DOKMA ÖNÜMÇILIGI KAFEDRASY

Dokma önümçiligi kafedrasy Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň düzüminde Dokma senagatynyň önümçiliginiň tehnologiýasy ady bilen 2000-nji ýylda döredildi.

Kafedra Dokma önümçiligi fakultetiniň düzüminde bolup 2006-2010-njy ýyllar aralygynda Mata we tikin önümçiligi kafedrasy ady bilen hem-de 2010-njy ýyldan häzirki güne çenli Dokma önümçiligi kafedrasy diýip atlandyrylýar.

Kafedrada Tebigy süýümleri egirmek we Mata önümçiligi hünär ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Talyp ýaşlaryň milli mirasymyza bolan höwesini artdyrmak maksady bilen kafedrada döredilen halyçylyk, taraçylyk we örmeçilik okuw otaglarynda esasy okuwlaryndan boş wagtlary hünär ugurlaryny kämilleşdirýärler.

Kafedranyň tejribeli mugallymlary tarapyndan talyp ýaşlaryň alan nazary bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyrmak maksady bilen dünýäniň iň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan häzirki zaman dokma toplumlarynda amaly, tejribe okuw sapaklary geçirilýär.