S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we topragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastry; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek).
  2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).
  3. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: zootehniýa; atçylyk; senagat balykçylygy; kinologiýa).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)).
  2. Oba, tokaý we balyk hojalygy(taýýarlygyň ugurlary:ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa).
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda)).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:


  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:


  • Lebap welaýaty - iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Mary welaýaty - awgust aýynyň 1-2-i, 3-i we 4-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty - awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Balkan welaýaty -awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;
  • Aşgabat şäheri - awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Ahal welaýaty - awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:


hünärler we taýýarlygyň ugurlary: agronomçylyk;ýüpekçilik;agrohimiýa we topragy öwreniş;bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk;ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy;ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; weterinar lukmançylygy; zootehniýa; atçylyk; senagat balykçylygy; kinologiýa) — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler we taýýarlygyň ugurlary:gidromeliorasiýa;ýer gurluşygy we kadastry;oba hojalygyny mehanizmleşdirmek;melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek) — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)— matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.


Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.


Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:


  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da ugurlarynahödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.