EKERANÇYLYK KAFEDRASY

Ekerançylyk kafedrasy 1930-njy ýylda döredildi. Şol döwürde kafedranyň ady Agronomçylyk kafedrasy diýilip atlandyryldy. 1935-nji ýylda kafedra Pagtaçylyk kafedrasy, 1979-njy ýylda kafedra Pagtaçylyk, genetika, seleksiýa we tohumçylyk kafedrasy, 1990-njy ýylda Pagtaçylyk we ösümlikçilik kafedrasy, 2004-nji ýylda Däneçilik kafedrasy, 2008-nji ýyldan häzirki wagta çenli Ekerançylyk kafedrasy ady bilen hereket edýär.

Fakultetiň Ekerançylyk kafedrasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty H.Işankulyýewiň ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, güýzlük ýumşak bugdaýyň bol hasylly we ýokary hilli täze sortlaryny döretmek” tema bounça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Kafedrada Agronomçylyk hünäri boýunça her ýylda 20 sany döwrebap hünärmenler taýýarlanylýar. Kafedranyň mugallymlary tarapyndan sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamynda we oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlarynda ähmiýetini we ösdürip ýetişdirmegiň kämil tehnologiýasyny öwretmek bilen baglanyşykly işleri alnyp barylýar.