TIKIN ÖNÜMÇILIGI KAFEDRASY

Tikin önümçiligi kafedrasy Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň düzüminde Tikin önümçiliginiň tilsimaty ady bilen 2000-nji ýylda döredildi.

Kafedra 2006-2010-njy ýyllar aralygynda Mata we tikin önümçiligi kafedrasy ady bilen hem-de 2010-njy ýyldan häzirki güne çenli Tikin önümçiligi kafedrasy ady bilen Dokma önümçiligi fakultetiniň düzüminde durýar.

Kafedrada bilim alýan talyp ýaşlaryň 2013-nji ýylda açylan dünýäniň ýokary öndürijilikli tehnologiki enjamlary ornaşdyrylan tikinçilik okuw otagynda kafedrada bilim berýän tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda esasy okuw sapaklaryndan boş wagtlary milli lybaslarymyzy döwrebaplaşdyryp alýan nazary bilimlerini tejribe arkaly taýýarlanýan tikin önümleriniň modelirleşiniň, çeper bezelişiniň we tikilişiniň inçe syrlaryny öwrenýärler.

Kafedrada Tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.