OBA HOJALYGYNY ELEKTRIKLEŞDIRMEK WE AWTOMATLAŞDYRMAK KAFEDRASY

Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 1946-njy ýylda Oba hojalygyny elektrikleşdirmek, 2010-njy ýylda onuň ady üýtgedilip, häzirki zamanyň talabyna laýyklykda Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak diýlip atlandyryldy.

Kafedrada okuw meýilnamalary esasynda “Elektrotehnika”, “Awtomatika”, “Nanotehnologiýalar”, “Elektrik herekete getirijiler we elektrik enjamlary”, “Oba hojalyk önümçiligini elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak” derslerinden uniwersitetimiziň talyplaryna umumy, amaly we tejribe okuwlary geçmek bilen Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Melioratiw işleri mehanizmleşdirmek we Oba hojalygy (inžener – mugallymlary taýýarlamak) ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär.

Geljegiň energetiki ulgamy “Wodorod energiýasy” XXI asyryň energiýasy bolar, ýagny iki sany energiýa göterijileri – transportda we senagat tehnologiýalarynda has amatly ýangyç wodorod ulanylýar. Bu ugurda iş alyp barmak kafedranyň esasy meseleleriniň biri bolar.

Kafedranyň ýene bir ylym ugury adaty bolmadyk energiýa çeşmelerini öwrenip, talyplara geçilýän sapaklarda olara ýetirmekdir.