PAGTANY ILKINJI IŞLEMEK KAFEDRASY

Süýümleri ilkinji işläp bejermek kafedrasy 1994-nji ýylda Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň düzüminde döredildi.

1995-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti döredilip Süýümleri ilkinji işläp bejermek kafedrasy şol fakultetiň düzümine girizildi.

Pagtany ilkinji işlemek kafedrasy 2006-2010-njy ýyllar aralygynda Tebigy süýümleri egirmek kafedrasy diýen ady bilen ýöredildi.

2010-njy ýyldan şu güne çenli Pagtany ilkinji işlemek kafedrasy bolmak bilen häzirki döwürde kafedrada hünär ugurlary boýunça 14-dersden sapaklar geçirilýär.

Kafedranyň mugallymlary dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pagta çig malyny gaýtadan işlemek üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.

Talyplaryň alan nazary bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyrmak maksady bilen kafedranyň tejribeli mugallymlary tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahalpagta önümçilik birleşiginde pagta süýüminiň ähli görkezijilerini kesgitleýän tejribehanada amaly we tejribe sapaklaryny geçýärler.