäsleşigine gatnaşyp baýrakly I orna mynasyp boldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti bilen ýurdumyzda oba hojalygyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan işleri ylmy esasda gurmak, ylmyň gazanan soňky dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini bilelikde ýerine ýetirmek we onuň netijeliligini artdyrmak ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda hepdäniň her şenbe güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň proffesor-mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ylmy barlag edaralarynyň ylmy işgärleriniň, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda oba hojalygyň dürli ugurlaryna degişli temalar boýunça çykyşlar diňlenilýär, şol ugurda tejribeli alymlar, telekeçiler, daýhanlar öz tejribelerini paýlaşýarlar we ýüze çykýan meseleleri çözmegiň ugurlary barada pikirler alyşylyp, teklipler edilýär.

Ylmy makala