MALDARÇYLYK KAFEDRASY

Maldarçylyk kafedrasynyň şan-şöhratly taryhy öz gözbaşyny geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan, uniwersitetimiziň açylan ilkinji günlerinden alyp gaýdýar. Maldarçylyk kafedrasy 1993-nji ýyla çenli 4 sany özbaşdak kafedralardan ybaratdy: oba hojalyk mallarynyň köpeldilişi we dowardarçylyk, oba hojalyk mallarynyň iýmitlendirilişi we haýwanlaryň biohimiýasy, hususy maldarçylyk hem-de tebigaty goramak. Bu kafedralara dürli taryhy döwürlerde maldarçylykda we tebigaty goramakda uly meşhurlyga eýe bolan alymlar, akademikler A.K.Rustamow, professorlar B.K.Balakaýew M.I.Belonogow, M.A.Winogradowa, M.K. Laptew, W.D.Sokolow, dosentler D.A.Amannyýazow, B.G.Geldiýew, A.I.Kraşeninnikowa, A.N.Iwanow, Ş.I.Nagiýew, Ö.S.Sopyýew, Ý.H.Hydyrow, G.I.Trofimow we başgalar ýolbaşçylyk etdiler.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýokarda bellenilen kafedralar birikdirilip, 1993-nji ýylda Maldarçylyk kafedrasy döredildi we oňa Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, professor M.A.Winogradowa ýolbaşçy edilip bellenildi. Kafedranyň professor-mugallymlary maldarçylygyň we ekologiýanyň dürli ugurlary boýunça umumy okuwlary we tejribe-amaly sapaklary geçirmegiň daşyndan, bu ugurlaryň köp taraplaýyn meselelerine bagyşlanan ylmy-barlag işleri bilen meşgullanyp, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, dünýä möçberinde ykrar edilen ylmy netijeleri gazandylar.

Häzirki wagtda kafedranyň mugallymlary tarapyndan sanly tehnologiýalaryň maldarçylyk pudagyndaky ähmiýetini düşündirmek we ony önümçilige ornaşdyrmak, mallaryň, guşlaryň, balyklaryň we alabaý itleriniň genefondyny gorap saklamak we kämilleşdirmek, maldarçylyk, guşçulyk we balykçylyk önümlerini öndürmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, maldarçylygy senagat esasly pudaga öwürmek boýunça wajyp işler alnyp barylýar.