MIWEÇILIK, ÜZÜMÇILIK WE GÖK EKERANÇYLYK KAFEDRASY

Miweçilik, üzümçilik we gök ekerançylyk kafedrasy, Agronomçylyk fakultetiniň düzüminde bolup, 1947-nji ýylda Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy ady bilen döredildi. 2019-njy ýyldan häzirki wagta çenli Miweçilik, üzümçilik we gök ekerançylyk ady bilen hereket edýär.

Kafedrada Agronomçylyk, Agroekologiýa fakultetleriniň ähli hünärleriniň okuw meýilnamalarynyň Gök ekerançylyk we bakjaçylyk, Miweçilik we üzümçilik dersler toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça nazary we tejribelik okuwlaryny geçirmek bilen, Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünäriniň talyplaryna hem-de Ýyladyşhana hojalygy taýýarlyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär.

Kafedrada häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan tassyklanan “Miweli baglaryň ýokary hasylly sortlarynyň nahallaryny köpeltmegiň usullaryny işläp düzmek” we “Ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän gök ekinler üçin ýerli serişdeleri substrat hökminde ulanmagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek” atly temalardan ylmy işler ýerine ýetirilýär.

Umuman kafedranyň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda we gatnaşmaklarynda ýerine ýetirilýän ylmy–barlag işleriniň netijeleri bolsa, döwlet, halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlaryň, ylmy makalalaryň teklipleriň üsti bilen önümçilige ýetirilýär. Kafedranyň mugallymlary döwrüň talabyna laýyklykda zerur okuw kitaplaryny hem ýazýarlar. Olardan Bakjaçylyk, Ýapyk toprakda gök ekerançylyk we beýleki okuw kitaplary taýýarlanylýar.