GIDROMELIORATIW IŞLERIŇ TEHNOLOGIÝASY KAFEDRASY

Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasy uniwersitetiň Gidromeliorasiýa fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 1967-nji ýylda döredilip Gidromelioratiw işleriň guramaçylygy we tenologiýasy, 2010-njy ýyldan bäri Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy ady bilen häzirki wagta çenli hereket edip gelýär.

Kafedrada uniwersitetiň Gidromeliorasiýa, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy, Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, Agroekologiýa fakultetlerindäki 7 hünär boýunça umumy tehniki we ýörite dersler toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça jemi 12 dersden nazary, amaly we tejribe sapaklary geçirilýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan talyplara we hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gelip gatnaşýan hünärmenlere suw hojalygynda gidromelioratiw işlerini geçirmekligiň tejribe talaplaryny we nazary esaslaryny, bu işlerde häzirki zaman tehnikalary ulanmagy we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagy, bejeriş-hyzmat ediş işlerini taslamagyň kämilleşdirilen usullaryny öwredilýär.