EPIZOOTOLOGIÝA WE PARAZITOLOGIÝA KAFEDRASY

Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasy ýokary okuw mekdebimiziň esasyny (1930ý.) tutan kafedralaryň biri hasaplanylýar. Kafedrany gurnamagyň esasyny weterinar lukmanlaryny taýýarlamagyň başlangyjyny başlan K.K.Miratworskiý, W.A.Kuznesow, N.G.Ponirowskiý, Z.P.Kornienko, G.P.Byçkow, W.A.Rutnesow ýaly görnükli alym mugallymlardyr. Şol döwürde olar özleriniň asylly we tutanýerli zähmetleri netijesinde professor O.Çaryýewi, dosentler M.N.Babaýewi, S.Adinowy, K.F.Awdeýewany, M.M.Aşyrowany B.Saparowy, A.Rejepowy, Ý.N.Prigarini, H.I.Tretýakowy, W.A.Ştankony, A.Berdiýewi, A.Hangeldiýewi, G.Rejepowy öz hünärine yhlasly we ony jany-teni bilen söýýän görnükli alym mugallymlary taýýarlap ýetişdirdiler.

Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynyň mugallymlary Hormatly Prezidentimiziň bu öňde goýan meselelerini amala aşyrmak üçin geljekki hünärmenleri taýýarlamaga öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Maldarçylyk önümleriniň hiliniň gowy bolmagynda we azyk bolçulygyny döretmekde päsgel berýän ýokanç kesellere garşy göreş çärelerini geçirmegiň häzirki zaman düzgünlerini we tehnologiýasyny geljekki hünärmenlere öwredýärler.

Häzirki wagtda Epizootologiýa we parazitologiýa kafedrasynda döwrüň talabyna laýyk gelýän mikrobiologiýa laboratoriýasy bilen üpjün edildi. Bu laboratoriýada tejribe okuw sapaklaryny we ylmy işleri geçirmäge mümkinçilik döredildi. Bu barlaghanada mallaryň ýokanç keselleriniň laborator anyklanylyşy, mikrobiologiki barlag usullary boýunça sapaklar has kämilleşen görnüşde geçirilýär. Ondan başga-da mör-möjekleri, dürli iki ganatly jandarlary, mugthor gurçuklary barlamak, olaryň görnüşlerini anyklamak, ösümlik dünýäsini öwrenmekligiň, howany, suwy, topragy, süýdi we süýt önümlerini sanitariýa bakteriologiýa taýdan barlamaklyk ýola goýuldy.

Häzirki wagtda kafedrada weterinar lukmanlaryny, atşynaslary we maldarlary taýýarlamakda 12 dersden (Weterinar wirusologiýasy, Epizootologiýa, Parazitologiýa, Weterinar mikrobiologiýasy we immunologiýasy, Mikrobiologiýa, Weterinar kanunçylygy, Weterinar-sanitar ekspertizasy, Zoogigiýena, Maldarçylyk önümleriniň ekspertizasy, Weterinariýada ylmy barlaglaryň esaslary, Gigiýena we wetsanekspertiza, Atlaryň ýokanç we parazitar keselleri) kafedranyň tejribeli, agzybir professor-mugallymlary sapak berýärler.