OBA HOJALYK MAŞYNLARY KAFEDRASY

Oba hojalyk maşynlary kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 1991-nji ýylda Oba hojalyk tehnikasy, 1996-njy ýyldan bäri Oba hojalyk maşynlary ady bilen hereket edýär.

Kafedra uniwersitetdäki 21 ( ýigrimi bir ) hünärleriň okuw meýilnamalarynyň Oba hojalyk maşynlary, ylmy barlaglaryň esaslary, maldarçylygyň mehanizasiýasy, maldarçylykda tehnologiki işleriň mehanizasiýasy, oba hojalyk tehnikalary, gurluşyk maşynlary we emjamlary, atçylyk degişli dersler boýunça nazary we tejribelik okuwlaryny geçirmek bilen oba hojalyk maşynlary, maldarçylykda tehnologiki işleriň mehanizasiýasy hem-de gurluşyk maşynlar we enjamlary okuw dersleri boýunça diplom taslamalary taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edilýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan Oba hojalygynyň we maldarçylygyň bilim ulgamynda hem-de oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlarynda ähmiýetini düşündirmek, bu pudagynda ylmyň we täze tehnologiýalaryň gazananlaryny talyplara ýetirmek bu işleriň wajyplygyny esaslandyrmak işleri alnyp barylýar.