OBA HOJALYK EKINLERINIŇ SELEKSIÝASY WE TOHUMÇYLYGY KAFEDRASY

Oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we tohumçylygy 2019-njy ýylyň 17-nji iyulynda Ekerançylyk kafedrasynyň düzüminden aýrylyp, täze Oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we tohumçylygy kafedrasy diýen ada eýe boldy. Şol ýyldan häzirki wagta çenli Oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we tohumçylygy kafedrasy ady bilen hereket edýär.

Kafedranyň b.y.k., uly mugallym A.Çapaunyň hem-de mugallym A.Allanurowyň ýolbaşçylygynda “Dagetek toprak-howa şertlerinde ir ýetişýän, bol hasylly, süýüminiň çykymy we hili ýokary, kesellere durnukly gowaça sortlaryny döretmek” atly ylmy işi Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda hasaba alnyp, bu tema boýunça gowaçanyň TOHU-17 sorty döredilip, tema bounça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Kafedrada Oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy we tohumçylygy hünäri boýunça her ýylda 20 sany döwrebap hünärmenler taýýarlanylýar. Kafedranyň mugallymlary tarapyndan sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamynda we oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlarynda ähmiýetini we ösdürip ýetişdirmegiň kämil tehnologiýasyny öwretmek bilen baglanyşykly işleri alnyp barylýar.