UMUMY HIMIÝA KAFEDRASY

Umumy himiýa kafedrasy Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dörän pursadyndan, dürli atlar (“Umumy himiýa”, “Biohimiýa”, “Umumy we biologiki himiýa”) bilen şu güne çenli gelipdir. Bu kafedra häzirki wagtda hem “Umumy himiýa” kafedrasy ady bilen mälimdir.

Umumy himiýa kafedrasynda 10 sany ders, ýagny Organiki däl himiýa, Umumy himiýa, Organiki däl we analitiki himiýa, Organiki himiýa, Tehnohimiki barlag, Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy, Biohimiýa, Ösümlikleriň biohimiýasy we fizkolloid himiýa, Organiki we biologiki himiýa, Gidrohimiýa okadylýar.

Bu dersler Tebigy süýümleri egirmek, Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy, Mata önümçiligi, Pagtanyň ilkinji işlenilişi, Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek, Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek, Ösümlik ýagyny öndürmek, Dänäni gaýtadan işlemek, Gidromeliorasiýa, Ýer gurluşy we kadastry, Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek, Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak), Agronomçylyk, Agrohimiýa we topragy öwreniş, Ösümlikleri goramak, Ýüpekçilik, Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy, Tokaý we seýil bag hojalygy, Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk, Weterinar lukmançylygy hünärleri boýunça we Zootehniýa, Kinologiýa, Senagat balykçylygy, Atçylyk, Ýyladyşhana hojalygy, Agroekologiýa taýýarlyk ugurlary (bakalawr) boýunça hünärmenleriň himiýadan bilmeli zerur maglumatlaryny öz içine alýar.