MALDARÇYLYK ÖNÜMLERINI GAÝTADAN IŞLEMEK KAFEDRASY

Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy öz taryhyny 1994-nji ýyldan alyp gaýdýar. Ol şol ýyllarda Et-süýt önümleri gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy diýen at bilen açyldy. Şol ýyllardan başlap kafedrada Et-süýt önümleri gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünäri boýunça talyplara bilim berildi. 1999-njy ýylda Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Süýt” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kärhanasynda tejribe okuw sapaklaryny geçirmek ýola goýuldy we häzirki wagtda hem bu kärhananyň hünärmenleri tarapyndan we kafedranyň degişli mugallymlary tarapyndan okuw sapaklaryny geçilýär. Bu bolsa talyplaryň okuwda alan nazary bilimlerini önümçilikde has-da berkitmäge uly ýardam berýär.

2006-njy ýylda kafedranyň düzüminde “Ösümlik ýagyny, süýji-köke we şeker öndürmek” hünäri açyldy. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda bu hünär inžener-tehnolog käri boýunça ilkinji hünärmenler taýýarlanyldy. 2011-2012-nji okuw ýylyndan bu hünäriň ady “Ösümlik ýagyny öndürmek” diýlip atlandyryldy.

Häzirki wagtda kafedranyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Kafedramyzyň agzybir mugallymlary “Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek” we “Ösümlik ýagyny öndürmek” hünärleri boýunça döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda yhlasly zähmet çekýärler.