AHALTEKE ATÇYLYK YLMY-ÖNÜMÇILIK MERKEZI

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezi 2017-nji ýylyň iýul aýyndan bäri hereket edýär. Merkeziň esasy maksady ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň gelip çykyşyny, taryhyny we biologiýasynyň özboluşly aýratynlyklaryny ylmy esasda çuňlaşdyryp öwrenmekden ybarat bolup, ol öz işini Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binýadynda amala aşyrýar. Ylmy-önümçilik merkezde iki sany bölüm-Tohumçylyk we seleksiýa hem-de Atlary idetmek we iýmitlendirmek bölümleri hem-de iki sany barlaghana - Akuşerçilik we embriologiýa hem-de Atlaryň fiziologiýasy we immunogenetika barlaghanalary hereket edýär.

Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke tohum atlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň ähli nesil ugurlary boýunça baş sanyny artdyrmak, bu ugurda tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek hem-de atçylyk sportynyň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolup durýar. Pudagyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde ylmy-barlag işlere aýratyn orun degişlidir. Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan ýokarda görkezilen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler öz netijelerini berýär.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli bolan arassa ganly ahalteke atlarynyň ähli baş sanyny tohumda bar bolan 17 sany ugurlara degişliligi boýunça paýlanylyp, olaryň tohum hili (gelip çykyşy,beden ölçegleri, baýtallaryň nesil berijiligi, höwür atlaryň nesliniň hili, ýazky we güýzki at çapyşyklarynyň netijeleri esasynda aýlawdaky synaglarda görkezen netijeleri we ş.m.) öwrenildi. Netijede ýurdumyzda arassa ganly ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, olary baý milli tejribämiz, dünýä tejribesi hem-de ylmyň gazananlarynyň esasynda seýislemek üçin döredilýän mümkinçilikleriň atlaryň ýyndamlygyna, gözelligine, çydamlylygyna hem-de köpelijiligine örän oňaýly täsirini ýetirýändigine ylmy-barlaglarda alynýan netijeler doly şaýatlyk edýär.

Ýaş ahalteke atlaryny iýmitlendirmegiň amatly tehnologiýasyny işläp düzmek tohum hili oňat, ýyndam, owadan hem-de berk bedenli ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şol nukdaý nazardan, merkeziň ylmy işgärleri tarapyndan ýaş atlara dänäni şineledip ösdürip bermek, daşary ýurtlarda we öz ýurdumyzda öndürilen baýlaşdyrylan iým garyndylaryndan peýdalanmak, enesini emýän döwründe baýtallaryň süýtliligini ýokarlandyrmagyň ýollaryny anyklamak boýunça işler alnyp baryldy.

Atlary iýmitlendirmekde täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan ylmy esasda işlenip düzülen "Kuwwatly" iým garyndysy öndürildi we ony öndürmegiň tehniki şertleri "Türkmenstandartlary" Baş döwlet gullugy tarapyndan hasaba alyndy. "Kuwwatly" iým garyndysy 2018-2020-nji ýyllarda önümçilik synaglaryny üstünlikli geçdi.

Ahalteke atlarynyň fiziologiki görkezijileri, esasan ýürek urşy, dem alyşy, beden gyzgynlygy olaryň ulanylyş depgini we ýylyň pasyllary bilen baglylykda rus at tohumlary bilen deňeşdirilip öwrenildi we netijede ahalteke atlarynyň ýürek urşy we dem alyşynyň ýewropa at tohumlarynyň bu görkezijilerinden ýokary bolýandygy anyklanyldy.

Ahalteke atlarynyň immun ulgamynyň ýagdaýy öwrenmek boýunça geçirilen işleriň netijesinde bogaz baýtallaryň bedeninde käbir gan öýjükleriniň az mukdarda bolýandygy we şol sebäpli hem olaryň ýumurtgalygynyň fiziologiki ukyplylygyň pes bolýandygy anyklanyldy.