Ýer serişdeleri kafedrasy

1994-nji ýylda Oba hojalyk mehanizasiýasy we gidromelioratiw sistemalary ulanmak kafedranyň düzüminde Ýer gurluşygy hünäri açyldy we 2000-nji ýyla çenli Ýer gurluşygy hünäri şol kafedranyň düzüminde boldy.

2000-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Oba hojalyk meliorasiýasy we gidromelioratiw sistemalary ulanmak kafedrasy ikä bölünip, onuň esasynda Ýer serişdeleri kafedrasy döredildi. Kafedrada hünäri boýunça önümçilikde uly tejribeleri bolan mugallymlar işläp, ýaşlara ylym-bilim berýärler.

Kafedranyň mugallymlary Ýer gurluşygy we kadastry, Gidromeliorasiýa hünärlerinde, şeýle hem Agronomçylyk we Agroekologiýa fakultetleriniň ähli hünärlerinde, Agroekologiýa we Ýylaldyşhana hojalygy taýýarlyk ugurlarynda okuw sapaklaryny geçýärler.

Ýokary okuw mekdeplerde hünärler boýunça ýaşlara berilýän ylym-bilimi has-da kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek, şeýle hem Ýer kadastrynyň häzirki döwürde ýerden netijeli peýdalanmakda, ýer gurluşygynda sanly ulgamy ornaşdyrmakdaky ähmiýetini göz öňünde tutup, 2019-2020-nji okuw ýylynda Ýer ulanyş hünäriniň ady üýtgedilip, “Ýer gurluşygy we kadastry” diýip atlandyryldy.