EKERANÇYLYK ÖNÜMLERINI GAÝTADAN IŞLEMEK KAFEDRASY

Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy 1994-nji ýylyň awgust aýynda Agronomçylyk fakultetinde Miweleri we gök önümleri gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy kafedrasy diýen at bilen açyldy. Soňra 1995-nji ýylda Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti döredildi we onuň düzümine goşuldy. 2006-njy ýylda kafedranyň ady “Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek” diýlip atlandyryldy. 2011-nji ýyldan bäri bolsa kafedranyň ady “Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy” diýlip atlandyryldy.

Kafedrada fakultetdäki Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek we Dänäni gaýtadan işlemek hünärleri boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär. “Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek” hünäri boýunça ilkinji gezek 1992-nji ýylda dalaşgärler talyplyga kabul edildi we 1997-nji ýylda inžener-tehnolog käri boýunça ilkinji hünärmenler taýýarlanyldy. 1998-nji ýylda kafedranyň düzüminde “Dänäni gaýtadan işlemek” hünäri açyldy we ilkinji gezek 2002-nji ýylda bu hünär boýunça inžener-tehnolog käri boýunça ilkinji hünärmenler taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda kafedranyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi. Kafedramyzyň agzybir mugallymlary “Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek” we “Dänäni gaýtadan işlemek” hünärleri boýunça döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda yhlasly zähmet çekýärler.