DILLER KAFEDRASY

Diller kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan bäri hereket edýär.

Kafedrada 7 sany ders okadylýar. Olar: Daşary ýurt dili:hünäri boýunça rus dili, Daşary ýurt dili:hünäri boýunça iňlis dili, Hünäri boýunça rus dili, Hünäri boýunça iňlis dili, Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili, Dolandyryş resminamalary we Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti. Uniwersitetdäki ähli hünärleriň 3-nji ýyl talyplaryna Daşary ýurt dili:hünäri boýunça rus dili, Daşary ýurt dili hünäri boýunça iňlis dili, 2-nji ýyl talyplaryna Hünäri boýunça rus dili, Hünäri boýunça iňlis dili, 1-nji ýyl talyplaryna Hünäri boýunça rus dili, Hünäri boýunça iňlis dili, Agroekologiýa, Yyladyşhana hojalygy, Ykdysadyýet (oba hojalygynda), Buhgalterçylyk hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda), Senagat balykçylygy, Atçylyk, Zootehniýa, Kinologiýa taýýarlyk ugurlary (bakalawr) boýunça Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili we Türkmen dili we sözleýiş medeniýeti dersler boýunça okuwlary geçirýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan sanly tehnologiýalaryň we daşary ýurt dilleriniň bilim ulgamynda we oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlarynda ähmiýetini düşündirmek hem-de maglumat gorlaryny elektron görnüşde döretmek işleri alnyp barylýar.