MAGTYMGULY DIÝIP ADYM TUTSALAR

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alym, professor mugallymlarynyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesini özünde jemleýän we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen «Maldarçylygyň tohumçylyk işi we genofondy» atly okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynda ýurdumyzda, şeýle hem dünýäde maldarçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy, maldarçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, bu pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, maldarçylygyň dürli görnüşlerinde we tohumlarynda seleksiýa-tohumçylyk işini alyp barmagyň genetiki esaslary, seleksiýanyň esasynda mallaryň önümlilik we tohumlylyk alamatlaryny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara degişli ylmy maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Kitap oba hojalygy ugrundan ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde maldarçylyk hünäri boýunça okaýan talyplar, şol hünär boýunça okadýan mugallymlar we bu ugurda işleýän hünärmenler, ylmy işgärler, oba hojalykçylar we fermerler üçin niýetlenendir. Okuw kitabynyň awtorlarynyň biri hem S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň baýry mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Çary Hanazarowdyr. Ol bu okuw gollanmasynyň ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny has-da ösdürmekde, onuň işini ylmy esasda we döwrebap ýola goýmakda, kämilleşdirmekde, maldarçylyk ugrundan bilim alýan talyplaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen belleýär hem-de maldarçylykda dünýä tejribesini öwrenmäge we bu ugurdan bilim alýan ökde hünärmenleri ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ösüşler bedew bady bilen belentliklerden- belentliklere tarap aýdyň ýollar bilen öňe barýar. Munyň şeýledigini ýurdumyzda amala aşyrylýan işlerde hem görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ähli pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ylyma, bilime, medeniýete, edebi we medeni mirasymyzy ösdürmäge we olary gelejekgi nesillere ýetirmäge hem-de dünýä ýaýratmaga aýratyn üns berýär. Türkmen edebiýatynyň, medeni mirasynyň ösmegine, dünýä medeniýetine, dünýä edebiýatyna uly goşant goşan nusgawy şahsyýetlerimiz örän kän. Şolaryň iň görnüklileriniň biri hem beýik söz ussady, ynsan kalbynda öçmejek yz galdyran, akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen şeýle şahsyýetleriň ömrüni, döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga giň ýol açyldy. Ählimize mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyzyň ýörite 2012-nji ýylda gol çeken karary esasynda, 2014-nji ýylda Beýik akyldaryň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy uly dabaralara beslenip, guramaçylykly bellenip geçildi. Şonuň üçin 2014-nji ýyl ýurdumyzda “Magtymgyly Pyragynyň ýyly” ady bilen ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilen şöhratly ýyllaryň biri hökmünde Garaşsyz döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ýyllaryň biri boldy. Şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem goňşy döwletlerimizde we doganlyk halklarymyz tarapyndan hem uly baýramçylyk hökmünde bellenilip geçildi.

Şu 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Beýik akyldar, belli söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-nji ýylda bellemek hakynda karara gol çekmegi ähli Türkmenistanlylary, beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleri hem-de bütin Magtymgulyşynaslary diýseň begendirdi.

Beýik akyldaryň döredjiligine, edebi mirasyna şeýle uly hormat goýulmagy ýöne ýere däl. Sebäbi Beýik söz ussady Magtymguly diňe bir ХVIII asyr türkmen edebiýatynyň täze bir döwre gadam basmagyna, ony ösdürmäge uly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä edebiýatyna hem uly goşant goşan şahyr diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Sebäbi dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleri, edebiýaty öwrenijiler, belli jahan keşdeler hem Magtymguly Pyraga onuň döredijiligine uly sarpa goýupdyrlar hem-de onuň, ýagny Beýik akyldaryň ähli döwürleriň we köňülleriň şahyrydygyny aýratyn belläp geçipdirler. Bular dogrusynda belli gündogary öwreniji rus alymlary Ý.E.Bertels, A.N.Samoýlowiç,B.B.Bartold, belli syýahatçy, Wenger alymy German Arminiý Wamberiý (1832-1913) aýratyn belläp geçýär.

Beýik Akyldaryň ömri we döredijiligini çuňňur öwrenmek üçin ilki bilen onuň ýaşan döwrüni bilmek zerur.

ХVIII asyr diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem bütin Merkezi Aziýa halklarynyň hem taryhynda çylşyrymly syýasy wakalaryň döwri boldy. Bu döwrüň türkmen halkynyň sosial durmuşyna örän uly täsiri dogrusynda Hormatly Prezidentimiz aýratyn belläp geçýär.

“ХVIII asyrda Magtymgulynyň öňe süren “türkmen taýpalary birleşmeli” diýen düýpli sosial pikiriniň amala aşmagy üçin uly päsgelçilik bardy. Bu asyrda taýpalarynyň her biri aýry-aýrylykda öz ýoluny agtarýardy, taýpalaryň arasynda agzalalyk güýçlendi. Milli döwletiniň ýoklugy, bu taýpalaryň her ýerden pena agtaryp ýörmegi olaryň agzalalygyny artdyrýardy, olary biri-birinden daşlaşdyrýardy”

Dogrudan hem bu döwür örän çylşyrymly bolupdyr. Ilki Eýranda Nedir şa soňra bolsa Owganystanda Ahmet Dürranynyň şalyk süren döwürlerine gabat gelýär. Ýöne muňa seretmezden türkmen topragynda Magtymguly ýaly dünýä belli akyldar, beýik söz ussady, hakdan içen şahyr döräpdir. Şeýle şahsyýetiň kemala gelmeginde meger hem türkmeniň “Ata kespi-ogla halal” diýen pähiminiň,şahyryň kakasynyň we atasynyň yhlasly zähmeti, atalyk terbiýesi uly rol oýnan bolsa gerek. Magtymgulynyň atasy Magtymguly Ýonaçy bolup, ol 1654-1720-nji ýyllar aralygynda ýaşap Ýonaçylyk we zergärçilik hünärlerinden baş çykarýan, öz döwrüniň sowatly adamy bolupdyr. Şahyryň kakasy Döwletmämmet Azady bolup, ol 1700-1760-njy ýyllarda ýaşap geçipdir. Ol hem döwrüniň iň sowatly adamy bolup, çaga okatmak bilen meşgullanypdyr. Onuň Azadydan başga “Garry molla” lakamy hem bolupdyr. Azadydynyň “Wagzy-Azat” esri hem dünýä edebiýatynda uly meşgurlyga eýedir. Şahyr özi barada “Äleme bellidir” şygrynda giňişleýin şeýle beýan edýär.:

”Bilmeyen soranlara aýdyň bu garyp adymaz,
Asly gerkez,ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.”

Magtymguly Pyragy ilkinji sapagy kakasy Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Soňra öz döwrüniň sowatly adamy, kakasna hem ilkinji sowat öwreden Nyýaz Salyh molladan alypdyr. Soňra “Idrisbaba”, “Gögeldäş” medreselerinde okapdyr. Şondan soňra, şol döwürde Merkezi Aziýada iň bir abraýly medrteseleriň biri bolan Hywadaky “Şyrgazyhan” medresesinde okapdyr. Bu barada şahyr özüniň “Gözel Şyrgazy” şygrynda giňişleýin beýan edýär.

Indi Magtymgulynyň döredijiliginiň tematiki aýratynlyklary barada aýdylanda ol örän köpugurly bolupdyr. Sebäbi Beýik akyldar örän sowatly, köp bilimlerden, ylymlardan şol sanda ylahy ylymlardan hem baş çykarýan adam bolupdyr. Ony “Jemşidiň jamyna” deňemekleri ýöne ýere däl. Magtymguly Pyragy özünden öňki döwürlerde döredilen halk döredijiligini, rowaýatlary, dürli eserleri üns edip öwrenipdir we ýazyjy şahyrlaryň, akyldarlaryň eserlerini, döredijiligini, ömür beýanyny giňden öwrenipdir. Olaryň ählisini hem özüne halypa saýypdyr. Öň belleýşimiz ýaly öz kakasyny ilkinji halypasy hasaplapdyr. Şeýle-de Gündogaryň beýik akyldarlaryna uly sarpa goýup, olary özüne halypa tutunyp özüniň “San bolsam” goşgusynda şeýle diýýär:

Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany
Firdewsi, Nyzamy, Hafys perwany,
Jelaleddin Rumy, “Jame ul-many”
Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam.

Şeýle-de, Nurmuhammet Andalybyň döredijiligi we şahyrana eserleri, esasan hem “Zöhre Tahyr” dessany beýik akyldaryň döredijiligine hem uly täsir edipdir. Magtymguly Pyragynyň özi hem ussat halypa, görelde mekdebi bolupdyr. Şahyryň mekdebinde diňe bir onuň şägirtleri okap ondan öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ol mekdepde tutuş halk okaýa diýsek hem hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Sebäbi bütin türkmen halky, hat-da doganlyk halklaryň wekilleri hem akyldar şahyryň şygyrlaryny, öwüt-ündewlerini höwes bilen okap, olary özlerine ýol-ýörelge edinýärler. Munuň şeýledigine doganlyk halklaryň edebiýatynda, aýdymlarynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň aýdylmagy hem şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň asyrlar dowam etjekdigine öňdengörüjilik bilen öz döwrüniň söz ussady, Durdy şahyr: “Meniňkini ýel alar, sil alar, seniňkini-il alar” diýip welilik bilen belläp geçipdir. Dogrudan hem Magtymguly Pyragy özünden soňky nusgawy şahyrlara görelde halyplayk mekdebini goýan akyldardyr. Sebäbi ХIХ asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili we Annagylyç Mätäji Magtymguly Pyragyny özüne halypa hasaplap, onuň döredijiliginiň hersi özüne degişli ugurlaryny saýlap alypdyrlar. Mysal üçin: Yşk mülküniň şasy Mollanepes özüniň ajaýyp şygyrlaryny ussat halypasynyň söýgi lirikasyndan ugur alyp döreden bolsa, Seýdidir, Zelili akyldaryň Watançylyk temasyny özlerine ugur edip seçip alypdyrlar. Şahyryň döredijiliginiň köpugurlylygy barada we oňa goýulýan sarpanyň beýikligi barada Keminäniň aýdanlaryny getirmek has ýakymly bolsa gerek.

Keminä ýüzlenip: Eý molla Kemine! Şahyrçylyk bilen nädýärsiň, goşgy hasylyny alyp ýetişip bilýärmisiň?” diýip sorag berýär. Şonda Kemine: “Magtymguly şahyrçylyk meýdanynyň oragyny orup gitdi. Biz diňe hoşasyny çöpleýäris “ diýip jogap gaýtarýar.

Ine şu ýokardaky aýdylanlardan görşümiz ýaly Magtymguly diňe bir ugurdan ýa-da bir temadan eser döretmän eýsem beýik söz ussady, akyldar şahyr bolupdyr. Muňa şahyryň goşgularynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolar:

“Mert bolmaz”goşgusynda
“Sözlegin bileniň tilden,
Bilbil aýra düşse gülden
Eşit adam dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz” diýip
Watan gymmatlygy barada aýtsa.

“Durasyn geler” goşgusynda.
“Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyn geler;
Edepli-ekramly mylaýymzada
Tä ölünçäň, bile ýöresiň geler” diýip edep-ekram hakynda aýdýar.
Ýa-da “Nas atan” goşgusynda:
“Nas atanlar hondan bärsi çak eder,
Ýagşy, ýaman eden işin hak eder,
Akar durar üsti-başyn pok eder,
Senden gaçar deňi-duşun nas atan”

“Çilimkeş” goşgusynda bolsa:
“Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňgüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur senden, çilim keş”

-diýip erbet endiklerden, neşekeşlikden, çilimkeşlikden daşda bolmalydygyny ündeýär. Bu goşgularyň hem häzirki zaman ähmiýeti örän ulydyr. Ýaşlary arassa ahlakly, berk bedenli, sagdyn, halkyna we Watanyna, Hormatly Prezidentimize wepaly ruhda terbiýelemekde bu işleriň ähmiýeti örän ulydyr.

Hemra Kakajanow
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdüri