MAGLUMAT ULGAMLARY WE SANLY TEHNOLOGIÝALAR KAFEDRASY

Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 1971-nji ýylda Ykdysady kibernetika, 1981-nji ýylda Ýokary matematika we hasaplaýyş tehnikasy, 1997-nji ýylda Tebigy ylymlar, 1998-nji ýylda Kompýuter tilsimaty, 2006-njy ýyl Kompýuter tehnologiýasy we 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Maglumat ulgamlary we sanly tehnologiýalar ady bilen hereket edýär.

Kafedrada uniwersitetdäki ähli hünärleriň okuw meýilnamalarynyň Umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça nazary we tejribelik okuwlaryny geçirmek bilen, Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamynda we oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlarynda ähmiýetini düşündirmek hem-de maglumat gorlaryny elektron görnüşde döretmek we olaryň goraglylygyny üpjün etmek işleriniň wajyplygyny esaslandyrmak işleri alnyp barylýar.