OBA HOJALYGYNYŇ GURALYŞY WE DOLANDYRYLYŞY KAFEDRASY

Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasy 1945-nji ýylda döredildi we ol pudaklaýyn ykdysadyýet boýunça hünärmenleri taýýarlaýan, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň düzüminde durýar.

Kafedrada uniwersitetdäki ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna laýyklykda umumy ykdysady bilimlere degişli bolan pudaklaryň guralyşy we dolandyrylyşy boýunça nazary we tejribelik okuwlary geçirilýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan okuw dersleri Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň işini kämilleşdirmegiň, oba hojalyk toplumynyň pudaklarynda innowasion önümçilikleriň guralyşy we dolandyrylyşy baradaky, oba hojalyk pudagynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak syýasatynyň hem-de dünýäniň iň ösen döwletleriniň oba hojalygy ýöretmek baradaky tejribeleriniň esasynda okuw işleri alynyp barylýar.