Köňülleriň we döwürleriň şahyry

Magtymguly haçan doglupdyr?

Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda Magtymgulynyň durmuş we döredijilik ýoluny ylmy esasda öwrenmekde ep-esli işler edildi.Muňa seretmezden , taryhy çeşmeleriň gytlygy zerarly entek doly aýdyňlaşdyrylmadyk meseleler hem ýüze çykýar. Olaryň biride, şahyryň doglan we dünýäden öten wagtyny anyklamak meselesidir. Okuw kitaplarynda şonuň ýaly hem ylmy işlerde şahyryň doglan we aradan çykan ýyllary dürli-dürli berilse-de ,esasan,1733-1783-nji ýyllar getirilýär.Şol seneler wenger alymy A.Wamberiniň “Orta Aziýa syýahat” atly kitabynyň esasynda şahyryň terjimehaly bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, magtymgulyşynaslaryň birnäçesi bu senelere ikirjeňlenip başlaýarlar. Sebäbi, şahyryň şygyrlary bilen içgin tanşan mahalynda, şahyr baradaky halk arasyndan toplanan maglumatlary özleşdiren pursadyňda, Magtymguly 1733-nji ýyldan irräk doglup, 1783-nji ýyldan gijräk dünýäden öten bolaýmasyn diýen çaklama döreýär. Magtymgulynyň doglan hem aradan çykan ýyllary barada gelnen netijelere ikirjiňlenme bildirlenleriň biri hem akademik B.A.Garryýewdir. “Magtymgulynyň terjimehaly hakynda” atly makalasynda ol şeýle ýazýar: “Magtymgulynyň açyk haýsy ýyl eneden bolup, haýsy ýyl hem aradan çykanlygy mälim däl, sebäbi bu meselä degişli taryhy resminama galmandyr”. Belli alym R.Rejebow hem şahyryň durmuşy bilen bagly senelere ikirjiňlenip “Magtymguylynyň doglan ýylyny anyklamak ugrunda” diýen at bilen ýörite makala ýazypdyr. Şahyr bilen baglanyşykly berilýän 1733-1783-nji ýyllary professor Mäti Kösäýew hem “Edebiýat barada söhbet” atly kitabynda şübhe astyna aldy. Professor G.Geldiýew bolsa “Magtymgulynyň ýaşy barada” atly uly göwrimli makalasynda şahyryň ýaşy bilen baglanyşykly öň aýdylan pikirleri ylym eleginde eläp: “Magtymguly 1783-nji ýylda aradan çykypdyr” diýlip ýazylyp gelinýär. Emma munuň yrgadygyny ýokardaky subutnamalar görkezýär” diýen netijä gelýär. Şu setirleriň ýazary hem özüniň “Magtymgulynyň golýazmalaryny yzarlap...” atly kitabynda , Magtymguly baradaky ulanylyp gelnen 1733-1783-nji ýyl seneleriniň nädogrudygyny halk maglumatlarynyň , ilkinji nobatda bolsa şahyryň golýazmalarynyň mysalynda inkär etdi. XIX asyryň ortalaryndan başlap, Magtymgulynyň ömri we döredijiligi dogrusynda ýek-ýarym maglumatlar Ýewropa we rus metbugatyna aralaşyp başlaýar. Magtymgulyşynaslyk ylmynda şahyryň terjimehaly bilen baglanyşykly ilkinji iş hökmünde polýak ýazyjysy we alymy A.L. Hodzko-Boreýkonyň (1804-1891) “Populýar pars poeziýasyndan parçalar” ady bilen 1842-nji ýylda çap edilen kitaby mälim. Bu kitapda akademik A.N.Samoýlowiçiň juda jaýdar belleýşi ýaly, Magtymgulynyň hyýaly durmuş hakykaty bilen baglanyşmaýan terjimehaly we 3 sany goşgusy berlipdi. Onda şahyryň doglan we aradan çykan seneleri hakynda hiç hili maglumat berilmeýär. Mundan soňra 1863-nji ýylda wenger alymy A.Wamberi orta Aziýa syýahat edýär. Onuň Magtymgulynyň terjimehaly bilen baglanyşykly beren maglymatyny öňde getirpdik. Patyşa Rusiýasynyň kapitany F.A .Mihaýlow “Туземцы Закаспиской области и их жизнъ” atly kitabynda “Magtymguly liriki şahyr, gerkez tiresinden , mundan 100 ýyl töweregi ozal Etrekde ýaşan” diýip ýazypdyr. Bu hasap boýunça bolsa, şahyryň aradan çykan ýyly 1800-nji ýyllara gabat gelýär. Çünki F.A.Mihaýlowyň kitaby 1900-njy ýylda çapdan çykypdyr. Bu seneden 100 ýyly aýyrsaň bolsa, F.A.Mihaýlowyň Magtymgulynyň aradan çykdy diýen senesi bolýar. Belli alym D.Nuralyýew “Türkmen edebiýatynyň öwreniş taryhyndan” atly kandidatlyk dissertasiýasynda iňlis alymy G.K.Dallingyň “Türkmen diline giriş” atly makalasyndan aşaky salgylanmany getirýär: “...Gökleňler ähli tireler üçin ýeketäk beýik şahyr ,eserleri häzirem meşhur Magtymgulyny (doglan wagty 1735(?), ölen wagty çen bilen (1805) berdiler”. Türkmen edebiýatynyň öwreniliş taryhyny sünneläp öwrenen hormatly alym D.Nuralyýew öz dissertasiýasynda, D.D.Semýonowyň “Туркестанский край” atly kitabyndan Magtymguly bilen baglanyşykly aşaky setirleri getiripdir: “Поются часто песни национального поэта Махвумкули, умершего более 80 лет тому назад”. Bu hasap boýunça, Magtymguly 1805-1806-njy ýyllarda aradan çykan bolýar. Çünki kitabyň çapdan çykan 1887-nji ýylyndan 80 ýyly aýyrsaň, onda şahyryň aradan çykan döwri 1805-1806-njy ýyllara gabat gelýär. Bu bolsa iňlis alymy G.K.Dallingiň görkezen senesi bilen hem utgaşýar. Taryhçylar A.Garryýew bilen A.Roslýakow “Şahyr we onuň döwri” atly makalasynda anyk sene görkezmeselerde, şahyr XIX asyryň başynda aradan çykypdyr diýen netijä gelipdirler. Magtymgulynyň diwanyny 1912-nji ýylda Astrahanda neşir eden türkmen intilegensiýasynyň wekili Abdyrahman Nyýazy bolsa, kitaba sözbaşysynda şeýle diýipdir: “Magtymguly jenaplary türkmen kabylasyndan, gökleň taýpasyndan –gerkez tiresinden zuhur etmiş zamanamyzdan bir asyr (ýüz ýyl) mukaddemde ýetişgen bir şahyrdyr”. Abdyrahman Nyýazynyň aýtmagyna görä Magtymguly 1912-nji ýyldan 100 ýyl ozal ýaşapdyr. Magtymgulynyň ömrini we döredijiligini öwrenmeklige uly goşant goşan professor Mäti Kösäýew 1963-nji ýylda “Edebiýat taryhynyň käbir meseleri” atly kitabyny çap etdirip, onuň tas ýaryny diýen ýaly Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlapdyr. Kitapda Magtymguly bilen baglanyşykly täze maglumatlaryň hem birnäçesi ylmy dolanyşyga girizilipdir. Emma muňa garamazdan şahyryň durmuşy bilen baglanyşykly sowallara anyk jogap berilmeýär. Ol kitabyň başyragynda: “Magtymguly şolaryň (Azadynyň çagalarynyň –A.A.) üçünjisi bolup onuň doglan wagty takmynan 1733-nji ýyl, aradan çykan wagty hem 1790-njy ýyllaryň ahyrydyr” diýip ýazýar. Magtymgulynyň doglan ýylyna ikirjeňlenen alymlaryň biri hem R.Rejebowdyr. Ol Magtymgulynyň doglan güniniň 225 ýyllyk ýubileýi döwlet tarapyndan bellenilýän döwründe “Magtymgulynyň doglan ýylyny anyklamak ugrunda” atly makalsyny çap etdirýär. Makalada şeýle sözleri okaýarys: “Magtymgulynyň döredijilik şöhratynyň depesine çykan ýyllary häzirki owgan döwletiniň esasyny goýan Ahmet şa Dürranynyň patyşalyk eden döwrine gabat gelýär”. Şondan soň alym Ahmet Dürranynyň Nedir şa öldürlenden soň (1747)şalyk ugryndaky hereketlerini, Çowdur hanyň (gökleň hany, Magtymguly bu hanyň ölimine bagyşlap 4 sany elegiýa düzipdir.—A.A) we käbir beýleki türkmen han begleriniň bu hereketdäki goldawyny we niýetlerini yzarlaýar. Magtymgulynyň Ahmet şa bardaky garaýyşlaryny aýdyňlaşdyrýar. Şahyryň şygyrlaryny taryhy deliller bilen degşirip, Magtymguly häzirki kabul edilen seneden birneme öň dünýä inen bolaýmasyn diýen çaklamany sypaýyçylyk bilen öňe sürýär. Elbetde alymyň bu pikiri we getirýän dellileri Magtymguly 1733-nji ýylda irräk doglupdyr diýen pikire uýýan beýleki alymlaryň hem esas tutarygy. R.Rejebowyň “Magtymgulynyň döredijilik şöhratynyň depesine çykan ýyllary häzirki owgan döwletiniň esasyny goýan Ahmet şanyň horasan ugrundaky söweşleriniň ýyllaryna (1752-1755) gabat gelýär” diýmekligi (eger şol döwirdäki resmi 1733-nji senä ynanylsa ,Magtymguly 20 ýaşlarynda bolýar) köp manylydyr. Magtymgulyşynaslaryň şahyryň ýagty jahana gelen senesi barada ikirjeňlenmeginiň ýeterlik sebäbi bar. Näme üçin biz Magtymgulynyň 1733-nji ýylda doglany hakyndaky pikire ynamsyz garaýarys? Onuň birnäçe sebäbi bar. 1-nji sebäp : Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen pikir A.Wamberiniň öňde ýatlanyp geçilen sözleri esaynda peýda bolupdyr.Soňky döwriň barlaglary A.Wamberiniň beren maglumatynyň ynamsyzlygyny , has takygy , Magtymgulynyň 1783-nji ýylda dälde , has gijräk aradan çykanlygyny tassyklaýar. 2-nji sebäp: Magtymgulynyň “Atamyň” goşgusynyň tekstologik derňewi Döwletmämmet Azadynyň 1696-njy ýylda doglup , 1760-njy ýylda , 65 ýaşynda aradan çykanlygyny tassyklaýar. Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen çaklamanyň döremegine Azady 1700-1760-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir diýen nädogry pikir hem belli derejede täsir etdi. 3-nji sebäp: Soňky döwrüň ylmy derňewleri Magtymgulynyň 80 ýaşdan aşyp dünýäden ötendigini ykrar edýär. Eger şeýle bolsa , onda Magtymguly 1733-de doglupdyr diýen pikire gol ýapsaň, ol 1813-nji ýyldan soň dünýäden öten bolmaly. 4-nji sebäp:Magtymgulynyň döwriniň syýasy wakalaryna seslenýän şygyrlary bu senä gabat gelmeýär. Biz nämä esaslanyp şahyryň döwriniň syýasy wakalaryna bagyşlap ýazan goşgulary Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen pikiri tassykalanok diýýäris? Magtymgulynyň Muhammethasan hana (1715-1759ý.fewral) bagyşlap ýazan “Aly siziňdir” atly goşgusy Muhammethasan hany söweşe ruhlandyrmak üçin ýazylypdyr. Ýöne şahyr bu goşguny haýsy döwürräkde ýazdyka? Taryhy çeşmelerden mälim bolşuna görä, Muhammethasan hanyň Nedir şa garşy gozgalaňy 1744-nji ýylda bolupdyr. Ýöne bu gozgalaň şowsuz tamamlanýar. Muhammethasanhan bolsa Balkan tarapa gaçýar. Eger Magtymguly “Aly siziňdir” atly goşgusyny Nedir şa garşy başlanan gozgalaňa bagşlan bolsa Magtymguly hem 1733-nji ýylda doglupdyr diýip hasaplasak onda şahyr bu goşgyny 10 ýaşynda ýazan bolýar emma bu goşgynyň syýasy ruhy göwün göteriji belent joşguny bu pikire esas bermeýär. Şygyr döwrüň syýasy wakalaryndan oňat baş çykarýan şahyr tarapyndan döredilipdir .Döwrüň syýasy wakalaryna düşünmek üçin bolsa iň azyndan 25-30 töweregi ýaşyň bolmaly. Muhammethasan han bilen baglanyşykly wakalary yzarlap, Magtymguly “Aly siziňdir” atly goşgusyny 1756-njy ýylda ýagny, Yspyhanyň basyp almagyna bagyşlap ýazypdyr diýen netijä gelse bolar. Oňa şahyryň: Zil paýy –esbiňiz ykrar, Yspyhan- diýen setiri hem güwa geçýär. Magtymgulynyň doglan wagtyny anyklamaga belli derejede şahyryň Ahmet şa we Çowdur hana bagyşlap ýazan şygry hem maglumat berýär. Bilşimiz ýaly Magtymgulynyň döredijiliginde iki goşguda XVIII asyrda Owgan döwletini esaslandyran Ahmet şanyň ady duşýar. Birinji goşgy çowdur han üçin atly hesret goşgusydyr.Onda şahyr: -Ahmet patyşadan habar almaga , Umyt etdi iller Çowdur han üçin- diýip ,Ahmet şanyň çakylygy boýunça ýa-da ýaşularyň tabşyrygy boýunçamy Ahmet şa bilen duşyşmaga Gökleň hany Çowduryň gidenligi ýatlanylýar. Şahyryň Ahmet şany ýatlan ikinji goşgusy “Arşy aglaýa” bolup, ol Ahmet patyşa bagyşlanan öwgidir. Akademik B.Garryýew “Arşy aglaýa” goşgusynyň döreýşi hakda şeýle ýazýar: “Odany Owganystanda Ahmet Dürranyny görüp ýazan hem bolmagy mümkin. Ondaky öwgi setirleri örän belent ýaňlanýar”. Magtymgulynyň Ahmet şany ýatlaýan “Çowdur han üçin” atly goşgusy Ahmet şanyň Maşada 1769-1770 nji ýyllardaky üçünji ýörişi bilen bagly bolsa gerek. Çowdur han bilen bagalnyşykly anyk maglumatlar bolmasada , onuň halkyň hossarydygy Magtymgulynyň oňa bagyşlap ýazan 4 sany şygrynda anyk gorünýär. Ahmet şanyň türkmen halkyna iberen hatynda mälim bolşy ýaly, ol türkmen hanlary bilen yzygiderli duşyşyklar gurapdyr, olary öz ýanyna çagyrypdyr. Şeýle çakylyklaryň biri esasynda hem Çowdur han Ahmet şanyň ýanyna ugrapdyr. Çünki Magtymguly: -Ahmet patyşadan habar almaga Umyt etdi iller çowdur han üçin- diýip muny takyk mälim edýär. Bize Çowdur han Ahmet şanyň ýanyna 1769-1770-nji ýyllarda gidipdir diýen netijä gelmegimize şahyryň “Çowdur han” atly goşgusyndaky: -Mana saça bilmez çalaryn başym , Büräp aldy ony duman Çowdur han- diýen setirleri esas berýär. Eger “Çowdur han üçin” atly goşgyny şahyr “Başynyň çalaran” wagty döreden bolsa onda bu goşgyny şahyr orta ýaşdan agandan soňra has takygy iň bolmanda 45 ýaşdan geçenden soň döreden bolmaly. Çünki ,,Many saça bilmez çalaryn başym” diýen setir muňa berk tutaryk bolýar. Eger şahyr bu goşgyny 1769-1770-nji ýyllarda döreden bolsa biz hem Magtymguly 1733 –nji ýylda doglupdyr diýen maglumata ynansak onda şahyr ýokarda ýatlanan goşgusyny 36 ýaşynda ýazan bolýar. Bu ýaşdaky adamyň “Many saça bilmez çalaran başym” diýjegine bolsa ynanmak kyn. Ahmet şa Horasana 3-nji ýörişi mahaly hem Maşady gabaýar. Soňra Şahruh Ahmet şa tabyn bolýar, 1770-nji ýylyň 4-nji iýununda Ahmet şa yzyna dolanýar. 1772-nji ýylda bolsa Ahmet Şa aradan çykýar . Megerem Çowdur han Ahmet Şa Maşady 1769-njy ýylda gabaw astyna alan mahaly oňa hemaýat etmek üçin ýola düşen bolsa gerek. Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýen pikiriň esassyzdygyny ýene bir tutaryk bilen subut etmek mümkin. Magtymguly bilen baglanyşykly işleriň aglabasynda MGI-däki 842-nji bukjadaky maglumatyň esasynda Azadynyň kakasy Magtymguly Ýonaçynyň 40 ýaşda öýlenip 46 ýaşda hem bir ogla –Azada ýüzi düşenligi nygtalýar. Magtymgulynyň “Atamyň” atly goşgusynyň neşir nusgasynyň we 842-nji nusgadaky maglumatyň esasynda hem Magtymguly Ýonaçybyň ömri 1654-1720 –nji ýyllar aralygynda kesgitlenýär. Bu hakda M.Kösäýew şeýle ýazýar: “Magtymguly Ýonaçy bir müň alty ýüz elli dördinji ýylda doglup ,bir müň ýediýüz ýigriminji ýylda hem aradan çykypdyr”. Mälim bolşy ýaly Magtymguly Azadynyň kakasynyň ady dakylan , türkmençilikde adyň ýerde uzak wagtlap ýatsa oňlanmaýar we merhumyň aradan çykandan soň dünýä inen ilkinji çagalaryň birine onuň ady dakylýar. Şundan ugur alynsa, Azady kakasy ýogalansoň ilkinji ýüzi düşen ogluna kakasynyň adyny dakmaly. Halk rowaýatlarynyň käbiri Magtymgulyny Azadynyň iň uly ogly hasaplasa , käbirinde Magtymguly Azadynyň ýüzi düşen 3-nji perzendi diýilýär. Haýsy bolandada ol, 1733-nji ýylda dälde , ondan iň bolmanda 8-9 ýyl ir doglan bolmaly. Ýokardaky delillere esaslanyp , Magtymguly takmynan, 1724-1807-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir diýilse , megerem hakykata has golaý bolsa gerek.
Annagurban Aşyrow,
Dünýä edebiýaty žurnaly.


dowamy