JEMGYÝETI ÖWRENIŞ YLYMLARY KAFEDRASY

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy öz gözbaşyny 1931-nji ýyldan alyp gaýdýar. Heniz Aşgabatda Orta Aziýa zooweterinariýa instituty döran mahalynda institutyň düzüminde jemgyýetçilik ylymlaryna degişli “Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň taryhy” atly kafedra bardy. Bu kafedra 1931-nji ýylyň sentýabr aýynda döredilip, kafedranyň ilkinji müdiri 1935-nji ýyla çenli D.E.Teonskiý bolupdyr. Soňra degişlilikde kafedra S.G.Sapožnikow (1935-1937), dosent I.T.Terziýew (1937-1946) we dosent W.D.Kurakin (1946-1956) ýolbaşçylyk etdiler.

1956-njy ýylda kafedranyň düzüminde iki sany täze kafedra döredildi. Olar “Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň taryhy, marksistik-leninizm filosofiýasy hem ylmy kommunizm” kafedrasy we “Syýasy ykdysadyýet” kafedrasy. 1956-njy ýyldan 1964-nji ýyla çenli kafedra dosent S.D.Kakabaýew ýolbaşçylyk etdi. Soňra 1969-njy ýyla çenli professor D.M.Mülliýew, 1969-njy ýyldan 1980-nji ýyla çenli bolsa dosent D.G.Abdullaýew müdirlik etdi.

1974-nji ýylda kafedra iki topara bölündi. “Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň taryhy we marksistik-leninizm filosofiýasy” hem-de “Ylmy kommunizm” kafedralary jemgyýetçilik kafedranyň esasyny düzdi.

Bu kafedrada dürli döwürlerde professor S.D.Kakabaýew, dosent D.G.Abdullaýew, dosent B.A.Çerepanow, dosent S.G.Aşyrow, dosent A.N.Mämmetnazarow, dosent T.B.Baýarow, dosent G.M.Meredow, dosent G.O.Öwezow, dosent A.B.Magtymow, dosent O.O.Omarow, dosent B.A.Annalyýew, uly mugallymlar Ý.M. Nurlyýew, Ç.Ý.Ýazlyýew, K.Ý.Annagulyýew, T.K.Jumagulyýewa, N.O.Orazowa, M.S.Rejepowa dagylar agzybir hem döredijilikli zähmet çekdiler. Kafedrada şol döwürde birnäçe ylmy işler edilip, birnäçe kitaplar çapdan çykaryldy.

2010-njy ýylyň fewral aýynda kafedranyň ady “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasy diýlip atlandyryldy, kafedranyň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny talyplara wagyz etmekden ybarat. 2010-njy ýyldan häzirki wagta çenli kafedra uly mugallym H.Kakajanow ýolbaşçylyk edýär. Kafedrada häzirki wagtda 5 sany uly mugallym, 5 sany mugallym, 5 sany mugallym-öwreniji zähmet çekýär. Kafedrada häzirki wagtda “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti”, “Syýasaty öwreniş”, “Pedagogika we psihologiýa”, “Ykdysady teoriýa”, “Türkmenistanyň taryhy”, ,,Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” derslerinden talyplara döwrebap bilim berilýär.