BOTANIKA BAGY

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagy 1929-njy ýylda döredilip, Aşgabadyň günbatarynda ýerleşýär. Botanika bagynyň meýdany 18,5 ga bolup, onuň 12 ga meýdanyny dendrariýa (agaçlar we gyrymsy agaçlar) tutýar. Bagyň ylmy-barlag işleri dünýäniň botanika baglaryň esasy ýerine ýetirýän meseleleri bilen baglanyşykly bolmagy bilen, ösümlikleriň introduksiýasy, ýagny ösümlikleri täze şertlere girizmek we täze şertlere uýgunlaşdyrmakdan ybarat. Bagyň döredilen gününden (1929ý.) bäri Ýer şarynyň ähli ýerlerinden getirilip, uýgunlaşma barlagyndan geçen ösümliklerden ýerli şertlere durnuklylyk we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanan görnüşleri saýlap alyp, botanika bagynyň işgärleri tarapyndan dürli görnüşlerden, formadan we sortlardan ybarat bolan baý ösümlik ýygyndysy toplandy. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň introduksiýasy we ilkinji synag işleri 1936-njy ýylda belli dendrolog K.W.Blinowskiniň ýolbaşçylygy bilen Botanika bagynyň çäginde giň gerim bilen başlanypdyr. Botanika bagyň esasyny düzýän ilkinji ösümlik ýygyndysy hut onuň işleri bilen döredildi. Türkmenistanyň agaç ösümlikleriniň görnüş düzümlerini öwrenmekde hem onuň ýerine ýetiren işleri ulydyr.

Bagyň agaç we gyrymsy agaçlarynyň ýygyndysy ekologiýa geografik esasa laýyklykda meýdançalarda ýerleşdirilendir. Bagyň 8 geografik meýdançasynda dürli tebigy howa şertli zolaklaryň (Gündogar Aziýa, Orta Aziýa, Kiçi Aziýa, Krym, Kawkaz, Ýewropa, Ortaýerdeňizi, Demirgazyk Amerika) ösümlikleri ösýärler.

Demirgazyk Amerika geografiki meýdançadaky ösümlikleriniň ýygyndysy, Demirgazyk Amerikanyň Atlantik kenar ýakasyndan, beýik düzlüklere we Meksikaň aýlag kenar ýakasyndan, Kanadanyň günorta sebitlerine çenli bolan çäklere degişli bolan birnäçe görnüşleri we formalary öz içine alýar.

Ýewropa-Kawkaz dendroflorasy gury ýeriň iň uly floraly mekany bolup, olaryň esli bölegi GDA-nyň sebitlerinde ýerleşýär. Orta Aziýa meýdançasynyň ýygyndysynda watany Eýran-Turan bolan agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň biräçe görnüşleri we formalary görkezilendir. Şu ýeriň florasy uruglaryň we görnüşleriň has ýokary endemikligi (belli bir flora zolagynda ösýänligi) bilen häsiýetlendirilýärler.

Ösümlikleriň möwsümleýin ösüşiniň depginine degişli maglumatlaryň fenobellikleriniň alnyp, fenologik žurnala geçirilmegi bilen ösümlikleriň fenologiki gözegçiligi alnyp barylýar. Dendroparkyň geografik meýdançalaryndaky ösümlikleriň ýygyndysyny baýlaşdyrmak maksady bilen, ösümlikleriň täze görnüşleri yzygiderli ekilýär.

Botanika bagda döredilen baý synag esasy (baza), tomsuň ýokary temperaturasyna, howanyň guraklaryna, sowuga durnuklylygyna bolan gatnaşygy, giç ýaz doňaklygyna, şorluga we daşky gurşawyň beýleki faktorlaryna bolan gatnaşygy ýaly, ösümlikleri özleşdirmek üçin zerur bolan häsiýetleri ýüze çykarylýar. Şonuň bilen, aýry urug komplekslere we uruglara degişli ösümlikleri ösdürip ýetişdirilişiniň, özleşdirilişiniň giňişleýin alnyp barylmagyna ýardam edýär, şeýle hem Türkmenistanyň şertlerine, başga tebigy şertli ýerlerden getirilen ösümlikleriň üstünlikli ösdürip ýetişdirilmeginiň mümkinçiligini kesgitleýär. Häzirki wagtda Çilopsis, Sumah, Meliýa urug kompleksini öwrenmek, olaryň biologiýasyny, ekologiýasyny we ösüşiniň beýleki ugurlaryny doly öwrenmäge, hem-de ýerli şertlerde ösüp bilmeýän görnüşleri uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýerli floranyň meýdançasynda görkezilen tokaýlyklaryň, dag we çöl ösümlikleriň tutýan meýdany 4,5 ga barabar bolup, ol ýerde Türkmenistanyň ýerli florasyna degişli (aborigen) görnüşler we formalar ösýärler. Ýygyndyda daşary ýurtlaryň botanika baglarynda uly gyzyklanma döredýän, gymmatly, seýrek duş gelýän, ýitip gidýän we endemik ösümlikler hem görkezilen.

Ýerli floranyň seýrek duş gelýän, ýitip barýan, endemik görnüşlerini ýüze çykarmak we olary medeni şertlere girizip, bioekologiki aýratynlyklaryny öwrenmek we düýp sanyny köpeldip, ilkinji tebigy bitýän ýerlerine gaýtadan ekmäge gönükdirilen barlag işleri alyp barmak Botanika bagynyň wezipesi bolup durýar.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýerli florasyndan getirilen seýrek duş gelýän, endemik we ýitip barýan birnäçe ösümlikler bagyň şertlerine uýgunlaşdyrylyp, medeni şertlere girizirildi. Olaryň birnäçe görnüşleri: türkmen selmelegi-mandragora, çigildemiň we sogandüýpli ösümlikleriň görnüşleri, alwan, irisler, türkmen we balkan ýowşanlary ýaly görnüşleri ýerli flora meýdançasynda ösdürilýär.

Gyzyl kitaba girýän, relikt ösümligi bolan türkmen mandragorasynyň (Mandragora turcomanica) ekilen tohumlaryndan gowy gögeriş alyndy we üstünlikli ösdürip ýetişdirilýär.

Bagyň fond ýyladyşhanasynyň tropiki we subtropiki ösümliklerinden toplanan ýygyndysynda tropik-subtropik floranyň ösümlik görnüşleri, sortlary we formalary ýygnalan. Ýyladyşhanada ösümlikler, umumy kabul edilen ekologiýa-geografik esas boýunça ýerleşdirilen: tropiki bölüm, subtropiki bölüm, we sukkulent bölümi. Her bölümde 1 geografiki zolagyň ösümlikleri ýerleşýär.

Botanika bagynyň alymlary tarapyndan Palma agaçlaryny Türkmenistanyň açyk toprak şertlerine uýgunlaşdyryp, ösdürip ýetişdirmek barlag işi 1935-nji ýylda ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşen Balkan welaýatynyň Gyzyl Etrek (häzirki Etrek) tejribe stansiýasynda başlanypdyr. Bu ýer Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän döwletleriň arasynda açyk toprakda, sowukdan goragsyz şertlerde palmalaryň miwe getirýän ýeke-täk ýeri hasaplanypdyr. Palmalar maşgalasynyň 15 görnüşiniň uýgunlaşdyrma synanyşyklary Botanika bagynda 1962-nji ýylda A.G.Kozlowa tarapyndan başlanypdyr. Häzirki wagtda hem palmalar bilen barlag işleri dowam etdirilýär.

Gülçiligiň açyk meýdançasynda dürli geografik zolaklarda ösýän ösümlikleriň görnüşleriniň synag işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Bägülleriň ekspozision meýdançalarynda bägüller toparlaryna degişli bolan bägül sortlaryny özünde jemleýän baý ýygyndysy ýygnalan. Çaý-gibrid, Poliand we Floribunda toparlary bu ýerde has giňden görkezilen. Toprakörtüji toparyndan bolan ýerli ekologiýa şertlerine durnukly we has uzak gülleýän döwri bilen tapawutlanýan sortlaryň barlaglary hem yzygiderli geçirilýär.

Bagyň ýyladyşhanalarynda ösümlikleriň şitillerini ýetişdirmek, dürli usullar arkaly köpeltmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen bezeg baglarynyň nahallary, gül ösümlikleriň şitilleri Botanika bagynyň içindäki synag we bezeg meýdançalarda oturdylyp, baga degişli çäkleri abadanlaşdyrmakda ulanylýar. Häzirki wagtda bölümlerde bezeg beriji ösümlikleriň birnäçe görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegi ylmy esaslarda öwrenmek boýunça meýilleşdirilen temadan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýerli we gaýry flora degişli bolan ösümlikleri öwrenmek bilen çäklenmän, Botanika bagy bilim beriji edara hökmünde gulluk edýär, şeýle hem ilatyň häzirki zaman ösümlik we ekologiki garaýşynyň çeşmesi bolup durýar. Bagda syýahatçylar, mugallymlar, talyplar, mekdep okuwçylary üçin gezelençler gurnalýar. Şäheriň bezeg-bagçylyk hünärmenlerine her bir bezeg baglaryň aýratynlyklary barada, olaryň idegi barada maslahatlar, teklipler berilýär.

Botanika bagy 2019-njy ýylda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna geçirilenden bäri, uniwersitetiň ýardam bermegi bilen, bagynyň içindäki ýodalaryň, howdanlaryň, edara binasynyň we barlag işleri alnyp barylýan ýyladyşhanalaryň abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi. Botanika bagynyň çäklerinde abadanlaşdyryş çäreleri alnyp barylmagy bilen onuň durky täzelendi.

Bagyň geografiki meýdançalaryndaky bezeg ösümlikleriň timarlaýyş işleri geçirilip, tertipleşdirildi. Häzirki wagtda Baga gezelenje gelýän raýatlaryň dynç almagy üçin niýetlenen işler hem geçirilip, bagy-bossanlyga bürenen dynç alyş künjegine öwrüldi. Botanika bagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäheriniň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary önümçilik tejribeligini geçýärler. Tejribelik döwründe Botanika bagynyň bölümleri, bölümleriň wezipeleri, maksatlary, ýerine ýetirýän işleri bilen giňişleýin tanyşýarlar. Olar bölümlerde ýerli we gaýry floranyň bezeg beriji ösümlikleri bilen geçirilýän ylmy-barlag işler bilen tanyşyp, bezeg ösümlikleriň biologik aýratynlyklary we uýgunlaşmak häsiýetleri barada giňişleýin maglumatlar toplaýarlar.

Tejribelik döwründe talyplar alnyp barylýan barlag işlerine hem gatnaşýarlar, geçirilýän agrotehniki çäreleri wagtly-wagtynda ýerine ýetirýärler. Fond ýyladyşhanasyndaky tropiki-subtropiki ösümlikleriň, bagyň kolleksiýasyndaky baglaryň ekologo-geografiki düzgün boýunça, tebigy bitýän arealynyň şertleri boýunça, maşgalalar boýunça ýerleşdirilişi, ösümlikleriň her biriniň biologiki aýratynlyklaryna baglylykda ideg edilişi bilen tanyşýarlar we geçirilýän fenologiki gözegçilik işlerini geçirmek boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip, tejribelik işleri üçin gerek bolan maglumatlary ýygnaýarlar.

Talyplar bilen geçirilýän çäreleriň gelejekde tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda ähmiýeti ulydyr.

“Biologiki gözegçilik we tohumlaryň banky”, “Dendralogiýa” bölümleri.

Ylmy maksady: Ösümlikleriň biologiki dürliligini öwrenmek, saklamak, toplamak we rejeli peýdalanmak; dünýä florasynyň ösümliklerini kolleksiýada we ekspozisiýada saklamak, ýerli floranyň şertlerinde uýgunlaşdyrylan we medenileşdirilen görnüşler bilen baýlaşdyrylan botanika bagynyň ösümlik kolleksiýasyny aň-bilim we medeni çäreleri ýaýbaňlaşdyrmak işlerinde ulanmak.

Ylmy ugurlar: Botanika bagy ösümlikleriň biodürliligini saklamak ulgamynyň esasyny düzýär. Botanika bagynyň ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlary ýerli we başga tebigy floranyň ösümlikleriniň uýgunlaşma mümkinçiliklerini öwrenmek we olary ösdürip ýetişdirmek, köpeltmek usullaryny işläp düzmek, medeni florany bezeg bagçylykda, farmatewtikada, oba hojalygynyň, derman we azyk senagatynyň belli pudaklarynda gyzyklanma döredýän täze peýdaly görnüşler bilen baýlaşdyrmak meselesiniň çözgüdine gönükdirilendir.

“Biologiki gözegçilik we tohumlaryň banky” bölüminde 256, ”Dendralogiýa” bölüminde 247 görnüşüşin, jemi 503görnüşleriniň ideg işleri alnyp barylýar.