TEBIGY BILIMLER KAFEDRASY

Tebigy bilimler kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra uniwersitetimizde taýýarlanýan ähli hünärmenlere öz derslerine degişli dersler bilen bir hatarda tebigy bilimleri öwretmek bilen, soňky ýyllarda Ýokary matematika, Ykdysady kibernetika, Ýokary matematika we hasaplaýyş tehnikasy, Matematiki modelirlemek we hasaplaýyş tehnikasy, Tebigy ylymlar, Kompýuter tilsimaty we 2010-njy ýyldan bäri Tebigy bilimler ady bilen hereket edýär.

Kafedrada uniwersitetdäki ähli hünärleriň okuw meýilnamalarynyň Umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumynyň düzümine girýän matematika we fizika ugurly dersler boýunça nazary, amaly we tejribe okuwlary geçirilýär.

Kafedranyň mugallymlary geçirýän her bir sapaklarynyň çuň mazmunly bolup, döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini, talyplaryň ähli işlere döredijilikli çemeleşmeklerini, ylmy-barlag işlerine gatnaşmaklaryny gazanmaga çalyşýarlar.