GIDROTEHNIKI DESGALAR KAFEDRASY

Gidrotehniki desgalar kafedrasy uniwersitetiň Gidromeliorasiýa fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 1956-njy ýylda döredildi we 2002-nji ýyla çenli “Gidrotehniki desgalar”, 2002-nji ýylda “Suw hojalyk desgalary”, 2006-njy ýylda “Suw desgalarynyň gurluşygy”, 2010-njy ýyldan bäri bolsa “Gidrotehniki desgalar” ady bilen hereket edýär.

Kafedrada uniwersitetiň inženerçilik fakultetiniň degişli hünärlerinde Umumy hünärler we Ýörite hünärler dersleri toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça nazary we tejribelik okuwlaryny geçirmek bilen inžener-melioratorlary, inžener-mehanikleri we inžener-tehnologlary taýýarlyk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edilýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan kafedranyň derslerinden nazary we tejribelik okuwlaryny dünýä ülňilerine laýyk derejede geçirmek üçin kitaplar, gollanmalar, okuw okatmagyň döwrebap usullary yzygiderli kämilleşdirilip, bilim ulgamynda we suw hojalygy pudagynda sanly ulgama geçmegiň ähmiýetini düşündirmek işleri alnyp barylýar.