MALLARYŇ KESELLERINI ANYKLAMAK WE BEJERMEK KAFEDRASY

Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasy öz gözbaşyny 1933-njy ýylda döredilen Fiziologiýa we patfiziologiýa bilen bilelikdäki farmakologiýa kafedrasyndan alyp gaýdýar we onuň ilkinji müdiri edilip M.N.Poliektow bellenilýär. 1935-nji ýylda bolsa oba hojalyk mallarynyň fiziologiýasy kafedrasy özbaşdak bolup, oňa professor A.Z.Wençikow ýolbaşçylyk edýär. 1941-1948-nji ýyllarda bu kafedralar ýene-de bilelikde bolup, oňa dosent G.I.Lazerew müdirlik edýär.

1974-1993-nji ýyllarda birnäçe kafedralar birleşip anatomiýa, fiziologiýa we farmakologiýa kafedrasy döredilýär we oňa Beýik Watançylyk urşunyň weterany, professor G.Muhadow ýolbaşçylyk edýär. Soňra 1993-2005-nji ýyllarda kafedra professor N.G.Ponirowskiýniň okuwçysy, dosent G.Baýmyradow (fiziolog) müdirlik edýär. Onuň işlän döwründe kafedranyň mugallymlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli hünärmenleri taýýarlamak, olara döwrebap ylym we bilim bermek bilen, maldarçylygyň ösdürmegine uly goşantlaryny goşdular.

Kafedrada tejribeli professor-mugallymlaryň onlarçasy agzybirlikde geljekki mal lukmanlaryny, alym maldarlaryny, alym atşynaslaryny taýýarlamak işinde arman-ýadaman zähmet çekip gelýärler. Kafedranyň zähmetsöýer, agzybir işgärleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ylym we bilim ulgamynda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmekde, oba hojalygynyň maldarçylyk pudagyny ösdürmekde we oňa edilýän weterinariýa hyzmatyny kämilleşdirmek işinde jan aýaman zähmet çekýärler.

Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasyndaky Anatomiýa muzeýi 1933-nji ýylda döredildi we 1991-nji ýylda onuň durky täzelenip, täze okuw binasyna göçürildi. Muzeýiň içi täze preparatlar, dürli mallaryň ystyhanlary bilen üsti ýetirildi. Anatomiýa muzeýinde dürli mallaryň ystyhanlarynda süňk bölekleriniň ýerleşişi, olarda myşsalaryň gan damarlarynyň, nerw süýümleriniň we içki agzalaryň topografiki ýerleşýän ýerleri takyk görkezilen. Anatomiýa muzeýi kafedranyň mugallymlarynyň okadýan dersleri boýunça tejribe sapaklaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär hem-de döwrebap weterinar lukmanlaryny hem-de maldarlaryny taýýarlamaga öz goşandyny goşýarlar.