OBA HOJALYGYNYŇ YKDYSADYÝETI KAFEDRASY

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasy 1962–nji ýyldan bäri hereket edýär.

Kafedra uniwersitetdäki ähli hünärleriň okuw meýilnamalarynyň Ýörite hünär we Umumy hünär dersler toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça umumy we amaly okuwlaryny geçirmek bilen, Ykdysadyýet (oba hojalygynda) taýýarlyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan oba hojalygynyň we sanly ykdysadyýetiň bilim ulgamynda hem-de oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlarynda ähmiýetini düşündirmek işleri alnyp barylýar.