TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY GÜNÜNE BAGYŞLANYP YLMY – AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 14-nji maýynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli "Baş kanunym we ýaşyl baýdagym halkymyň goşa buýsanjy" atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat şu ýyl giňden bellenilýän dabaralara – Aşgabadyň şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlandy.

Maslahata Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, aspirantlary we talyplary, ýurdumyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Gatnaşanlaryň çykyşlarynda ýurdumyzyň konstitusiýasynyň diňe bir garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny hem kesgitländigi bellendi. Döwletimiziň aýrylmaz kanuny esaslary hökmünde Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlige, demokratiýa, adamzat, watançylyk we adalat isleglerini görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halky taryhy ösüşiň häzirki döwründe geçmiş bilen şu günüň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyga bil baglap, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň bähbidine oňyn başlangyçlary ynamly öňe sürýär hem-de durmuşa geçirýär, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine täzeçil çemeleşmäni görkezýär.

Ýurdumyzyň konstitusiýasy, döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, ähliumumy adamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini öz içine alýan çeýe hukuk guraly bolup, esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen, döwrüň talaplaryny we umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny göz öňünde tutup yzygiderli kämilleşýär.

Bilşimiz ýaly, geçen ýyl "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada" konstitusion kanuny kabul edildi. Milli mejlisiň iki palataly ulgamyna geçirilmegi we Halk maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň üýtgemegi ýurdumyzyň hukuk we syýasy durmuşynda aýratyn orun tutýar. Mundan başga-da, Hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagy, türkmen halkynyň Arkadagymyzda bolan belent ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.

Umumy mejlisde bilim ulgamynyň ösmeginde, döwlet doktrinasynyň, syýasy dürlüligiň we köp partiýaly ulgamyň kämilleşmeginde konstitusiýasynyň ähmiýeti, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän sosial-ykdysady strategiýasynyň we ylmy-tehniki syýasatynyň esasy ugurlary beýan edildi.

Milli Lideriň başlangyjy bilen jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan düýpli we hemmetaraplaýyn özgertmeleriň Türkmenistanyň bar bolan geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam mümkinçiliklerini doly açmaga hem-de peýdalanmaga gönüden-göni ýardam berýändigi bellendi. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, sanlaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitleri innowasiýalara esaslanyp senagatlaşdyrmaga we telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, dünýä bazarlarynda bäsleşip biljek önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösmeginden, ösen ulag, maglumat kommunikasiýa infrastrukturasynyň kemala gelmeginden başga-da, esasy hereketlendiriji güýç bolan ylym we bilim ulgamyna uly maýa goýumlary goýulýar. Saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, milletimiziň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine gönüden-göni täsir edýär.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki wagtda Watanymyzyň garaşsyzlygynyň esasy nyşany hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Ol BMG-nyň edara binasynyň baýdak sütüninde buýsanç bilen pasyrdap, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan edýär.

Uniwersitetde geçirilen maslahat bu şanly senäniň –ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly ähmiýetini, Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, garaşsyzlyk we hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk we agzybirlik, demokratiýa hem-de kanunyň rüstemligi ýaly döwletiň esas goýujy ýörelgelerini aýdyň görkezdi.

Umumy mejlisden soňra maslahat öz işini üç sany – “Döwlet mertebesi – watan baýdagy”, “Bilimli nesil-kuwwatly watan” we “Ylym-häzirki eýýamyň ösüş guraly” atly bölümlerde dowam etdi. Olarda hem degişli mowzuklar boýunça edilen çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Umuman, ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-den gowrak çykyşlar edilip, olaryň 24 sanysynyň ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolmagy, ýurtda geçirilýän oňyn özgertmeleriň, jemgyýet-syýasy we durmuş-ykdysady reformalaryň ýaşlaryň arasynda gyzgyn goldaw tapýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

A.Mollaýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalygy uniwersitetiniň mugallymy