Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasy

Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 2010-njy ýylda döredildi we häzirki güne çenli hereket edýär.

Kafedrada “Maşynlaryň ygtybarlylygy we bejerilişi”, “Tehniki ölçegler, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak”, “Konstruksion materiallaryň tehnologiýasy”, “Materiallary öwreniş”, “Gurluşyk we melioratiw maşynlarynyň bejerilişi”, “Maşyn-traktor parkynyň ulanylyşy”, “Gurluşyk we melioratiw maşynlaryň ulanylyşy”, “Çyzuw geometriýasy”, “Inžener grafikasy” we “Inžener-kompýuter grafikasy” dersleri öwrenilýär. Bu dersleriň jemi 10 ders her biri boýunça enjamlaşdyrylan tejribehanalar we okuw ussahanasy bar.

Okuw işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler talyplaryň nazary bilimleri çuňňur özleşdirmegine önümçilik tejribesini toplamagyna ýardam edýär.

Tejribe otaglarda we okuw ussahanalarynda geçilýän okuw tejribede talyplar öwrenen bilimlerini berkidýärler, tejribelik başarnyklaryny ösdürýärler.

Önümçilik kärhanalarda geçilýän okuw – tanyşdyryş tejribeligi döwründe talyplar abatlaýyş zawodlardaky we ussahanalardaky işlere gatnaşyp, olar bilen içgin tanyşýarlar.

Kafedranyň mugallymlaryny taýýarlan talyplary “Inžener grafikasy” dersinden Döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryny alyp gelýär.

Talyplaryň bäş ýylda özleşdiren bilimlerini, başarnyklaryny ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki “Tehniki hyzmat ediş” kärhanalarynda, ussahanalarynda geçilýän abatlaýyş önümçilik tejribeligi jemleýär. Talyplar sökme – ýuwma, näsazlyklary kesgitleme, sürüp görme we synag etme işlerine gatnaşyp, dürli hünärleri öwrenýärler.

Diplom taslamalaryň temalaryna laýyklykda önümçilik tejribeligini geçmek üçin talyplar “Tehniki hyzmat ediş” kärhanalaryna iberilýär. Olaryň toplan materiallary diplom işinde peýdalanylýar.