BALARYNYŇ PEÝDASY


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe güneşli ýurdumyzda balaryçylyk oba hojalygynyň çalt ösýän, girdejili, möhüm pudagyna öwrüldi. Çünki bu pudak ilaty gymmat bahaly tebigy-azyk iýmiti bolan bal bilen, derman senagatyny bolsa zerur çig mallar bilen üpjün edýär. Oba hojalyk ekinlerini tozanlandyryp, olaryň hasyllygyny artdyryp, döwlete uly ykdysady peýda getirýär. Ýurdumyzyň tebigy-howa şertleri, ýyly günleriň köp dowam etmegi, dürli gülli ösümliklere baý tebigatymyz bu pudagy ýokary depginler bilen has ynamly, döwrebap ösdürmäge doly mümkinçilikleri döredýär.
Balary ösümlikleriň güllerini tozanlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak peýdaly işleri bitirýär. Şire we tozanjyk berýän gülli ösümlikleriň 80 göterimini mör-möjekler tozanlandyrýar. Şonuň hem 80-90 göterimini balarylar tozanlandyryp, galan 10-20 göterimi beýleki mör-möjeklere degişlidir. Ýokary derejede balarylary bilen tozanlandyryş geçirilende ösümlikleriň ortaça hasyllylygy 20-25 göterime çenli artyp, onuň hiliniň ýokarlanmagyna, şeýle-de erik, alma, şetdaly, gawun-garpyz we beýleki ekinleriň miwesiniň örän tagamly bolmagyna ýardam edýär.
Balarylary uly maşgala bolup ýaşaýarlar. Her maşgalada 40000-90000 töweregi ary bolýar. Olaryň iýmiti esasan gül şireleri, tozanjyklar bolup, iýmit gözlegine çykanlarynda her günde 10 gezek uçuş edip, 100-150 güle gonýarlar we bir kilogram bal öndürer ýaly şiräni ýygnamak üçin balarylary azyndan 5 million güle gonmaly bolýar. Ol gülleriň şiresinden bal haltasyny doldurýar we tozanjyklary bolsa artky aýajyklaryndaky sebetjiklerinde getirýär. Balarylary ir ertirden giç agşama çenli gülden güle gonup, bal ýygnaýar. Bir balary maşgalasynyň bir günde giden gülli meýdany, gowaçany tozanlandyrýandygyny göz öňünde tutsak, olaryň berýän peýdasynyň juda uludygy öz-özünden düşüniklidir. Balary maşgalalary ekin meýdanyna näçe ýakyn goýulsa gülleri tozanlandyryşy-da, bal ýygnaýşy-da ýokary bolýar.
Döwletimiziň esasy baýlyklarynyň biri bolan gowaçadan ýokary hasyl almak üçin beýleki agrotehniki çäreler bilen bir hatarda ony tozanlandyrmagyň hem ähmiýeti örän uludyr. Gowaça öz-özünden tozanlanýan ösümliklere degişli bolsa-da, balarylaryň kömegi bilen tozanlandyryş geçirilse, gozasynyň agramy 12-18 göterim, çigidiniň agramy 3-8 göterim we pagta süýüminiň agramy 40 göterim agyr bolýandygy, hasylyň 5-9 gün ir ýetişýändigi, hasyllylygyň 24-33 göterim ýokarlanýandygy geçirilen ylmy-barlaglar bilen anyklanyldy.
Gowaça gülünden balarylary diňe şire ýygnaýar. Gowaça gülüniň şire berijiligi onuň sortuna görä bolýar. Balarylarynyň orta süýümli gowaçanyň her gektardan 100, inçe süýümli sortundan bolsa 300 kilograma çenli ýokary hilli şire ýygnanýandygy subut edildi.
Balarylary medeni ösümlikleri tozanlandyrmakdan getirýän peýdasyndan başga-da, olar ynsan üçin iň ýokumly, tebigy derman bolan bal, senagatda, lukmançylykda ulanylýan mum berýär. Balarynyň süýtjagazy we ary zäheri bolsa dürli keselleri bejermekde – dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýar. Balary önümleriniň ählisi diýen ýaly keselleri bejeriş häsiýetine eýedir. Balarynyň ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän medeni ekinlerinden başga-da, çöllük, baýyrlyk, daglyk we çemenlik ýerlerinde ösýän ýabany ösümlikleri tozanlandyrmakda getirýän peýdasyny hasaplap çykarmak mümkin däl. Şeýle lezzetli, dermanlyk häsiýeti güýçli bolan iýmit çeşmesini döredýän balaryçylygy has-da ösdürmek möhümdir.
Ary üçin ekinem gerek, giň meýdanam, bagam, bakjada. Ýurdumyzy bagy–bossanlyga, gülzarlyga öwürmek barada taýsyz tagalla edip gelýän Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýdy. Ýurdumyzda ekilýän ekinleriň meýdanynyň we görnüşiniň artdyrylmagy, täze tarp ýerleriň açylmagy, gök guşak zolaklarynyň barha giňemegi balaryçylyk pudagynyň ösmegine has amatly şertler döredýär. Şonuň üçin–de telekeçilik, hususyýetçilik bilen meşgullanyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmeklige özleriniň mynasyp goşandyny goşup gelýän balçylaryň işleri Bagtyýarlyk döwründe has rowaç alýar.
Mergenowa Merjen