EKOLOGIÝA KAFEDRASY

Ekologiýa kafedrasy Agroekologiýa fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 2019-njy ýyldan bäri hereket edýär.

Kafedrada uniwersitetdäki ähli hünärleriň okuw meýilnamalarynyň Umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça umumy, tejribelik, amaly we söhbet okuwlaryny geçirmek bilen, Agroekologiýa taýýarlyk ugry boýunça bakalawr derejesinde hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan oba hojalyk pudagyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin agroekologiýanyň gazananlaryny özleşdirmek, oba hojalygynda öndürilýän azyk önümleriniň ekologiýa taýdan arassalygyny, daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygyny, oba hojalygynda tebigaty goramagyň möhüm meselelerini, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň nazarýet we amalýet esaslaryny bilmekligiň wajyplygyny esaslandyrmak we bu wezipeleri çuňlaşdyryp öwretmeklik işleri alnyp barylýar.