OBA HOJALYGYNDA BUHGALTER HASABY WE AUDIT KAFEDRASY

Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit kafedrasy 1967-nji ýylda döredilen we ol öň “Statistika we buhgalter hasaby” diýip atlandyrylyp, häzirki wagtda “Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy” fakultetiniň düzüminde “Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit” kafedrasy ady bilen hereket edýär.

Oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit kafedrasynda “Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit”; Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugry boýunça, şonuň ýaly hem beýleki hünärlerde ýokary hilli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda işler alnyp barylýar.

Hünärmenleri taýýarlamagyň esasy bilim maksatnamasy Döwlet bilim standartlarynyň esasynda işlenip düzülýär we ol okuw meýilnamalaryny, dersleriň iş maksatnamalaryny, okuw we önümçilik tejribelikleriň maksatnamalaryny özünde jemleýär.

“Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäri boýunça hünär bilimini alýan hünärmenleriň esasy ugurlary; buhgalter-ykdysady ulgamy, seljeriş-barlag, guramaçylyk-dolandyryş, maliýe-karz, ylmy-barlag, auditorçylyk we beýlekiler.