AGROHIMIÝA WE TOPRAGY ÖWRENIŞ KAFEDRASY

Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy Agroekologiýa fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 1934-nji ýylda Topragy öwreniş we agrohimiýa, 1997-nji ýylda Topragy öwreniş, agrohimiýa we ekerançylyk, 2006-njy ýylda Däneçilik, 2010-njy ýyldan bäri Agrohimiýa we topragy öwreniş ady bilen hereket edýär.

Kafedrada uniwersitetdäki degişli hünärleriň okuw meýilnamalarynyň ýörite dersler toplumynyň düzümine girýän degişli dersler boýunça umumy, tejribelik we amaly okuwlaryny geçirmek bilen, Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäri boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga ýolbaşçylyk edýär.

Kafedranyň mugallymlary tarapyndan oba hojalygynda takyk ekerançylyga sanly ulgamyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň gurplulygyny ýokarlandyrmak, ylmy esasda dökünleriň ulanyş düzgünlerini öwretmek, ekerançylyk meýdanlarynda ekin dolanyşygyny ylmy esasda ornaşdyrmagyň wajypdygyny esaslandyrmak we bu wezipeleri çuňlaşdyryp öwretmeklik işleri alnyp barylýar.