Sanly ulgam-döwrüň talaby


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz ajaýyp üstünlikleriň, beýik ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde ilatymyz bagtyýar durmuşda ýaşap, ajap döwrüň hözirini görýärler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysadyýeti sanlaşdyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri dünýä tejribesine esaslanyp alyp barmaklyk ugrunda häzirki wagtda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklandy.
Ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlary ylyma-bilime has-da höweslendirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen ýurdumyzda “Sanly çözgüt-2021” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige 250-den gowrak taslama işi gatnaşyp olaryň içinden has tapawutlananlary diplomlardyr, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bäsleşige biziň ýokary okuw mekdebiziň hem talyby M.Annaorazow gatnaşyp bäsleşigiň oba hojalyk ugry boýunça baýrakly II orna mynasyp boldy. Uniwersitetimiziň Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy W.Batyrowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylyp, alnyp barylan taslama işi eminler tarapyndan gowy bahalar berildi. Onuň bäsleşige hödürlän taslama işi “Sanly ýyladyşhana” diýlip atlandyrylyp, taslama işiniň wajyplygy ýurdumyzdaky hereket edýän ýylsadyşhanalary internet ulgamyndan peýdalanyp uzak aralykdan awtomatiki usulda dolandyrmak we gözegçilikde saklamak, ekinleri ekologiki taýdan arassa derejede ösdürip ýetişdirmekde we ýokary hasyl almakda agrotehniki kadalary berjaý etmek (howanyň temperaturasynyň, çyglylygynyň, ýagtylygynyň, suwaryş ulgamynyň we onda ulanylýan dökünleriň takyklygyny gazanmak) we ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän ekinlere edilen idegler barada maglumatlaryň bazasyny döretmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem ýyladyşhanadaky ähli ýagdaýlara online ýagdaýda monitoring edip bilmek mümkinçiligi, takyk hasabatyny ýöretmek, maglumatlary üýtgedip, goşup we ýükläp almak, ýyladyşhanada gurnalan ýörite datçikleriň kömegi bilen ýyladyşhanadaky ýagtylygy, ýylylygy, howasynyň çyglylygy, dökün üçin niýetlenen çeleklerdäki dökünleriň mukdary barada maglumatlary ýörite web programmanyň üsti bilen dolandyryp bolýar. Talybyň ýerine ýetiren işi ýyladyşhananyň mysalynda bolup, arduino platasynyň üsti bilen ýyladyşhananyň howa maglumatynyň (ýylylyk, çyglylyk), ýagtylyk derejesiniň, harçlanylýan her bir döküniň möçberiniň, suwaryş yzygiderliginiň we beýleki zerur maglumatlaryň takyk görkezijilerine gözegçilik etmek, ekilýän ekiniň görnüşine laýyklykda üýtgetmek, görkezijileriň maglumatlar bazasyny döredip berlen sene aralygynda(aýlyk, ýyllyk, günlük) hasabat döretmeklige mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýyladyşhandaky goýberilen säwlikleriň çalt ýüze çykarylmagyna we düzetmeklige mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak, döwrüň talabyna laýyklykda, olaryň degişli milli we halkara ölçeglerine kybap gelmegini üpjün etmek meseleleri örän wajypdyr.Ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar we durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň ýokary ahlakly, ylymly-bilimli, watançy ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.
Kadyrow Ýunus.
Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi