OBA HOJALYK MELIORASIÝALARY KAFEDRASY

Oba hojalyk meliorasiýalary (öňki “Oba hojalyk meliorasiýalary we inženerçilik geodeziýasy”, “Mirapçylyk”) kafedrasy 1951-nji ýylda döredildi. Dosent F.T.Sewostýanow kafedrany esaslandyrdy we oňa 1951-nji ýyldan 1965-nji ýyla çenli müdirlik etdi. Okuw meýilnamalarynyň üýtgemegi sebäpli kafedranyň ady birnäçe gezek üýtgedi. 2007-nji ýyldan başlap kafedra oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty R.Geldiýew müdirlik edýär.

Kafedranyň mugallymlary uniwersitetiň hemme fakultetlerinde “Suwaryş”, “Oba hojalyk meliorasiýalary”, “Zeýkeş ulgamlary”, “Gidrologiýa”, “Gidrometriýa”, “Akymy sazlamak”, “Agrometerologiýa”, “Klimatologiýa” “Gidromelioratiw ulgamlaryny ulanmak”, “Tokaý meliorasiýasy” derslerinden sapaklaryň ýokary derejede geçirilmegini üpjün edýärler.

Kafedranyň uly mugallymy O.Ý.Durdyýew Ýewropa bileleşiginiň bilim baradaky agentliginiň “ERAZMUS+” maksatnamasynyň biziň ýurdumyzda ýerine ýetirilýän “Takyk ekerançylyk üçin täze innowasion okuwlar” atly taslamasynyň koordinatory. Uniwersitet boýunça 10 sany dersleriň okuw maksatnamasy kämilleşdirildi we 2 sany okuw dersleriň girizilmegi meýilnamalaşdyrylýar we degişli işleri alnyp barýar.

Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Annaýew Annageldi Serdarowiç Oba hojalyk meliorasiýalary kafedrasynyň mugallymy Hezilow Serdaryň ýolbaşçylygynda “Damjalaýyn suwaryş ulgamyny işläp düzmek” atly temasy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikdäki geçirmeginde Ýaş alymlar bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda ýeňiji diýip yglan edilip baýrakly II oruna mynasyp boldy. Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan şa serpaýyna mynasyp boldy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyna edýän talaplaryny ödemek üçin kafedranyň mugallymlary birkemsiz zähmet çekýärler we talyplary hünärine ökde Watanymyza, Halkymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly hünärmenler edip ýetişdirmek üçin hemme mümkin bolan işleri abraý bilen ýerine ýetirerler.