AMALY MEHANIKA KAFEDRASY

Amaly mehanika kafedrasy uniwersitetiň rektorlygynyň garamagynda bolup, Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň düzüminde durýar. Bu kafedra 1997-nji ýylda Amaly mehanika kafedrasy diýen ada eýe boldy. Ondan öň, ýagny, 1968-nji ýylda Materiallaryň garşylygy we maşynlaryň şaýlary, 1976-njy ýylda Teoretiki mehanika we maşynlaryñ şaýlary ady bilen ýöredildi.

Kafedra 1999-njy ýylda ýatyrylyp, kafedranyň mugallymlary we işgärleri, Tehnologiki enjamlary abatlamak kafedrasynyň düzümine girdi. Kafedra 2010-njy ýylyň aprel aýynda Amaly mehanika ady bilen täzeden döredildi we häzirki güne çenli hereket edýär.

Kafedrada Nazary mehanika we Materiallaryň garşylygy dersleri boýunça Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere talyplary taýýarlap, her ýylda baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.

Kafedranyň baş maksady, dersler boýunça talyplara çuňňur bilim berip, döwrebap ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda ylym, bilim we oba hojalyk ulgamyny düýpgöter özgertmek syýasatlaryny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde goýan wezipelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmekdir.