Magtymguly sözlerim saza goşsam uz bolar

2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçirilýän, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky permana gol çekmegi bütin türkmen halkyny, esasan hem biz mugallymlary, pedagoglary diýseň begendirdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir türkmen jemgyýetinde, durmuşynda, şol sanda dünýä edebiýatynda hem düýpli öwrülişik bolman, eýsem, türkmen bagşyçylyk sungatynda hem has äşgär ýüze çykypdyr. Sebäbi Magtymguly Pyragy öz şygyrlaryny halka düşnükli dilde ýazyp, özünden soňraky nusgawy şahyrlara hem görelde görkezipdir. Onuň dürli temalardan ýazan sada, saza gelip duran, üstesine-de akyl-paýhasa ýugrulan goşgulary il içine örän çalt ýaýrap, teşne kalplara siňipdir we ruhlary ganatlandyrypdyr. Magtymguly Pyragynyň eserleri bagşylaryň repertuarynda diňe bir tirme aýdymlar bolup ýaňlanman, eýsem, dessançylykda hem uly orny eýeläpdir. Magtymgulynyň “Ýaranlar”, “Kepderi” we “Ýerbe-ýer geçdi” şygyrlary munuň aýdyň mysaly bolup biler. Magtymgulynyň şygyrlaryny, onuň goşgularyndan aýdylan aýdymlary diňe bir türkmenler ýa-da Türkmenistanlylar aýtmak bilen çäklenmändirler, eýsem goňşy we doganlyk halklaryň bagşylary hem aýdypdyrlar. Esasan hem Özbegistanyň we Garagalpagystanyň bagşylary uly joşgun bilen aýdypdyrlar, halk köpçüligi hem Magtymgulynyň şygyrlaryny, olardan saza goşulyp aýdylan aýdymlary teşnelik bilen diňläpdirler. Hat-da XX asyrda hem Magtymgulynyň goşgularyny bagşylar uly höwes bilen ýerine ýetiripdirler.Goňşy we doganlyk halklarynyň bagşylarynyň köpüsi öz aýdymlarynyň esaslaryny Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan aýdypdyrlar. Ýene-de bir bellemeli zat diňe bir halk köpçüligi däl, eýsem goňşy döwletler bolan Eýranyň şalary we Hywanyň hanlary hem Magtymgulynyň goşgularyny olardan aýdylan aýdymlary hem-de türkmeniň şa dessanlaryny ýörite diňläpdirler. Bar bolan maglumatlara görä, Hywa hanlarynyň birine Hoja bagşynyň “Görogly” şa dessanyndan aýdan birnäçe şahalaryny diňlemek miýesser edipdir. Şonda bagşynyň kükräp aýdýan dessanlaryny diňlän han: “Türkmenler batyr bolýar diýýärler weli, bulary batyr edýän bagşylary eken” diýipdir. Şu mysaldan görnüşi ýaly dessanlar, aýdymlar, şygyrlar ussatlyk bilen ýerine ýetirilende ynsana,onuň ruhy duýgularyna täsiriniň ululygy aýdyň açylyp görkezilýär. Esasy bellemeli zat “Görogly” şa dessany we Magtymgulynyň “Diwany” türkmen edebiýatynda çepeçiligiň hem-de ussatlygyň iň ýokary derejesi bolup durýar. Ýazyjy Osman Ödäýewiň beleýşi ýaly,halkyň, ýagny türkmen halkynyň, ylaýta-da, soňky üç asyrda gözellik duýgusyna täsir ediş güýji boýunça şu ikisi bilen bäsleşip biljek çeperçilik hadysasy türkmen edebiýatynda başga ýokdur. Magtymguly Pyragy diňe bir döwrüň däl,eýsem ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry. Magtymguly öz şygyrlarynyň şeýle uzak ýyllaryň döwamynda halkyň kalbynda baky saklanjakdygyny öňden görüjilik bilen belläp geçipdir. Ol bu babatda öz goşgusynda şeýle diýýär:

Magtymguly, sözle herne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň.
Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar.


Magtymguly diňe bir türkmen halkynyň ýa-da öz ýaşan döwrüniň şahyry däldir, ol ähli haklaryň şahyrydyr. Magtymguly geçmişiňem, häzirki döwrüňem, geljegiňem şygyrýet äleminiň Beýik akyldarydyr. Şahyryň çuňňur manyly çeper eserleri hiç wagt könelmeýär, öz ähmiýetini ýitirmeýär. Ol eserler her döwürde-de döwrüň esasy meselesini çözmeklige ýardam berip, jemgyýetiň ösmegini, öňe gitmegini üpjün edýän eserlerdir. Şol sebäpli Magtymguly Pyragynyň eserleri üstünden näçe asyr geçse-de, onuň many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti gitdigiçe öz ähmiýetini artdyrar. Bu barada B.M. Kerbabaýew şeýle ýazýar: “Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji rolyny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we özünden soň-raky geljege altyn hazyna galdyrdy”. (Magtymgulynyň ömri we döredijiligi Oraz Ýazymow Aşgabat 1992 ý., s-20) Şeýle-de Magtymgulynyň döredijiligine öňden görüjilik bilen uly baha berenleriň biri hem onuň halypasy, döwürdeşi Durdy şahyrdyr. Durdy şahyr Magtymgulynyň beýikligine şeýle baha beripdir: “Meniňkini ýel alar, sil alar, seniňkini – il alar”. Häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hem Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiliginiň giňden öwrenilip, onuň goşgularynyň halk köpçüligine ýetirilip durmagy we onuň şygyrlarynyň saza goşulup bagşylar tarapyndan yzygiderli aýdylmagy ýaş nesli Watançylyk ruhunda terbiýelemegiň peder nusgasydyr. Esasan hem teleýaýlymlarda “Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uz bolar” atly aýdym sazyň berilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Arkadag Prezidentimiziň: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesini türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýip bellemekligi, söz ussadyň il içindäki at-abraýyny açyp görkezýär. Meşhur akyldaryň edebi döredijiliginiň tematiki taýdan giň we köpgyraňly bolmagy, ynsanperwer, ahlak-etiki, jemgyýetçilik we ş.m meseleleriň aglabasyna jogap tapmaklyga ýardam berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ähli halka, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesle ýetirmek, düşündirmek biz mugallymlaryň mukaddes borjudyr.


S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdüri
Hemra Kakajanow